Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 1/06 sah. 8
  • Yşyk kimin ýalpyldaýan ýaşlar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Yşyk kimin ýalpyldaýan ýaşlar
  • Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowany şöhratlandyrmak üçin «yşygyňyz... nur saçsyn»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • «Siziň yşygyňyz... parlasyn»
    Hudaýa gullugymyz — 2011
Hudaýa gullugymyz — 2006
km 1/06 sah. 8

Yşyk kimin ýalpyldaýan ýaşlar

1. Mukaddes Ýazgylar mesihçileriň saýlanýandygyny nähili görkezýär we bu sözler häzirki ýaş mesihçilere-de degişlimi?

1 Isa şägirtlerine: «Siz dünýäniň yşygysyňyz» diýdi (Mat. 5:14, 16). Dagyň depesindäki şäheriň gün şöhlesine ýalpyldap saýlanyşy ýaly, olar hem saýlanmalydylar. Şu günler hem ýaş mesihçileriň köpüsi özüni göreldeli alyp baryp hem-de yhlasly wagyz edip, «dünýädäki yşyk kimin ýalpyldaýarlar» (Flp. 2:14; Mal. 3:18).

2. Mugallymyňa we klasdaşlaryňa wagyz etmek üçin nähili mümkinçilikler bar?

2 Mekdepde. Sen mekdepde nädip wagyz edip bilersiň? Käbir ýaşlarda klasynda neşekeşlik, ewolýusiýa, terrorçylyk ýaly temalar boýunça pikir alyşmaga gowy mümkinçilik bar. Şeýle mümkinçilikden peýdalanyp, bir uýa terrorçylyk barada düzme ýazanda, Hudaýyň Patyşalygy we onuň adamlara berjek umydy barada wagyz etdi. Onuň getiren delilleri mugallyma güýçli täsir etdi. Şeýdip, ýene-de wagyz etmäge mümkinçilik döredi.

3. Sen mekdepde özüňi alyp barşyň bilen nädip yşyk kimin ýalpyldap bilersiň?

3 Şeýle-de özümizi alyp barşymyz, sada egin-eşigimiz hem-de daş keşbimiz bilen hem yşyk kimin ýalpyldaýarys (1 Kor. 4:9; 1 Tim. 2:9). Haçan-da okuwçylar we mugallymlar özüňi göreldeli alyp barşyňy görseler, olaryň hakykat bilen gyzyklanmagy mümkin. Bu bolsa saňa Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty wagyz etmäge mümkinçilik berer (1 Pet. 2:12; 3:1, 2). Elbetde, Hudaýyň halaýşy ýaly özüňi alyp barmak aňsat däl, ýöne Ýehowa saňa bol bereket berer (1 Pet. 3:16, 17; 4:14).

4. Mekdepde wagyz etmegiň näme peýdasy bar?

4 Sen mekdepde yşyk kimin ýalpyldasaň, imanyň berkär hem-de Ýehowa guwanç bilen gulluk etmäge kömek eder (1 Kor. 1:30). Şeýle gulluk seni gorar. Bir uýa şeýle diýdi: «Klasdaşlaryňa diniň barada aýtsaň, olar seni Mukaddes Ýazgylara garşy gelýän zatlary etmäge mejbur edip bilmezler».

5. a) Ýaşlaryň käbiri nädip köpräk wagyz edýärler? b) Sende nähili ruhy maksatlar bar?

5 Köpräk wagyz ediň. Ýaşlaryň köpüsi köpräk wagyz edip hem yşyk kimin ýalpyldap bilerler. Bir dogan mekdebi gutarandan soň, wagyzçylaryň azlyk edýän ýerine göçdi. Ol ýerde bir ýaşuludan ybarat bolan kiçiräk ýygnak bardy. Ol dostuna hatynda şeýle diýýär: «Bu ýerde meniň şatlygymyň çägi ýok. Gulluk diýseň ruhuňy göterýär! Biz günde her gapyda 20 minut gürleşýäris, sebäbi adamlar ähli gürrüň berýän zadyňy diňleýärler». Soňra ol sözüni şeýle dowam edýär: «Men ýaşlaryň her biriniň meniň şatlyk duýşum ýaly şatlanmagyny isleýärin! Ýehowa gulluk etmekden gowy zat ýok».

6. Ýygnakdaky ýaşlar näme üçin biziň magtanjymyz?

6 Dünýäniň yşygy kimin ýalpyldaýan ýaşlar biziň magtanjymyz! (1 Sel. 2:20). Sen Ýehowa bütin ýüregiň, janyň, düşünjäň, güýjüň bilen gulluk etseň, «şindi şu zamanda... we geljek döwürde ebedi ýaşarsyň» (Mar. 10:29, 30; 12:30).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş