Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 9/05 sah. 1
  • Bir-biriňizi ruhlandyryp duruň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Bir-biriňizi ruhlandyryp duruň
  • Hudaýa gullugymyz — 2005
  • Meňzeş maglumat
  • Wagyzda biri-biriňizi ruhlandyryň
    Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Biri-biriňizi goldaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Tiz tapylýan kömek
    Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Gürrüňdeş bolmagy öwreniň
    Wagyz mekdebi
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2005
km 9/05 sah. 1

Bir-biriňizi ruhlandyryp duruň

1 Pawlus resul imandaşlarynyň imanyny berkitmek üçin elinden gelenini etdi (Res. iş. 14:19—22). Biz hem doganlarymyz kyn ýagdaýa düşende olar barada alada edip, kömek edip bileris. Injilde aýdylyşy ýaly doganlaryň aladasyny diňe bir ýaşulular etmeli däl (Rim. 15:1, 2). «Biri-biriňizi ruhlandyryň, biri-biriňizi abatlaň» diýen maslahata eýermegiň iki ýoluna seredeliň (1 Sel. 5:11).

2 Doganlaryň zerurlygyna üns bermeli: Injilde Dorkas barada şeýle diýilýär: «Munuň eden ýagşy işleri, beren sadakalary gaty köpdi» (Res. iş. 9:36, 39). Ol doganlaryň zerurlygyny bilip, olara kömek etmek üçin elinden gelenini etdi. Bu bize, gör, nähili ajaýyp görelde! Belki, garrylara ýygnaga gelmäge kömek gerekdigini eşidensiň. Mümkin, pionerleriň biri hepdäniň iş günleri öýlän wagty wagza çykara adam tapýan däldir. Şeýle zerurlyklara üns berip, kömegiňi hödürleseň, olary ruhlandyryp bilersiň!

3 Ruhy gürrüňler: Şeýle hem edýän gürrüňlerimiz bilen doganlary ruhlandyryp bileris (Efes. 4:29). Bir tejribeli ýaşuly şeýle diýdi: «Sen birini ruhlandyrjak bolsaň, ruhy zatlar barada gürrüň et. Sen gürrüňi «Hakykaty nädip bildiň?» diýen ýönekeý soragdan başlap bilersiň». Ýygnakdaky ýaşlar bilen içgin gyzyklanyp dur. Ruhdan düşen hem-de çekinjeň doganlaryň hem hal-ýagdaýyny sora (Sül. tym. 12:25). Dünýewi göwün açmalar hakdaky gürrüňler imandaşlar bilen ruhy gürrüňler etmäge päsgel bermesin (Rim. 1:11, 12).

4 Başgalary ruhlandyrmak üçin ýene näme edip bilersiň? Sen Mukaddes Ýazgylary özbaşdak okap we öwrenip, örän peýdaly prinsipi tapaňda, Ýehowa söýgiň we minnetdarlygyň artdymy? Belki, sen dokladda ýa-da «Garawul diňi» žurnaly öwrenilende ruhlandyryjy bir zat eşidensiň? Ýa-da bolan bir waka seniň imanyňy berkidendir? Hawa, sen şeýle ruhy baýlyk ýygşyrsaň, onda hemişe doganlary ruhlandyryp bilersiň (Sül. tym. 2:1; Luka 6:45).

5 Eliňden gelen kömegi edip hem-de dili dogry ulanyp, geliň, bir-birimizi ruhlandyryp duralyň (Sül. tym. 12:18).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş