Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 11/05 sah. 4
  • Wagyz gullugymyzyň maksady

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Wagyz gullugymyzyň maksady
  • Hudaýa gullugymyz — 2005
  • Meňzeş maglumat
  • Sen gullugyňy birkemsiz ýerine ýetirýärsiňmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Kynçylyklara garamazdan, öýden-öýe wagyz ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Rebde alan hyzmatyňyzy berjaý ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
Hudaýa gullugymyz — 2005
km 11/05 sah. 4

Wagyz gullugymyzyň maksady

1. Wagyz gullugymyza Ýehowa nähili garaýar we adamlar oňa nähili seslenýär?

1 Mukaddes Ýazgylarda wagyz gullugymyz Ýehowany şöhratladyrýan dabaraly ýöriş hökmünde suratlandyrylýar (2 Kor. 2:14—16). Adamlara Hudaý barada gürrüň berenimizde, dodaklarymyzyň miwesi Ýehowa üçin atyr ysly buhur ýaly. Käbir adamlary hoş habaryň atyr ysy özüne çekýär, başgalar bolsa ony ret edýär. Ýöne köp adamlaryň ýüz öwürmegi, gullugymyzyň netijesizdigini aňlatmaýar. Geliň, wagyz gullugymyzyň maksadyny ara alyp maslahatlaşalyň.

2. Wagyz gullugymyz bilen biz nämäni subut edýäris?

2 Ýehowany şöhratlandyrýarys. Şeýtan aýtmyşlaýyn, adamlar öz bähbitleri üçin Ýehowa gulluk edýär. Hudaýa wepadarlygymyzy subut etmek üçin wagyz gullugymyz gowy mümkinçilik berýär. Köp wagyzçylar öz kynçylyklaryna ýa-da adamlaryň biperwaýlygyna garamazdan wagyz etmek we şägirt taýýarlamak baradaky tabşyrygy ýerine ýetirýär. Şeýle durnukly hem-de wepaly gullukçylar Ýehowanyň ýüregini şatlandyrýar (Sül. tym. 27:11).

3. Hudaýyň adyny we niýetini yglan etmek näme üçin wajyp?

3 Şeýle-de wagyz gullugymyz Hudaýyň niýetinde uly rol oýnaýar. Şeýtanyň dünýäsini ýok etmek barada aýdanda, Ýehowa şeýle diýdi: «Meniň Ýehowadygymy milletler biler» (Ezek. 39:7, TD). Ýehowanyň kimdigini hemmeler biler ýaly, Hudaýyň gullukçylary «her millete we taýpa, her dile we her halka» onuň adyny hem-de niýetini yglan etmeli (Ylh. 14:6, 7).

4. Näme üçin wagyz etmek höküm üçin esas?

4 Höküm üçin esas. Hoş habary wagyz etmek höküm üçinem esas. Pawlus resul Isa Mesihiň «Hudaýy tanamaýanlary, özi baradaky hoş habara uýmaýanlary» jezalandyrjakdygyny aýtdy (2 Sel. 1:8, 9). Adamlaryň hoş habara seslenişlerine görä, höküm çykarylar. Hudaýyň gullukçylarynyň gör, nähili jogapkärli borjy bar! Şonuň üçin adamlaryň ganyndan tämiz bolar ýaly, Patyşalyk baradaky gutulyş habary her mümkinçilikden peýdalanyp wagyz edeliň (Res. iş. 20:26, 27).

5. Gullukda Ýehowanyň merhemeti nädip görkezýäris?

5 Biziň üznüksiz tagallalarymyz adamlara Ýehowanyň merhemetini gazanmaga kömek eder (1 Tim. 2:3, 4). Adamlaryň durmuşy üýtgäp durýar. Şonuň üçin biz olaryň ýanyna gaýta-gaýta baryp, entek wagt barka, Ýehowany agtarmaga höweslendirýäris. Şeýdip, biz «hiç kim heläk bolman, hemmeleriň toba gelmegini isleýän» «Hudaýymyzyň ýüreginiň rehimliligini» görkezýäris (Luka 1:78; 2 Pet. 3:9).

6. Ýehowa gulluk etsek, bize nähili peýdasy bar?

6 Özümiz üçin peýdaly. Ýehowa gulluk etmek bilen biz özümizi goraýarys. Wagyz gullugy bize «Hudaýyň gününiň gelmegini» ýatda saklamaga we häzirki hapa dünýäniň höweslerinden özümizi arassa saklamaga kömek edýär (2 Pet. 3:11—14; Titus 2:11—13). Wagyzda edýän tagallalarymyzyň boş däldigini bilýänimiz üçin, geliň, «elmydam berk, durnukly bolup, Rebbiň işine yhlasly ýapyşalyň» (1 Kor. 15:58).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş