Rebde alan hyzmatyňyzy berjaý ediň
«Dykgat et, Rebde alan hyzmatyňy bitirjek bol» (KOL. 4:17).
1, 2. Adamlaryň öňünde mesihçileriň nähili jogapkärli borjy bar?
ADAMLARYŇ öňünde biziň jogapkärli borjumyz bar. Olaryň şu günki gelýän karary «agyr muşakgatdan» geçmegine ýa-da geçmezligine täsir eder (Ylh. 7:14). Süleýmanyň tymsallarynda şeýle diýilýär: «Ölüme äkidilýänleri halas edip, käşgä öldürilmäge tarap enteýänleri yzlaryna alyp galsadyň [heläkçilige golaý adamlara, kömege gelmermisiň? TD]». Bu nähili täsirli sözler! Eger biz jogapkärli borçdan gaçyp, adamlara saýlamaga mümkinçiliginiň bardygyny aýtmasak, olaryň ölümine günäkär bolarys. Soňra Süleýmanyň tymsallarynda şeýle diýilýär: «Sen: «Ine, bilmeýärdik» diýýärsiň. Ýürekleri ölçeýän Hudaý aňmazmy? Janyňy Goraýan bilmezmi? Ol adama işine görä öwezini gaýtarmazmy?» Ýehowanyň gullukçylarynyň hiç biri-de, adamlara nähili howp abanýandygy barada «bilmeýärdik» diýip bilmeýär (Sül. tym. 24:11, 12).
2 Ýehowa ýaşaýşy gymmat saýýar. Ol gullukçylarynyň güýjüni gaýgyrman, mümkin boldugyndan köpräk adamlary gutulyş ýoluna getirmäge höweslendirýär. Hudaýyň her bir gullukçysynda adamlara Hudaýyň Sözündäki gutulyş habary aýtmak borjy bar. Bizi golaýlaşyp gelýän howp barada duýdurýan garawula meňzetse bolar. Biz adamlaryň ölümine günäkär bolmak islemeýäris (Ezek. 33:1—7). Şol sebäpli, yhlas bilen «Hudaýyň Sözüni wagyz etmek» wajypdyr! (2 Timoteos 4:1, 2, 5-nji aýatlary okaň).
3. Şu we indiki iki makalada nämä serederis?
3 Biz bu makalada, halas ediji gullugymyza päsgel berýän kynçylyklary nädip ýeňip bolýandygyna we köp adamlara nähili kömek edip biljekdigimize serederis. Ikinji makalada, wajyp hakykatyň nädip tejribeli mugallymy bolup biljekdigimiz barada aýdylar. Üçünji makalada bolsa, bütin dünýädäki wagyzçylaryň gullugy nähili ajaýyp miweler berýändigi barada gürrüň ederis. Şu makalalara seretmezden öň, näme üçin biziň günlerimiziň kyndygyny ýada salalyň.
Näme üçin köp adamlar umytsyz ýaşaýarlar
4, 5. Adamlar nähili kynçylyklara duşýar we olaryň köpüsine bu nähili täsir edýär?
4 Dünýäde bolýan wakalar zalym dünýäniň soňky günlerinde ýaşaýandygymyzy we onuň soňunyň ýakyndygyny görkezýär. Şu günler adamlaryň ýaşaýyş ýagdaýy hem-de olara inýän betbagtçylyklar Isanyň we şägirtleriniň aýdan sözlerini tassyklaýar. Olar «soňky günlerinde» şeýle ýagdaýyň boljakdygyny aýdypdylar. Adamlar uruşlar, açlyk, ýer titiremeler we başga betbagytçylyklar ýaly «burgulardan» horluk çekýärler. Bütin dünýäde jenaýatçylyk, diňe özüňi söýmeklik we Hudaýsyz işler giňden ýaýran. Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri boýunça ýaşamaga çalyşýan adamlar üçin «kyn pursatlar boldy» (Mat. 24:3, 6—8, 12; 2 Tim. 3:1—5).
5 Adamlaryň köpüsi dünýädäki wakalaryň hakyky sebäbine düşünmeýärler. Şol üçin köp adamlar özi we maşgalasy barada ynjalyksyzlanýarlar. Dogan-garyndaşlarynyň ölümi we başga-da betbagtçylyklar olara köp hasrat çekdirýär. Olar bu zatlaryň näme üçin bolýandygyna düşünmän we şeýle ýagdaýdan çykalga tapman, umytdan düşýärler (Efes. 2:12).
6. Näme üçin «Beýik Babyl» öz ýaranlaryna kömek edip bilmeýär?
6 Ýalan diniň dünýä imperiýasy bolan «Beýik Babyl» adamlara teselli berip bilmeýär. Galyberse-de, ol adamlary «zyna şeraby» bilen aldap, ruhy taýdan serhoş edýär. Ýalan din kemçin kimin «ýer ýüzüniň patyşalaryny» aldap, olaryň üstünden agalyk edýär. Beýik Babyl ýalan taglymatlar we jadygöýlik bilen, adamlary häkimiýet eýelerine tabyn etdirýär. Şeýlelikde, ýalan din güýçlenip, häkimiýeti eýeleýär we şol wagtyň özünde hem dini hakykaty doly ret edýär (Ylh. 17:1, 2, 5; 18:23).
7. Köp adamlara gelejekde näme garaşýar we biz olaryň käbirine nädip kömek edip bileris?
7 Isanyň aýdyşy ýaly, adamlaryň köpüsi heläkçilige eltýän giň ýoldan ýöreýär (Mat. 7:13, 14). Käbir adamlar Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlaryny bilgeşleýin ret edip, şol ýoldan ýöreýärler. Emma köp adamlaryň bu ýoldan ýöremeginiň sebäbi, olar ýalanyň pidasy boldular ýa-da Ýehowanyň näme talap edýändigini bilmeýärler. Käbir adamlara Mukaddes Ýazgylaryň esasynda ynamly deliller getirilse, mümkin, olar durmuşyny üýtgederler. Emma Beýik Babylda galýan we Mukaddes Ýazgylaryň kadalaryny ret edýän adamlar «agyr muşakgatda» diri galmaz (Ylh. 7:14).
«Yzyny üzmän» wagyz ediň
8, 9. I asyrdaky mesihçiler zalymlyk bilen yzarlananda näme etdiler we näme üçin?
8 Isa şägirtleriniň Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etjekdigini we şägirt taýýarlajakdygyny aýdypdy (Mat. 28:19, 20). Şol sebäpli mesihçiler Hudaýa bolan wepalylygyny we imanyny hemişe wagyz edip görkezýär. I asyrdaky mesihçiler yzarlamalara garamazdan, wagyz edýärdiler. Olar Ýehowanyň güýjüne daýanyp, «batyrlyk bilen Öz [Onuň] sözüňi sözlemäge» mümkinçilik bermegi barada doga edýärdiler. Ýehowa olara mukaddes ruhuny berdi we olar Hudaýyň Sözüni batyrgaýlyk bilen wagyz etdiler (Res. iş. 4:18, 29, 31).
9 Yzarlama güýçlenende, Isanyň şägirtleri wagyz etmegini bes etdilermi? Ýok. Ýehudy dini ýolbaşçylary Isanyň resullarynyň wagyz edýändigine gaharlanyp, olary tussag edip, gorkuzdylar we ýençdiler. Muňa garamazdan, olar «Isa Mesihiň hoş habaryny wagyz etmegiň yzyny üzmediler». Resullar «adamdan zyýada Hudaýa boýun bolmalydygyna» gowy düşünýärdiler (Res. iş. 5:28, 29, 40—42).
10. Şu günler mesihçiler nähili synaglara duçar bolýarlar we olaryň özlerini gowy alyp baryşlary nähili miwe berýär?
10 Şu günler Hudaýyň gullukçylarynyň köpüsi wagyz üçin urulmaýar ýa-da tussag edilmeýär. Emma mesihçileriň ählisi dürli synaglara duçar bolýarlar. Meselem, siz Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen ynsabyňyza görä, köp adamlaryň edýän işini etmeli bolmaýarsyňyz. Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýerýändigiňiz üçin, sizi işdeşleriňiz, synpdaşlaryňyz we goňşularyňyz geň görüp ýa-da durmuşdan yza galan hasaplamagy mümkin. Emma bu sizi saklamaly däl. Bu zalym dünýä «ruhy tümlükde» gezýär, ýöne mesihçiler «yşyk kimin ýalpyldamaly» (Flp. 2:14). Mümkin, akýürekli adamlar siziň özüňizi gowy alyp barşyňyza syn edip, gowy işleriňiziň gadyryny biler we Ýehowany şöhratlandyrar (Matta 5:16-ny okaň).
11. a) Käbir adamlar wagza nähili garaýar? b) Pawlus resul nähili yzarlamalara duçar boldy we oňa nähili täsir etdi?
11 Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmek üçin batyrgaýlyk gerek. Käbir adamlaryň, hatda dogan-garyndaşlaryňyz siziň üstüňizden gülmekleri ýa-da nähilidir bir ýol bilen aljyratmaklary mümkin (Mat. 10:36). Pawlus resul wepaly wagyz edendigi üçin birnäçe sapar uruldy. Onuň yzarlamalara nähili garandygyna üns beriň: «Biz... horluk çekip, kemsidilmelere sezewar bolduk; ýöne uly garşylyk bolsa-da, Hudaýyň Hoş Habaryny size wagyz etmek üçin Hudaý bize gaýrat berdi» (1 Sel. 2:2). Pawlus resuly tutanlarynda onuň egin-eşiklerini sypyryp, taýak bilen urup, zyndana salýarlar, şondan soň oňa wagzy dowam etdirmek üçin uly batyrgaýlyk gerekdi (Res. iş. 16:19—24). Ol batyrgaýlygy nireden aldy? Pawlus resulda Hudaýyň ýumşuny ýerine ýetirmek uly islegi bardy (1 Kor. 9:16).
12, 13. Käbir mesihçiler nähili kynçylyklara duşýar we olary nädip ýeňýär?
12 Adamlary öýünde seýrek tapyp bolýan ýa-da hoş habar bilen onçakly gyzyklanmaýan ýerlerde, mesihçileriň yhlasy synalmagy mümkin. Şeýle ýagdaýda näme etmeli? Batyrgaýlyk bilen resmi däl ýagdaýda adamlara wagyz edip başlamaly. Şeýle-de biz hepdäniň ýa-da günüň başga wagtlary, ýa-da adamlaryň köp bolýan ýerlerinde wagyz etmeli (Ýahýa 4:7—15; Res. iş. 16:13; 17:17-nji aýatlary deňeşdiriň).
13 Käbir wagyzçylara ýaşy gartaşandygy ýa-da saglygynyň ýarawsyzlygy sebäpli wagyz etmek kyn bolýar. Siziň hem ýagdaýyňyz şeýle bolsa, ruhdan düşmäň. Ýehowa siziň güýjüňiziň näme ýetýändigine we nämä ýetmeýändigine gowy düşünýär hem-de edip biljek işiňiziň gadyryny bilýär (2 Korintoslylar 8:12-ni okaň). Siz yzarlama, adamlaryň biperwaýsyzlygy ýa-da saglygyňyzyň ýarawsyzlygy ýaly nähili kynçylyklara duşsaňyzda, hoş habary wagyz etmek üçin eliňizden gelenini ediň (Sül. tym. 3:27; Mar. 12:41—44-nji aýatlary deňeşdiriň).
Hyzmatyňyzy berjaý ediň
14. Pawlus resul imandaşlaryna nähili görelde görkezdi we nähili maslahat berdi?
14 Pawlus resul yhlasly wagyz edýärdi, imandaşlarynada şeýle etmegi maslahat berdi (Res. iş. 20:20, 21; 1 Kor. 11:1). Aýratynam, ol I asyrdaky Arhipus atly bir mesihçä yhlasly bolmaga maslahat berdi. Pawlus resul koleselilere ýazan hatynda: «Arhipusa; «Dykgat et, Rebde alan hyzmatyňy bitirjek bol» diýip aýdyň» diýdi (Kol. 4:17). Biz Arhipusyň kimdigini we onuň ýagdaýynyň nähilidigini bilmesek-de, emma onuň bir wagt hoş habary wagyz etmek ýumşy alandygyny bilýäris. Eger siz-de özüňizi Hudaýa bagyş eden bolsaňyz, eýýäm, gullugyňyzy alan bolmaly. Siz gullugyňyzy yhlasly berjaý etmegi dowam edýärmisiňiz?
15. Mesihçiniň özüni Hudaýa bagyş etmegi nämäni aňladýar we şunuň bilen bagly nähili soraglar ýüze çykýar?
15 Biz suwda çokundyrylmazdan öň doga edip, Ýehowa özümizi bagyş etdik. Bu Ýehowanyň islegini berjaý etmek karara gelendigimizi görkezýär. Şonuň üçin biz özümize şeýle sorag bermeli: «Meniň durmuşymda Hudaýyň islegini berjaý etmeklik, dogrudanam birinji orunda durýarmy?» Ýehowanyň öňünde biziň dürli borçlarymyz bar, olardan biri maşgalamyzyň aladasyny etmek (1 Tim. 5:8). Biz boş wagtymyzy we güýjümizi nämä sarp edýäris? Durmuşymyzda birinji orunda näme durýar? (2 Korintoslylar 5:14, 15-nji aýatlary okaň).
16, 17. Köp borjy bolmadyk ýaş mesihçilerde nähili mümkinçilikler bar?
16 Siz orta mekdebi tamamlan ýa-da tamamlap gelýän suwda çokundyrylan ýaş mesihçimi? Mümkin, entek siziň maşgala borçlaryňyz ýokdur. Siz durmuşyňyzy nämä bagyş edersiňiz? Ýehowanyň islegini berjaý etmek baradaky beren wadaňyzy ýerine ýetirmäge näme kömek eder? Mesihçileriň köpüsi pioner gullugyna başladylar we olaryň durmuşy şatlykly hem gyzykly boldy (Zeb. 110:3; Wag. 12:1).
17 Mümkin, siz ýaş we doly gün işleýänsiňiz, emma öz aladaňyzdan başga uly borçlaryňyzyň ýokdur. Elbetde, siz işiňizden boş wagtlary ýygnak işlerine gatnaşyp, şatlyk tapýansyňyz. Siz köp şatlyk tapmak isleýärmisiňiz? Köpräk wagyz etmek barada oýlansaňyz nähili bolar? (Zeb. 34:8; Sül. tym. 10:22). Käbir ýerlerde adamlaryň köpüsi ýaşaýyş berýän hoş habary eşitmediler. Siz hoş habaryň wagyzçylarynyň ýetmeýän ýerinde gulluk etmek üçin, durmuşyňyzda nämedir bir zatlary üýtgedip bilersiňizmi? (1 Timoteos 6:6—8-nji aýatlary okaň).
18. Bir ýaş çatynjalar nähili özgerişler etdi we bu olaryň durmuşyna nähili täsir etdi?
18 ABŞ-de ýaşaýan Kewin bilen Elenanyňa mysalyna seredeliň. Olar ýaşaýan ýerindäki ýaş çatynjalaryň köpüsi ýaly jaý satyn almak islediler. Olaryň ikisi-de doly gün işläp, bolelin ýaşaýardy. Dünýewi we öý işi zerarly olar az wagyz edýärdi. Çatynjalar köp wagtyny we güýjüni hojalygyna sarp edýändigine düşünýärdi. Kewin bilen Elena bir şadyýan pioner çatynjalaryň ýönekeý ýaşaýşyna üns berip, durmuşda goýan maksatlaryny üýtgetmegi ýüregine düwdiler. Olar dogada Ýehowadan görkezme soradylar, soňra jaýyny satyp, kwartira göçdüler. Elena ýarym günlük işe geçip, pioner bolup gulluk edip başlady. Kewin Elenanyň göreldesine eýerip, ol hem ýarym günlük işe geçýär we pioner bolýar. Olar birnäçe wagt geçenden soňra, wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmek üçin Günorta Amerikanyň bir ýurduna göçüp gidýärler. Kewin şeýle diýýär: «Biz hemişede bagtly maşgala, ýöne durmuşymyzda ruhy işleri birinji orunda goýup, has-da bagtly bolduk» (Matta 6:19—22-nji aýatlary okaň).
19, 20. Näme üçin şu günler hoş habary wagyz etmek iň wajyp iş?
19 Şu günler ýer ýüzünde hoş habary wagyz etmek, iň wajyp iş (Ylh. 14:6, 7). Bu iş arkaly, Ýehowanyň ady şöhratlanýar (Mat. 6:9). Her ýyl Mukaddes Ýazgylardaky habar müňlerçe adamlaryň durmuşyny özgerdýär, şeýdip, olar gutulyş ýolundan ýöreýärler. Pawlus resul: «Wagyzçysyz nähili eşiderler?» diýen soragy berdi (Rim. 10:14, 15). Wagyzçysyz bu mümkin däl! Geliň, gullugymyzy ýerine ýetirmek üçin elimizde baryny edeliň!
20 Adamlara bu kyn günleriň ähmiýetini we olaryň gelýän kararynyň nämä eltjekdigini düşündirmek üçin, öwretmek ukybymyzy kämilleşdirmeli. Bu barada indiki makalada serederis.
a Atlary üýtgedilen.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Adamlaryň öňünde mesihçileriň nähili borjy bar?
• Wagyzda duşýan kynçylyklary nädip ýeňmeli?
• Biz alan gullugymyzy nädip berjaý etmeli?