Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/3 sah. 30—32
  • Lukanyň Hoş habaryndan peýdaly pikirler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Lukanyň Hoş habaryndan peýdaly pikirler
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ISANYŇ GULLUGYNYŇ BAŞLANYŞY
  • (Luka 1:1—9:62)
  • ISANYŇ GULLUGYNYŇ TAMAMLANYŞY
  • (Luka 10:1—24:53)
  • Okyjylaryň sowallary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Markusyň hoş habaryndan peýdaly pikirler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/3 sah. 30—32

Ýehowanyň Sözi diri

Lukanyň Hoş habaryndan peýdaly pikirler

MATTANYŇ Hoş habary, esasan, ýehudylar üçin, Markusyň Hoş habary ýehudy däller üçin, Lukanyň Hoş habary bolsa ähli halkdaky adamlar üçin ýazylan hasaplaýarlar. Luka kitaby takmynan b. e. 56—58-nji ýyllarynda ýazylyp, onda Isanyň durmuşy we gullugy jikme-jik gürrüň berilýär.

Luka lukmana mahsus bolan ykjamlylyk bilen «tä başyndan hemmesini üns bilen barlaşdyryp» öwrenýär. Onuň kitaby 35 ýyly ýagny, b. e. öň 3-nji ýyldan, tä b. e. 33-nji ýylyna çenli aralygy öz içine alýar (Luka 1:2). Lukanyň Hoş habaryndaky maglumatlaryň 60 göterime golaýyny beýleki hoş habarçylar agzamaýar.

ISANYŇ GULLUGYNYŇ BAŞLANYŞY

(Luka 1:1—9:62)

Luka Çokundyryjy Ýahýanyň we Isanyň dogluşy hakynda jikme-jik beýan edenden soň, Kaýsar Tiberiusyň häkimliginiň on bäşinji ýylynda, ýagny b. e. 29-njy ýylynyň baharynda Ýahýanyň gulluga başlandygyny aýdýar (Luka 3:1, 2). Şol ýylyň güýzünde Ýahýa Isany suwda çokundyrýar (Luka 3:21, 22). B. e. 30-njy ýylynyň başynda Isa Jelilä dolanýar we «olaryň sinagogalarynda ders berýär» (Luka 4:14, 15).

Isa özüniň ilkinji wagyz syýahatyny Jelilede başlaýar. Ol halaýyga: «Hudaýyň Patyşalygynyň Hoş Habaryny Men beýleki şäherlere-de bildirmeli» diýýär (Luka 4:43). Ol ýanyna balykçy Simuny we onuň dostlaryny alyp şeýle diýýär: «Sen mundan beýläk ynsanlary tutarsyň» (Luka 5:1—11; Mat. 4:18, 19). Isa Jeliledäki ikinji wagyz syýahatyna 12 resulyny alýar (Luka 8:1). Ol üçünji syýahatyna bolsa, «Hudaýyň Patyşalygyny wagyz etmäge, syrkawlara şypa bermäge» diňe 12 şägirdini ýollaýar (Luka 9:1, 2).

Sowallaryň jogaby:

1:35 — Merýem Isa göwreli bolanda, onuň ýumurtga öýjügi ulanyldymy? Merýemiň çagasy Hudaýyň wadasyna görä, hakykatdanam, Merýemiň ata-babasy bolan Ybraýymyň, Ýahudanyň we Dawudyň neslinden hasaplanar ýaly, ol Merýemiň ýumurtga öýjüginde ösmelidi (Bar. 22:15, 18; 49:10; 2 Pat. 7:8, 16). Ýehowa mukaddes ruhy arkaly Oglunyň kämil janyny Merýemiň göwresine geçirýär we ol göwreli bolýar (Mat. 1:18). Mukaddes ruhuň kömegi bilen dörän öýjükde kämilsizlik aýrylan bolmaly we ilkibaşdan çaganyň ösmegine hiç zat howp salmaýar.

1:62 — Zakarýa lal we ker boldumy? Ýok. Ol eşidýärdi, ýöne gepläp bilmeýärdi. Adamlar Zakarýadan «üm bilen düşündirip», onuň näme at dakmakçydygyny soranlarynda, onuň kerdigi üçin etmediler. Ol aýalynyň ogluna näme at dakjakdygyny eşiden bolmaly. Belki, adamlar Zakarýanyň pikirini bilmek üçin ondan üm bilen ýa-da baş yrap yşarat etmek bilen sorandyrlar. Hudaýyň Zakarýa ýene-de diňe geplemek ukybyny berendigi, onuň eşidişine zeper ýetmändigini görkezýär (Luka 1:13, 18—20, 60—64).

2:1, 2 — «Ilkinji ýazuwyň» agzalmagy Isanyň haçan doglandygyny bilmäge nädip kömek edýär? B. e. öň 2-nji ýylda Kaýsar Awgustyň hökümdarlygynda bir ilat ýazuwy geçirilýär, bu bolsa Daniil 11:20-däki sözleriň ýerine ýetendigini görkezýär. Ikinji ýazuw bolsa b. e. 6-njy ýa-da 7-nji ýylynda geçirilýär (Res. iş. 5:37). Iki ilat ýazuwynda-da, Siriýa Kirinius häkimlik edýärdi; ol bu wezipäni iki sapar alan bolmaly. Lukanyň ilkinji ýazuwy agzandygy sebäpli, Isa b. e. öň 2-nji ýylda doguldy diýse bolýar.

2:35 — Merýemiň janyna nähili «gylyç» sokulmalydy? Bu adamlaryň köpüsi Isany Mesih hökmünde inkär edende we ol jebir-jepa çekip öldürilende, Merýemiň güýçli gynanjakdygyny görkezýär (Ýahýa 19:25).

9:27, 28 — Luka näme üçin Isa şägirtleriniň käbiri «ölümi datman», onuň patyşalykda gelýändigini görer diýenden soň «sekiz günden» Isanyň görnüşi üýtgedi diýýär, Matta bilen Markus bolsa «alty günden» soň diýip ýazýarlar? (Mat. 17:1, 2; Mar. 9:2). Mümkin, Luka Isanyň görnüşi üýtgän gününi we bu wakanyň bolan gününi aýdýan bolmaly.

9:49, 50 — Näme üçin Isa yzyna eýermedik adama jynlary çykarmagy gadagan etmedi? Şol wagt entek mesihçiler ýygnagy döredilmändi, şol sebäpli Isa gadagan etmeýär. Isa iman edip, jynlary çykarar ýaly, onuň we şägirtleri bilen ýöremek talap edilmeýärdi (Mar. 9:38—40).

Biziň üçin sapak:

1:32, 33; 2:19, 51. Merýem pygamberlikleriň ýerine ýetýändigi baradaky ähli sözleri we wakalary «ýüreginde saklaýardy». «Ahyrzamanyň alamaty» hakdaky Isanyň aýdan sözleri biziň ýadymyzdamy we ony şu günki bolýan wakalar bilen deňeşdirýärismi? (Mat. 24:3).

2:37. Biz Annanyň mysalyndan, «dogada erjellik edip», «ýygnanyşmagy goýman» Ýehowa gullugymyzy gowşatmaz ýaly sapak edinip bileris (Rim. 12:12; Ýew. 10:24, 25).

2:41—50. Ýusup Hudaýa gullugy durmuşynda birinji orunda goýýar we maşgalasynyň maddy we ruhy zerurlygynyň aladasyny edýär. Ol şeýtmek bilen mesihçi maşgalabaşa ajaýyp görelde galdyrdy.

4:4. Biz her gün Hudaýyň Sözi barada oýlanmaly.

6:40. Hudaýyň Sözüni öwredýän mugallymlar, öwrenýänlere gowy görelde bolmaly. Olaryň diýýän sözleri bilen edýän işleri gabat gelmeli.

8:15. «[Sözi] saklap, sabyr bilen miwe berer» ýaly, biz Hudaýyň Sözüne düşünmeli, ony gymmatly saýyp, has içgin girişmeli. Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary okanda, oýlanmak we doga etmek örän wajyp.

ISANYŇ GULLUGYNYŇ TAMAMLANYŞY

(Luka 10:1—24:53)

Isa öňünden 70 şägirdini her bir şähere we ýahudanyň her bir ýerine ýollaýar (Luka 10:1). Ol «şäherleriň, obalaryň içinden geçip, ders berýärdi» (Luka 13:22).

B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününe bäş gün galanda, Isa taýhara münüp Iýerusalime gelýär. Onuň şägirtlerine: «Ynsan Ogly köp görgi görmeli, ýaşulular, baş ruhanylar we kanunçylar tarapyndan ret edilmeli, öldürilmeli we ölenden üç günden soň direlmelidir» diýen sözleriniň ýerine ýetmeli wagty geldi (Luka 9:22, 44).

Sowallaryň jogaby:

10:18 — Isa 70 şägirdine: «Men şeýtanyň Gökden ýyldyrym ýaly bolup aşak inenini gördüm» diýende nämäni göz öňünde tutdy? Isanyň sözleri Şeýtanyň eýýäm gökden zyňylandygyny aňlatmaýar. Bu 1914-nji ýylda Isa Mesih gökde patyşa bolandan soň boldy (Ylh. 12:1—10). Isa geljekdäki wakalary geçen zamanda aýtmak bilen, munuň hökman boljakdygyny, has dogrusy, nygtap geçmek isleýär.

17:34—37 — «Garaguşlar [bürgüt, TD]» kimi aňladýar we olaryň üýşýän ýeri bolan «maslyk» näme? «Alynjaklar» ýa-da halas ediljekler ýiti görýän bürgüt bilen deňeşdirilýär. Olaryň üýşýän ýeri bolan «maslyk» bolsa, görünmeýän barlygyndaky hakyky Mesihi we Ýehowanyň olara berýän ruhy iýmitini aňladýar (Mat. 24:28).

22:44 — Näme üçin Isa şeýle güýçli görgi gördükä? Isa jenaýatçy hökmünde öldürilmeginiň Hudaýyň adyna ysnat getirjekdigi barada aladalanýardy. Şeýle-de Isa ebedi ýaşaýyş we ähli adamzadyň gelejegi onuň Hudaýa wepalylygyna baglydygyna düşünýärdi.

23:44 — Üç sagat dowam eden garaňkylyk günüň tutulmagy sebäpli boldumy? Ýok. Gün diňe täze aý doganda tutulýar, Pasha döwründe bolsa doly aýdy. Isanyň ölen güni bolan garaňkylyk Hudaýyň gudratydy.

Biziň üçin sapak:

11:1—4. Şu dogany Isanyň bir ýarym ýyl ozal, Dagdaky wagzynda aýdan nusgalyk doga bilen deňeşdirsek, käbir tapawudyny göreris. Bu bize doga edende şol bir sözleri ýöne gaýtalap durmaly däldigini görkezýär (Mat. 6:9—13).

11:5, 13. Ýehowa dogalarymyza jogap bermäge taýyn bolsa-da, biz erjellik bilen doga etmeli (1 Ýahýa 5:14).

11:27, 28. Hakyky bagtlylygyň gözbaşy — maşgala gatnaşygy ýa-da maddy taýdan doly üpjünlik däl-de, Hudaýa wepaly gulluk etmeklik.

12:47, 48. Bilmeýän ýa-da ondan näme talap edilýändigini doly düşünmeýän adama garanda, uly jogapkärçiligi bolup, ýöne ony ýerine ýetirmeýän adam has köp käýinç alar.

14:28, 29. Serişdelerimize görä ýaşasak, paýhasly hereket ederis.

22:36—38. Isa şägirtlerine gorag ýa-da özüňi goramaklyk hökmünde ýarag götermegi tabşyrmady. Emma Isa hyýanat edilen gije şägirtlerinde gylyçlary bardy. Bu oňa olara gowy sapak bermäge ýardam etdi: «Gylyç çekenleriň hemmesi gylyç bilenem öldüriler» (Mat. 26:52).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş