Teokratiki gulluk mekdebinde geçilenleri gaýtalamak
2006-njy ýylyň Baýdak aýynyň 27-den başlanýan hepdede geçiriljek Teokratiki gulluk mekdebinde şu sowallara serediler. Mekdebiň gözegçisi 2006-njy ýylyň Türkmenbaşy (ýanwar) aýynyň 2-den Baýdak (fewral) aýynyň 27-si aralygynda geçilen material boýunça 30 minudyň dowamynda geçilenleri gaýtalar [Bellik: Eger-de sowalyň soňunda hiçi hili salgy berilmedik bolsa, onda seniň özüň şol temany öwrenip, jogabyny tapmaly bolarsyň (Seret: «Gulluk mekdebi», s. 36, 37)].
DILEWARLYK
1. Teokratiki gulluk mekdebi bize Hudaýa öwgi gurbanlaryny, Onuň adyny ykrar edýän dodaklaryň miwesini hödürlemäge nädip kömek edýär? (Ýew 13:15) (1, be-U s. 5, abz. 3— s. 6, abz. 1).
2. Biz näme üçin dogry okamaga jan etmeli? (2, be-U c. 83, abz. 1—5).
3. Gürlänimizde we öwredenimizde, sözleri düşnükli aýtmak näme üçin wajyp? (4, be-U c. 86, abz. 1—6).
4. Dogry sözlemek näme üçin wajyp hem-de nämeleri göz öňünde tutmaly? (6, be-U c. 89, abz1— s. 90 abz 3, çarçuwa).
5. Bize akgynly gürlemäge nämeler kömek edýär? (9, be-U c. 94 abz. 4—5, çarçuwa).
1-NJI ÝUMUŞ
6. 2 Taryhlar 36:17—23-nji aýatlar Mukaddes Ýazgylaryň pygamberlikleriniň ynama mynasypdygyny nädip subut etdi? (2, bsi06-U c. 4 abz. 35).
7. Ýehowanyň öýüni gurmak üçin ýehudylara watanyna dolanmaga b. e. öň 537 ýylynda haýsy wakalar mümkinçilik döretdi? (3, bsi06-U c. 5, abz. 1—3).
8. Ezra kitaby Ýehowanyň hakyky Hudaýdygyny nädip subut edýär we ynamyňy artdyrýar? (4, bsi06-U c. 6, 7, abz. 14, 18).
9. Mukaddes Ýazgylaryň ýyl hasabynda «Artahşaşta patyşanyň ýigriminji ýyly» näme üçin wajyp? (Neh. 2:1, 5, 6, 11, 17, 18) (5, bsi06-U c. 7—8, abz. 2, 5).
10. Hudaýyň häzirki gullukçylaryna Nehemýa nähili gowy göreldi görkezdi? (8, bsi06-U c. 8—9, abz. 16, 17).
MUKADDES ÝAZGYLARY HER HEPDE OKAMAK
11. Ýehowadan jogap almak üçin ulanylýan Urimi we Tummimi ýurduna dolanan ýesirler ulanypdyrlarmy? (Ezra 2:61—63).
12. Babyldaky ýehudylaryň köpüsi näme üçin Ezra bilen Iýerusalime dolanmak islemediler? (Ezra 7:28—8:20).
13. Diňe bir eliň bilen nädip diwary gursa bolýar? (Neh. 4:17, 18).
14. Gizlin hat adatça möhürli bukja salynýar, ýöne Sanballat Nehemýa näme üçin «açyk hat» iberipdir? (Neh. 6:5).
15. Öňräk halkyň serdarlaryna we abraýly adamlaryna käýeýşi ýaly, sözünde durmadyk ýehudylara käýemekden başga, Nehemýa ýene-de näme temmi berdi? (Neh. 13:25, 28).