Bilimi durmuşa geçirmäge kömek edýän mekdep
1 Teokratiki gulluk mekdebiniň 2006-njy ýyl üçin maksatnamasy boýunça okap, biz Ýazgylardan öwrenýän zatlarymyzy mukaddes gulluga we durmuşa geçirip, peýda almaga çalyşmaly. Biz öwrenen zatlarymyzy durmuşa geçirmegi ýüregimize düwmeli (Ýahýa 13:17; Flp. 4:9).
2 Jogap bermek. Täze ýylyň maksatnamasynda Mukaddes Ýazgylardan peýdaly pikirler üçin diňleýjilere ýene-de 1 minut artyk wagt berilýär. Şonuň üçin peýdaly pikirler bilen çykyş edýän dogan 6 minut däl-de, 5 minudyň çäginden çykmajak bolmaly. Diňleýjilerem özlerine berlen wagty unutmady däl. Öňünden gowy taýýarlanylsa, 30 sekuntdan geçmän jogap berip bolar. Şeýlelik-de, diňleýjilere berlen 5 minudyň içinde, 10-a golaý adam manyly jogap berip ýetişmeli.
3 Öwretmek üçin dokladlar. Mukaddes Ýazgylardan peýdaly pikirler we öwrediji doklad materialyň gullukda hem-de durmuşda peýdasyny we ulanylyşyny belläp geçýär. Dokladçy diňleýjileri diňe bir hereket etmäge höweslendirmeýär. Ol näme we nädip etmelidigini belläp geçmeli hem-de onuň nähili peýda getirýändigini nygtamaly. Ol: «Bu aýat bize näme maslahat berýär?» ýa-da «Biz bu aýady wagyzda nädip ulanyp bileris?» diýip biler. Ýerli ýagdaýy gowy bilýän ýaşuly ýa-da gulluk hyzmatçysy materialyň durmuşda ulanylyşyny mümkin boldugyça jikme-jik düşündirmeli.
4 Durmuşda ulanylyşyny görkezmek üçin Mukaddes Ýazgylardan mysal getirseň, has-da peýdaly bolar. Dokladçy Ýazgylardan bir mysala salgylanyp: «Senem şeýle ýagdaýa düşüp bilersiň» diýip biler. Ol getiren mysalynyň durmuşda ulanylyşyny görkezende, aýdýanlary kontekste, tutuş Mukaddes Ýazgylara we «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» edebiýatyna gabat gelmeli (Mat. 24:45).
5 Akyldarlyk — bilimi we düşünjäňi dogry ulanmagy başarmak. «Iň möhüm zat akyldarlykdyr» (Sül. tym. 4:7). Teokratiki gulluk mekdebinden bilim alyp, biz diňe bir akyldar bolman, adamlara hakykaty ökdelik bilen gürrüň bermegi-de öwrenýäris.