Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/1 sah. 24—28
  • Ýaşaýyş suwunyň çeşmelerinden içmäge mynasyp saýylanlar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýaşaýyş suwunyň çeşmelerinden içmäge mynasyp saýylanlar
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Uly märeke imanyny subut edýär
  • Agyr muşakgatdan — täze dünýä
  • Ýehowanyň tagtynyň öňünde duran uly märeke
    Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • Ine, uly märeke!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Uly märeke Hudaýa we Isa Mesihe alkyş aýdýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Hudaýyň Patyşalygyny almaga mynasyp saýylanlar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/1 sah. 24—28

Ýaşaýyş suwunyň çeşmelerinden içmäge mynasyp saýylanlar

«Guzy olary otarar, ýaşaýyş suwunyň çeşmelerine elter» (YLH. 7:17).

1. Hudaýyň Sözünde mesh edilen mesihçilere näme diýilýär we olara Isa nähili ýumuş tabşyrdy?

HUDAÝYŇ SÖZÜNDE Isanyň ýer ýüzündäki emlägine gözegçilik edýän mesh edilen mesihçilere «sadyk hem akylly hyzmatkär» diýilýär. 1918-nji ýylda Isa Mesih «hyzmatkärini» barlamaga gelende, mesh edilen mesihçileriň «wagtly-wagtynda nahar paýlaryny» berip ýörenini gördi. Şol sebäpli Agasy Isa Mesih «hyzmatkärine» şatlyk bilen, «bütin mal-mülküni ynandy» (Matta 24:45—47-nji aýatlary okaň). Şeýlelikde, mesh edilen mesihçiler gökdäki sylagyny almazyndan öň, ýer ýüzünde Ýehowanyň başga gullukçylaryna hyzmat etmeli (Mal. 3:1—3).

2. Isanyň mal-mülküne näme degişli?

2 Agasy mal-mülküni öz islegine görä ulanmaga haklydyr. Ýehowanyň bellän Patyşasy Isa Mesihiň emlägine Hudaýyň Patyşalygyna degişli ýer ýüzündäki ähli mal-mülkler girýär. Oňa Ýahýa resulyň gören görnüşindäki «uly märeke-de» degişli. Ýahýa resul gören görnüşini şeýle beýan edýär: «Her milletden, her taýpadan, her halkdan we her dilden bolan, hiç kimiň sanap bilmejek bir uly märekesiniň tagtyň hem Guzynyň öňünden duranyny gördüm. Bular ak don geýnipdi, ellerinde bolsa hurma agajynyň pürleri bardy» (Ylh. 7:9).

3, 4. Uly märeke nähili hormata mynasyp boldy?

3 Uly märekäniň agzalary Isanyň aýdan «başga goýunlaryna-da» degişli (Ýahýa 10:16). Olaryň ýer ýüzünde Jennetde ebedi ýaşamaga umydy bar. Uly märeke Isanyň «ýaşaýyş suwunyň çeşmelerine eltjekdigine we Hudaý olaryň gözlerinden bütin ýaşlaryny süpürjekdigine» ynanýarlar. Olar Ýehowanyň bu beren wadalaryny gymmatly saýyp, «donlaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, çuw ak etdiler» (Ylh. 7:14, 17). Olar Isanyň töleg gurbanyna iman edýändikleri üçin, Hudaý olaryň donlaryny çuw ak hasaplaýar. Ýehowa olary aklap, Ybraýym pygambere aýdyşy ýaly, olara-da dostum diýýär.

4 Başga goýunlaryň uly märekesi Hudaýyň öňünde aklanany üçin, zalym dünýä «agyr muşkgatda» ýok edilende, olar diri galmaga umyt edip bilerler (Ýakup 2:23—26). Olar Ýehowa ýakynlaşyp bilýär we Armageddondan topar bolup halas bolmaga olaryň mümkinçiligi bar (Ylh. 7:15; Ýakup 4:8). Uly märeke gökdäki Patyşa we onuň ýer ýüzündäki mesh edilen doganlaryndan özbaşdak Hudaýa gulluk etmeýärler.

5. Uly märekä Isanyň mesh edilen doganlaryny nädip goldaýar?

5 Mesh edilen mesihçiler Şeýtanyň zalym dünýäsi tarapyndan güýçli garşylyga duş gelýärler. Muňa garamazdan, olar uly märekäniň goldajakdygyna bil baglap bilerler. Ýer ýüzündäki mesh edilen mesihçileriň sany azalsa-da, her ýyl uly märekäniň sany ýüzlerçe müň köpelýär. Bütin dünýädäki ýüz müňe golaý ýygnaklara mesh edilen mesihçileriň özleri gözegçilik edip bilmeýärler, şonuň üçin uly märekeden bolan, ruhy taýdan ýetişen doganlar ýygnaklarda ýaşuly hökmünde gulluk edýärler. Şeýdip, başga goýunlar mesh edilen doganlary goldaýarlar. Olar «sadyk hem akylly hyzmatkäre» ynanylan millonlarça mesihçileriň aladasyny edip, kömek edýärler.

6. Başga goýunlaryň mesh edilen mesihçileri goldajakdygy barada nähili pygamberlik edilipdi?

6 Mesh edilen mesihçilere başga goýunlaryň höwes bilen kömek etjekdigi barada Işaýa pygamberlik edipdi. Ol: «Ýehowa şeýle diýýär: «Hakyny almaýan Müsüriň işçileri, Hebeşistanyň täjirleri we uzyn boýly şebalylar seniň ýanyňa gelip, seniňki bolar. Olar seniň yzyňa eýerer» diýdi (Iş. 45:14). Ýerde ýaşamaga umyt edýän mesihçiler mesh edilen hyzmatkär toparynyň we Ýolbaşçylyk maslahatynyň görkezmesine gulak asyp, göçme manyda, olaryň yzyna eýerýärler. Başga goýunlar «hakyny almaýan işçiler» ýaly, Isanyň mesh edilen mesihçilere bütin dünýäde hoş habary wagyz etmeklik tabşyrygyny goldap, höwes bilen, ýürekden güýjüni we serişdesini sarp edýärler (Res. iş. 1:8; Ylh. 12:17).

7. Uly märekäniň agzalary nämä öwrenýär?

7 Uly märekäniň agzalary mesh edilen doganlary goldap, Armageddon urşundan soň boljak täze adamzat jemgyýetiň düýbüni tutmagy öwrenýärler. Onuň düýbi berk bolar ýaly, uly märekäniň agzalary Agasynyň görkezmesine eýermäge taýyn bolmaly we ähli zatda oňa gulak asmaly. Her bir mesihçini Patyşa Isa Mesih peýdalanyp biler ýaly, olaryň ählisinde özüniň taýynlygy subut etmäge mümkinçilik bar. Biz imanymyzy görkezip hem-de wepaly galyp, täze dünýäde Patyşanyň berýän görkezmesine eýerjekdigimizi subut edýäris.

Uly märeke imanyny subut edýär

8, 9. Uly märeke imanyny nädip subut edýär?

8 Mesh edilen mesihçiler ýygnagyny goldaýan başga goýunlarda imanyny subut etmäge ençeme mümkinçilikler bar. Birinjiden, olar Hudaýyň Patyşalygy barada hoş habary wagyz edip, mesh edilen mesihçileri goldaýarlar (Mat. 24:14; 28:19, 20). Ikinjiden, olar Ýolbaşçylyk masalhatynyň berýän görkezmesine höwes bilen tabyn bolýarlar (Ýew. 13:17; Zakarýa 8:23-i okaň).

9 Üçünjiden, uly märekäniň agzalary Hudaýyň dogry kadalary boýunça ýaşap, mesh edilen mesihçileri goldaýarlar. Olar «söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, ýumşaklyk we nebsiňe buýurmaklyk» ýaly häsiýetleri ösdürmäge jan edýärler (Gal. 5:22, 23). Şu günler «ten işlerine» batan dünýäde bu häsiýetler giňden ýaýran däldir. Muňa garamazdan, uly märekäniň agzalary «zynahorlyk, murdarlyk, ahlaksyzlyk, butparazlyk, jadygöýlik, duşmanlyk, dawa, göripçilik, gahar, jenjel, bölünişik, pyrgalar, içigaraçylyk, adam öldürmeklik, serhoşluk, aýşy-eşret we şunuň ýaly zatlardan» gaça durmagy ýüregine düwdüler (Gal. 5:19—21).

10. Uly märekäniň agzalary näme etmegi ýüregine düwdüler?

10 Kämilsizligimiz sebäpli bize ruhuň miwesini ösdürmek, ten işlerden gaçamak we Şeýtanyň dünýäsiniň täsirine garşy durmak kyn bolýar. Emma gowşaklyk, wagtlaýynça şowsuzlyk we ýarawsyzlyk sebäpli ruhdan düşüp, imanymyzyň gowşamagyny hem-de Ýehowa bolan söýgimiziň sowamagyny islemeýäris. Biz Ýehowanyň uly märekäni agyr muşakgatdan çykarjakdygy barada beren wadasyna ynanýarys.

11. Şeýtan mesihçileriň imanyny gowşatmak üçin nähili usullar ulanýar?

11 Biz hüşgär bolmaly, sebäbi biziň ganym duşmanymyz Iblis aňsatlyk bilen boýun synmak islemeýär (1 Petrus 5:8-i okaň). Ol bizi imandan dänen we başga adamlar arkaly taglymatlarymyzyň ýalandygyna ynandyrjak bolýar. Emma onuň bu usuly adatça şowsuz bolýar. Şeýle-de yzarlamalar käwagt wagyz işini biraz gowşatsa-da, köplenç mesihçileriň imanyny berkidýär. Şeýtanyň çak etmegine görä, ol biziň imanymyzy gowşadyp biljek usullary ulanýar. Şeýtan bizi ruhdan düşürmek üçin jan edýär. Bu barada I asyrdaky mesihçilere: «Aryp, ruhdan düşmez ýaly, günäkärleriň beýle uly garşy durmalaryna çydan Isa hakda oýlanyň» diýip maslahat berildi (Ýew. 12:3).

12. Mukaddes Ýazgylarda berilýän maslahat ruhdan düşen mesihçilere nädip kömek edýär?

12 Siz ruhdan düşüp, agyr pikirlere batýarsyňyzmy? Siziň işiňiz başa barmaýan ýaly görünýärmi? Eger şeýle bolsa, siziň bu duýgyňyzdan Şeýtanyň peýdalanyp, Ýehowa gulluk etmäge päsgel bermegine ýol bermäň. Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenip, ýürekden doga edip, ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşyp hem-de imandaşlar bilen pikir alşyp, imanyňyzy berkidersiňiz we ruhdan düşmersiňiz. Ýehowa gullukçylaryna artykmaç güýç bermegi wada berýär. Biz onuň sözüne ynanyp bileris (Işaýa 40:30, 31-nji aýatlary okaň). Bar pikiriňizi ruhy maksatlara gönükdiriň. Ünsüňizi bölýän peýdasyz zatlardan gaça duruň we adamlara kömek etmäge jan ediň. Şonda gaýgyny ýeňip bilersiňiz (Gal. 6:1, 2).

Agyr muşakgatdan — täze dünýä

13. Armageddonda diri galan adamlara nähili iş garaşýar?

13 Armageddondan soň millonlarça egri adamlar direler we olara Ýehowanyň ýollaryny öwretmeli bolar (Res. iş. 24:15). Olar Isanyň töleg gurbany barada bilim alyp, ondan peýdalanar ýaly, oňa iman etmegi öwrenmeli bolar. Egri adamlar öňki nädogry dini garaýşyny ret edip, durmuşyny özgertmeli bolarlar. Olar mesihçileriň täze ýaradylyşyny geýinmeli (Efes. 4:22—24; Kol. 3:9, 10). Armageddonda diri galan başga goýunlara uly işler garaşýar. Zalym dünýäniň täsiri bolmasa, Ýehowa gulluk etmek, nähili şatlykly bolar!

14, 15. Uly muşakgatda diri galanlar we direlen dogry adamlar biri-birine nähili zatlary aýtjakdygy barada gürrüň beriň.

14 Isa ýer ýüzüne gelmezinden öň ýaşan Ýehowanyň wepaly gullukçylary şol döwürde köp zatlary öwrenerler. Olar köp ýyldan bäri sabyrsyzlyk bilen garaşan, ýöne hiç haçan görmedik wada edilen Mesih barada köp zatlary bilerler. Olar Ýehowanyň görkezmesine eýerjekdigini bütin ömrüniň dowamynda subut etdiler. Şeýle adamlara öwretmek, biziň üçin hormatly iş bolar! Mysal üçin, biz Daniýele onuň ýazan, ýöne düşünmedik pygamberliklerini düşündirip bileris (Dan. 12:8, 9).

15 Biz direlen adamlara köp zatlary öwretsek-de, ençeme soraglar-da bereris. Olar Mukaddes Ýazgylarda agzalyp geçilen wakalary jikme-jik gürrüň bererler. Ýahýa çokundyryjydan garyndaşy Isa barada giňişleýin bilmek, nähili tolgundyryjy bolar! Şeýle wepaly gullukçylaryň beren gürürňleri Hudaýyň Sözi baradaky düşünjämizi has-da artdyrar. Ýehowanyň ölen wepaly gullukçylaryna, şol sanda, şu soňky günlerde uly märekeden ölýän adamlara «oňat direliş» garaşýar. Olar öň Şeýtanyň hökümdarlyk edýän dünýäsinde Ýehowa gulluk edip başladylar. Täze dünýäde, has gowy şertlerde olara Hudaýa gulluk etmegi dowa etdirmek, nähili ýakymly bolar! (Ýew. 11:35; 1 Ýahýa 5:19).

16. Pygamberlige görä Höküm güni nähili bolar?

16 Höküm güni kitaplar açylar. Olar bilen bile Mukaddes Ýazgylaryň esasynda ähli diriler höküm ediler we adamlaryň ebedi ýaşaýşa mynasypdygy kesgitlener (Ylham 20:12, 13-nji aýatlary okaň). Höküm günüň ahyrynda her bir adama Älemdäki hökümdarlyk baradaky jedelli meselede kimiň tarapynda durýandygyny görkezmäge mümkinçilik bolar. Ynsan Hudaýyň Patyşalygyny goldarmy we özüni Guza «ýaşaýyş suwunyň çeşmelerine eltmäge» ýol berermi? Ýa-da Hudaýyň Patyşalygyna tabyn bolman, onuň raýaty bolmak islemezmi? (Ylh. 7:17; Iş. 65:20). Şonda ýer ýüzünde ähli adamlarda günäniň we erbet adamlaryň täsiri bolmadyk ýagdaýynda, şahsy karara gelmäge ajaýyp mümkinçilik bolar. Ýehowanyň çykarjak soňky höküminiň adalatlydygyny hiç kim şübhä goýup bilmez. Düzelmek islemeýän erbet adamlar hemişelik ýok ediler (Ylh. 20:14, 15).

17, 18. Mesh edilen mesihçiler we başga goýunlar Höküm gününe nähili şatlykly umyt bilen garaşýarlar?

17 Şu günler mesh edilen mesihçiler Hudaýyň Patyşalygyny almaga mynasyp saýyldylar we olar Höküm gününde hökümdarlyk etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Olar uly hormata eýe boldular! Bu barada oýlanyp, olar Petrus resulyň I asyrdaky doganlaryna beren maslahatyna eýerýärler. Petrus şeýle diýdi: «Çagyrylmagyňyzy, saýlanmagyňyzy berkitmek üçin, köpräk gaýrat ediň. Şeýle etseňiz, asla büdremersiňiz. Şeýlelik bilen, Rebbimiz hem Halasgärimiz Isa Mesihiň ebedi Patyşalygyna girme size boldan berler» (2 Pet. 1:10, 11).

18 Başga goýunlar mesh edilen doganlar üçin begenýärler. Olar ähli zatda mesh edilen doganlary goldamagy ýüregine düwdüler. Başga goýunlar Hudaýyň dosty hökmünde, bar güýji bilen Hudaýa gulluk edýärler. Isa olary ýaşaýyş suwunyň çeşmelerine eltende, olara Höküm güni Hudaýyň guramasyny goldamak, nähili ýakymyly bolar! Şonda olar ebedi Ýehowa gulluk etmäge mynasyp saýylar (Rim. 8:20, 21; Ylh. 21:1—7).

Ýadyňyzdamy?

• Isanyň mal-mülküne näme degişli?

• Uly märekäniň agzalary mesh edilen doganlary nädip goldaýar?

• Uly märeke nähili hormata mynasyp boldy we olara nähili gelejek garaşýar?

• Siz Höküm gününi nähili göz öňüne getirýärsiňiz?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş