Mukaddes Ýazgylary öwrenýänlere ruhy taýdan ösmäge kömek edýäris. 4-nji bölüm
Mukaddes Ýazgylary öwrenýänlere taýýarlanmagy öwretmek
1 Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam sapagy öňünden okasa, soraglaryň jogaplaryny belläp çyksa we öz sözleri bilen jogap bermek barada pikirlense, ruhy taýdan çalt ösýär. Şonuň üçin sapaklary yzygiderli geçip başlanyňyzda, nädip taýýarlanmalydygyny görkezer ýaly, Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam bilen bile taýýarlansaňyz gowy bolardy. Eger tutuş bir baby ýa-da sapagy bilelikde taýýarlansaňyz, öwrenýänleriň köpüsine peýda getirer.
2 Aşagyny çyzmak we boşlukda bellik etmek. Berlen soraglaryň dogry jogabyny nädip tapmalydygyny düşündir. Esasy sözleriň we jümleleriň aşagy çyzylan edebiýatyňy görkez. Ol öwrenýän temasynda seniň göreldäňe eýerip, öz edebiýatynda diňe dogry jogaplary ýada salmaga kömek etjek sözleriň aşagyny çyzar (Luka 6:40). Soňra soraglara öz sözi bilen jogap bermegi haýyş et. Şeýlelikde, sen onuň tema nähili gowy düşünýändigini görersiň.
3 Tekstde diňe salgysy getirilen aýatlary gowy öwrenmek hem öwrenýän adamyň sapaga taýýarlanmagy üçin wajyp zatlaryň biridir (Res. iş. 17:11). Oňa her bir getirilen aýadyň abzasdaky pikiri tassyklaýandygyny düşündir. Edebiýatyň boşluk ýerinde nädip gysgaça bellik etmelidigini görkez. Onuň esasan Mukaddes Ýazgylary öwrenýändigini her zatda görkez. Sapakda jogap berende, köplenç getirilen aýatlary ulanmaga höweslendir.
4 Materialyň mazmunyny gözden geçirmek we gaýtalamak. Sapaga taýýarlyk görlende, ony giňişleýin öwrenip başlamazdan öň, owrenýän adam temanyň mazmunyny gysgaça gözden geçirse peýdaly bolardy. Munuň üçin babyň adyny, sözbaşylary we suratlary gözden geçirmelidigini oňa düşündir. Şeýle-de öwrenýän adamy taýýarlyk görenden soň, sapagyň esasy pikirlerini gaýtalamaga höweslendir. Belki, muny edebiýatda bar bolsa, çarçuwadaky gaýtalamak üçin soraglar esasynda eder. Gaýtalamak materialy ýatda saklamaga kömek eder.
5 Eger biz Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adama sapaklara gowy taýýarlanmaga höweslendirsek, oňa ýygnakda manyly jogap bermäge kömek eder. Mundan başga-da, siz sapaklary geçip bolanyňyzdan soňam, ol özune köp ýyllap peýda getirjek şahsy okuwyna-da üns bermegi öwrener.