Gulluk duşuşygynyň tertibi
Sanjar aýynyň 14-den başlanýan hepde
29-njy aýdym
10 min. Ýerli bildirişler. Ýaşaýan ýeriňize degişli iki sahna taýýarlaň. «Men din bilen gyzyklanamok» diýip, sözümizi bölenlerinde, nähili jogap bermekligiň dürli görnüşini sahnada görkez. («Mukaddes Ýazgylar barada gürrüňi nädip açmaly we dowam etmeli» diýen kitapçanyň 9-njy sah. seret.)
15 min. Ýehowany şatlandyrýan goşant. «Garawul diňi» žurnalynyň (rusça) 2005-nji ýylyň Sanjar (noýabr) aýynyň 1-ne çykan sanynyň 26—30-njy sahypalaryndaky makala esaslanan doklad. Ýaşulynyň çykyşy.
20 min. «Ýehowanyň şöhratyny yglan ediň»a. 4-nji abzasa ýeteniňde, özümizi göreldeli alyp barsak, hoş habary wagyz etmäge mümkinçilik döreýändigini görkezýän wakalary diňleýjilerden gysgaça gürrüň bermegi haýyş et.
21-nji aýdym we jemleýji doga.
Sanjar aýynyň 21-den başlanýan hepde
7-nji aýdym
10 min. Ýerli bildirişler.
20 min. «Goý, Ýehowa seniň Hudaýyň bolsun». «Garawul diňi» žurnalynyň (rusça) 2005-nji ýylyň Gurbansoltan (aprel) aýynyň 1-ne çykan sanynyň 25—28-nji sahypalaryndaky makala esaslanan ýaşulynyň doklady. Ybraýymyň, Dawudyň we Ylýasyň göreldesinden näme öwrenip bolýandygyny düşündir.
15 min. «Ünsli bol-da, adamlar bilen ýürekden gyzyklanýandygyňy görkez»b. Adamyň ýagdaýyndan onuň näme bilen gyzyklanýandygyny bilip, wagyzçynyň şoňa görä gürrüňini üýtgedişini görkezýän sahna taýýarla.
9-njy aýdym we jemleýji doga.
Sanjar aýynyň 28-den başlanýan hepde
24-nji aýdym
12 min. Ýerli bildirişler. Pul hasabatyny oka. Sanjar aýynyň wagyz hasabatyny tabşyrmagy wagyzçylara ýatlat. Ýaşaýan ýeriňize degişli iki sahna taýýarla. Sahnada meýletin sowgat barada agzalsyn.
15 min. «Biz nädip kömek edip bileris?» Doklad. Ýehowanyň gullukçylarynyň kömege mätäç imandaşlaryna nädip kömek edendikleri barada birnäçe mysal getir. («Oýanyň!» žurnalynyň (rusça) 2003-nji ýylyň Alp Arslan (awgust) aýynyň 8-ne çykan sanynyň 10—15-nji sah., 2002-nji ýylyň Sanjar (noýabr) aýynyň 22-ne çykan sanynyň 19—24-nji sah., 2001-nji ýylyň Garaşsyzlyk (oktýabr) aýynyň 22-ne çykan sanynyň 23—27-nji sah. seret. Başga-da makala ulanyp bilersiň.) Soňra «Hudaýa gullugymyzyň» şu sanynyň 3-nji sahypasyndaky makalanyň esasy pikirlerine seredip geç. Eger-de biri ynsanperwerlik kömegi üçin pul bermek islese, onda bütindünýä işine ýollasa gowy boljakdygyny aýt.
18 min. Bitaraplyk aýynda hoş habary wagyz edýäris. Doklad we diňleýjiler bilen gürrüňdeşlik. 5 minutlyk girişde, 2005-nji ýylyň Türkmenbaşy (ýanwar) aýynyň «Hudaýa gullugymyzyň» 8-nji sah. «Wagyz edilişiniň görnüşlerini nädip ulanmaly» diýen makaladan bäş pikiri gysgaça gürrüň ber: 1) ýazylanlary öz sözümiz bilen aýtsak, has gowy netije berer; 2) ýerli däbe görä, wagyz edişimizi üýtgetsek, paýhasly bolar; 3) ýaşaýan ýeriňdäki adamyň bilimini we garaýşyny göz öňünde tutsak gowy bolar; 4) adamlara görkezjek babymyzy ünsli okap, olary gyzyklandyrjak pikiri tapmaly; 5) ýazylan görnüşlerden başgasyny hem ulansa bolar. Soňra Bitaraplyk aýynda ýaýratjak edebiýatlarymyz üçin şu maslahatlary nädip ulanyp bolýandygyny düşündir. 2005-nji ýylyň Türkmenbaşy (ýanwar) aýynyň «Hudaýa gullugymyzyň» içki sahypalaryndaky we ýaşaýan ýeriňize degişli başga-da wagyz edilişi ulanyp bolýar. Birki sahna taýýarla.
4-nji aýdym we jemleýji doga.
Bitaraplyk aýynyň 5-den başlanýan hepde
13-nji aýdym
10 min. Ýerli bildirişler.
15 min. Ýerli zerurlyklar.
20 min. «Wagyz gullugymyzyň maksady»c. 5-nji abzasa seredeniňde, «Garawul diňi» žurnalynyň (rusça) 2004-nji ýylyň Baýdak (fewral) aýynyň 15-ne çykan sanynyň 32-nji sahypasyndaky makalany gysgaça gürrüň ber.
23-nji aýdym we jemleýji doga.
[Çykgytlar]
a Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.
b Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.
c Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.