«Bellenen» adamlar seslenýär
«Ebedi ýaşaýyş üçin bellenenleriň bary iman etdi» (RES. IŞ. 13:48).
1, 2. I asyrdaky mesihçiler Isanyň bütin ýer ýüzünde hoş habary wagyz etmeli diýen sözlerine nähili seslendiler?
MUKADDES ÝAZGYLARDAKY Resullaryň işleri kitabyndan, Isanyň bütin dünýäde Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmeli diýen sözlerine I asyrdaky mesihçileriň nähili yhlas bilen seslenendikleri görünýär (Mat. 24:14). Bu yhlasly wagyzçylar, göçme manyda, Isanyň başga şägirtlerniň ählisine ýol açdylar. Iýerusalimde Isanyň şägirtleri yhlasly wagyz edendigi sebäpli müňlerçe adamlar we şol sanda «ruhanylaryň uly topary» mesihçileriň ýygnagyna goşuldylar (Res. iş. 2:41; 4:4; 6:7).
2 Soňra missionerler köp adamlara mesihçi bolmaga kömek etdiler. Olardan biri Filipus, Samariýa baranda ençeme adamlar onuň sözüne gulak asdylar (Res. iş. 8:5—8). Pawlus resul wagyzçylar bilen Kipre, Kiçi Aziýa, Makedoniýa, Gresiýa we Italiýa syýahat edip, hoş habary wagyz etdi. Onuň wagyz eden şäherlerinde ýehudylaryň we grekleriň köpüsi mesihçi boldular (Res. iş. 14:1; 16:5; 17:4). Titus Giritde gulluk etdi (Titus 1:5). Petrus Babylda wagyz etdi; ol birnji hatyny takmyndan b. e. 62—64-nji ýyllarynda ýazanda, Pontus, Galatýa, Kappadokiýa, Aziýa we Bitinýadaky adamlar mesihçileri gowy tanaýardylar (1 Pet. 1:1; 5:13). Şol döwür, örän gyzykly döwürdi! I asyrdaky mesihçileriň yhlasly wagyz edendigi üçin, hamala, olar «bütin dünýäde topalaň turzan» ýaly, duşmanlary olaryň üstünden arz etdiler (Res. iş. 17:6; 28:22).
3. Şu günler wagyzçylar nähili üstünlikler gazandylar we bu size nähili täsir edýär?
3 Şu günlerem mesihçileriň ýygnagy ösýär. Ýehowanyň Güwäçileriniň ýyllyk hasabaty we olaryň gazanýan üstünlikleri sizi ruhlandyrmaýarmy? 2007-nji ýylyň gulluk ýylynda, alty milliondan gowrak Mukaddes Ýazgylar okuwy geçirlendigi sizi şatlandyrmaýarmy? Geçen ýyl Ýatlama agşamyna Ýehowanyň Güwäçilerinden başga on milliona golaý adam geldi; hoş habar olaryň ýüregine şeýle täsir edendigi üçin, olar bu wajyp baýramçylyga geldiler. Bularyň ählisi etmeli işiň entek köpdügini görkezýär.
4. Hoş habary kimler kabul edýär?
4 Şu günlerem I asyrda bolşy ýaly, «ebedi ýaşaýyş üçin bellenenleriň bary» Hudaýyň Patyşalygy baradaky habary kabul edýärler (Res. iş. 13:48). Ýehowa şeýle adamlary guramasyna getirýär (Haggaý 2:7-ni okaň). Orak işine doly gatnaşmak üçin, biz gullugymyza nähili garamaly?
Ala tutmaň
5. Nähili adamlar Ýehowanyň merhemetini gazanýar?
5 I asyrydaky mesihçiler «Hudaýyň hiç kimi ala tutman, eýsem her milletde kim Ondan gorksa, dogrulyk etse, şony kabul edýändigine» düşünýärdiler (Res. iş. 10:34, 35). Isanyň töleg gurbanyna imany etmeklik, bu adamyň Hudaý bilen gowy gatnaşygynyň bardygyny ýa-da ýokdygyny kesgitleýär (Ýahýa 3:16, 36). Ýehowa «bütin adamlaryň gutulmagyny, hakykat bilimine ýetmegini isleýär» (1 Tim. 2:3, 4).
6. Hoş habaryň wagyzçylary adamlara nähili garaýyşda bolmaly däl we näme üçin?
6 Adamlaryň milletine, jemgyýetdäki abraýyna, daşky keşbine, dini garaýşyna we başga aýratynlyklaryna görä, olara höküm etmek nädogry bolar. Bu barada oýlanyp görüň: siz barada nädogry pikirde bolman, Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty size gürrüň beren adamlara minnetdar dälmi näme? Onda näme üçin, biz bu wajyp habary diňlejek we umytly boljak adamlara aýtmakdan saklanmaly? (Matta 7:12-ni okaň).
7. Biz näme üçin wagyz edýän adamlarymyzy höküm etmeli däl?
7 Ýehowa Isany kazy edip belledi, şol sebäpli biziň adamlary höküm etmäge hakymyz ýok. Bu adalatly, sebäbi biz «gözümiziň gören» ýa-da «gulagymyzyň eşiden» zady esasynda höküm çykarýarys. Isa bolsa adamyň ýüregindäki pikirlerini we niýetini bilýär (Iş. 11:1—5; 2 Tim. 4:1).
8, 9. a) Saul mesihçi bolmazyndan öň nähili adamdy? b) Pawlus resul bilen bolan waka bize näme öwredýär?
8 Dürli häsiýetdäki adamlar Ýehowanyň gullukçysy bolýar. Muny Pawlus resul ady bilen belli bolan Tarsusly Saulyň mysaly aýdyň görezýär. Saul fariseýdi, ol mesihçileriň zalym duşmanydy. Saul mesihçileriň nädogry ýoldan ýöreýändigine ýürekden ynanýar we olary yzarlaýardy (Gal. 1:13). Adamyň garaýşy bilen garanyňda, Saul hiç-haçan mesihçi bolmajak ýaly görünýärdi. Emma Isa Saulyň ýüreginde bir gowy zady görüp, ony aýratyn gulluk üçin saýlady. Netijede, Saul I asyryň iň yhlasly we Hudaýa wepaly mesihçileriniň biri boldy.
9 Biz Pawlus bilen bolan wakadan näme öwrenip bileris? Wagyz edýän ýerimizde adamlaryň hoş habara garşy çykmagy mümkin. Olardan kimdir biri hakykaty kabul etmejek ýaly görünse-de, biz olara wagyz etmekden saklanmaly däl. Käwagt hakykaty diňlemejek ýaly bolup görünýän adamlar, ony kabul edýärler. Bize ähli adamlara hoş habary «yzyny üzmän» wagyz etmek işi tabşyryldy (Resullaryň işleri 5:42-ni okaň).
«Yzyny üzmän» wagyz edýänler bereket alýar
10. Adamyň ilkinji galdyran täsirine garamazdan, oňa näme üçin wagyz etmeli? Ýerli mysal getiriň.
10 Adamyň ilkinji galdyran täsiri aldawçy bolup biler. Ignasionyňa mysalyna seredeliň. Ol Günorta Amerika ýurtlarynyň birinde türmedekä, Ýehowanyň Güwäçileri bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlaýar. Ignasio örän gazaply we dawaçyl adamdy, ondan hemmeler gorkýardy. Onuň bilen türmede oturan adamlar ýasan zatlaryny beýleki adamlara satýardylar. Eger kimdir biri puluny wagtynda bermese, onuň ýanyna Ignasiony iberýärdiler. Ignasio ruhy taýdan ösdügiçe, alan bilimini durmuşynda ulanyp, ýumşak we mähirli adam boldy. Ol Mukaddes Ýazgylardaky hakykatyň we Hudaýyň mukaddes ruhunyň täsiri astynda, durmuşyny özgerdip, düýbünden başga adam bolandygyna örän begenýär. Nädogry garaýyşda bolman, hakykaty bilmäge kömek eden Hudaýyň Patyşalygynyň wagyzçylaryna, Ignasio örän minnetdar!
11. Biz näme üçin adamlaryňka gaýta-gaýta barýarys?
11 Biz adama hoş habary wagyz eden bolsak-da, ýene-de näme üçin onuňka barýarys? Munuň bir sebäbi, onuň ýagdaýy we durmuşa bolan garaýşy üýtgemegi mümkin. Olaryň käbiriniň agyr kesellemegi, işsiz galmagy ýa-da dogan-garyndaşlaryndan biriniň ölmegi mümkin (Wagyzçy 9:11-i okaň). Ýa-da dünýädäki bolýan wakalar gelejegi barada olary çuňňur oýlandyrmagy mümkin. Şeýle ýagdaýlara görä, hakykata öň biparh garan ýa-da garşy çykan adamlar hoş habary kabul edýär. Şonuň üçin her pursatdan peýdalanyp, ähli adamlara hoş habary wagyz etmek wajyp!
12. Hoş habary wagyz edýän adamlarymyza nähili garamaly we näme üçin?
12 Adamlaryň ynsanlary toparlara bölmek we olara höküm etmek endigi bar. Emma Ýehowa her bir adama aýratynlykda garaýar. Ol her bir adamyň görünmeýän mümkinçiliklerini we gowy häsiýetlerini görýär (1 Patyşalar 16:7-ni okaň). Biz hoş habary wagyz edenimizde adamlara Ýehowa ýaly garamaly. Şeýle garaýşyň gowy miweler berýärdigini wagyzda bolan wakalar subut edýär.
13, 14. a) Näme üçin pioner uýa wagyzda duşan bir gyz barada nädogry garaýyşda bolýar? b) Biz bu mysaldan näme öwrenip bileris?
13 Sandra diýen pioner uýamyz Karib adalarynyň birinde öýden-öýe wagyz edýärdi. Ol Rut atly bir gyza duşýar. Rut karnawal baýramçylygyna gatnaşmagy örän gowy görýärdi. Ol karnawal bilen ýaşaýardy we ony iki sapar karnawalyň gözeli edip saýladylar. Sandranyň beren gürrüňi ol gyza ýarady we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge isleg bildirdi. Sandra şeýle ýatlaýar: «Men onuň myhmanhana otagyna girenimde, diwarda Rutuň karnawal eşiginde düşen ullakan suratyny we ençeme sylaglaryny gördüm. Şeýle üstünlikleri gazanan hem-de karnawal bilen meşgulanýan adam hakykat bilen uzak gyzyklanmaz öýdüp, nädogry netijä geldim we onuňka barmagymy goýdum».
14 Birnäçe wagt geçenden soňra Rut Patyşalyk zalyna geldi. Ol ýygnak duşuşygydan soň: «Siz näme üçin meniň bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmeýärsiňiz?» diýip, Sandradan sorady. Sandra ötünç sorap, onuň bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny täzeden geçip başlajakdygyna söz berdi. Rut ruhy taýdan tiz üstünlikler etdi. Ol diwardaky karnawal suratlaryny aýyrdy hem-de ýygnagyň ähli işlerine gatnaşyp başlady we özüni Ýehowa bagyş etdi. Sandra uýamyz ilkinji garaýşynyň nädogrydygyna düşündi.
15, 16. a) Bir uýamyzyň garyndaşyna yzyny üzmän eden wagzy nähili netije berdi? b) Biz garyndaşymyzyň nähili durmuşda ýaşaýandygyny görüp, oňa wagyz etmekden näme üçin saklanmaly däl?
15 Köp wagyzçylara iman etmeýän maşgala agzalary hoş habary hiç haçan kabul etmejek ýaly bolup görünse-de, olar wagyz edip, gowy miweler aldy. Birleşen Ştatlarda ýaşaýan Joýs atly uýamyzyň mysalyna seredeliň. Onuň bir garyndaşy ýetginjeklikden bäri birnäçe sapar türmä düşüpdi. Joýs şeýle ýatlaýar: «Onuň neşekeş bolandygy, ogurlyk we başga-da erbet işleri edendigi sebäpli adamlar oňa «gutaran adam» diýýärdiller. Muňa garamazdan, men oňa otuz ýedi ýyllap hakykat barada aýtdym». Joýsiň eden tagallasy sylaglandy. Onuň garyndaşy Ýehowanyň Güwäçileri bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlaýar we durmuşynda özgerişler edýär. Ol elli ýaşynda, ýaňy-ýakynda Kaliforniýada geçirilen welaýat kongresinde suwda çokundyryldy. Joýs şeýle diýýär: «Men şatlykdan ýaňa agladym. Men oňa yzyny üzmän wagyz edendigime, örän begenýärin!»
16 Siz garyndaşlaryňyzyň käbirine Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty aýtmaga ýaýdanýansyňyz. Emma Joýsgaryndaşyna gaýduwsyzlyk bilen wagyz edýär. Aslynda, adamyň ýüregindäkini bilip bolýarmy näme? Belki, ol köp ýyldan bäri hakykaty gözleýändir. Şol sebäpli, hakykaty tapmak mümkinçiligiden, ony mahrum etmäliň! (Süleýmanyň tymsallary 3:27-ni okaň).
Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek üçin gollanma kitap
17, 18. a) Bütindünýä wagyz hasabaty «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitabyň gymmatyny nädip görkezýär? b) Bu kitap bilen bagly wagyzda bolan ruhlandyryjy wakany gürrüň beriň.
17 Bütindünýä wagyz hasabaty, köp akýürekli adamlaryň «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitaby gowy görendigini, görkezýär. Birleşen Ştatlarda ýaşaýan Penni atly pioner uýamyz bu kitap arkaly birnäçe adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlady. Olardan ikisi gartaşan adamdy we olar öň buthanasynyň yhlasly gullukçylarydy. Başda Penni «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitapdaky ruhy hakykatyň olara nähili täsir etjegi barada aladalanýardy. Soňra ol şeýle ýazýar: «Kitapda maglumatyň aýdyň, yzgiderli we düşnükli berilýändigi sebäpli olar garşy çykman, hakykaty aňsatlyk bilen kabul etdiler».
18 Beýik Britaniýada ýaşaýan Pet uýamyz Aziýa ýutlarynyň birinden gaçyp gaýdan bir aýal bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlaýar. Gozgalaňçylar onuň ärini, ogullaryny alyp gidenlerinden soň, ol olary görmeýär we ýurdundan gaçyp gaýtmaly bolýar. Ol aýalyň durmuşyna howp abanýardy. Pitneçiler onuň öýüni otlap, ony zorladylar. Ol durmuşyň manysyny ýitirýär we birnäçe sapar özüni öldürmek isleýär. Emma Mukaddes Ýazgylar okuwy oňa umyt berdi. Pet şeýle ýazýar: «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitabyň sada dilde ýazylmagy we aýdyň mysallary oňa gowy täsir etdi». Ol aýal ruhy taýdan tiz üstünlikler edip, wagyzçy boldy we indiki kongresde suwda çokundyrylmak islegini bildirdi. Mukaddes Ýazgylardaky berilýän umydy akýürekli adamlara düşündirmek we onuň gymmatyny bilmäge kömek etmek, nähili şatlykly!
«Ýagşylyk etmekden ýadamalyň»
19. Wagyz etmek näme üçin garýragoýulmasyz iş?
19 Her gün wagyz we şägirt taýýarlamak işi has gaýragoýulmasyz bolýar. Her ýyl müňlerçe hakykaty gözleýän adamlar hoş habara seslenýärler. Emma «Ýehowanyň beýik güni ýakyndyr», bu bolsa ruhy tümlükde galýan adamlaryň «heläkçilige golaýdygyny» aňladýar (Sef. 1:14; Sül. tym. 24:11).
20. Biziň her birimiz näme etmegi ýüregimize berk düwmeli?
20 Biz entegem şeýle adamlara kömek edip bilýäris. Muny etmek üçin, «Isa Mesihiň hoş habaryny wagyz etmegiň yzyny üzmedik» I asyrdaky mesihçilerden görelde alamaly (Res. iş. 5:42). Olaryň göreldesine eýerip, yzarlamalara döz gelip, «öwretmek ukybymyzy» kämilleşdirmeli we ala tutman, ähli adamlara wagyz etmeli! «Ýagşylyk etmekden ýadamalyň», eger biz soňuna çenli çydasak, bol bereketler orup, Hudaýyň merhemetini gazanarys (2 Tim. 4:2; Galatýalylar 6:9-y okaň).
a Käbir atlar üýtgedilen.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Hoş habara kimler seslenýär?
• Wagyz edýän adamlarymyza näme üçin höküm çykarmaly däl?
• «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitap arkaly nähili üstünlikler gazanyldy?