Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/1 sah. 8—12
  • Öwretmek ukybyňyzy kämilleşdiriň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Öwretmek ukybyňyzy kämilleşdiriň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Öwretmek ukybymyzy» nädip kämilleşdirmeli?
  • Öwredeniňizde Hudaýyň Sözüne esaslanyň
  • Netijeli soraglar ulanyň
  • Sada dilde öwrediň
  • Adama alan biliminiň gymmatyny bilmäge kömek ediň
  • Adamlar bilen ýürekden gyzyklanyň
  • Okuw geçýänlere şägirt bolmaga kömek ediň (II bölüm)
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Okuw geçýäne suwa çümdürilmäge kömek ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Okuw geçýänlere şägirt bolmaga kömek ediň (I bölüm)
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Adamlara Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlaryna gulak asmaga kömek et
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/1 sah. 8—12

Öwretmek ukybyňyzy kämilleşdiriň

«Hudaýyň sözüni wagyz et... doly sabyr, taglymat [öwretmek ukyby, TD] bilen käýe, ýola getir, öwüt-ündew et» (2 TIM. 4:2).

1. Isa şägirtlerine näme tabşyrdy we nähili görelde görkezdi?

ISA ýer ýüzünde gulluk eden döwründe köp gudratlar görkezdi, emma ol tebip hökmünde däl-de, mugallym hökmünde tanaldy (Mar. 12:19; 13:1). Isa üçin Patyşalyk barada hoş habary wagyz etmek örän wajypdy. Onuň şägirtleri-de wagyz işini wajyp hasaplaýar. Mesihçiler Isanyň tabşyran ähli zatlaryny adamlara berjaý etmegi öwredip, şägirt taýýarlamak işini dowam etdirmelidiler (Mat. 28:19, 20).

2. Isanyň beren ýumşuny ýerine ýetirmek üçin näme etmeli?

2 Isanyň şägirt taýarlamak ýumşuny ýerine ýetirmek üçin, biz öwretmek ukybymyzy hemişe kämilleşdirmäge jan etmeli. Munuň wajyplygyny Pawlus resul işdeşi Timoteosa ýazan hatynda belläp geçdi. Ol şeýle diýdi: «Özüňe hem taglymata [nädip öwredýäniňe, TD] dykgat et, bu işleri dowam etdir. Sebäbi, muny etmek bilen, sen hem özüňi, hem özüňe gulak asýanlary halas edersiň» (1 Tim. 4:16). Pawlus resul öwredeniňde ýöne bir bilim bermegi göz öňünde tutmady. Tejribeli mesihçi adamyň ýüregine täsir edip, durmuşyny özgertmäge höweslendirýär. Bu sungatdyr. Şu günler Patyşalyk baradaky hoş habary ökdelik bilen wagyz eder ýaly, «öwretmek ukybymyzy» nädip kämilleşdirip bileris? (2 Tim. 4:2).

«Öwretmek ukybymyzy» nädip kämilleşdirmeli?

3, 4. a) «Öwretmek ukybymyzy» nädip kämilleşdirmeli? b) Teokratik gulluk mekdebi tejribeli mugallym bolmaga nädip kömek edýär?

3 Bir sözlügiň düşündirişine görä, «sungat» bu «öwrenip, alan bilimiňi tejribäňde ulanmak we başgalaryň göreldesine syn edip, ussat bolmakdyr». Şu üç zady etsek, tejribeli mugallym bolarys. Tema dogry düşünmek üçin doga edip, ony çynlakaý öwrenmeli (Zebur 119:27, 34-nji aýatlary okaň). Tejribeli wagyzçylaryň öwredişine üns bersek, olardan öwretmek usullaryny öwreneris. Alan bilimizi durmuşda yzygiderli ulanmaga jan etsek, şonda ukybymyzy kämilleşdirip bileris (Luka 6:40; 1 Tim. 4:13—15).

4 Ýehowa biziň Beýik Halypamyz. Ol göze görünýän guramasynyň bölegi arkaly, gullukçylaryna hoş habary nädip wagyz etmelidigine görkezme berýär (Iş. 30:20, 21). Şu maksat bilen, ähli ýygnakda her hepdede Teokratik gulluk mekdebi geçirilýär. Bu mekdepde okaýanlaryň ählisi Hudaýyň Patyşalygynyň ökde wagyzçysy bolmagy öwrenýär. Mekdebiň esasy okuw kitaby Mukaddes Ýazgylar. Ýehowa Sözi arkaly nämäni öwretmelidigini aýdýar. Şeýle-de Hudaýyň Sözünde öwretmegiň haýsy usullarynyň täsirlidigi görkezilýär. Biz öwredenimizde Mukaddes Ýazgylara esaslanyp, netijeli soraglar ulansak we sada dilde öwredip, adamlar bilen ýürekden gyzyklansak, şonda tejribeli mugallym bolup biljekdigimiz barada Teokratik gulluk mekdebinde ýygy-ýygydan ýatladylýar. Geliň, şulara aýratynlykda seredip, soňra Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamyň ýüregine nädip täsir edip boljakdygy barada gürrüň edeliň.

Öwredeniňizde Hudaýyň Sözüne esaslanyň

5. Biz öwredenimizde nämä esaslanmaly we näme üçin?

5 Ähli ynsanlardan iň beýik mugallym bolan Isa taglymatlaryny hemişe Mukaddes Ýazgylara esaslanyp adýardyr (Mat. 21:13; Ýahýa 6:45; 8:17). Ol öz adyndan sözlemän, ony Ibereniň adyndan sözleýärdi (Ýahýa 7:16—18). Biz hem onuň göreldesine eýerip, öýden-öýe wagyz edenimizde ýa-da Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirenimizde, adamlaryň ünsüni Mukaddes Ýazgylara çekmeli (2 Tim. 3:16, 17). Biziň aýdýan sözlerimiz nähili paýhasly bolsa-da, ony Hudaýyň Sözüniň edýän täsiri bilen deňäp bolmaýar. Mukaddes Ýazgylaryň täsiri örän güýçli. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam bilen islendik soraga seredenimizde, ol barada Hudaýyň Sözüniň näme diýýändigini görekzsek gowy bolar (Ýewreýler 4:12-ni okaň).

6. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam tema doly düşüner ýaly näme etmeli?

6 Bu Mukaddes Ýazgylar okuwyna taýýarlanmaly däldigini aňlatmaýar. Biz berlen aýatlara serdip, olaryň haýsysyny Mukaddes Ýazgylar okuwynda okamalydygyny öňünden çözmeli. Adatça, biziň imanymyzy subut edýän aýatlar okalsa gowy bolar. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adama okalan her bir aýadyň manysyna düşünmäge kömek etmeli (1 Kor. 14:8, 9).

Netijeli soraglar ulanyň

7. Näme üçin sorag bermeklik öwretmegiň gowy usuly?

7 Mugallym netijeli soraglary ulansa, Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamy oýlanmaga höweslendirip, onuň ýüregine täsir eder. Aýatlary özüňiz düşündirmegiň deregine, Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamdan düşündirmegi haýyş ediň. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam dogry netijä geler ýaly, käwagt goşmaça bir ýa-da birnäçe sorag bermeli bolýar. Siz şeýdip, olara gelnen netijeleriň sebäbini diňe bir düşünmäge däl, eýsem olaryň dogrudygyna göz ýetirmäge kömek edýärsiňiz (Mat. 17:24—26; Luka 10:36, 37).

8. Nädip Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamyň ýüregindäki pikirlerini bilip bolýar?

8 Biziň edebiýatlarymyzdaky temalar sorag-jogap arkaly geçirilýär. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlaryň köpüsi berlen soragyň jogabyny abzasdan derrew tapyp, jogap berýärler. Ýöne düşgür mugallym şeýle jogap bilen kanagatlanmaýar. Mysal üçin, Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam, ahlaksyzlygy Mukaddes Ýazgylaryň esasynda dogry düşündirip biler (1 Kor. 6:18). Emma sypaýy soraglar arkaly, bu barada onuň özüniň nähili pikir edýändigini bilse bolýar. Siz şeýle soraglar berip bilersiňiz: «Näme üçin Mukaddes Ýazgylarda nikasyz jynsy gatnaşyk ýazgarylýar? Bu barada Hudaýyň näme talap edýändigi hakynda nähili pikir edýärsiňiz? Siziň pikiriňizçe, Hudaýyň ahlak kadalary boýunça ýaşamak peýdalymy?» Şeýle soraglar Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamyň ýüregindäki pikirlerini bilmäge kömek edýär (Matta 16:13—17-nji aýatlary okaň).

Sada dilde öwrediň

9. Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty düşündirenimizde nämäni unutmaly däl?

9 Hudaýyň Sözündäki hakykatyň köpüsi sada dilde düşündirilýär. Emma siziň bilen Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam ýalan taglymatlara eýermegi mümkin. Biz Hudaýyň Sözüniň mugallymy hökmünde, oňa Mukaddes Ýazgylardaky hakykata düşünmäge kömek etmeli. Tejribeli mugallym sada we aýdyň öwredýär hem-de dogry maglumat berýär. Okalan aýatlary bütinleý düşündirmän, diňe tema degişli bölegini düşündirmeli. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam ruhy taýdan ösdügiçe, Mukaddes Ýazgylardaky çuň hakykaty biler (Ýew. 5:13, 14).

10. Bir sapakda näçe material geçmelidigini nädip kesgitlemeli?

10 Bir sapakda näçe material geçmeli? Muny kesgitlemek üçin düşgür bolmaly. Mugallymyň we öwrenýän adamyň ukyby hem-de ýagdaýy tapawutly bolup biler. Ýöne biziň maksadymyz öwrenýän adamyň imanyny berkitmek. Munuň üçin öwrenýän adam Hudaýyň Sözündäki hakykaty okamaga, düşünmäge we kabul etmäge ýeterlikli wagt sarp etmeli. Biz öwrenýän adamyň düşünerinden köp materialy geçmeli däl, emma bir temada durmalam däl. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam bir soraga düşünenden soňra, beýlekisine geçiň (Kol. 2:6, 7).

11. Pawlus resul öwretmekde nähili görelde görkezdi?

11 Pawlus resul hoş habary sada dilde wagyz edýärdi. Ol ýokary bilimli bolsa-da, çylşyrymly sözleri ulanmaýardy (1 Korintoslylar 2:1, 2-nji aýatlary okaň). Mukaddes Ýazgylardaky hakykatyň ýönekeý berlendigi, akýürekli adamlary özüne çekýär we olaryň ýüregine täsir edýär. Bu hakykata düşünmek üçin alym ýa-da ýokary bilimli bolmak hökman däl (Mat. 11:25; Res. iş. 4:13; 1 Kor. 1:26, 27).

Adama alan biliminiň gymmatyny bilmäge kömek ediň

12, 13. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam alan bilimini durmuşynda ulanar ýaly, näme höweslendirmeli? Mysal getiriň.

12 Ökde mugallym öwrenýän adamyň ýüregine täsir edýär. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adama geçen temasyny durmuşynda nähili ulanmalydygyna, onuň peýdasynyň bardygyna we Mukaddes Ýazgylardaky görkezmä eýerse, durmuşynyň özgerjekdigine düşünmäge kömek etmeli (Iş. 48:17, 18).

13 Aýdaly, Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam bilen Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlara seredýäris. Bu aýatlar birek-biregi ruhlandyrmak we söýgi bildirmek üçin, mesihçileri imandaşlary bilen ýygnanyşmaga höweslendirýär. Eger Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam ýygnak duşuşyklaryna barmaýan bolsa, biz ýygnagyň nähili geçirilýändigini we onda nämeleriň öwredilýändigini gysgaça gürrüň berip bileris. Biz ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyp, Hudaýa sežde edýändigimizi we onuň bize peýdasynyň bardygyny nygtap bileris. Soňra biz Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamy ýygnak duşuşygyna çagyryp bileris. Ol öwredýän adama ýaranmak üçin däl-de, Ýehowa gulak asmak isleýändigi sebäpli Mukaddes Ýazgylardaky tabşyryklary berjaý etmeli (Gal. 6:4, 5).

14, 15. a) Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam okuw geçende, Ýehowa barada nämäni bilýär? b) Hudaý baradaky bilim, Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamyň durmuşyna nähili täsir edýär?

14 Esasanam, okuw geçýän adam Mukaddes Ýazgylary öwrenip we ondaky prinsiplere eýerip, Ýehowany tanamaly hem-de ony söýmeli (Iş. 42:8). Ýehowa söýgüden doly Ata, Ýaradyjy we älem-jahanyň Eýesi. Galyberse-de, ol ony söýýänlere hem-de oňa gulluk edýänlere öz şahsy häsiýetlerini açýar we özüni tanadýar (Çykyş 34:6, 7-nji aýatlary okaň). Musa ysraýyllylary Müsürden azatlyga çykarmazdan öň, Ýehowa özi barada şeýle diýdi: «Men kim bolmak islesem, şol bolaryn» (Çyk. 3:13—15). Bu Ýehowanyň saýlanan halkyna niýetini berjaý etmek üçin kim bolmak islese, şol bolup biljekdigini aňladýar. Şol sebäpli ysraýyllylar Ýehowany Halasgär, Esger, Ekleýji we ähli wadalaryny Berjaý ediji hökmünde tanadylar (Çyk. 15:2, 3; 16:2—5; Ýeş. 23:14).

15 Elbetde, Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam durmuşynda Musa ýaly Ýehowanyň gudratly güýjüni görmez. Emma ol imanyny berkidip, minnetdar bolup, Mukaddes Ýazgylardaky pirinsiplere eýerse, Ýehowadan mertlik, paýhaslylyk we görkezme soramagyň wajyplygyna düşüner. Şeýdip, ol Ýehowany paýhasly we ynamdar Maslahatçy, Halasgär hem Ekleýji hökmünde tanar (Zeb. 55:22; 63:7; Sül. tym. 3:5, 6).

Adamlar bilen ýürekden gyzyklanyň

16. Tejribeli mugallym bolmak üçin tebigy ukyply bolmak näme üçin hökmän däl?

16 Eger siz gowy öwredip belmeýändigiňiz barada alada edýän bolsaňyz, ruhdan düşmäň. Ýehowa we Isa Mesih şu günler bütindünýä wagyz işine gözegçilik edýär (Res. iş. 1:7, 8; Ylh. 14:6). Olar siziň edýän tagallalaryňyza ak pata berip, akýürkli adamlaryň ýüregine täsir eder ýaly kömek eder (Ýahýa 6:44). Siziň öwretmekde tebigy ukybyňyz bolmasa, Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adama bolan çuňňur söýgiňiz onuň üstüni ýetirer. Pawlus resulyň sözlerinden görnüşi ýaly, ol öwredýän adamlaryňa söýgi bildirmegiň wajypdygyna gowy düşünýärdi (1 Selanikliler 2:7, 8-nji aýatlary okaň).

17. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlaryň her birisi bilen ýürekden gyzyklanýandygymyzy nädip görkezip bileris?

17 Biz Mukaddes Ýazgylary öwrenýän her bir adam bilen ýürekden gyzyklanmaly we ýakyndan tanyşmak üçin wagt sarp etmeli. Biz onuň bilen Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri ara alyp maslahatlaşsak, onuň durmuşyny we ýagdaýyny gowy bileris. Biz onuň Mukaddes Ýazgylardaky haýsy maslahata eýermäge jan edýändigini we durmuşynyň haýsy pudaklarynda özgerişler etmelidigini bileris. Geçilen temany onuň durmuşynda nädip ulanyp biljekdigini görkezsek, oňa Isanyň şägirdi bolmaga kömek ederis.

18. Näme üçin Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam bilen bile onuň üçin doga etmeli?

18 Esasanam, biz Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam bilen bile onuň üçin doga etmeli. Goý, ol biziň maksadymyza gowy düşünsin. Biz onuň Ýaradyjyny gowy tanamaga we oňa ýakynlaşmaga hem-de görkezmesine eýermäge kömek etmek isleýäris (Zebur 25:4, 5-nji aýatlary okaň). Biz Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamyň alan bilimini durmuşda ulanamakda edýän tagallalaryna Ýehowanyň ak pata bermegi barada doga etsek, oňa «sözi ýerine ýetiriji bolmagyň» wajypdygyna düşünmäge kömek ederis (Ýakup 1:22). Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam biziň ýürekden aýdýan dogalarymyzy diňläp, özbaşdak doga etmegi öwrener. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamyň Ýehowa ýakynlaşýandygyny görmek, örän begendirýär!

19. Indiki makalada nämä serederis?

19 Bütin dünýäde alty ýarym milliondan gowrak, Ýehowanyň Güwäçileri Isanyň tabşyran ähli zatlaryny berjaý etmegi akýürekli adamlara öwretmek üçin ukybyny kämilleşdirmäge jan edýärler. Biziň wagyz işimiz nähili miweler berýär? Bu soragyň jogabyna indiki makalada serederis.

Ýadyňyzdamy?

• Näme üçin mesihçiler «öwretmek ukybyny» kämilleşdirmeli?

• Haýsy usullar bize tejribeli mugallym bolmaga kömek eder?

• Öwretmekde tebigy ukybymyz bolmasa, näme edip bileris?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş