Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sapak 23 sah. 157—sah. 159 abz. 4
  • Peýdaly tarapyny aýdyň görkezmek

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Peýdaly tarapyny aýdyň görkezmek
  • Wagyz mekdebi
  • Meňzeş maglumat
  • Diňleýjiler üçin peýdaly maglumaty ulanmak
    Wagyz mekdebi
  • Gyzyklanma döredýän giriş sözleri
    Wagyz mekdebi
  • Ýygnak üçin nutuk taýýarlamak
    Wagyz mekdebi
  • Jemagat nutugyny taýýarlamak
    Wagyz mekdebi
Başgalary
Wagyz mekdebi
be sapak 23 sah. 157—sah. 159 abz. 4

23-NJI SAPAK

Peýdaly tarapyny aýdyň görkezmek

Munuň üçin näme etmeli?

Temaňyzyň diňleýjileriň durmuşyna degişli tarapyny we ondan nähili peýda alyp bolýandygyny görmäge kömek etmeli.

Bu näme üçin wajyp?

Eger adamlar siziň aýdýan sözleriňiziň peýdaly tarapyny görmeseler, bu bize degişli däl diýmekleri mümkin ýa-da olaryň ünsi sowlup, başga zat barada pikir ederler.

BIR adam bilen gürrüňdeş bolsaňyz-da, köpçülige ýüzlenseňiz-de, sizi gyzyklandyrýan tema ony-da ýa-da olary-da gyzyklandyrar öýtmek nädogry bolar. Siziň temaňyz wajyp bolsa-da, onuň peýdaly tarapyny aýdyň görkezip bilmeseňiz, diňleýjiler sizi uzak wagtlap diňlemezler.

Muny Patyşalyk zalynda çykyş edeniňizde-de göz öňünde tutmaly. Eger siz diňleýjileriň öň eşitmedik mysalyny ýa-da wakasyny gürrüň berseňiz, olar sizi ünsli diňlärler. Emma diňleýjileriň bilýän zadyny aýtsaňyz, ylaýta-da, soragy çuňňur düşündirmeseňiz, olar ünsli diňlemezler. Şol sebäpli olara aýdýan zatlaryňyzyň näme üçin we nähili peýdasynyň bardygyny görmäge kömek etmeli.

Mukaddes Ýazgylar bizi peýdaly zatlar barada oýlanmaga höweslendirýär (Sül. tym. 3:21). Ýehowa Ýahýa Çokundyryjy arkaly adamlary dogrulyga, ýagny peýda getirýän akyldarlyga tarap gönükdirdi (Luka 1:17). Şeýle akyldarlyk Ýehowadan gorka esaslanýar (Zeb. 111:10). Bu akyldarlygy gymmat saýýan adamlar kynçylyklara hötde gelýärler we hakyky ýaşaýşa, ýagny ebedi ýaşaýyş umydyna berk ýapyşýarlar (1 Tim. 4:8; 6:19).

Nutugy peýdaly ediň. Çykyşyňyzy peýdaly etmek üçin, diňe bir ýygnan maglumatyňyz barada däl-de, diňleýjiler hakda hem oýlanmaly. Olara bir ýygnanan märeke hökmünde garamaň. Olar aýry-aýry adamlardan we maşgalalardan ybaratdyr. Olaryň arasynda çagalar, ýetginjekler, uly ýaşly adamlar we garrylar bar. Mümkin, ýaňy gyzyklananlar we siz dünýä inmänkäňiz Ýehowa gulluk edip başlan mesihçiler bardyr. Olaryň käbiri ruhy taýdan ýetişendir, käbirine bolsa dünýäniň garaýşy we kadasy güýçli täsir edýändir. Özüňize şeýle soraglary beriň: «Bu tema diňleýjilere peýdaly bolar ýaly näme etmeli? Olara peýdasyny görmäge nädip kömek etmeli?» Siz ýokarda agzalan bir ýa-da iki topara aýratyn üns berip bilersiňiz, emma galan adamlary-da unutmaň.

Aýdaly, size Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatlarynyň biri boýunça çykyş etmek tabşyryldy. Bu taglymata ynanýan diňleýjiler nutukdan peýda alar ýaly näme edip bilersiňiz? Olaryň imanlaryny has-da berkitmäge çalşyň. Muny nädip etmeli? Siz Mukaddes Ýazgylardan bu taglymaty tassyklaýan subutnamalary getirip bilersiňiz. Şeýle-de diňleýjilere onuň peýdasyna has-da gowy düşünmäge kömek ediň. Munuň üçin bu taglymatyň Mukaddes Ýazgylaryň başga taglymatlary hem-de Ýehowanyň häsiýetleri bilen nähili baglanyşýandygyny görkezip bilersiňiz. Bu taglymata düşünmegiň adamlara nähili peýda getirendigini we gelejege bolan garaýşyna eden täsirini görkezýän (mümkin bolsa, durmuşda bolan) wakalary mysal getiriň.

Nutugyň soňunda birnäçe sözler bilen onuň peýdaly taraplaryny görkezmek ýeterlikli däl. Çykyş edip başlanyňyzdan, diňleýjileriň her biri nutugyň özüne degişlidigine düşünmeli. Soňra nutugyň bütin dowamynda we ahyrynda esasy pikirleriň hersiniň peýdaly tarapyny görkezmeli.

Nutugyň peýdaly taraplaryny görkezeniňizde, muny Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine laýyk gelýän tärde aýtmaly. Bu nämäni aňladýar? Aýdýan sözleriňizde söýgi we duýgudaşlyk görünmeli (1 Pet. 3:8; 1 Ýahýa 4:8). Pawlus resul Selanikde ýüze çykan kyn meseläni çözmeli bolanda, dogan-uýalaryň gowy taraplaryny-da, ýagny ruhy taýdan ösüşini belläp geçdi. Şeýle-de Pawlus bu meselede olaryň dogrulyk etmäge isleginiň bardygyny ynam bilen agzap geçdi (1 Sel. 4:1—12). Gör, nähili ajaýyp görelde!

Siz nutugyňyz arkaly dogan-uýalary wagyz we şägirt taýýarlamak işine has yhlasly gatnaşmaga höweslendirmelimi? Onda olarda bu hormatly iş üçin minnetdar bolmaga we oňa höwes bilen gatnaşmaga isleg dörediň. Emma Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, olaryň mümkinçilikleriniň çäkli bolup bilýändigini göz öňünde tutuň (Mat. 13:23). Dogan-uýalary oňaýsyz ýagdaýa salyp utandyrmaň. Ýewreýler 10:24-däki sözler bizi söýgi bildirmäge we oňat işleri etmäge höweslendirýär. Eger biz diňleýjileri söýgini bildirmäge höweslendirsek, olaryň oňat işleri etmäge islegi bolar. Biz özümizçe kada-kanun çykarmaly däl-de, Ýehowanyň adamlaryň «imana boýun bolmagyny» isleýändigine düşünmeli (Rim. 14:25). Şulary ýatda saklasak, biz hem özümiziň, hem dogan-uýalarymyzyň imanyny berkidip bileris.

Hoş habaryň peýdasyny görkeziň. Adamlara wagyz edeniňizde, hoş habaryň peýdaly taraplaryny görkezmäge çalşyň. Munuň üçin meýdançaňyzdaky adamlaryň näme hakda pikir edýändigini bilmeli. Ony nädip bilse bolar? Radioda we telewizorda aýdylýan täzelikleri diňläň. Gazetde ýazylan habarlary okaň. Şeýle-de adamlary gürrüňdeş bolmaga höweslendiriň we olary ünsli diňläň. Şonda siz olaryň nähili kynçylyklar bilen göreşýändigine göz ýetirip bilersiňiz. Belki-de, olar işden çykarylmak, kireýine ýaşamak, keselçilik, dogan-garyndaşlaryndan biriniň ölümi, jenaýatçylyk, ýolbaşçy adam tarapyndan adalatsyzlyga uçramak, nikanyň bozulmagy, çagalary terbiýelemek ýaly kynçylyklara duş gelýändirler. Mukaddes Ýazgylar olara kömek edip bilermi? Elbetde, kömek edip biler.

Siz adam bilen gürrüňe başlamankaňyz, aýtjak temaňyza öňünden taýýarlanansyňyz. Emma adamy başga mesele gyzyklandyrýan bolsa, taýýarlan temaňyzy däl-de, ony biynjalyk edýän zat hakynda gürrüň ediň ýa-da bu barada gerekli maglumaty toplap, indiki sapar geleniňizde ara alyp maslahatlaşjakdygyňyzy aýdyň. Elbetde, biz adamlaryň «işine gatyşmakdan» gaça durýarys, ýöne Mukaddes Ýazgylaryň peýdaly maslahatlaryny höwes bilen teklip ederis (2 Sel. 3:11). Hawa, Mukaddes Ýazgylaryň durmuşa degişli maslahatlary adamlara güýçli täsir edip biler.

Adamlar aýdýan sözlerimiziň özüne degişli tarapyny görmeseler, gürrüňdeşligi derrew tamamlamak bilen bolarlar. Eger olar sözümizi bölmän diňleseler-de, meseläniň peýdaly tarapyny görkezip bilmesek, aýdýan zatlarymyzyň olara hiç hili täsiri bolmaz. Eger-de meseläniň peýdaly tarapyny açyk-aýdyň etsek, bu adamlaryň durmuşyny bütinleý özgerdip biler.

Adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçireniňizde, olara onuň peýdasyny görkeziň (Sül. tym. 4:7). Okuw geçýän adamlara Ýehowanyň ýolunda nädip ýöremelidigini görkezýän Mukaddes Ýazgylaryň maslahatlaryna, prinsiplerine we mysallaryna düşünmäge kömek ediň. Olara eýermegiň peýdalydygyny nygtaň (Iş. 48:17, 18). Bu gyzyklanýan adamlary durmuşyny özgertmäge höweslendirer. Olaryň Ýehowa bolan söýgüsini we onuň göwnünden turmak islegini artdyrmaga ýardam ediň. Şonda olar Hudaýyň Sözüniň maslahatlaryna ýürekden eýererler.

PEÝDALY TARAPYNY GÖRKEZMEK ÜÇIN

  • Nutuga taýýarlyk göreniňizde, diňe toplan maglumatyňyzy däl-de, diňleýjileri-de göz öňünde tutuň. Temany olara peýdaly bolar ýaly düşündiriň.

  • Nutugyň peýdaly taraplaryny diňe onuň soňunda aýtmak bilen çäklenmäň. Olar temaňyzyň bütin dowamynda aýdyň görünmeli.

  • Wagza taýýarlyk göreniňizde, meýdançaňyzdaky adamlary biynjalyk edýän zatlary göz öňünde tutuň.

  • Wagyz edeniňizde söhbetdeşiňizi ünsli diňläň we onuň aýdýan zatlaryna görä teklibiňizi üýtgediň.

GÖNÜKME Sizde bar bolan «Hudaýa gullugymyzy» gözden geçiriň we meýdançaňyzda peýdaly boljak birki teklibi saýlaň. Olary wagyzda ulanmaga çalşyň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş