Markusyň «hyzmatymy ýerine ýetirmekde maňa kömegi deger»
ANTAKIÝADAKY mesihçiler ýygnagynda birnäçe kynçylyklar döredi. Emma Pawlus bilen Barnabas başga zat üçin tersleşdiler. Olar missioner syýahatyna gitmekçi bolanlarynda, kimi ýanlary bilen almalydygy barada maslahatlaşýarlar, şonda «aralaryna agzalalyk düşýär» we hersi bir tarapa gidýär (Res. iş. 15:39). Olar üçünji missioner Markus sebäpli tersleşipdiler.
Markus kim? Näme üçin iki resul Markus sebäpli tersleşýär? Olar näme üçin bir-biri bilen ylalaşyp bilmediler? Soňra olar pikirini üýtgetdilermi? Markus bilen bolan wakadan biz näme öwrenip bileris?
Iýerusalimde önüp-ösdi
Markus Iýerusalimde gurply ýehudy maşgalasynda önüp-ösen bolmaly. Ol hakda ilkinji sapar irki mesihçiler ýygnagy bilen bagly wakalarda gürrüň berilýär. Takmynan b. e. 44-nji ýylynda Hirodes Agrippa I Petrusy türmä basýar. Ýehowa perişdesi arkaly Petrusy boşadanda, ol «Markus lakamly Ýahýanyň ejesi Merýemiň öýüne gidýär; ol ýerde köp adam üýşüp, doga edip otyrdy» (Res. iş. 12:1—12)a.
Iýerusalimdäki mesihçileriň ýygnagy Markusyň ejesiniň öýünde geçirilen bolmaly. Olarda «köp adamyň üýşmegi», öýüniň uly bolandygyny görkezýär. «Petrus howlynyň gapysyny kakanda, Roda atly bir keniz açmaga geldi». Diýmek, Merýemiň hyzmatkäri-de bolupdyr. Bu maglumatlar Merýemiň barly aýal bolandygyny görkezýär. Şeýle-de öý Merýemiňki diýilýär we äriniň ady agzalmaýar. Ol dul aýal bolmaly (Res. iş. 12:13).
Doga etmek üçin üýşen adamlaryň arasynda Markus hem bar bolmaly. Ol Isanyň şägirtlerini we onuň gullugyna şaýat bolan adamlary gowy tanaýardy. Isany tussag edenlerinde, resullaryň ýanynda ýalaňaç bedenini diňe bir kendir mata bilen bürän, soňra gaçyp giden ýaş ýigit Markusdy (Mar. 14:51, 52).
Jogapkärli ýumuş
Ruhy taýdan ösen mesihçiler bilen gürrüňdeşlik Markusa gowy täsir edýär. Ol ruhy taýdan ösýär, şonuň üçin jogapkärli doganlar oňa üns berip başladylar. Takmynan b. e. 46-njy ýylynda Antakiýadaky doganlar Ýahudada açlyk çekýän mesihçilere «goldaw üçin» «pul ýollamagy karar etdiler». Olar kömegi Pawlus bilen Barnabas arkaly iberýärler. Şonda Pawlus bilen Barnabas Markus bilen gyzyklanýar. Olar Antakiýa dolanyp gelende, Markusy ýanlaryna alýar (Res. iş. 11:27—30; 12:25).
Injili okaýan adamyň pikirine görä, bu üç adamyň arasynda — diňe bir mesihçi diýmeseň, hiç hili ýakyn gatnaşyk ýok. Pawlus bilen Barnabas hem Markusy diňe ukyply bolany üçin ýanyna aldylar. Emma Pawlus hatlarynyň birinde Markusa Barnabasyň ýegeni diýýär (Kol. 4:10). Bu bize Markus bilen bolan waka has gowy düşünmäge kömek eder.
Takmynan bir ýyldan, mukaddes ruhuň görkezmesi boýunça, Pawlus bilen Barnabas missioner syýahatyna gitmekçi bolýar. Olar Antakiýadan Kipre ugraýar. Ýahýa Markus hem olara «ýardam edýär» (Res. iş. 13:2—5). Resullar diňe ruhy işler bilen meşgullanar ýaly, Markus olaryň gerek-ýarak zatlarynyň aladasyny edýär.
Pawlus, Barnabas we Markus Kipriň ähli ýerine aýlanyp, wagyz edýärler; soňra olar Kiçi Aziýa tarap ýola düşýärler. Olar Perga gelende, «Ýahýa olardan aýrylyp, Iýerusalime gaýtdy». Muňa Pawlus lapykeç bolýar (Res. iş. 13:13). Emma Markusyň näme üçin Iýerusalime gaýdandygy barada aýdylmaýar.
Şondan iki ýyl geçensoň, Pawlus, Barnabas we Markus ýene-de Antakiýadadylar. Pawlus bilen Barnabas birinji missionerlik syýahatyny tamamlap, ýygnaklary berkitmek üçin ikinji syýahat barada maslahat edýär. Barnabas ýegeni Markusy ýanyna almak isleýär, emma Pawlus muňa düýbünden garşy çykýar, sebäbi öň Markus olary terk edipdi. Şonda olaryň arasyna agzalalyk düşýär, bu barada makalanyň giriş sözlerinde aýdylypdy. Barnabas Markusy alyp, dogduk mekany Kipre gidýär, Pawlus bolsa Siriýa ýola düşýär (Res. iş. 15:36—41). Markusyň birwagtky eden işine Pawlus bilen Barnabasyň hersi bir hili garaýar.
Ýaraşyk
Elbetde, bu bolan waka Markus gynanandyr. Emma ol Hudaýyň wepaly gullukçysy bolup galdy. Pawlus bilen Barnabasyň Markus zerarly tersleşenine 10-11 ýyl geçipdi. Ine, Injilde ýene-de Markusyň ady agzalýar. Ol kimiň ýanynda? Pawlusyň ýanynda!
B. e. 60—61-nji ýyllarynda Pawlus Rimde tussaglykdaka Injildäki ençeme hatlary ýazýar. Ol koloselilere ýazan hatynda şeýle diýýär: «Tussagda meniň bilen bile bolýan ýoldaşym Aristarkus bilen Barnabasyň ýegeni Markus size salam aýdýar. Markus baradaky buýruklary alansyňyz, barsa ony kabul ediň... Hudaýyň Patyşalygy üçin zähmet çekýän işdeşlerim bolan sünnetliler diňe bular. Bular maňa teselli berdiler» (Kol. 4:10, 11).
Geň galaýmaly! Markus öň Pawlusyň tamasyny ödemändi, indi onuň ynamdar işdeşidi. Ýokarda aýdylyşyna görä, indi Markus Pawlusyň wekili hökmünde koloseli mesihçileriň ýanyna barmalydy.
Pawlus şonça ýyllap Markusy ýazgaryp ýördümikä? Markus bolan wakadan sapak edindimikä? Belki, şeýle-de bolandyr. Her näme bolsa-da, bu synaglar Pawlusa-da, Markusa-da ruhy taýdan ýetişen mesihçi bolmaga kömek etdi. Olar geçeni ýatlaman, bile işleşmegi dowam etdiler. Arasynda agzalalyk dörän mesihçiler üçin, gör, nähili ajaýyp görelde!
Markus syýahatçy
Biz Markusyň eden dürli syýahatlary barada okaýarys. Diýmek, ol uly işleri edipdir. Ol Iýerusalimden Antakiýa gidýär, ol ýerden gämide Kipre we Perga barýar, soňra Rime ugraýar. Pawlus ony Rimden Kolosä ugratmakçy bolýar. Ýöne bu-da hemmesi däl!
Petrus resul birinji hatyny b. e. 62—64-nji ýyllarynda ýazýar. Ol hatynda: «Babyldaky... ýygnak we oglum Markus size salam aýdýar» diýýär (1 Pet. 5:13). Hawa, Markus birwagtlar ejesiniň öýünde mesihçiler ýygnagyna gatnaşan Petrus resul bilen-de, Babylda eginme-egin gulluk etdi.
B. e. 65-nji ýylynda Pawlus ikinji gezek Rimde tussaglykdaka, Timoteosy Efesosdan ýanyna çagyranda: «Markusy alyp gaýt» diýýär (2 Tim. 4:11). Diýmek, şol wagtlar Markus Efesosda ekeni. Eýsem, ol Pawlusyň çakylygyny kabul etmän, Timoteos bilen Rime giden däldir diýse bolarmy? Şol döwürde syýahat etmek kyn bolsa-da, Markus höwes bilen Pawlusyň ýanyna gidýär.
Başga-da ähmiýetli borçlar
Markus Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly dört Hoş habaryň birini ýazýar. Bu onuň üçin uly hormatdy. Injiliň hiç ýerinde ikinji Hoş habary ýazan adamyň ady agzalmaýar, emma onuň Markusdygyna hiç haçan şübhelenmändirler, çünki ol kitabyny Petrusyň beren gürrüňleri esasynda ýazýar. Dogrudan-da, Markusyň ýazan zatlarynyň ählisine Petrus güwä geçýär.
Alymlaryň aýtmagyna görä, Markus Hoş habaryny özge milletler üçin ýazypdyr. Sebäbi ol kitabynda ýehudylaryň medeniýetini düşündirýär (Mar. 7:3; 14:12; 15:42). Özge milletleriň düşünmegi üçin, ol arameý sözlerini terjime edýär (Mar. 3:17; 5:41; 7:11, 34; 15:22, 34). Ol latyn sözlerini köp ulanýar, hatda giňden ýaýran grek sözlerini hem latynça düşündirýär. Meselem, ol ýehudy pulunyň hümmetini rim puly bilen aýdýar (Mar. 12:42). Bularyň bary Markusyň Hoş habaryny Rimde ýazandygyny ýene-de bir gezek subut edýär.
«Hyzmatymy ýerine ýetirmekde maňa kömegi deger»
Görşümiz ýaly, Markus Hoş habaryny Rimde ýazýar, emma onuň şähere gelmeginiň başga-da sebäbi bardy. Pawlusyň Timoteosa: «Markusy alyp gaýt» diýeni ýadyňyzdadyr. Pawlus Markusy näme üçin çagyrýar? Ol: «Hyzmatymy ýerine ýetirmekde maňa kömegi deger» diýdi (2 Tim. 4:11).
Bu aýat Markus barada köp zady aýan edýär. Injiliň hiç bir aýadynda onuň resul, ýolbaşçy ýa pygamber bolandygy barada aýdylmaýar. Ol gullukçydy, ýagny başgalara hyzmat edýärdi. Pawlusyň kyn günlerinde, ýagny ölüminiň öň ýanynda, oňa hut Markus ýaly hyzmatçy-da gerekdi.
Şeýlelikde, Markus hoş habary ýeriň dürli künjeginde yhlasly wagyz edip, adamlara höwes bilen hyzmat eden mesihçi bolýar. Markus ruhdan düşmändigi üçin, gör, nähili sylaglar aldy!
Hudaýyň häzirki gullukçylary hem Markusyň göreldesine eýerip, Patyşalyk baradaky hoş habary yhlasly wagyz edýärler. Markus ýaly biziň hem käbirimiz wagyz işiniň ilerlemegi üçin, başga şäherlere, hatda daşary ýurtlara gidip bileris. Elbetde, şeýle mümkinçilik hemmämizde bolup bilmez, ýöne şonda-da Markusdan görelde alyp bileris. Ol imandaşlaryna hyzmat etmek üçin uly işleri etdi. Biz hem Hudaýa gulluk etmekde dogan-uýalara kömek etsek, Hudaýyň ak patasyny aljakdygymyza ynanyp bileris (Sül. tym. 3:27; 10:22; Gal. 6:2).
Markusyň baran şäherleri
Efesos
Kolose
Perga
Kipr
Iýerusalim
Antakiýa (Siriýa)
Babyl
Ortaýer deňzi
a Şol döwürlerde ýewreý ýa-da daşary ýurt adyny almak däbi bardy. Markusa ýewreýçe Ýohanan, türkmençe Ýahýa, latynça bolsa Markus diýilýärdi (Res. iş. 12:25).