Gulluk duşuşygynyň tertibi
Bitaraplyk aýynyň 12-den başlanýan hepde
3-nji aýdym
10 min: Ýerli bildirişler. «Hudaýa gullugymyzdan» alnan bildirişler. Ýaşaýan ýeriňize gabat gelýän bolsa, onda 8-nji sahypadaky teklipler boýunça Bitaraplyk (dekabr) aýynda hoş habaryň wagyz edilişini sahnalaşdyr. Gabat gelýän başga-da girişleri sahnalaşdyrsa bolar. Her çykyşdan soň, aýady nädip aňsatlyk bilen ulanandyklaryny gürrüň ber.
15 min: «Bilimi durmuşa geçirmäge kömek edýän mekdep». Mekdebiň gözegçisi çykyş etmeli. «Hudaýa gullugymyzyň» 2005-nji ýylyň Garaşsyzlyk (oktýabr) aýynda çykan sanynyň içki sahypasyndan käbir pikirleri hem goşup bilersiň.
20 min: «Ýaşaýşa eltýän bilim»a. Öňünden birki wagyzçydan Hudaý barada alýan biliminiň näme peýda berýändigini gürrüň bermegi haýyş et.
15-nji aýdym we jemleýji doga.
Bitaraplyk aýynyň 19-dan başlanýan hepde
11-nji aýdym
10 min: Ýerli bildirişler. Türkmenbaşy (ýanwar) aýynyň başyna geçiriljek wagyz üçin ýörite duşuşyklar barada gürrüň ber. Täze ýylda ýygnagyň geçirilýän wagty üýtgeýän bolsa, onda wagtyny we gününi habar ber.
20 min: «Ugurtapyjy bol-da, ýürekden gyzyklanýandygyňy görkez»b. Gysgaça sahna taýýarla. Wagyzçy, öý eýesiniň aýdan sözlerine görä wagyz edýär.
15 min: «Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýaty paýhasly ulanalyň»c. «Hudaýa gullugymyzyň» 2002-nji ýylyň Ruhnama (sentýabr) aýynda çykan sanynyň 1-nji sahypasyndaky makaladan käbir pikirleri hem goşup bilersiň.
27-nji aýdym we jemleýji doga.
Bitaraplyk aýynyň 26-dan başlanýan hepde
7-nji aýdym
10 min: Ýerli bildirişler. Pul hasabatyny oka. Wagyzçylara Bitaraplyk (dekabr) aýy boýunça hasabaty tabşyrmagy ýatlat. Wagyz üçin teklipleri nireden tapyp bolýandygyny salgy ber.
25 min: Hudaýyň gan baradaky tabşyrygyny berjaý edýäris. Ýaşuly ýörite hat boýunça çykyş edýär. Dokladçy taýyn teksti okap, öz sözleri bilen esasy pikirleri gysgaça düşündirip biler, ýöne goşmaça mysallary ýa-da aýatlary getirmeli däl. Wagtyň bolsa, getirilen aýatlary okap ber ýa-da agzap geç. Ýygnagyň mürzesi bolsa «Medisinskoýe rasporýaženiýe» [Bejermek üçin görkezme] we «Udostowereniýe liçnosti» [Şahadatnama] atly blankalaryň ýeterlik mukdarynyň bolmagy hakda alada eder. Şu duşuşykdan soň wagyzçylar şol dokumentleri alyp biler. Dokumentleri islendik wagt, islendik ýerde dolduryp, soňra gol çekip bilersiňiz. Meselem, şu ýakynda boljak ýygnagyň kitap öwrenilýän duşuşygynda. Şonda düşünmedik zadyňyzy toparyň gözegçisinden sorap bilersiňiz. Dokumente diňe şaýatlaryň ýanynda gol çekmeli, olar hem öz gezeginde gol çekmeli. Suwda çokundyrylmadyk wagyzçylar özleri we çagalary üçin şoňa meňzeş dokumenti taýýarlap, teksti ýagdaýyna we ynanjyna görä üýtgedip bilerler.
10 min: «Çagaňyzyň özi paýhasly karara gelip bilermi?»d. Ýaşuly çykyş etmeli. Aýatlaryň hemmesine seretmeli. 2-nji abzasa seredip, soňra «Garawul diňi» žurnalynda agzalan iki ýaş mesihçi bilen bolan wakalary deňeşdirip görkez («Garawul diňi», 15 Oguz (iýun) 1991 ý., sah. 16, 17., abz. 16, 17 we çarçuwa). Ahyrynda ene-atalary şol makalany başdan-aýak öwrenmäge, derrew Hudaýyň gan hakdaky tabşyrygy dogrusynda söhbetdeşlik geçirmäge hem-de gana garaýşyny ynamly düşündirip biler ýaly, ýörite sahnalar guramaga höweslendir.
29-njy aýdym we jemleýji doga.
Türkmenbaşy aýynyň 2-den başlanýan hepde
6-njy aýdym
5min: Ýerli bildirişler.
15 min: «Şägirtlere ruhy taýdan ösmäge kömek edýäris. 2-nji bölüm»e. Gysgaça sahna taýýarla. Wagyzçy ýaşuludan şägirde ruhy taýdan ösmäge nädip kömek edip biljekdigi hakda soraýar. Ýaşuly okuw wagty köplenç ähmiýetsiz ýa goşmaça pikirler üçin aşa köp wagt sarp edilýändigini agzap geçýär. «Hudaý bizden näme talap edýär?» broşýurasynyň 9-nji sapagyna esaslanyp, ol wagyzça 1) sapagyň esasy pikirlerine üns bermegi, 2) getirilen aýatlary ýerlikli ulanmagy hem-de 3) sapagy her şägirdiň zerurlygyna görä ulanmagy öwredýär. Okuwy üstünlikli geçirmek üçin her sapar oňat taýýarlanmagyň wajypdygyny aýdýar.
15 min: «Musulman adam bilen näme hakda gürrüň edip bilersiň?»f. Musulman bilen gürrüňdeş bolanyňda özüňi paýhasly alyp barmak barada belläp geç hem-de bir sany oňat sahna taýýarla.
10 min: «Gutulyş golaýlady» — Ýehowanyň Güwäçileriniň 2006-njy ýylda geçirjek welaýat kongresi»g. Ýygnagyň mürzesi çykyş etmeli. 1-nji abzas barada pikir alşyp, soňra, (bar bolsa) kongrese çakylygy okap ber. Mümkin boldugyça öňünden kongrese gatnaşmagyň ugruna çykmaga höweslendir. Materialy ýerli ýagdaýa görä paýhasly ulan.
26-njy aýdym we jemleýji doga.
[Çykgytlar]
a Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.
b Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.
c Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.
d Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.
e Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.
f Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.
g Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.