Ýehowanyň Sözi diri
Matta kitabyndan peýdaly pikirler
ISANYŇ durmuşy we gullugy hakynda, ilki bilen, Matta gyzykly beýan etdi. Ol Isa Mesihi gowy tanaýardy. Matta Isa bilen tanyşmazdan öň salgyt ýygnaýjydy. Matta hoş habaryny takmynan, b. e. 41-nji ýylynda ýazyp gutardy. Matta kitaby ilki ýewreý dilinde ýazyldy, soňra grek diline terjime edildi. Ol Ýewreý we Grek Ýazgylaryny birikdirýän kitap.
Matta kitaby, ilki bilen, ýehudylara ýazylandygy sebäpli, onda Isa wada edilen Mesih, Hudaýyň Ogly hökmünde manyly we tolgundyryjy beýan edilýär. Bu kitaby ünsli we oýlanyp okasak, hak Hudaýa, onuň Ogluna we Hudaýyň wadalaryna imanymyzy berkideris (Ýew. 4:12).
«GÖKLERIŇ PATYŞALYGY GOLAÝLADY»
Matta wakalaryň hronologik yzygiderligine köp üns bermän, Hudaýyň Patyşalygy we Isanyň taglymatlary barada aýdýar. Meselem, Isa Dagdaky wagzyny gullugynyň ortasynda aýtsa-da, Matta ony kitabyň başynda beýan edýär.
Isa Jelilede gulluk eden döwründe gudratlar görkezýär, on iki resulyna wagyz etmek barada maslahat berip, fariseýleri paş edýär we Patyşalyk hakda tymsallary gürrüň berýär. Soňra Jelileden gidip, «Ýahudanyň çäklerine, Iordan derýasynyň aňyrsyna» barýar (Mat. 19:1). Isa ýolda şägirtlerine: «Ine, Iýerusalime barýarys. Ynsan Ogluny ölüme höküm ederler. Ýöne Ol üçünji güni direler» diýýär (Mat. 20:18, 19).
Sowallaryň jogaby:
3:16 — Isa suwda çokundyrylan wagty «gök açylmagy» nämäni aňladýar? Bu Isanyň ynsan bolup dogulmazdan öň gökdäki ýaşaýşyny ýadyna salandygyny aňladýar.
5:21, 22 — Gaharyňy çykarmak gaharyňy saklamakdan has agyr günämi? Isa eger biri öz içinde doganyna garşy gahar saklasa, agyr günä edýär diýdi. Ýöne gaharlanyp, ýigreç bildirýän adam has agyr günä edýär we ynsan kazyýetinden has ýokary kazyýet tarapyndan höküm ediler.
5:48 — «Gökdäki Atamyzyň kämil bolşy ýaly», biz-de kämil bolup bilerismi? Hawa, göçme manyda bolup bileris. Bu ýerde Isa söýgi hakda gürrüň edýär. Ol diňleýjilerine Hudaýdan görelde alyp, kämil, ýagny birkemsiz söýgi bildiriň diýdi (Mat. 5:43—47). Nädip? Hatda duşmanlaryňy-da söýmeli.
7:16 — Haýsy «miwelerden» hakyky dini bilse bolýar? Bu miwelere diňe biziň häsiýetimiz degişli däldir. Muňa biziň ynanýan zatlarymyz, ýagny eýerýän taglymatlarymyz-da degişli.
10:34—38 — Maşgala agzalalygynda Mukaddes Ýazgylary günäkärläp bolýarmy? Ýok. Agzalalyk imansyz maşgala agzalaryň özüni alyp barşy sebäpli döreýär. Olar mesihi taglymatlary ret edýärler ýa-da oňa garşy çykýarlar, şol sebäpli maşgalada agzalalyk döreýär (Luka 12:51—53).
11:2—6 — Ýahýa Hudaýyň razylygyny eşidip, Isanyň Mesihdigini bilse-de, näme üçin Isadan «Sen şol geljek Mesihmi?» diýip sorady? Mümkin, Ýahýa muny Isanyň özünden eşitmek isländir. Mundan başga-da, Ýahýa Patyşalyk häkimiýeti bilen gelip, ýehudylaryň umydyny amala aşyrjak «başga birine» garaşmalydygy barada bilmek isleýärdi. Isanyň jogaby başga biriniň gelmejekdigini görkezdi.
19:28 — Höküm çykaryljak «Ysraýylyň on iki taýpasy» nämäni aňladýar? Olar ruhy Ysraýylyň on iki taýpasyny aňlatmaýar (Gal. 6:16; Ylh. 7:4—8). Isanyň ýüzlenen resullary ruhy Ysraýylyň agzalary bolmalydy, ýöne olar onuň başga agzalaryny höküm etmeli däldi. Isa olar bilen «patyşalyk» barada äht baglanyşyp, olary «Hudaýyň hyzmatynda patyşalyk ýagdaýyna sokup, ruhany etdi» (Luka 22:28—30; Ylh. 5:10). Ruhy Ysraýyl «dünýäniň üstünden höküm çykarar» (1 Kor. 6:2). Diýmek, gökdäki kazylaryň höküm etjek «Ysraýylyň on iki taýpasy» şol patyşalar we ruhanylar toparyna girmeýän dünýädäki adamlary aňladýan bolmaly. Oraza güni on iki taýpa şolary suratlandyrýardy (Lew. 16-njy bap).
Biziň üçin sapak:
4:1—10. Şu aýatlarda Şeýtanyň ýöne bir ýamanlyk däl-de, hakyky şahsyýetdigi görkezilýär. Ol bizi «ten höwesleri, göz höwesi we ýaşaýyş tekepbirligi» arkaly synaýar. Emma biz Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýersek, Hudaýa wepaly bolup bileris (1 Ýahýa 2:16).
5:1—7:29. Ruhy zerurlyklaryňyza üns beriň. Parahatçylygy söýüň. Ahlaksyz pikirlerden gaça duruň. Beren sözüňizde duruň. Doga edeniňizde maddy zerurlyklara däl-de, ruhy zerurlyklara üns beriň. Hudaýyň öňünde baýaň. Öňürti Patyşalygy we Hudaýyň dogrulygyny agtaryň. Töleg gurbanyna iman ediň. Adamlary höküm etmäň we ýazgarmaň. Hudaýyň islegini berjaý ediň. Dagdaky wagyzda, gör, nähili peýdaly sapaklar bar!
9:37, 38. Biz Hasylyň eýesinden «hasylyny ýygmaga işçi ibermegini» soraýarys. Biz dilegimize görä, şägirt taýýarlamak işine yhlasly gatnaşmaly (Mat. 28:19, 20).
10:32, 33. Biz hiç haçan dinimiz hakda gürrüň bermekden gorkmaly däl.
13:51, 52. Patyşalyk barada hakykaty düşünmeklik, şol hazynalary adamlar bilen bölüşip, hakykaty olara öwretmäge borçly edýär.
14:12, 13, 23. Çuňňur oýlanmak üçin käwagt ýeke bolmak gerek bolýar (Mar. 6:46; Luka 6:12).
17:20. Ruhy taýdan ösmäge päsgel berýän dag ýaly böwetleri we kynçylyklary ýeňip geçmek üçin bize iman gerek. Biz Ýehowa we onuň wadalaryna ynamy berkitmäge sowuk-sala garamaly däl (Mar. 11:23; Luka 17:6).
18:1—4; 20:20—28. Kämilsizligi we at-abraýa köp üns berilýän dini terbiýesi sebäpli, Isanyň şägirtleri uly bolmak barada çendenaşa aladalanýardylar. Şonuň üçin biz günäli höweslere garşy durup, ýygnakda berilýän hormatly borçlara dogry garap, kiçigöwünliligi ösdürmeli.
«YNSAN OGLY... TABŞYRYLAR»
Isa «bir eşege münüp», b. e. 33-nji ýylynyň 9-njy Nisanynda Iýerusalime girýär (Mat. 21:5). Ertesi gün ybadathana baryp, ony arassalaýar. 11-nji Nisanda ybadathanada halka öwredýär, kanunçylary we fariseýleri paş edýär. Soňra bolsa şägirtlerine özüniň «gelmeginiň [bolmagynyň, TD] we ahyrzamanyň alamatyny» aýdýar (Mat. 24:3). Şol günüň ertesi Isa şägirtlerine: «Ýene iki günden Pasha baýramydygyny bilýärsiňiz. Ynsan Ogly haça çüýlenmäge tabşyrylar» diýdi (Mat. 26:1, 2).
Nisan aýynyň on dördi. Isa ýetip gelýän ölüminiň Ýatlama agşamyny girizenden soň, oňa dönüklik edip, tussag edýärler, höküm edip, pürse çüýleýärler. Isa üçülenji güni direlýär. Ol göge galmanka şägirtlerine şeýle tabşyryk berýär: «Gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň» (Mat. 28:19).
Sowallaryň jogaby:
22:3, 4, 9 — Toýa çagyrlanlara haçan üç habar iberildi? Birinji habar gelin toparyny ýygnamak üçin, Isa we şägirtleri b. e. 29-njy ýylyndan 33-nji ýylyna çenli wagyz edende iberildi. Ikinji habara b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününde mukaddes ruh inenden, tä b. e. 36-nji ýyl aralygyndaky döwür girýär. Habarlaryň ikise-de diňe ýehudylara we ýehudy dinine geçenlere hem-de samariýalylara iberildi. Ýöne üçünji habar welin, şäheriň daşyndaky ýol çatryklaryndakylara, ýagny sünnet edilmedik özge milletlere iberildi. Bu habar b. e. 36-njy ýylynda rim goşun serkerdesi Korneliusiň hakykaty kabul edeninden başlap, biziň günlerimize çenli dowam edýär.
23:15 — Fariseýler öz dinine girizen adamyny näme üçin özündenem «iki esse dowzah ogly» edýär? Fariseýleriň dinine geçen adam öň günäkär bolan bolmagy mümkin. Indi, olar fariseýleriň dinini kabul edip, ynamda öte geçip, ýazgarylýan mugallymlaryndan-da has beter işlere baş goşýan bolmaly. Şeýdip, olar fariseýlerden-de, iki esse «dowzah ogly» bolýarlar.
27:3—5 — Iuda näme üçin ökündi? Iuda ökünse-de, ýürekden toba edendigini hiç bir zat subut etmeýär. Ol günäsiniň geçilmegini Hudaýdan dilemegiň deregine, baş ruhanylaryň we ýaşulularyň öňünde eden günäsini boýun aldy. «Ölüme eltýän günä» edeni üçin, Iuda özüni günäkär duýup, lapykeç boldy (1 Ýahýa 5:16). Ol ruhdan düşendigi üçin ökündi.
Biziň üçin sapak:
21:28—31. Ýehowanyň islegini berjaý etmegimiz onuň üçin wajyp. Meselem, biz Hudaýyň Patyşalygy yhlas wagyz edip, şägirt taýýarlamaly (Mat. 24:14; 28:19, 20).
22:37—39. Hudaýyň gullukçylaryndan näme talap edýändigi, bu uly iki tabşyrykda sada hem aýdyň beýan edilýär!