Hudaýyň Patyşalygyny almaga mynasyp saýylanlar
«Bularyň bary Hudaýyň adalatly höküminiň belgisidir. Şonuň netijesinde... Hudaýyňyzyň Patyşalygyna mynasyp saýylarsyňyz» (2 SEL. 1:5).
1, 2. Höküm etmek babatda Hudaýyň niýeti näme we ol kazy edip kimi belledi?
TAKMYNAN b. e. 50-nji ýylynda Pawlus resul Afiny şäherine barýar. Şäheriň butlardan doludygyny görüp, onuň gahary gelýär, emma dymman, gowy güwälik edýär. Pawlusyň soňky sözleri diňleýjileriň ünsüni çeken bolmaly. Ol şeýle diýdi: «Indi [Hudaý] hemme ýerde adamlaryň ählisiniň toba etmegini buýurýar. Çünki Hudaý bir gün belledi. Ol Öz saýlan Adamy arkaly dünýäniň üstünden şol günde adyl höküm çykarar; Hudaý bu Adamy ölümden direltmek bilen, hemmelere subutnama berdi» (Res. iş. 17:30, 31).
2 Hudaýyň ähli adamlary höküm etjek güni bellenendigi, örän oýlandyrýar! Pawlus Afinyda wagyz edende kimiň höküm çykarjakdygyny aýtmasa-da, biz onuň direlen Isa Mesihdigini bilýäris. Isanyň çykarjak hökümi kimdir birine diri galmagy, käbirlerine bolsa ölmegi aňladar.
3. Näme üçin Ýehowa Ybraýym pygamber bilen äht baglaşdy we ony ýerine ýetirmekde kim esasy orun eýelär?
3 Hudaýyň Höküm güni müň ýyl dowam eder. Ýehowanyň Patyşalygynyň Patyşasy Isa, Ýehowanyň adyndan höküm etmek ygtyýary berler. Ýöne onuň diňe özi höküm etmez. Ýehowa Isa bilen müň ýyl patyşalyk etmäge we höküm çykarmaga adamlardan saýlaýar (Luka 22:29, 30-njy aýatlary deňeşdiriň). Takmynan dört müň ýyl mundan öň, Ýehowa wepaly gullukçysy Ybraýym pygamber bilen äht baglaşyp, Höküm gününiň düýbini tutdy (Barlyk 22:17, 18-nji aýatlary okaň). Bu äht b. e.öň 1943-nji ýylda güýje giren bolmaly. Şol wagt Ybraýym pygamber baglaşylan ähtiň adamlar üçin nämäni aňlatjakdygyna doly düşünmeýärdi. Emma biz şu günler şol ähtiň şerti boýunça, Ybraýymyň nesli Hudaýyň adamlary höküm etmek niýetinde uly orun eýelejekdigini bilýäris.
4, 5. a) Ybraýymyň nesliniň esasy agzasy kim we ol Hudaýyň Patyşalygy barada näme diýdi? b) Hudaýyň Patyşalygyna girmek umydy haçan döräp başlady?
4 Isa Ybraýymyň nesliniň esasy agzasy boldy. Ol b. e. 29-njy ýylynda mukaddes ruh bilen mesh edilip, wada edilen Mesih boldy (Gal. 3:16). Isa Mesih üç ýarym ýyllap, ysraýyl halkyna hoş habary wagyz etdi. Ýahýa çokundyryjy tussag edilenden soň, Isa Hudaýyň Patyşalygyna adamlaryň hem girip biljekdigini aýtdy. Ol: «Çokundyryjy Ýahýanyň günlerinden tä şu wagta çenli Gökleriň Patyşalygy güýç-gaýrat bilen gazanylýar, ony güýç-gaýratlylar ele salýarlar» diýdi (Mat. 11:12).
5 Isa Gökdäki Patyşalygy «ele salýanlar» barada aýtmazyndan öň şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, aýaldan doglanlaryň arasynda Çokundyryjy Ýahýadan ulusy bolan däldir, ýöne Hudaýyň Patyşalygynda iň kiçi hem ondan uludyr» (Mat. 11:11). Ol näme üçin şeýle diýdi? Sebäbi wepaly mesihçilere Hudaýyň Patyşalygynyň agzasy bolmaga b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni mukaddes ruh inende mümkinçilik döredi. Ýahýa çokundyryjy bolsa, Pentikost gününden öň öldi (Res. iş. 2:1—4).
Ybraýymyň nesli aklandy
6, 7. a) Ybraýymyň nesli haýsy manyda «gökleriň ýyldyzlary ýaly» bolmalydy? b) Ybraýym nädip patalandy we Hudaý onuň nesline nädip ak pata berýär?
6 Ybraýma nesliniň «gökleriň ýyldyzlary ýaly, deňiz kenaryndaky çäge ýaly gaty köpeljekdigi» barada aýdyldy (Bar. 13:16; 22:17). Diýmek, Ybraýymyň döwründe bu nesliň nähili derejede köpeljekdigi barada adamlara bilmek mümkin däldi. Emma soňy bilen bu ruhy nesliň sany belli boldy. Isadan başga, olaryň sany bir ýüz kyrk dört müň adam bolmalydy (Bar. 13:16; 22:17).
7 Hudaýyň Sözünde Ybraýymyň imany barada şeýle diýilýär: «[Ybraýym] iman getirdi we Ol muny oňa dogrulyk hasaplady» (Bar. 15:5, 6). Aslynda, hiç bir adam doly manyda dogry bolup bilmeýär (Ýakup 3:2). Emma Ybraýymyň imany şeýle güýçli bolany üçin, ol Ýehowanyň öňünde dogry adam ýalydy, hatda Hudaý oňa dostum diýdi (Iş. 41:8). Isa bilen bile Ybraýymyň ruhy nesline degişli adamlar hem aklanýar we Ybraýymdan-da has köp ak pata alýar.
8. Ybraýymyň nesline nähili bereketler garaşýar?
8 Mesh edilen mesihçiler Isanyň töleg gurbanyna iman edendikleri üçin aklanandylar (Rim. 3:24, 28). Ýehowanyň öňünde olar günälerinden aklanyp, mukaddes ruh bilen mesh edilip, Hudaýyň ruhy ogullary we Isa mesihiň doganlary bolup bilýärler (Ýahýa 1:12, 13). Olar täze ähte gatnaşyp, täze halk — «Hudaýyň Ysraýyly» bolýar (Gal. 6:16; Luka 22:20). Bu uly hormat! Hudaýyň niýetine görä, mesh edilen mesihçiler ýer ýüzünde ebedi ýaşamaz. Olar muny şatlyk bilen kabul etdiler, sebäbi Höküm gününde Isa kömek edip, onuň bilen bile Gökde hökümdarlyk ederler (Rimliler 8:17-i okaň).
9, 10. a) Mesihçiler birinji gezek haçan mukaddes ruh bilen mesh edildi we olara näme garşýardy? b) Mesh edilen meshçilere nähili kömek berildi?
9 B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni wepaly mesihçiler toparyna Höküm güni Isa bilen hökümdarlyk etjekleriň sanyna goşulmaga mümkinçilik döredi. Isanyň ýüz ýigrimä golaý şägirdi mukaddes ruh bilen çokundyrylyp, ilkinji mesh edilen mesihçiler boldy. Emma bu başlangyjydy. Şondan başlap, olar Şeýtanyň ähli synaglaryna döz gelip, Ýehowa wepalylygyny görekzmelidi. Gökdäki ýaşaýşy miras almak üçin, olar tä ölýänçä wepaly galmalydy (Ylh. 2:10).
10 Şol sebäpli, Ýehowa Sözi hem-de ýygnak arkaly mesh edilen mesihçilere öwüt-ündew berip, olary ruhlandyrýardy. Pawlus resul Selanikdäki mesh edilen mesihçilere şeýle diýdi: «Bir atanyň çagalaryna edişi ýaly, biz hem siziň baryňyzy ruhlandyryp, size göwünlik berdik, Patyşalygyna, şöhratyna çagyran Hudaýa mynasyp gezmegiňizi tabşyrdyk» (1 Sel. 2:11, 12).
11. «Hudaýyň Ysraýylynyň» agzalaryna Ýehowa nähili ýazmaça güwä berdi?
11 Mesh edilen mesihçiler ýygnagynyň ilkinji agzalary saýlanandan soň, Ýehowa Isanyň ýer ýüzünde gulluk edişi, onuň şägirtleri bilen gatnaşygy we I asyrdaky mesh edilen mesihçilere beren maslahatlary barada birnäçe on ýylyň dowamynda ýazdyrmagyň wajypdygyny gördi. Indi Ýehowanyň öň ýazdyran Ýewreý Ýazgylaryna Mesihi Grek Ýazgylary goşuldy. Ýewreý Ýazgylary ilki bilen tende bolan ysraýyl halkyna niýetlenendi hem-de olaryň Hudaý bilen gowy gatnaşykda bolan wagtlary ýazylypdy. Grek Ýazgylary bolsa, esasanam, «Hudaýyň Ysraýylyna», ýagny Isanyň mesh edilen doganlaryna we Hudaýyň ruhy ogullaryna ýazyldy. Emma bu ysraýyl halkyna degişli bolmadyk adamlaryň Ýewreý Ýazgylary öwrenip we peýdalanyp bilmeýändigini aňlatmaýar. Şu günler Hudaýyň mukaddes ruhy bilen mesh edilmedik mesihçiler Grek Ýazgylary öwrenip we onda berilýän maslahatlary durmuşynda ulanyp, köp bereketler alýarlar (2 Timoteos 3:15—17-nji aýatlary okaň).
12. Pawlus resul mesh edilen mesihçilere nämäni ýatlatdy?
12 I asyrdaky mesihçiler Gögi miras almak üçin aklanyp we mukaddes ruh bilen mesh edildiler. Emma bu olaryň başga mesh edilen mesihçileriň üstünden agalyk etmelidigini aňlatmaýar. Ýöne I asyrdaky käbir mesh edilenler muny unudyp, imandaşlarynyň üstünden agalyk edip başladylar. Şol sebäpli, Pawlus olara şeýle diýdi: «Siz eýýäm doýup, eýýäm baýadyňyz, bizsiz höküm sürdüňiz. Dogrudan hem, biz-de siz bilen höküm sürer ýaly, käşgä höküm sürsediňiz!» (1 Kor. 4:8). Pawlus şol döwürdäki mesh edilen mesihçilere ýatladyp, şeýle diýdi: «Bu biz siziň imanyňyzyň üstünden höküm sürýäris diýmek däldir, biz şatlygyňyz üçin siziň işdeşleriňizdiris. Çünki siz imanda berk dursuňyz» (2 Kor. 1:24).
Pygamberlik edilen san ýygnalýar
13. B. e. 33-nji ýylyndan soň, mesh edilen mesihçileriň ýygymy nähili öňe gidişlik edýär?
13 Bir ýüz kyrk dört müň mesh edilen mesihçileriň ählisi I asyrda saýlanmady. Olar resullaryň ýaşan döwründe saýlandy, emma resullar ölenden soň, mesh edilenleriň ýygymy togtadylan ýaly boldy. Ýöne mesh edilen mesihçileriň ýygymy şu günlere çenli dowam etdi (Mat. 28:20). 1914-nji ýylda Isa patyşa bolandan soňra, bu saýlaw has-da çaltlandyryldy.
14, 15. Mesh edilen mesihçiler ýygymy barada şu günler näme aýan boldy?
14 Isa, ilki bilen, gögi Hudaýyň hökümdarlygyna garşy çykanlardan doly arassalady (Ylham 12:10, 12-nji aýatlary okaň). Soňra ol Hudaýyň Patyşalygyň agzalarynyň sany bir ýüz kyrk dört müňe ýeter ýaly, olaryň galyndysyny ýygnap başlady. 1935-nji ýylda bu ýygymyň tamamlandygy aýdyň boldy we hoş habara seslenýän adamlaryň köpüsinde gökde ýaşamak islegi ýokdy. Hudaýyň mukaddes ruhy olara Hudaýyň ogullarydygy barada güwä geçmeýärdi (Rimliler 8:16-ny deňeşdiriň). Olar özlerini ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän «başga goýunlara» degişli hasaplaýardylar (Ýahýa 10:16). 1935-nji ýyldan soň, wagyz işinde «uly märekäni» ýygnamaga üns berildi. Ýahýa resul gören görnüşinde uly märekäniň «agyr muşakgatdan çykyp geleni» gördi (Ylh. 7:9, 10, 14).
15 Emma 1935-nji ýyldan soňam birnäçe adamlar gökde ýaşamaga saýlandy. Näme üçin? Sebäbi olar wepaly galmadyk käbir mesh edilen mesihçileriň ornuny tutdylar (Ylham 3:16-ny deňeşdiriň). Pawlus resul hakykaty inkär eden mesihçileriň käbirini tanaýardy (Flp. 3:17—19). Ýehowa olaryň deregine kimi saýlap biler? Muny diňe Ýehowanyň özi çözýär. Olar täze suwda çokundyrylan mesihçilerden däl-de, Isanyň Ýatlama agşamynda soňky sözleri bilen ýüzlenen şägirtleri ýaly bolmaly, sebäbi olar köp ýyldan bäri Hudaýa wepalylygyny görkezdilera (Luka 22:28).
16. Biz näme üçin mesh edilen mesihçiler babatda Hudaýa minnetdar bolmaly we nämä berk ynanyp bileris?
16 1935-nji ýyldan bäri gökdäki ýaşaýşa saýlananlaryň ählisi wepaly bolmadyk mesh edilenleriň ornuny eýelemediler. Ýehowa bu zalym dünýäniň soňuna çenli, «Beýik Babyl»b ýok edilýänçä mesh edilen mesihçileriň biziň aramyzda bolmagynyň aladasyny etdi (Ylh. 17:5). Biz Ýehowanyň bellän wagtynda bir ýüz kyrk dört müň mesh edilenleriň ýygnaljakdygyna we Hudaýyň Patyşalyganda öz orunlaryny eýelejekdigine ynanyp bileris. Şeýle-de biz Hudaýyň Sözündäki pygamberlikde aýdylan «uly märekäniň» topar hökmünde Hudaýa wepaly galjakdygyna ynanýarys. Tizden «uly märeke» Şeýtanyň dünýäsine inýän «agyr muşakgatdan çykyp», Hudaýyň täze dünýäsine geçer.
Hudaýyň Patyşalygynyň hökümdarlary doly ýygnaldy diýse bolar!
17. 1 Selanikliler 4:15—17 we Ylham 6:9—11-nji aýatlara görä, Hudaýa wepaly bolup ölen mesh edilen mesihçilere näme boldy?
17 B. e. 33-nji ýylyndan başalap, onlarça müň mesh edilen mesihçiler berk imanyny görkezip, ölýänçä wepaly galdylar. Olar Hudaýyň Patyşalygyna mynasyp saýylyp, Isa Mesihiň barlygynyň ilkinji günlerinden başlap, eýýäm sylagyny aldylar (1 Selanikliler 4:15—17 we Ylham 6:9—11-nji aýatlary okaň).
18. a) Ýer ýüzündäki mesh edilen mesihçiler nämä ynanýar? b) Başga goýunlar mesh edilen doganlaryna nähili garaýar?
18 Ýer ýüzünde galan mesh edilen mesihçiler wepaly galsalar, gökde ýaşaýyş sylagyny tizden aljakdygyna berk ynanýarlar. Millionlarça başga goýunlar mesh edilen mesihçileriň imany barada oýlanyp, Pawlus resulyň Selanikdäki mesh edilen doganlara aýdan sözleri bilen ylalaşýarlar. Pawlus şeýle diýdi: «Şeýlelik bilen, biz çekýän azaryňyzda, muşakgatyňyzda görkezýän çydam hem imanyňyz üçin Hudaýyň ýygnaklary arasynda siziň bilen magtanýarys. Bularyň bary Hudaýyň adalatly höküminiň belgisidir. Şonuň netijesinde siz ugrunda görgi görýän Hudaýyňyzyň Patyşalygyna mynasyp saýylarsyňyz» (2 Sel. 1:3—5). Ýer ýüzündäki mesh edilen mesihçileriň iň soňky agzasy ölende, Hudaýyň Patyşalygynyň hökümdarlary doly ýygnalar. Şonda gökde bolşy ýaly, ýer ýüzünde-de uly şatlyk bolar!
a 1992-nji ýylyň Nowruz aýynyň 1-ine çykan «Garawul diňi» žurnalynyň (rusça) 20-nji sahypasyndaky 17-nji abzasa serediň.
b 2007-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 1-ine çykan «Garawul diňi» žurnalynyň (rusça) «Okyjylaryň sowallary» diýen bölümine serediň.
Siz nähili düşündirersiňiz?
• Hudaý Höküm güni barada Ybraýyma näme diýdi?
• Näme üçin Ybraýym aklandy?
• Ybraýymyň nesli aklanany üçin nähili bereketler aldy?
• Ähli mesihçiler nämä ynanýarlar?