Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sapak 27 sah. 174—sah. 178 abz. 2
  • Erkin çykyş etmek

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Erkin çykyş etmek
  • Wagyz mekdebi
  • Meňzeş maglumat
  • Meýilnamany ulanmak
    Wagyz mekdebi
  • Jemagat nutugyny taýýarlamak
    Wagyz mekdebi
  • Joşgunlylyk
    Wagyz mekdebi
  • Nutugyň meýilnamasyny düzmek
    Wagyz mekdebi
Başgalary
Wagyz mekdebi
be sapak 27 sah. 174—sah. 178 abz. 2

27-NJI SAPAK

Erkin çykyş etmek

Munuň üçin näme etmeli?

Aýtjak zatlaryňyza öňünden gowy taýýarlanyp, olary adaty gepleşikdäki ýaly beýan etmeli.

Bu näme üçin wajyp?

Erkin çykyş etmeklik diňleýjileriň ünsüni tema gönükdirmegiň we olary hereket etmäge höweslendirmegiň iň gowy usulydyr.

SIZ berlen temanyň üstünde köp işlänsiňiz. Gyzykly maglumat toplap, ony logiki yzygiderlikde ýerleşdirensiňiz. Şeýle-de ony akgynly gürrüň bermek üçin gowy taýýarlyk görensiňiz. Emma diňleýjileriň ünsi bölünýän bolsa, ýagny olar wagtal-wagtal başga zatlar barada oýlansa, onda çykyşyňyz peýdaly bolmaz. Şeýle-de olara ünsüni jemlemek kyn bolsa, siz olaryň ýüregine täsir edip bilmersiňiz.

Şeýle kynçylyklara ençeme zat sebäp bolup biler. Bu, köplenç, nutukçy erkin çykyş etmedik ýagdaýynda bolýar. Başgaça aýdanyňda, ol ýazgysyna gaty köp seredýär ýa-da resmi ýagdaýda gepläp çykyş edýär. Bu kynçylyklar temanyň taýýarlanyşyna gös-göni baglydyr.

Eger siz nutugy, ilki, ýazyp, soňra meýilnama düzjek bolsaňyz, erkin ýagdaýda geplemegiň kyndygyna göz ýetirersiňiz. Näme üçin? Sebäbi siz aýtjak sözleriňizi eýýäm saýladyňyz. Indi siz meýilnama boýunça çykyş etjek bolsaňyz-da, kagyza ýazan sözleriňiz diliňize geler durar. Ýazylan zat, köplenç, resmi dilde beýan edilýär we onuň sözlemleri gepleşik dilinden has çylşyrymly bolýar. Bu bolsa çykyş edişiňize täsir eder.

Nutugy jikme-jik ýazmagyň deregine, şu ädimleri ätmäge çalşyň. 1. Bir temany we ony düşündirmäge kömek edýän esasy bölümleri saýlaň. Gysga nutuk üçin iki esasy bölüm, uzyn nutuk üçin dört-bäşisi ýeterlikli bolar. 2. Her esasy bölümiň aşagyndan ulanjak aýatlaryňyzy ýazyň. Şeýle-de getirjek aýdyň mysallaryňyzy we wajyp delilleriňizi görkeziň. 3. Ulanjak giriş sözleriňiz barada oýlanyň. Birki sözlemi ýazyp bilersiňiz. Jemleýji sözleri hem unutmaň.

Nutuk bilen çykyş etmek üçin öňünden taýýarlanmak örän wajypdyr. Ýöne ony ýat tutmaly däl. Erkin çykyş etmek üçin sözlere däl-de, aýdylmaly pikirlere üns bermeli. Pikirler logiki yzygiderlikde ýadyňyzda galýança, olary gaýtalamaly. Eger nutuk logiki tertipde we yzygiderli düzülse, muny etmek kyn bolmaz. Şonda çykyş edeniňizde pikirler yzygiderli we aňsatlyk bilen ýadyňyza düşer.

Peýdaly taraplary. Diňleýjiler eşiden zatlaryny höwes bilen kabul eder ýaly, olara düşnükli dilde geplemeli. Bu bolsa erkin çykyş etmegiň wajyp aýratynlygydyr. Şonda siziň çykyşyňyz diňleýjiler üçin has joşgunly we gyzykly bolar.

Çykyşyň bu usuly size diňleýjilere seretmäge we olar bilen göz aragatnaşygyny saklamaga kömek edýär. Siz her bir sözlemi aýtmak üçin ýazgyňyza seretmeseňiz, diňleýjiler siziň temany gowy özleşdirendigiňizi we aýdýan zatlaryňyza ýürekden ynanýandygyňyzy duýarlar. Bu size mähirli we gepleşik dilinde çykyş edip, diňleýjileriň ýüregine täsir etmäge ýardam eder.

Erkin çykyş etmeklik diňleýjileriň zerurlyklaryny göz öňünde tutmaga we gerek ýagdaýda nutuga käbir maglumaty goşmaga mümkinçilik döredýär. Aýdaly, siz nutuk bilen çykyş etmeli günüňiz irden täzeliklerde temaňyza degişli bir habary eşidýärsiňiz. Siz ony nutugyňyzda belläp geçermisiňiz? Ýa-da diňleýjileriň arasynda mekdep ýaşly çagalaryň köpdügini görýärsiňiz. Şeýle ýagdaýda temaňyzyň olaryň durmuşyna degişli taraplaryny görkezmek üçin aýdyň mysallary ulansaňyz örän gowy bolardy.

Erkin çykyş etmegiň ýene-de bir aýratynlygy, ol siziň gowy pikirlenmegiňize kömek edýär. Eger siz diňleýjileriň her bir sözüňizi minnetdarlyk bilen kabul edişini duýsaňyz, haýsydyr bir pikiri çuňňur düşündirip ýa-da ony nygtamak üçin gaýtalap bilersiňiz. Emma siz diňleýjileriň diňlemäge höwesiniň gaçyp, başga zatlar barada pikirlenýändigini duýsaňyz, gürrüňiňizi dowam etmegiň deregine, ýüze çykan ýagdaýy çözmek üçin gerekli ädimleri ädiň.

Käbir howply taraplary. Erkin çykyş etmegiň käbir howply taraplaryndan gaça durmaly. Olaryň biri — berlen wagtyň çäginden çykmak. Eger siz çendenaşa köp goşmaça pikirleri goşsaňyz, çykyşyňyzy wagtynda tamamlap bilmersiňiz. Munuň hötdesinden gelmek üçin her bölüme näçeräk wagt sarp etmelidigini meýilnamaňyzda bellik edip, şoňa görä çykyş ediň.

Ýene bir howp, esasan-da, öz güýjüne daýanýan ökde nutukçylara abanýar. Olar jemagat nutugy bilen köp çykyş edýärler, şol sebäpli nutugy taýýarlamaga, ýagny birnäçe pikirleri toplap, olary berlen wagtda tamamlamak üçin köp güýç gerek däldir öýdýärler. Ýöne kiçigöwünlilik we Beýik Mugallym Ýehowanyň berýän tälimine bolan minnetdarlyk duýgusy, her bir ýumşa ýürekden doga edip, gowy taýýarlanmaga höweslendirmeli (Iş. 30:20; Rim. 12:6—8).

Erkin geplemegi endik edinmedik nutukçylar, köplenç, aýtjak sözlerini ýadyndan çykararyn öýdüp gorkýarlar. Şeýle gorky size erkin çykyş etmäge päsgel bermesin. Sebäbi erkin geplemeklik üstünlikli çykyş etmegiň wajyp ädimidir. Şoňa görä-de, gowy taýýarlanmaly we Ýehowa dogada ýüzlenip, mukaddes ruhuny dilemeli (Ýahýa 14:26).

Käbir nutukçylar aýtjak sözlerine has köp üns berýärler, şonuň üçin erkin çykyş etmegi halamaýarlar. Elbetde, erkin çykyş etmeklik jikme-jik ýazylan nutukdan tapawutlanýar. Sebäbi ýazylan nutukda sözler we sözlemler grammatik taýdan dogry ýazylýar. Emma gepleşik dilinde çykyş edilende, şeýle kemçilikler duýulmaýar. Adamlar düşünmesi aňsat we sözlemleri çylşyrymly bolmadyk pikirleri höwes bilen kabul edýärler. Eger siz gowy taýýarlansaňyz, gerekli jümleler öz-özünden diliňize geler durar. Bu nutugy ýat tutandygyňyz üçin däl-de, pikirleri ýeterlikli derejede gaýtalandygyňyz üçin bolýar. Eger siz gündeki aýdýan sözleriňize ünsli bolsaňyz, sahnada-da gowy gepläp bilersiňiz.

Nähili bellikleri etmeli? Wagtyň geçmegi bilen, siz tejribe toplap, nutugyň her bir bölümine degişli bary-ýogy birnäçe sözden ybarat bolan ýönekeý meýilnama düzüp bilersiňiz. Oňa ulanjak aýatlaryňyzy-da bellik edip bilersiňiz. Wagyz gullugy üçin, köplenç, ýönekeý meýilnamany ýatda saklasa bolar. Eger siz ikilenç ideg etmek üçin bir tema boýunça gözleg geçiren bolsaňyz, ony bir kagyza ýazyp, Mukaddes Ýazgylaryňyzyň arasyna salyp bilersiňiz. Ýa-da «Mukaddes Ýazgylar hakda gürrüňe başlamak we dowam etmek» atly broşýuradan ýönekeý meýilnamany ulansa bolar, ýa-da «Ýazgylar esasynda söhbetdeşlik» (rus.) kitabyndan bir temany saýlap bilersiňiz.

Eger siz iki-üç hepdäniň içinde ýygnak duşuşyklarynda birnäçe ýumşa taýýarlanmaly bolsaňyz, üstesine-de jemagat nutugy bilen çykyş etmeli bolsaňyz, onda size her çykyş üçin aýratyn ýazgylar gerek bolar. Näme üçin? Sebäbi her bir çykyşdan öň temany ýada salmaly bolýar. Emma siz ýazan bellikleriňizdäki ýaly geplejek bolsaňyz, ýagny her bir sözlemi aýtmak üçin ýazgyňyza seretseňiz, erkin çykyş etmegiň peýdaly taraplaryny ýitirersiňiz. Eger siz jikme-jik bellikler eden bolsaňyz, käbir nygtalmaly sözlere we meýilnamanyň özeni bolup durýan aýatlara bir seredeniňizden gözüňiz düşer ýaly, olaryň aşagyny çyzyň.

Tejribeli nutukçylaryň çykyşy, köplenç, erkin ýagdaýda bolsa-da, çykyşyň başga usullaryndan-da peýdalanylsa gowy bolar. Meselem, giriş we jemleýji sözlerini ulanmak bir tarapdan diňleýjilere seretmegi talap edýär, beýleki tarapdan bolsa, täsirli hem gerekli sözleri ulanmagy talap edýär. Şol sebäpli siz birnäçe sözlemleri ýat tutup bilersiňiz. Käbir delilleri, maglumatlary, aýatlary we kimdir biriniň aýdan sözlerini okamaly bolsa-da, olary gepleýiş äheňinde aýtmaly.

Adamlara jogap bermeli bolanda. Kämahal iman edýän zatlarymyz barada öňünden taýýarlyk görmän düşündirmeli bolýarys. Şeýle ýagdaý wagyzda, dogan-garyndaşlarymyz bilen gürrüňdeş bolanymyzda, işde ýa-da mekdepde döräp biler. Döwlet işgärleri-de dini ynançlarymyz we durmuşa bolan garaýşymyz barada sorag berip bilerler. Mukaddes Ýazgylarda şeýle maslahat berilýär: «Içiňizdäki umyt hakynda özüňizden hasabat soran her kese, her wagt jogap bermäge taýýar boluň. Muny ýumşaklyk, saýhallylyk bilen ediň» (1 Pet. 3:15, 16a).

Resullaryň işleri 4:19, 20-nji aýatlarda Petrus bilen Ýahýanyň mejlisdäki ýehudylara nädip jogap berendiklerine üns beriň. Olar öz garaýşyny bary-ýogy iki sözlemde beýan etdiler. Şonda olar diňleýjileri-de göz öňünde tutdular, ýagny resullaryň eýerýän prinsipiniň kazyýete-de degişlidigini nygtadylar. Mundan birnäçe wagtdan soňra, Stefanusa ýalan töhmet atyp, ony şol mejlise alyp bardylar. Resullaryň işleri 7:2—53-nji aýatlarda onuň erkin gepläp jogap berendigi barada okaýarys. Ol gürrüňini nähili beýan etdi? Stefanus wakalary taryhy yzygiderlikde gürrüň berdi. Soňra ol ýeri gelende, ysraýyl halkynyň boýun egmezek ruhuny bildirendigini nygtap başlady. Sözleriniň soňunda, Hudaýyň Ogluny öldürmek bilen, mejlisiň hem özüni gadymy ysraýyl halky ýaly alyp barandygyny görkezdi.

Dini ynançlaryňyz barada soranlarynda we taýýarlanmaga mümkinçiligiňiz bolmadyk ýagdaýynda dogry jogap bermäge näme kömek eder? Artakserks patyşanyň soragyna jogap bermezden öň, içinden doga eden Nehemýanyň göreldesine eýeriň (Neh. 2:4). Soňra aňyňyzda gysgaça meýilnama düzüň. Esasy ädimleri şeýle tertipde düzüp bilersiňiz: 1) berjek jogabyňyz birki bölümden ybarat bolsun («Mukaddes Ýazgylar hakda gürrüňe başlamak we dowam etmek» atly broşýuradaky pikirleri ulanyp bilersiňiz); 2) şol pikirleri tassyklamak üçin ulanjak aýatlaryňyzy saýlaň; 3) sorag berýän adam höwes bilen diňlär ýaly nädip sypaýyçylykly düşündirip boljakdygy barada oýlanyň. Soňra jogap beriň.

Siz kyn ýagdaýda aljyraryn öýdüp gorkýarsyňyzmy? Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Nähili ýa näme diýjegiňizi gaýgy etmäň, çünki näme diýilmelidigi şol sagatda size berler. Çünki gepleýän siz däl-de, siz arkaly gepleýän Ataňyzyň Ruhudyr» (Mat. 10:19, 20). Emma bu I asyrda ýaşan mesihçilere berlen «akyldarlyk sözüniň» size-de gudrat bilen beriljekdigini aňlatmaýar (1 Kor. 12:8). Eger siz Ýehowanyň mesihçiler ýygnagy arkaly gullukçylaryna berýän biliminden hemişe peýdalansaňyz, mukaddes ruh zerur bolan wagty gerekli maglumaty siziň ýadyňyza salar (Iş. 50:4).

Görşümiz ýaly, erkin çykyş etmeklik örän peýdaly. Eger siz ýumuş bilen çykyş edeniňizde bu usuly yzygiderli ulansaňyz, onda adamlara taýýarlyksyz jogap bermek kyn bolmaz, çünki bu iki ýagdaýda-da şol bir prinsip ulanylýar. Şeýle çykyş etmekden gorkmaň. Erkin geplemegi öwrenseňiz, üstünlikli wagyz etmäge-de ýardam eder. Eger siz ýygnak duşuşygynda nutuk bilen çykyş edýän bolsaňyz, onda diňleýjileriň ünsüni çekip, ýüregine täsir edip bilersiňiz.

ERKIN ÇYKYŞ ETMEK ÜÇIN

  • Erkin çykyş etmegiň peýdaly taraplary barada oýlanmaly.

  • Aýtjak sözleriňizi jikme-jik ýazman, ýönekeý meýilnama düzmeli.

  • Çykyşa taýýarlananyňyzda her esasy bölümi aýratynlykda gaýtalamaly. Aýtjak sözleriňiz barada alada etmän, eýsem, pikirleriň logiki yzygiderligine üns bermeli.

GÖNÜKME 1) «Garawul diňi» duşuşygyna taýýarlyk göreniňizde tutuş sözlemiň däl-de, diňe esasy sözleriň aşagyny çyzmagy endik ediniň. Öz sözüňiz bilen jogap beriň. 2) Mekdepde berlen ýumşa indiki gezek taýýarlananyňyzda, ilki, temanyň adyny we onuň iki ýa-da üç esasy bölümini ýatdan gaýtalaň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş