Birinji Musa
22 Soňra hak Hudaý Ybraýymyň imanyny synap+ görjek boldy. Hudaý: «Ybraýym!» diýip çagyrdy. Ol hem: «Guluň diňleýär!» diýdi. 2 Hudaý: «Janyňdan eziz görýän ýalňyz ogluň+ Yshagy+ al-da, Moryýa ýurduna+ git. Görkezjek dagymda ogluňy maňa gurban ber*» diýdi.
3 Ybraýym daň bilen turup, eşegini gaňňalady-da, iki hyzmatkärini we ogly Yshagy alyp, ýola düşdi. Ýakma gurbanlygy üçin odun hem aldy. Şeýdip, olar hak Hudaýyň aýdan ýurduna gitdiler. 4 Üçünji gün diýlende, Ybraýym şol ýeri uzakdan gördi. 5 Ol hyzmatkärlerine: «Eşegi alyň-da, bärde galyň. Oglum ikimiz hol ýere baryp, Hudaýa sežde edip gaýdaly» diýdi.
6 Ybraýym ýakma gurbanlygy üçin alyp gaýdan odunlaryny ogly Yshagyň arkasyna atdy, özi bolsa ot* bilen pyçagy aldy. Şeýdip, olaryň ikisi ýola düşdi. 7 Ýöräp barýarkalar, Yshak: «Kaka!» diýip, Ybraýyma ýüzlendi. Ol hem: «Näme, oglum?» diýdi. Yshak: «Odun bar, ot bar, ýöne gurbanlyk berere mal ýog-a» diýdi. 8 Ybraýym bolsa: «Ýakma gurbanlygy üçin maly Hudaýyň özi ýetirer+, oglum» diýip jogap berdi. Şeýlelikde, olar ýoluny dowam etdiler.
9 Ahyry olar hak Hudaýyň aýdan ýerine ýetdiler. Ybraýym şol ýerde gurbanlyk ojagyny* gurup, odunlary ördi. Soňra ogly Yshagyň el-aýagyny daňyp, odunlaryň üstünde ýatyrdy+. 10 Ybraýym eline pyçagyny alyp, ogluny öldürjek bolup durka+, 11 gökden Ýehowanyň perişdesi: «Ybraýym, Ybraýym!» diýip gygyrdy. Ybraýym: «Diňleýärin!» diýdi. 12 Perişde: «Ogluňa degme, hiç zat etme. Seniň Hudaýdan gorkýan adamdygyňa doly göz ýetirdim, sebäbi ogluňy, ýalňyz perzendiňi menden gaýgyrmadyň»+ diýdi. 13 Ybraýym başyny galdyranda, aňyrrakda bir goçy gördi. Onuň şahy agaja çolaşan eken. Ybraýym goçy aldy-da, oglunyň deregine ýakma gurbanlygy edip hödürledi. 14 Ybraýym şol ýere Ýehowa-ýire* diýip at goýdy. Şonuň üçin il arasynda: «Ýehowanyň dagynda gerek zadyň berler»+ diýen gürrüň galdy.
15 Ýehowanyň perişdesi gökden ýene-de Ybraýyma ýüzlenip: 16 «Ýehowa şeýle diýýär: „Ogluňy, ýalňyz perzendiňi menden gaýgyrmadyň+, şonuň üçin öz adymdan ant içýärin+, 17 saňa ak pata berip, nesliňi* asman ýyldyzlary we deňiz çägesi deý köpelderin+. Seniň nesliň duşmanlarynyň şäherlerini* eýelär+. 18 Ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesliň arkaly+ bereket alar, sebäbi sen maňa gulak asdyň“»+ diýdi.
19 Soňra Ybraýym hyzmatkärleriniň ýanyna baryp, olar bilen Beýer-şeba dolandy. Ybraýym öňküsi ýaly Beýer-şebada+ ýaşaberdi.
20 Aradan birnäçe wagt geçensoň, Ybraýyma: «Doganyň Nahuryň+ Milkadan ogullary boldy. 21 Ulusynyň ady Uz, beýleki ogullary Buz, Aramyň atasy Kemuwel, 22 Keset, Haza, Peldaş, Ýydlap we Betuwel»+ diýip habar berdiler. 23 Betuweliň Rebeka+ atly gyzy bardy. Ybraýymyň dogany Nahuryň Milkadan sekiz ogly boldy. 24 Nahuryň gyrnagy Rewumdan hem ogullary boldy. Olaryň ady Tebah, Gaham, Tahaş we Magak.