Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sapak 10 sah. 115—sah. 117 abz. 4
  • Joşgunlylyk

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Joşgunlylyk
  • Wagyz mekdebi
  • Meňzeş maglumat
  • Yhlasly öwrediň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
  • Diňleýjiler üçin peýdaly maglumaty ulanmak
    Wagyz mekdebi
  • Joşgunly gepläň
    Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň
  • Erkin çykyş etmek
    Wagyz mekdebi
Başgalary
Wagyz mekdebi
be sapak 10 sah. 115—sah. 117 abz. 4

10-NJY SAPAK

Joşgunlylyk

Munuň üçin näme etmeli?

Çykyşyňyzy janlandyrmaly we duýgy bilen gepläp, aýdýan sözleriňiziň wajypdygyny görkezmeli.

Bu näme üçin wajyp?

Joşgunlylyk diňleýjileriň ünsüni çekmäge we herekete höweslendirmäge kömek edýär. Eger aýdýan sözleriňiz sizi ruhlandyrsa, onda diňleýjiler-de ruhlanarlar.

JOŞGUNLYLYK çykyşy janlandyrýar. Toplan maglumatyňyz peýdaly bolsa-da, diňleýjileriň ünsüni çekmek üçin, ony janlandyryp, joşgunly çykyş etmeli. Siziň alan terbiýäňiz we häsiýetiňiz nähili bolsa-da, joşgunly geplemegi öwrenip bilersiňiz.

Duýgy bilen gepläň. Isa samariýaly aýala wagyz edende, Ýehowa «ruhda, hakykatda» sežde etmelidigini aýtdy (Ýahýa 4:24). Munuň üçin Hudaýa ýürekden sežde etmeli we Onuň Sözündäki hakykat boýunça ýaşamaly. Eger adam Ýehowa çuňňur minnetdar bolsa, bu onuň gepleýşinden görner. Ol Ýehowanyň edýän aladasy barada adamlara höwes bilen gürrüň berer. Bu onuň ýüz-gözünden, hereketinden we sesinden aýan bolar.

Onda näme üçin Ýehowany söýýän we oňa iman edýän adamlaryň käbiri joşgunly çykyş etmeýär? Joşgunly çykyş etmek üçin aýtjak sözleriňi bilmek ýeterlikli däl. Nutukçy tema bilen içgin gyzyklanmaly we ondaky pikirler ýüregine täsir etmeli. Aýdaly, dogana Isa Mesihiň töleg gurbany barada çykyş etmek tabşyrylýar. Ol töleg gurbany barada diňe bir jikme-jiklikleri däl-de, eýsem, onuň hem özüne, hem diňleýjilere nähili peýdasynyň bardygyny aýtmaly. Ol Ýehowa Hudaýyň we Isa Mesihiň eden aladasy üçin minnetdardygyny ýadyna salmaly. Şeýle-de töleg gurbanynyň adamzat üçin ajaýyp gelejege ýol açýandygy, ýagny ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi bagt we kämil saglyk berjekdigi barada oýlanmaly. Şonda ol duýgulary doly berip, ýürekden çykyş edip biler.

Mukaddes Ýazgylarda Ysraýylyň mugallymy we kanunçysy Ezranyň «Rebbiň kanunyny öwrenip, ony berjaý etmegi, Ysraýylda onuň parzlaryny, hökümlerini öwretmegi ýüregine düwendigi» barada aýdylýar (Ezra 7:10). Eger biz hem diňe bir berlen temany däl, eýsem, ýüregimizi-de taýýarlasak, duýgy bilen gepläris. Şonda diňleýjilere hakykata bolan söýgüsini artdyrmaga kömek ederis.

Diňleýjiler hakda oýlanyň. Joşgunly çykyş eder ýaly berlen temanyň diňleýjiler üçin wajypdygyna hem düşünmeli. Munuň üçin çykyşa taýýarlananyňyzda, diňe bir peýdaly maglumatlary toplamak bilen çäklenmän, başgalara ýaramly bolar ýaly, Ýehowadan görkezme soramaly (Zeb. 32:8; Mat. 7:7, 8). Şeýle-de bu maglumatyň diňleýjilere näme üçin gerekdigi, nähili peýdasynyň bardygy we onuň gadyr-gymmatyna düşüner ýaly nädip çykyş etmelidigi barada pikirleniň.

Siz çykyşa taýýarlananyňyzda, göwnüňize ýaraýan bir zat tapýançaňyz, onuň üstünde işläň. Täze pikir aýtmak hökman däl, emma tanyş pikirleri täsirli aýtjak boluň. Eger siz diňleýjilere Ýehowa bilen dostlugyny berkitmäge, edýän aladasy üçin minnetdar bolmaga, gündelik durmuşda duş gelýän kynçylyklara hötde gelmäge ýa-da üstünlikli wagyz etmäge kömek etjek bolsaňyz, bu sizi joşgunly çykyş etmäge höweslendirer.

Aýdaly, size köpçüligiň öňünde okamak ýumşy tabşyrylýar. Joşgunly çykyş etmek üçin sözleri we söz düzümlerini dogry okamak ýeterlikli däl. Berlen temany gowy özleşdiriň. Eger siz Mukaddes Ýazgylardan bir parça okamaly bolsaňyz, onda biraz gözleg geçirseňiz gowy bolar. Onuň düýp manysyna düşünjek boluň. Munuň size hem-de diňleýjilere nähili peýdasynyň bardygy barada oýlanyň we olar muny görer ýaly edip okaň.

Eger siz wagyz gullugyna taýýarlanýan bolsaňyz, onda saýlan temaňyzy we okajak aýatlaryňyzy ýene-de bir gezek gözden geçiriň. Şeýle-de adamlaryň näme barada oýlanýandygyny göz öňünde tutuň. Täzelikler näme habar berýär? Adamlar nähili kynçylyklara duş gelýärler? Eger siz Hudaýyň Sözüniň kynçylyklary çözmäge kömek edýändigini düşündirmäge gowy taýýarlansaňyz, siz höwes bilen we ýürekden joşup geplärsiňiz.

Joşgunly gepläp, çykyşyňyzy janlandyryň. Joşgunlylyk çykyşy janlandyrýar. Bu adamyň ýüz keşbinden görünmeli. Ýöne göwnüýetijilik bilen däl-de, ynamly geplemeli.

Joşgunlylyk paýhasly bolmagy talap edýär. Käbirleri çykyş edende, başdan tä soňuna çenli joşgunly gepleýärler. Şeýle adamlara çendenaşa joşgunly çykyş etmegiň diňleýjileriň ünsüni aýdylýan habara däl-de, çykyş edýän adama gönükdirýändigini düşündirmeli. Emma çekinjeň adamlary pikirini ýaýdanman beýan etmäge höweslendirmeli.

Joşgunlylygyň täsiri güýçli bolýar. Eger siz nutugyňyzy diňleýjilere seredip, joşgunly beýan etseňiz, bu olara-da geçer. Apollos joşgunly gepländigi üçin dilewar hasaplanýardy. Eger siz hem Hudaýyň ruhunyň kömegi bilen hyjuwly bolup, joşgunly çykyş etseňiz, diňleýjileri hereket etmäge höweslendirersiňiz (Res. iş. 18:24, 25; Rim. 12:11).

Tema görä joşgunly sözläň. Eger nutukçy çykyş edende çendenaşa we başdan tä aýagyna çenli joşgunly geplese, diňleýjileri ýadadar. Olary aýdylan zatlara görä hereket etmäge höweslendirmek üçin eden tagallasy-da biderek bolar. Şol sebäpli nutuga taýýarlananyňyzda, haýsy pikirleri joşgunly aýtmalydygyny anyklaň. Emma biparh äheňde aýtmajak boluň. Eger siz maglumaty ünsli saýlasaňyz, onuň bilen içgin gyzyklanarsyňyz. Elbetde, käbir pikirler has joşgunly, käbiri bolsa biraz joşgunly aýdylmagy talap edýär, şol sebäpli olary dogry aýtmagy başarmaly.

Nutugyň esasy pikirlerini joşgunly aýtmaly. Olar nutugyň özeni bolup, has nygtalyp aýdylýan pikirleridir. Şeýle wajyp pikirler diňleýjileri belli bir zada höweslendirmeli. Diňleýjileri ynandyranyňyzdan soňra, berilýän maslahatlaryň peýdasyny görkezmeli we olary hereket etmäge höweslendirmeli. Siziň joşgunly sözleýşiňiz diňleýjileriň ýüregine täsir etmäge kömek edýär. Emma joşgunlylyk ýasama bolmasyn. Joşgunly geplemegiň sebäbi bolmaly we size berlen tema bu maksada ýetmäge ýardam eder.

JOŞGUNLY GEPLEMEK ÜÇIN NÄME ETMELI?

  • Diňe çykyş etjek temaňy däl-de, ýüregiňi-de taýýarlamaly; şonda ýürekden syzdyryp geplärsiňiz.

  • Saýlan pikirleriňiziň diňleýjilere berjek peýdasy barada oýlanmaly.

  • Has joşgunly aýtmaly pikirleri anyklamaly.

  • Joşgunly we dogumly sözlemeli. Duýgularyňyz ýüzüňizden görünmeli.

GÖNÜKME Ýeşuwa kitabynyň 1, 2-nji baplaryny gözden geçiriň. Haýsy sözleri we nädip joşgunly aýtmalydygyny anyklaň. Soňra bu baplary ýerlikli joşgunlylyk bilen sesli okaň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş