Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 12/05 sah. 6
  • Çagaňyzyň özi paýhasly karara gelip bilermi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Çagaňyzyň özi paýhasly karara gelip bilermi?
  • Hudaýa gullugymyz — 2005
Hudaýa gullugymyz — 2005
km 12/05 sah. 6

Çagaňyzyň özi paýhasly karara gelip bilermi?

1. Ýaş Güwäçiler gan goýbermezlik meselesinde näme etdiler? Mysal getir.

1 Haýsy meselede? Gan goýbermezlik meselesinde. «Garawul diňi» žurnalynyň (rusça) 1991-nji ýylyň, Oguz (iýun) aýynyň 15-ne çykan sanynda «Özüňi Ýehowanyň öwredişi ýaly alyp barmak» diýen makala çap edildi. Şol makalada Ýehowanyň Güwäçileriniň çagalary Hudaýyň gan baradaky kanunyna boýun bolmagy ýüreklerine berk düwendikleri görkezilýär. Şeýdip, olar bu kanunyň ata-enelerine wajyp bolşy ýaly, özleri üçin hem wajypdygyny subut etdiler. Siziň kämillik ýaşyna ýetmedik çagaňyz hem şeýle edip bilermi?

2. Çagalary bejermek meselesinde kanun näme diýýär hem-de ata-eneler we çagalar şol kanuny nädip berjaý edip biler?

2 Kanun näme talap edýär? Köp ýurtlaryň kanunçylygyna laýyklykda, her bir adam belli bir ýaşa ýetende, özüni bejertmek meselesinde özbaşdak karara gelmäge hukuky bar. Eger-de şol ýaşa ýetmedik bolsa, onda ene-atasy çözýär. Şonuň üçin ýaş mesihçi saglyk ýagdaýyny bilip, saýlan bejeriş usulynyň netijesine gowy düşünmeli, sowal berseler, jogap bermegi başarmaly. Şeýle-de Hudaýyň gan baradaky kanunyna ynanýandygyny düşnükli hem ynamly düşündirmäge taýyn bolmaly.

3. Ata-eneler nähili soraglara çynlakaý seretmeli we näme üçin?

3 Siziň çagalaryňyz näme diýip biler? Siziň çagalaryňyz Hudaýyň gan baradaky kanunyny berjaý etmäge taýynmy? «Gandan saklanyň» diýen tabşyrygyň Hudaýdandygyna berk ynanýarmy? (Res. iş. 15:29; 21:25). Lukman ýaşaýşyňa howp salýar diýende-de, hatda ata-enesi ýanynda ýok wagtynda-da, olar gan baradaky garaýşyny berk saklap bilermi? Hemmämize «wagt we tötänlik» deň bolany üçin, islendik garaşylmadyk ýagdaýda-da çagalaryň wepaly galar ýaly, sen näme edip bilersiň? (Wag. 9:11; Efes. 6:4).

4, 5. a) Ata-eneleriň nähili borçlary bar we ony nädip ýerine ýetirip bilerler? b) Bu babatda ata-enelere näme kömek eder?

4 Ata-eneler, siz näme edip bilersiňiz? Siz çagalaryňyza Hudaýyň gana garaýşy ýaly garamagy öwretmeli (2 Tim. 3:14, 15). Bütin maşgalaňyz bilen «Hudaýa gullugymyzyň» 1996-njy ýylyň Baýdak (fewral) aýynda (s. 6, abz. 29—36) çykan makalany öwrenip bilersiňiz. Lukmanlar hem-de kazyýet wekilleri bilen bolup biläýjek gürrüňdeşligi çagalaryňyz bilen sahnalaşdyryň. Şeýtseňiz, näme zatlara näme üçin ynanýandygyny düşündirmeli bolanda, olar özüni ynamly duýar (1 Pet. 3:15). Şeýle-de «Gan seni nädip halas edip biler?» diýen broşýura we «Garawul diňi» žurnalynyň (rusça) 2004-nji ýylyň Oguz (iýun) aýynyň 15-ne çykan (s. 14—24) makala gan barada köp maglumat berýär. Mundan başga-da, «Gansyz bejerşiň görnüşleri. Ylmy-dokumental filmleriň ýygyndysy» atly DVD-de «Gansyz bejeriş: hassanyň hukugyny bozman kömek etmek» hem-de «Gansyz bejeriş— medisina garşy däl» diýen filmlerde gansyz medisina we hirurgiýa barada gerekli maglumatlar bar. Siz maşgalaňyz bilen ýaňy- ýakynda şu filmlere seredip, özara pikir alyşdyňyzmy?

5 «Hudaýyň [gan barada] halaýan oňat, kämil isleginiň nämededigini aňlar ýaly» çagaňyza kömek ediň. Şonda olar paýhasly karara özleri gelip biler, çünki bu Ýehowanyň bereketidir (Rim. 12:2).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş