ŞUNY BILÝÄŇIZMI?
Gadymy döwürde adamlar ody nädip ýany bilen äkidýärdiler?
GELIP ÇYKYŞ 22:6-da Ybraýym pygamberiň Hudaýa gurban bermek üçin uzak ýola düşende, «ýakma gurbanlygy üçin niýetlenen odunlary ogly Yshagyň omzuna goýandygy, ot bilen pyçagy bolsa... özüniň göterendigi» aýdylýar.
Mukaddes Ýazgylarda gadymy döwürde adamlaryň ody nädip ýakandyklary barada aýdylmaýar. Emma bir alymyň aýtmagyna görä, Ybraýym bilen Yshagyň ýany bilen ýanyp duran ody «uzak ýola alyp gitmegi» mümkin däl. Diýmek, olar ot ýakmak üçin gerekli zatlary alan bolmaly.
Başga alymlaryň aýtmagyna görä, gadymy döwürde ot ýakmak aňsat bolmandyr. Ody özüň ýakanyňdan, goňşularyňdan köz alyp ýakanyň aňsat bolan bolmaly. Ençeme alymlar Ybraýym ýany bilen küýze (ol zynjyra berkidilen bolmaly) alyp, onuň içine öten agşamdan galan ýanyp duran közi salandygyny aýdýarlar (Iş. 30:14). Uzak ýola gideniňde, ýanyň bilen gyzaryp duran közi alyp gitmek amatlydy, sebäbi onuň bilen ody tutaşdyrmak aňsat bolýardy.