Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sapak 24 sah. 160—sah. 165 abz. 1
  • Sözleri dogry saýlamak

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sözleri dogry saýlamak
  • Wagyz mekdebi
  • Meňzeş maglumat
  • Diliňizi abatlyk üçin ulanyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • «Ruhlandyryjy sözleri aýdyň»
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Akgynly sözleýiş
    Wagyz mekdebi
  • Gepleşik stili
    Wagyz mekdebi
Başgalary
Wagyz mekdebi
be sapak 24 sah. 160—sah. 165 abz. 1

24-NJI SAPAK

Sözleri dogry saýlamak

Munuň üçin näme etmeli?

Mähirli, düşünmesi aňsat, sözleýşiňizi baýlaşdyrýan, adamlary hormatlaýandygyňyzy görkezýän, täsirli we ýerlikli duýgulary berýän sözleri ulanmaly. Olaryň grammatik taýdan dogry ulanylyşyna üns bermeli.

Bu näme üçin wajyp?

Bu aýdýan habaryňyza hormat goýýandygyňyzy görkezýär we diňleýjilere bolan garaýşyňyzy aýan edýär. Şeýle-de bu aýdýan sözleriňize adamlaryň nähili seslenjekdigine täsir edýär.

SÖZLER gürrüňdeşligiň güýçli guraly hasaplanylýar. Ýöne goýan maksadymyza ýetmek üçin sözleri ünsli saýlamaly. Bir ýagdaýa gabat gelýän sözler başga ýagdaýda ulanylanda ýaramaz täsir etmegi mümkin. Hatda gowy sözler-de ýerliksiz ulanylsa, adama «ýara salyp» biler. Şeýle sözleri oýlanyşyksyz ulanmaklyk adamyň duýgusyny göz öňünde tutmaýandygyňy görkezip biler. Käbir sözleriň iki manysy bolup, olaryň biri göwne degiji we kemsidiji bolýar (Sül. tym. 12:18; 15:1, TD). Emma «ýagşy sözler» adamyň göwnüni göterýär we ýüregini şatlykdan doldurýar (Sül. tym. 12:25). Hatda paýhasly adam hem dogry sözleri saýlamak üçin tagalla etmeli. Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, Süleýman pygamber «ýakymly sözleri» hem-de «dogry we hak sözleri» tapmagyň wajypdygyny bilýärdi (Wag. 12:10).

Käbir dillerde wezipeli we uly ýaşly adama ýüzlenilende aýratyn sözler aýdylýar; deň-duşlaryňa ýa-da özüňden kiçilere ýüzlenilende bolsa, başga sözler ulanylýar. Bu zatlary äsgermezçilik etmek gödeklik hasaplanylýar. Başga birine ýüzleneniňde ulanylýan hormatly sözleri özüňe degişli etmeklik hem ýerliksiz bolýar. Hormat goýmak babatda Mukaddes Ýazgylaryň kadalary ýerli kanunyň talabyndan we däp-dessurlaryndan has ýokarydyr. Mesihçilere: «Hemmeleri sylaň» diýip maslahat berilýär (1 Pet. 2:17). Bu maslahata ýürekden eýerýänler dürli ýaşdaky adamlara hormat goýýarlar.

Elbetde, Ýehowa gulluk etmeýän adamlaryň köpüsi gödek we edepsiz sözleri ulanyp gepleýärler. Olar şeýle sözleri aýdýan zatlaryny nygtamak üçin ulanýan bolmaly. Ýa-da bu olaryň söz baýlygynyň ýokdugyny görkezýär. Eger kimdir biri hakykaty kabul etmänkä şeýle sözleri ulanan bolsa, mümkin, oňa bu endigi ýeňmek aňsat bolmaz. Ýöne munuň hötdesinden gelip bolýar. Hudaýyň ruhy adama gepleýşini özgertmäge kömek edip bilýär. Munuň üçin adamyň söz baýlygyny ýakymly we abatlaýjy sözlerden doldurmak islegi bolmaly hem-de olary elmydama ulanmaga çalyşmaly (Rim. 12:2; Efes. 4:29; Kol. 3:8).

Düşünmesi aňsat sözleýiş. Sözleýşiň gowy bolmagy üçin, adamlar oňa aňsat düşünmeli (1 Kor. 14:9). Diňleýjilere siziň aýdýan zatlaryňyza düşünmek kyn bolsa, onda siz daşary ýurt dilinde gepleýän adam ýaly bolarsyňyz.

Käbir sözleri belli bir kär bilen meşgullanýan adamlar ulanýar. Olar şeýle sözleri gündelik durmuşynda ulanýan bolmaklary mümkin. Emma olary aýtmaly däl ýerinde aýtsaňyz, adamlar size düşünmezler. Hatda ýönekeý sözleri aýdanyňyzda-da gerekmejek jikme-jikliklere üns berseňiz, diňleýjileriň ünsi başga zatlara sowlup biler.

Düşgür nutukçy bilimi pes adamlaryň-da düşünjek sözlerini saýlar. Ol Ýehowanyň göreldesine eýerip, hatda sada adamlary-da göz öňünde tutar (Eýýup 34:19). Eger nutukçy nätanyş sözi ulanmaly bolsa, onuň manysy düşnükli bolar ýaly, ony ýönekeý sözler bilen bile aýtmaly.

Gowy saýlanan sada sözler arkaly pikiri täsirli edip bolýar. Ýönekeý sözlemlere we söz düzümlerine düşünmek aňsatdyr. Emma nutuk üzlem-saplam bolmaz ýaly, uzyn sözlemleri-de ulansa bolýar. Ýöne diňleýjileriň ýadynda galmaly pikirleri sada sözler we ýönekeý sözlemler bilen aýtmaly.

Dogry we dürli-dürli sözler. Elbetde, gowy sözler köpdür. Dürli ýagdaýlarda şol bir sözleri däl-de, başga-da sözleri ulanjak boluň. Olar siziň sözleýşiňizi owadan we manyly eder. Ýöne söz baýlygyny nädip artdyryp bolar?

Bir edebiýat okanyňyzda, doly düşünmeýän sözleriňizi belläp, olaryň manysyny sözlükden görüň. Nätanyş sözleriň birnäçesini saýlap, olary gerekli ýerinde ulanmagy öwrenmek üçin tagalla ediň. Şeýle sözleriň dogry aýdylyşyny biliň we diňleýjileriň ünsüni özüňize çekmez ýaly, olary kontekste görä gerekli ýerinde ulanyň. Söz baýlygyňyzy artdyrsaňyz, bu siziň sözleýşiňizi owadanlaşdyrar. Emma seresap bolmaly, sebäbi sözi nädogry aýtsaňyz ýa-da gerekli ýerinde ulanmasaňyz, adamlar aýdýan zatlaryňyza özüňiz hem düşünmeýänsiňiz öýderler.

Biz söz baýlygymyzy diňleýjileriň ünsüni özümize çekmek üçin däl-de, olara bir maglumaty ýetirmek üçin artdyrýarys. Çylşyrymly sözleýiş we goşma sözler adamlaryň ünsüni özüňe çekýär. Biz bolsa, wajyp maglumaty paýlaşmagy we ony gyzykly etmegi maksat edinmelidiris. Mukaddes Ýazgylardaky şu sözleri unutmaň: «Akyldarlaryň dili bilimi dogry beýan edýändir» (Sül. tym. 15:2). Gowy we düşünmesi aňsat sözleri ýerlikli ulansak, sözleýşimiz ýürekgysdyryjy bolmaz, gaýtam, ol ruhlandyrar hem-de hereket etmäge höweslendirer.

Söz baýlygyňyz artdygyça, sözleri dogry ulanýandygyňyza göz ýetirjek boluň. Iki sany manydaş söz dürli ýagdaýlarda ulanylanda, biri-birinden az-kem tapawutlanýar. Eger siz olaryň tapawudyna düşünseňiz, aýdyň geplemek ukybyňyzy ösdürersiňiz we diňleýjileri oňaýsyz ýagdaýa salmarsyňyz. Gowy gepleýän adamlary ünsli diňläň. Käbir sözlüklerde her sözüň aşagynda onuň sinonimi (manydaş bolsa-da, biraz tapawutlanýar) we antonimi (gapma-garşy manyly sözler) getirilýär. Şonda siz diňe bir manydaş däl-de, eýsem, arasynda sähelçe tapawudy bolan sözleri bilersiňiz. Bu usul belli bir ýagdaýa gabat gelýän dogry sözi tapmak üçin örän peýdalydyr. Bir sözi sözlük depderçäňize ýazmazyňyzdan öň, onuň manysyny, dogry aýdylyşyny we nirede ulanylýandygyny biliň.

Käbir sözler başga sözlere garanyňda, bir pikiri has aýdyň suratlandyrýar. Meselem, nutukçy şeýle diýip biler: «Şol wagt köp adamlar keselledi». Ýa-da ol: «Birinji Jahan urşundan soň, birnäçe aýyň içinde takmynan 21 million adam ispan dümewinden öldi» diýip biler. «Şol wagt», «köp adamlar» we «keselledi» diýen sözler aýdyň düşündirilende, gör, nähili gowy bolýar! Pikiri aýdyň bermek üçin tema degişli subutnamalary gowy bilmeli we sözleri ünsli saýlamaly.

Sözleri dogry saýlap bilseňiz, bu size köpsözlülikden gaça durmaga hem kömek eder. Sebäbi köpsözlülik pikiriň üstüni basyrýar. Emma sada sözler bilen aýdylan pikiri kabul etmek aňsat bolýar; ol pikiri ýatda saklamaga we oňa anyk düşünmäge ýardam edýär. Isa Mesihiň tälim berşi diliniň sadalygy bilen tapawutlanýardy. Ondan öwrenjek boluň (Matta 5:3—12-nji we Markus 10:17—21-nji aýatlara serediň). Pikiriňizi sada we ýerlikli saýlanan sözler bilen aýtmaga çalşyň.

Täsirli, duýgyny berýän we pikiri aýdyň edýän sözleri ulanyň. Söz baýlygyňyzy artdyranyňyzda, diňe bir täze sözlere däl-de, eýsem, aýratyn manyly sözlere-de üns beriň. Meselem, pikiri aýdyň sypatlandyrýan, mähirli duýgulary berýän, mähribanlygy we çynlakaý äheňi görkezýän sözleri hem-de täsirli işlikleri bellik ediň.

Mukaddes Ýazgylarda şeýle manyly sözler örän köp. Ýehowa Amos pygamber arkaly: «Ýamanlygy däl-de, ýagşylygy agtaryň... Ýamanlygy ýigreniň, ýagşylygy söýüň» diýip tabşyrdy (Amos 5:14, 15). Şamuwel pygamber bolsa Şawul patyşa: «Ýehowa Ysraýylyň patyşalyk tagtyny seniň eliňden aldy» diýdi (1 Şam. 15:28, TD). Ýehowanyň Ezekiýel pygamber arkaly aýdan sözlerini bolsa, ýatdan çykarmak kyndyr: «Bütin ysraýyl halky keçjal we doňýürekdir» (Ezek. 3:7). Ysraýyllylaryň günäsiniň agyrdygyny görkezmek üçin Ýehowa olara: «Heý, ynsan Hudaýyň hakyny iýermi? Siz Meniň hakymy iýdiňiz!» diýdi (Mal. 3:8). Şadragyň, Meýşagyň we Abednegonyň Babylda düşen synagyny Danyýel pygamberiň janlandyryp beýan edişine üns beriň. Olar Nebukadnesar patyşanyň guran heýkeliniň öňünde dyza çökmekden boýun gaçyrýarlar. Şonda «Nebukadnesaryň gahar-gazaby ot bolup tutaşdy» we olaryň el-aýagyny daňdyryp, «ýanyp duran kürä», ýagny peje oklamagy buýurýar. Danyýel pejiň örän güýçli gyzdyrylandygyny aýan etmek üçin, onuň «adatdakysyndan hem ýedi esse artyk gyzdyrylandygyny» aýdýar. Peç şeýle gyzgyndy welin, onuň ýalny golaýyna baran adamlary öldürýär (Dan. 3:19—22). Isa bolsa, ölmezinden birnäçe gün öň, Iýerusalimiň ýaşaýjylaryna ýüzlenip, çuňňur duýgularyny şeýle sözler bilen beýan edýär: «Bir towugyň jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, men hem ençeme gezek seniň çagalaryňy ýygnajak boldum, emma siz islemediňiz. Ine, öýüňiz size haraba bolup galýar» (Mat. 23:37, 38).

Gowy saýlanan sözler diňleýjileriň aňyna güýçli täsir edýär. Eger siz olaryň duýgusyny oýarýan, düşünjesine täsir edýän sözleri ulansaňyz, aýdylýan zatlary «görmäge», «ellemäge», «ysyny» hem «tagamyny» duýmaga, beýan edýän zatlaryňyzyň we gürrüň edýän adamlaryňyzyň sesini «eşitmäge» kömek edersiňiz. Diňleýjiler janlandyrylyp aýdylýan zatlary höwes bilen diňleýärler.

Janlandyrylyp aýdylan sözler adamy agladyp hem güldürip bilýär. Olar ruhdan düşen adama umyt berýär, ýaşamaga isleg döredýär we Ýaradyjyny söýmäge höweslendirýär. Zebur 37:10, 11, 34-däki, Ýahýa 3:16-daky we Ylham 21:4, 5-nji aýatlardaky sözler ýer ýüzünde ýaşaýan ähli adamlara umyt berýär.

Siz Mukaddes Ýazgylarda we «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» edebiýatlarynda dürli-dürli sözleri hem jümleleri tapyp bilersiňiz (Mat. 24:45). Şeýle sözler okan ýeriňizde galmasyn, olary ulanjak boluň. Eger size bir söz ýa-da jümle ýarasa, ony sözlük depderçäňize goşuň.

Grammatik taýdan dogry sözläň. Käbir adamlar käte grammatik taýdan dogry sözlemeýändiklerine düşünýärler. Şeýle ýagdaýda olar näme edip bilerler?

Eger siz mekdepde okaýan bolsaňyz, onda diliň grammatik gurluşyny we sözleri dogry ulanmagy öwrenmäge mümkinçiligiňiz bar. Eger siz diliň käbir grammatik düzgünlerine doly düşünmeýän bolsaňyz, ony mugallymdan sorap bilersiňiz. Diliň grammatikasyny diňe bir ekzamenden geçmek ýa-da gowy baha almak üçin öwrenmeli däl. Beýleki okuwçylara garanyňda, sizde okamak höwesi has güýçli bolmalydyr. Sebäbi siz hoş habaryň ökde gullukçysy bolmak isleýärsiňiz.

Mekdebi tamamlan bolsaňyz ýa-da başga dilde geplemeli bolsaňyz näme edersiňiz? Mekdepde ene dilini gowy öwrenmäge mümkinçiligi bolmadyklar näme etmeli? Ruhdan düşmäň. Muňa derek, dili gowy özleşdirmäge ýürekden tagalla ediň we ony hoş habar üçin edýändigiňizi unutmaň. Adamlaryň gürrüňini diňläp-de, dil barada köp zatlary öwrense bolýar. Şol sebäpli ökde nutukçylaryň çykyşyna dykgatly boluň. Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary okanyňyzda, sözlemleriň gurluşyna, sözleriň biri-biri bilen baglanyşygyna we olaryň haýsy ýagdaýda ulanylýandygyna üns beriň. Soňra öwrenen zatlaryňyzy gepleşikde ulanyň.

Aýdymçylar we gyzykly telegepleşikleri alyp barýanlar diliň grammatikasyna eýermezlikleri mümkin. Köp adamlar olardan görelde alýarlar. Neşe serişdeleri bilen iş salyşýan, jenaýat işlerine baş goşýan hem-de ahlaksyzlyk bilen meşgullanýan adamlar özlerine mahsus bolan dilde gepleýärler; olar adaty sözleri başga bir manyda ulanýarlar. Mesihçilere şeýle adamlaryň göreldesine eýermeklik ýerliksiz bolardy. Ýogsam, bu dünýäniň adamlaryna meňzäp, olardan hiç hili tapawudymyz bolmaz (Ýahýa 17:16).

Her gün grammatik taýdan dogry geplejek boluň. Eger siz ýönekeý gepleşikde sözleýşiňize üns bermeseňiz, gerekli ýerlerde-de dogry gepläp bilerin öýtmäň. Emma adaty ýagdaýlarda-da dogry geplemäge jan ediň. Şonda size sahnada çykyş edeniňizde-de, adamlara wagyz edeniňizde-de dogry geplemek aňsat bolar.

DOGRY SÖZLERI SAÝLAMAK ÜÇIN

  • Şu sapakda öwrenen bölümleriňizden birini saýlaň. Ony bir ýa-da birnäçe aýyň dowamynda öwrenmegi maksat ediniň.

  • Okanyňyzda ýa-da ökde nutukçylary diňläniňizde goýan maksadyňyzy unutmaň. Ulanmak isleýän sözleriňizi ýazyp alyň. Olaryň hersini bir-iki günüň içinde ulanjak boluň.

GÖNÜKME

Şu hepdede geçiriljek «Garawul diňi» ýa-da Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygyna taýýarlananyňyzda doly düşünmeýän sözleriňizi saýlaň. Olara sözlükden serediň ýa-da dili gowy bilýän adamdan soraň.

Söz baýlygymy artdyrmak üçin ulanmak isleýän sözlerim

Sözleýşi baýlaşdyrmak we dogry sözlemek üçin Duýgyny bermek, pikiri aýdyň aýtmak we täsirli sözlemek üçin

․․․․․․․․․․․․․․ ․․․․․․․․․․․․․․ ․․․․․․․․․․․․․․ ․․․․․․․․․․․․․․

․․․․․․․․․․․․․․ ․․․․․․․․․․․․․․ ․․․․․․․․․․․․․․ ․․․․․․․․․․․․․․

․․․․․․․․․․․․․․ ․․․․․․․․․․․․․․ ․․․․․․․․․․․․․․ ․․․․․․․․․․․․․․

․․․․․․․․․․․․․․ ․․․․․․․․․․․․․․ ․․․․․․․․․․․․․․ ․․․․․․․․․․․․․․

․․․․․․․․․․․․․․ ․․․․․․․․․․․․․․ ․․․․․․․․․․․․․․ ․․․․․․․․․․․․․․

․․․․․․․․․․․․․․ ․․․․․․․․․․․․․․ ․․․․․․․․․․․․․․ ․․․․․․․․․․․․․․

․․․․․․․․․․․․․․ ․․․․․․․․․․․․․․ ․․․․․․․․․․․․․․ ․․․․․․․․․․․․․․

․․․․․․․․․․․․․․ ․․․․․․․․․․․․․․ ․․․․․․․․․․․․․․ ․․․․․․․․․․․․․․

․․․․․․․․․․․․․․ ․․․․․․․․․․․․․․ ․․․․․․․․․․․․․․ ․․․․․․․․․․․․․․

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş