Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 12/05 sah. 4
  • Şägirtlere ruhy taýdan ösmäge kömek edýäris

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Şägirtlere ruhy taýdan ösmäge kömek edýäris
  • Hudaýa gullugymyz — 2005
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes Ýazgylary öwrenýänlere ruhy taýdan ösmäge kömek edýäris. 4-nji bölüm
    Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Şägirtlere ruhy taýdan ösmäge kömek edýäris
    Hudaýa gullugymyz — 2005
  • Mukaddes Ýazgylar okuwyna ymykly taýýarlan
    Hudaýa gullugymyz — 2009
  • Okuw geçýänlere şägirt bolmaga kömek ediň (I bölüm)
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2005
km 12/05 sah. 4

Şägirtlere ruhy taýdan ösmäge kömek edýäris

2-nji bölüm: Okuwa taýýarlanmak

1 Mukaddes Ýazgylary oňat öwretmek üçin berlen materialy geçip, aýatlary ýöne okamak ýeterlik däl. Biz bilim berşimiz bilen şägirdiň ýüregine täsir etmeli. Munuň üçin her bir şägirdiň zerurlyklaryny göz öňünde tutup, oňat taýýarlanmaly (Sül. tym. 15:28).

2 Nädip taýýarlanmaly? Ilki bilen, Ýehowa şägirt barada hem-de onuň zerurlyklary barada doga et. Ýehowadan şägirdiň ýüregine täsir etmek barada kömek sora (Kol. 1:9, 10). Temasyna mazaly düşünmek üçin babyň ýa-da sapagyň adyny hem-de suratlary gysgaça içgin öwrenip çyk hem-de özüňe: «Şu babyň maksady näme?» diýen soragy ber. Şonda okuw wagty esasy pikirlere üns bermek aňsat bolar.

3 Baby abzasma-abzas ünsli gözden geçir. Berlen sowallaryň jogabyny tap-da, diňe esasy sözleri we jümleleri belläp çyk. Aýatlaryň abzasyň esasy pikiri bilen arabaglanyşygyna düşünjek bol, soňra okuw wagty haýsy aýatlaryň okaljagyny çöz. Belki, edebiýatyň gyrasyndaky boşlukda aýatlar barada gysgaça bellik etmek saňa amatly bolar. Hawa, şägirt öwrenýän zatlarynyň Hudaýyň Sözüne esaslanýandygyna birkemsiz göz ýetirmeli (1 Sel. 2:13).

4 Her şägirdiň zerurlyklaryny göz öňünde tutmaly. Indi bolsa belli bir şägirdi göz öňünde tutup, materiala seredip çyk. Şägirde düşünmek ýa-da durmuşynda ulanmak kyn bolaýjak pikirlere öňünden taýýarlanjak bol. Özüňden: «Şägirt ruhy taýdan ösmek üçin, ilki bilen, nämä düşünmeli hem-de durmuşyny nädip üýtgetmeli? Men nädip şägirdiň ýüregine täsir edip bilerin?» diýip soramaly. Soňra şoňa görä-de okuw geçir. Wagty bilen, gerek bolsa, şägirde esasy pikiri ýa-da aýady düşündirmek üçin ýörite mysal tap, oňat düşündiriş ýa-da birnäçe soraglary taýýarla (Neh. 8:8). Ýöne tema onçakly degişli däl goşmaça maglumaty gürrüň bermekden saklan. Okuwyň ahyrynda geçilenleri gysgaça gaýtalasaň, şägirde esasy pikirleri ýadynda saklamaga kömek edersiň.

5 Täze şägirtler Ýehowanyň öwgüsi üçin dogrulyk miwesini getirende uly şatlyk bolýar! (Fil. 1:9). Olara şol maksada ýetmäge kömek etmek üçin Mukaddes Ýazgylar okuwyna her gezek oňat taýýarlan.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş