Bildirişler
◼ Gurbansoltan aýynda bäş sany Ruhgüni we Dynçgüni bar, şonuň üçin kömekçi pioner bolmaga oňat mümkinçilik bar.
◼ 2006-njy ýylda geçiriljek Ýatlama agşamy bilen baglanyşykly doganlar ýörite doklad bilen çykyş eder.
◼ 6-njy sahypadaky «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitaby öwreneris!» atly makala Alp Arslan (awgust) aýynda geçjek gulluk duşuşygynda serediler. Şonuň üçin şol makalany hem-de aşagynda berlen okuw tertibini saklamagy haýyş edýäris.
◼ Ýygnagyň baş gözegçisi ýa-da ol tarapyn bellenen dogan Nowruz aýynyň 1-ne ýa-da şondan birnäçe gün soň ýygnagyň pul hasabatyny barlamaly.
◼ Ýygnagyň mürzesi we wagyz gözegçisi ähli pionerleriň eden işini gözden geçirmeli. Eger-de pionerleriň biri sagat talabyny ýerine ýetirip bilmeýän bolsa, onda ýaşulular oňa kömek bermegiň ugruna çykmaly. Meselem, her ýyl gelýän «S-201» hatlary gözden geçirip bilersiňiz.