25-NJI SAPAK
Meýilnamany ulanmak
KÖP adamlar meýilnama boýunça çykyş etmekden gorkýarlar. Olar aýtjak her bir sözüni ýazsalar ýa-da ýat tutsalar, özlerini arkaýyn duýýarlar.
Elbetde, biz gündelik durmuşda kagyza seretmän gepleýäris. Maşgala agzalarymyz we dost-ýarlarymyz bilen gepleşenimizde, adamlar bilen wagyzda gürrüňdeş bolanymyzda, ýekelikde ýa-da başgalar bilen doga edenimizde ýazgylary ulanmaýarys.
Meýilnama boýunça çykyş etmegiň ýa-da kagyzdan okamagyň tapawudy barmy? Kagyzdan okamaklyk öňünden saýlanan sözleri ulanmaga we wajyp pikirleri unutmazlyga kömek etse-de, adamlaryň ýüregine täsir etmäge päsgel berýär. Birnäçe sözlemleri okandan soňra, sesiň batlylygy we tizligi gepleşik äheňinden tapawutlanýar. Eger siz bar ünsüňizi diňleýjilere däl-de, ýazgylaryňyza gönükdirseňiz, olar sizi ünsli diňlemezlikleri mümkin. Emma olar özi barada alada edilýändigini duýsalar we temanyň öz durmuşy bilen baglanyşyklydygyny görseler, sizi ünsli diňlärler. Nutuk höweslendiriji bolar ýaly, taýýarlanan ýazgyny okamagyň deregine, ony erkin ýagdaýda ýürekden aýtmaly.
Wagyz mekdebi bize gündelik ýaşaýyşda kömek etmek üçin döredildi. Biz dostlarymyz bilen gürrüňdeş bolanymyzda, nädogry zat aýdarys öýdüp, kagyzdan okamaýarys. Wagyz edenimizde-de, adamlar bilen paýlaşmak isleýän pikirimizi unutmakdan gorkup, okamak üçin ýanymyz bilen golýazmalary almaýarys. Şeýle ýagdaýda nädip wagyz etmelidigini görkezýän ýumuş bilen çykyş edeniňizde, mümkin boldugyndan, adaty ýagdaýdaky ýaly geplejek boluň. Eger gowy taýýarlyk görseňiz, onda aňyňyzda ýa-da kagyzda ýazylan meýilnama size gürrüň etjek esasy pikirleriňizi ýatda saklamaga kömek eder. Emma meýilnama boýunça çykyş etmäge päsgel berýän ynamsyzlykdan nädip gaça durup bolar?
Pikiriňizi jemläň. Meýilnama boýunça geplemek üçin pikiriňi jemlemek örän wajyp. Bu aýtjak sözleriňizi saýlamagy däl-de, geplemezden öň pikirlenmelidigini aňladýar.
Köplenç, göçgün häsiýetli adam bir zady oýlanman aýdyp, soňra ökünýär. Käbiri bolsa, ýöne ýaňrap, bir pikirden başga pikire bökýär. Emma adam geplemezden öň pikirinde ýönekeý meýilnama düzse, bu iki endigiň hem hötdesinden gelip biler. Ilki bilen, maksadyňyzy anyklaň we oňa ýetmek üçin nähili ädimleri ätmelidigini biliň, soňra gepläň.
Siz wagza taýýarlyk görýärmisiňiz? Onda diňe bir wagyzda ulanýan esbaplaryňyzy däl-de, pikiriňizi-de taýýarlamaly. Eger siz «Hudaýa gullugymyzdaky» teklipleriň birini saýlasaňyz, onuň esasy pikirine düşünmek üçin birnäçe gezek okaň. Ony bir ýa-da iki sany ýönekeý sözlem arkaly beýan ediň we öz sözüňiz bilen aýdyp, meýdançaňyzdaky adamlara peýdaly bolar ýaly ediň. Munuň üçin aňyňyzda meýilnama düzseňiz gowy bolar. Ony düzeniňizde nämäni göz öňünde tutmaly? 1. Giriş sözlerinde köp adamlary näme biynjalyk edýändigini agzap bilersiňiz. Söhbetdeşiňize öz pikirini aýtmaga mümkinçilik beriň. 2. Tema degişli belli bir pikiri we Hudaýyň bu kynçylygy nädip çözjekdigini görkezýän birki aýady taýýarlaň. Eger mümkinçilik bolsa, muny Ýehowanyň öz Patyşalygy, ýagny gökdäki hökümeti arkaly etjekdigini düşündiriň. 3. Söhbetdeşiňizi gürrüňdeş bolan zatlaryňyza görä hereket etmäge höweslendiriň. Siz oňa edebiýat we (ýa-da) Mukaddes Ýazgylar okuwyny hödürläp, gürrüňdeşligi dowam etmek üçin haçan hem-de nirede duşuşyp biljekdigiňizi gepleşiň.
Teklibi taýýarlamak üçin meýilnamany ýatda saklamak ýeterlikli bolar. Emma siz wagyz edip başlamazyňyzdan öň, taýýarlan meýilnamaňyza seretmek isleseňiz, onda oňa giriş üçin birnäçe sözleri, birki aýady we soňunda aýtjak jemleýji sözleriňizi gysgaça ýazyp bilersiňiz. Şeýle düzülen meýilnamany ulanmaklyk, habary yzygiderli hem-de ýatda galar ýaly etmäge kömek edýär.
Eger siziň meýdançaňyzda, köplenç, şol bir soragy ýa-da garşylykly pikiri orta atsalar, bu barada gözleg geçirseňiz gowy bolar. Şeýle ýagdaýda, esasan, iki-üç pikir we olary tassyklaýan aýatlar gerek bolýar. Meýilnamany «Mukaddes Ýazgylar hakda gürrüňe başlamak we dowam etmek» atly broşýura ýa-da «Ýazgylar esasynda söhbetdeşlik» (rus.) kitabynyň gara harplar bilen ýazylan sözbaşylary esasynda düzüp bolýar. Şeýle-de siz başga edebiýatlardan kimdir biriniň sözlerini ulanyp bilersiňiz. Gysgaça bir meýilnama düzeniňizde, şol sözleri goşup, ony wagza ýanyňyz bilen alyp gidiň. Eger söhbetdeşiňiz bir soragy berse ýa-da aýdýan zadyňyza garşy bolsa, imanyňyz hakda höwes bilen gürrüň berjekdigiňizi aýdyň (1 Pet. 3:15). Taýýarlan meýilnamaňyz boýunça jogap beriň.
Siz maşgalaňyzda, wagyz ýa-da ýygnak duşuşygynda doga etmeli bolsaňyz, aýtjak sözleriňiz hakda öňünden oýlansaňyz peýdaly bolar. Luka 11:2—4-nji aýatlara görä, Isa şägirtlerine manyly doga etmek barada ýönekeý meýilnama aýtdy. Iýerusalimdäki ybadathanany Hudaýa bagyş edende, Süleýman uzyn doga etdi. Onuň näme barada doga etjekdigi hakda oýlanandygy şübhesizdir. Ol başda Ýehowa we Onuň Dawuda beren wadasy, soňra ybadathana, iň soňunda bolsa dürli ýagdaýlar hem-de adamlar barada aýtdy (1 Pat. 8:22—53). Biz olardan görelde alyp bileris.
Nutugyň meýilnamasy ýönekeý bolsun. Geliň, indi nutugyň meýilnamasy barada gürrüň edeliň. Onda nähili aýratynlyklar bolmaly?
Meýilnamanyň size pikirleri ýada salmaga kömek edýändigini unutmaň. Belki-de, siz birnäçe sözlemden ybarat bolan giriş sözlerini ýazmak islärsiňiz. Emma soňra sözlere däl-de, pikirlere üns beriň. Eger siz bu pikirleri sözlemler arkaly beýan etmekçi bolsaňyz, onda olar ýönekeý bolsun. Ara alyp maslahatlaşjak esasy pikirleriňiz göze görnüp durmaly. Olaryň aşagyny çyzyp ýa-da olary baş harplar, ýa-da başga reňk bilen ýazyp bilersiňiz. Her esasy pikirleriň aşagynda olary düşündirýän başga pikirler bolmaly. Okajak aýatlaryňyzy ýazyň. Olary Mukaddes Ýazgylardan okasaňyz gowy bolar. Gürrüň berjek aýdyň mysallaryňyzy ýazyň. Şeýle-de siz dünýewi edebiýatlardan kimdir biriniň sözlerini ulanyp bilersiňiz. Meýilnama düzeniňizde, onda anyk pikirler we deliller bolmaly. Ol gowy düzülse, ulanmak aňsat bolar.
Käbir nutukçylar meýilnamasynda diňe esasy zatlary ýazýarlar. Ol birnäçe gerekli sözlerden, nutukçynyň ýatdan aýtmakçy bolýan aýatlaryndan, pikirleri ýada salmaga kömek edýän belliklerden we suratlardan ybarat bolýar. Şeýle ýönekeý meýilnama nutukça temasyny logiki yzygiderlikde we gepleşik görnüşinde beýan etmäge kömek edýär. Bu bolsa sapagyň esasy maksadydyr.
Şu sapagyň üstünde işläniňizde, kitabyň 39—42-nji sahypalaryndaky «Nutugyň meýilnamasyny düzmek» diýen temany-da okasaňyz peýdaly bolar.
Meýilnamanyň ulanylyşy. Siziň maksadyňyz diňe bir meýilnama düzmek däl-de, eýsem, ony ulanmagy başarmakdyr.
Nutugyň meýilnamasyny ulanmagyň ilkinji ädimi taýýarlykdan başlanýar. Nutugyň temasyna serediň we onuň her bir esasy pikirlerini okaň, olaryň tema bilen baglanyşygyna düşünjek boluň. Her esasy pikire näçe wagt sarp etmelidigini anyklaň. Soňra esasy pikirleriň birinjisini özleşdirip başlaň. Ony düşündirmek üçin ulanjak delilleriňizi, aýatlaryňyzy, aýdyň mysallaryňyzy we wakalaryňyzy gözden geçiriň. Bu bölümi tä gowy özleşdirýänçäňiz, ony birnäçe gezek gaýtalaň. Nutugyň her bir esasy pikirini şeýle taýýarlaň. Berlen wagtyň çäginden çykmaz ýaly, haýsy pikiri aýyrjakdygyňyz barada oýlanyň. Soňra tutuş nutugy gaýtalaň. Ýöne sözlere däl-de, pikirlere üns beriň. Nutugy ýat tutmaň.
Çykyş edeniňizde diňleýjilere wagtal-wagtal seredip durmaly. Bir aýady okanyňyzdan soňra, ýazgyňyza seretmän, Mukaddes Ýazgylar arkaly pikir alyşjak bolmaly. Şonuň ýaly-da, aýdyň mysaly ulanjak bolsaňyz, ony ýazgyňyzdan okaman, hamala, dostuňyza gürrüň berýän ýaly aýdyň. Her sözlemi aýtmak üçin ýazgyňyza seretmäň. Ýürekden gürrüň berseňiz, diňleýjileriň-de ýüregine täsir edersiňiz.
Meýilnamany ussatlyk bilen ulanmagy başarsaňyz, ökde nutukçy bolmagyň wajyp ädimini ädersiňiz.