Ýehowanyň Sözi diri
Markusyň hoş habaryndan peýdaly pikirler
MARKUSYŇ hoş habary dört hoş habaryň içinde iň gysgasy. Ýahýa Markus hoş habaryny Isa Mesih ölüp, direlenden soň, takmynan 30 ýyldan ýazýar. Bu örän täsirli we wakalara baý hekaýa bolup, Isanyň üç ýarym ýyl gullugyny öz içine alýar.
Markusyň kitaby ýehudy däller, aýratynam, rimliler üçin ýazylan bolmaly. Bu kitapda Isa ägirt uly wagyz işini ýaýbaňlandyran we gudrat görkezip bilýän Hudaýyň Ogly hökmünde beýan edilýär. Onda Isanyň öwredenlerine däl-de, eden işlerine has köp üns berilýär. Markusyň hoş habaryna ünsli seretsek, Mesihe bolan imanymyzy berkider we Hudaýyň hoş habaryny yhlasly wagyz etmäge höweslendirer (Ýew. 4:12).
JELILEDÄKI GÖRNÜKLI GULLUK
Markus bary-ýogy 14 aýatda Ýahýa Çokundyryjynyň alyp baran işi barada we Isanyň kyrk gün çölde geçiren wagtyny beýan edýär, soňra onuň Jeliledäki gullugy barada özüne çekiji wakalary gürrüň edip başlaýar. «Derrew» diýen jümläniň gaýtalanmagy bu Hoş habaryň has gaýragoýulmasyzdygyny görkezýär (Mar. 1:10, 12).
Isa üç ýyla golaý wagtyň içinde hoş habary wagyz edip, Jeliläni üç sapar aýlanyp çykýar. Markus wakalary, esasan, hronologik yzygiderlikde beýan edýär. Ol Isanyň Dagdaky wagzyny we onuň uzak wagt dowam edýän gürrüňlerini agzamaýar.
Sowallaryň jogaby:
1:15 — Nämäniň «wagty doldy»? Isanyň aýtmagyna görä, onuň gulluga başlamaly wagty geldi. Onuň bellenen Patyşa hökmünde dünýä gelendigi sebäpli, Hudaýyň Patyşalygy golaýlady. Akýürekli adamlar onuň hoş habaryna seslenip we käbir ädimleri ädip, Hudaýa ýaranyp bilýärdiler.
1:44; 3:12; 7:36 — Näme üçin Isa görkezen gudratlary barada adamlaryň gürrüň bermegini islemeýärdi? Isa adamlaryň güýçli täsir ediji habarlar ýa-da ýoýulan deliller esasynda oňa baha bermegi däl-de, olaryň özleriniň onuň Mesihdigine we oňa eýermelidigine göz ýetirmegini isleýärdi (Iş. 42:1—4; Mat. 8:4; 9:30; 12:15—21; 16:20; Luka 5:14). Gadaralylar ýurdundaky arwahly adam bilen bolan wakada bolsa, Isa başgaça hereket etdi. Ol oňa öýüne gidip, bolan wakany garyndaşlaryna gürrüň bermegi tabşyrdy. Isa ol ülkeden gitmeli bolandygy üçin, beýleki adamlar bilen gürleşmäge mümkinçiligi ýokdy. Isanyň bejeren adamy doňuzlaryň heläk bolandygyna närazylyk bildirenlere jogap berer ýaly şol ýerde galdy, çünki ol Mesih barada wagyz edip bilýärdi (Mar. 5:1—20; Luka 8:26—39).
2:28 — Näme üçin Isa «sabat gününiň Rebbi» diýilýär? Pawlus resul: «Mukaddes Kanun geljekki oňat zatlaryň asly däl-de, kölegesidir» diýip ýazdy (Ýew. 10:1). Kanuna görä, alty iş gününden soň, sabat güni gelýärdi, şol güni hem Isa ençeme gudratlary görkezdi. Bu Şeýtanyň zulumlyk bilen höküm sürşünden soň, Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygy döwründe şypa berýän dynç alyş we başga bereketleriň boljakdygyny pygamberlik hökmünde görkezýär. Ine, şol sebäpli-de, bu Patyşalygyň Patyşasyna «sabat gününiň Rebbi» diýilýär (Mat. 12:8; Luka 6:5).
3:5; 7:34; 8:12 — Markus Isanyň duýgusyny nireden bildi? Markus 12 resula degişli däldi, Isa bilen bile ýöreýänleriň arasynda-da däldi. Adata görä, Markusa onuň ýakyn dosty Petrus resul Isa barada köp zady gürrüň beren bolmaly (1 Pet. 5:13).
6:51, 52 —Resullaryň «çörekli mugjyzanyň [manysyna] düşünmändigi» näme aňladýar? Birnäçe sagat mundan öň, Isa bäş çörek we iki balyk bilen aýallardyr çagalar hasaba alynmanda, 5 000 sany erkek adamy iýmitlendirdi. Bu gudraty gören şägirtler Isa gudrat görkezmäge güýji Ýehowa Hudaýyň berendigine düşünmelidiler (Mar. 6:41—44). Eger olar Isanyň Hudaýdan alan güýç-kuwwatyna ynanan bolsalar, onuň suwda ýöränini görende beýle haýran galmazdylar.
8:22—26 — Näme üçin Isa kör adamyň gözüni kem-kemden açdy? Mümkin, bu Isanyň oňa eden ýagşylygy bolmaly. Isanyň ençeme ýyllap garaňkylykda ýören kör adamyň gözüni kem-kemden açmagy, oňa günüň ýagtylygyna öwrenişmäge kömek etdi.
Biziň üçin sapak:
2:18; 7:11; 12:18; 13:3. Markus ýehudy däl okyjylaryna nätanyş däpleri, jümleleri, taglymatlary we ýerleşýän ýeriň aýratynlyklaryny düşündirýär. Ol fariseýleriň «oraza tutmak» däbiniň bardygyny, gurban bermegiň «Hudaýa peşgeşdigini», sadukeýleriň «ölümden direlmek ýokdur» diýýändigini hem-de ybadathananyň Zeýtun dagyndan görünýändigini düşündirýär. Mesihiň nesil şejeresi diňe ýehudylary gyzyklandyrýandygy üçin, ol öz Hoş habarynda ony agzamaýar. Markus biziň üçin gowy görelde galdyrdy. Biz hem wagyzda ýa-da ýygnak duşuşygynda nutk bilen çykyş edende, diňleýjileriň garaýşyny, bilimini, gelip çykyşyny göz öňünde tutmaly.
3:21. Isanyň dogan-garyndaşlary oňa iman etmeýärdi. Şol sebäpli ol iman etmeýän garyndaşlaryň garşylyk görkezýän ýa-da üstünden gülýän mesihçileriň ýagdaýyna gowy düşünýär.
3:31—35. Isa suwda çokundyrylanda, ol Hudaýyň ruhy Ogly, «ýokarky Iýerusalim» bolsa onuň enesi boldy (Gal. 4:26). Şol wagtdan başlap Isanyň ruhy maşgalasy onuň üçin dogan-garyndaşlaryndan ýakyn we gadyrly boldy. Bu bize, ilki bilen, ruhy zatlary birinji orunda goýmagy öwredýär (Mat. 12:46—50; Luka 8:19—21).
8:32—34. Biz adamlaryň edýän ýerliksiz ýagşylygyny derrew bilip, ony ret etmeli. Mesihiň şägirdi «özüni inkär etmäge» taýyn bolmaly, ýagny diňe özüňi bilmek höwesiňe we maksadyňa «ýok» diýmeli. Ol höwes bilen «öz haçyny almaly», ýagny imany üçin ejir çekmäge, kemsidilmäge, yzarlamalara we hatda ölmäge taýyn bolmaly. Şeýle-de ol hemişe Isanyň «yzyna düşmeli» we ähli zatda ondan görelde almaly. Mesihçi bolmak üçin Isa Mesih ýaly janaýamazlyk ruhuny ösdürip, ony saklamaly (Mat. 16:21—25; Luka 9:22, 23).
9:24. Imanyň barada adamlara aýtmaga ýa-da imanymy köpelt diýip Hudaýdan dilemäge utanmaly däl (Luka 17:5).
SOŇKY AÝ
B. e. 32-nji ýylynyň ahyrynda Isa «Ýahuda çäklerine Iordan derýasynyň aňyrsyna barýar» we onuň ýanyna ýene-de bir topar märeke ýygnanyşýar (Mar. 10:1). Ol halaýyga wagyz edip, soňra Iýerusalime gidýär.
Sekizinji nisanda Isa Beýtaniýadady. Saçagyň başynda otyrka, onuň ýanyna bir aýal gelip, atyr ysly ýagy başyna çalýar. Isanyň Iýerusalime dabaraly ýagdaýda girişinden, tä direlişine çenli bolan wakalar hronologik tertipde beýan edilýär.
Sowallaryň jogaby:
10:17, 18 — Näme üçin Isa «ýagşy mugallym» diýen adamy düzedýär? Isa öwgüli tituly kabul etmän, bar şöhraty Ýehowa berýär we ähli ýagşy zadyň gözbaşy hak Hudaýdygyny görkezýär. Galyberse-de, Isa inkär edip bolmaýan hakykata üns berýär: diňe ähli zady Ýaradan Ýehowa Hudaýyň ýagşy-ýaman kadasyny bermäge haky bar (Mat. 19:16, 17; Luka 18:18, 19).
14:25 — Isa wepaly resullaryna: «Hudaýyň Patyşalygynda täzesini içjek günüme deňeç üzüm şiresini gaýtadan içmerin» diýende, nämäni göz öňünde tutýar? Isa gökde hakyky şerabyň bardygyny göz öňünde tutmady. Şerap käte şatlygyň nyşanyny aňladýar, şol sebäpli Isa direlenden soň, Patyşalygynda şägirtleri bilen bile şatlanjakdygyny göz öňünde tutýar (Zeb. 104:15; Mat. 26:29).
14:51, 52 — «Ýalaňaç halda... gaçyp giden» ýigit kim? Bu waka barada diňe Markus gürrüň berýär, şol sebäpli ol özi barada aýdýar.
15:34 — Isanyň: «Hudaýym, Hudaýym! Näme üçin meni terk etdiň?» diýen sözleri imanynyň gowşandygyny görkezýärmi? Ýok. Biz Isanyň bu sözleri näme üçin aýdandygyny anyk bilmeýäris. Mümkin, Ýehowa Oglunyň wepalylygyny soňuna çenli synamak üçin goragyny aýrandygyny Isa duýan bolmaly. Şeýle-de Isa Zebur 22:1, 2-nji aýatlarda özi baradaky pygamberligi berjaý etmek üçin hem aýdan bolmaly (Zeb. 22:1; Mat. 27:46).
Biziň üçin sapak:
10:6—9. Hudaý är-aýalyň bile bolmagyny isleýär. Şol sebäpli är-aýal kynçylyklaryny aýrylyşmak bilen çözmän, Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri ulanmaga çalyşmaly we nikasyny berkitmeli (Mat. 19:4—6).
12:41—44. Garyp dul aýalyň mysaly arassa seždäni ak ýürekden goldamagy öwredýär.