Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 2/06 sah. 8
  • Hakykaty öwretmek üçin wideofilmleri ulan

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hakykaty öwretmek üçin wideofilmleri ulan
  • Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Meňzeş maglumat
  • Wagyz etmek tejribäňizi artdyryň. Wideolar arkaly öwredýäris
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi (2016)
  • Okuw geçýänleriňize wideolar arkaly öwrediň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2019
  • Sapak geçeniňde, wideofilmleri görkez
    Hudaýa gullugymyz — 2013
  • Görkezme esbaplaryny ökdelik bilen ulanyň
    Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2006
km 2/06 sah. 8

Hakykaty öwretmek üçin wideofilmleri ulan

1. Ýehowa gadymy gullukçylaryna nämeleriň kömegi bilen maglumat berdi we bu olara nähili täsir etdi?

1 Ýehowa käwagtlar gadymy gullukçylaryna görnüş we düýşleriň kömegi bilen wajyp maglumatlary aýdypdy. Ýehowanyň gökdäki arabasy barada Ezekiýele berlen görnüş hakynda oýlanyp gör (Ezek. 1:1—28). Dünýä imperiýalary barada pygamberlik düýşüni görende, Daniil özüni nähili duýandyr (Dan. 7:1—15, 28). Eýsem, «Rebbiň güni» barada berlen ylham Ýahýa resuly haýran galdyrmadymy näme? (Ylh. 1:1, 10). Ýehowa dürli reňkler we janly hereket arkaly öwretdi, şol sebäpli bu olaryň ýadynda berk galdy.

2. Adamlara hakykaty öwretmek üçin näme ulanyp bilersiň?

2 Biz adamlara hakykaty ýadyndan çykmaz ýaly öwretmek islesek, wideofilmleri ulanyp bileris. Biziň wideofilmlerde dürli temalara seredilýär hem-de Mukaddes Ýazgylara, Ýehowanyň guramasyna we has oňat mesihçi bolmaga kömek edýän prinsiplere ynamyňy artdyrýar. Geliň, hakykaty öwretmek üçin wideofilmleriň ulanylyşyna seredeliň. Meselem, şu wideofilmleriň käbirini ulanyp bilersiňiz.

3. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän şägirdi gurama bilen tanyşdyrmak üçin näme ulanyp bilersiň?

3 Wagyzda. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän şägirde bütindünýä doganlygymyz barada gürrüň berdiňmi? Munuň üçin oňa «Ýehowanyň Güwäçileri — adyna mynasyp gurama» atly wideofilmi görkez. Ony indiki okuw wagtyna çenli görmäge ber ýa-da bile okuw wagty gör. 2000-nji ýylyň Garaşsyzlyk (oktýabr) aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzda» berlen soraglary gaýtalap, pikir alyş.

4. Ýehowanyň ýaş Güwäçileri mekdepde haýsy wideofilmleri ulanyp bilerler?

4 Ýaşlar, mugallymlaryňyz bilen gürleşip, belki, ýerikli bolsa, klasyňyz bilen «Ýehowanyň Güwäçileri milletparazlygyň öňünde mert durdular» ýa-da «Sowet Soýuzyndaky Ýehowanyň Güwäçileri synaglara garamazdan wepaly galdylar» diýen wideofilmleri görersiňiz. 2001-nji ýylyň Oguz (iýun) ýa-da 2003-nji ýylyň Baýdak (fewral) aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzdaky» sowallar boýunça klas bilen pikir alyşmak üçin sowallar taýýarla.

5. Ata-eneler maşgala okuwynda näme ulanyp bilerler?

5 Maşgalaň we dostlaryň bilen. Ene-atalar, çagalaryňyz bilen «Ýaşlaryň sowallary. Men nädip hakyky dost tutunyp bilerin?» diýen wideofilmi göreniňize köp wagt boldumy? Belki, ony indiki maşgala okuwynda görersiňiz? 2004-nji ýylyň Ruhnama (sentýabr) aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzda» berlen soraglar boýunça açyk pikir alyş.

6. Nädip dostlaryň bilen wagtyňy ruhlandyryjy geçirip bilersiň?

6 Belki, ýygnakdaky käbir dostlaryňy öýüňe çagyrasyň gelýändir? Sen şonda bile «Mukaddes Ýazgylar taryhy taýdan dogry we pygamberlikleri ynama mynasyp» diýen wideofilmi görüp bilersiň. Soňra 2000-nji ýylyň Bitaraplyk (dekabr) aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzdaky» sowallary ulanyp, öwrenen zatlaryňy gaýtalasaň ruhlanarsyňyz.

7. Wideofilmleri ulanmaga sende nähili mümkinçilikler bar?

7 Başga mümkinçilikler. Biziň beýleki 20 sany wideofilmleri nädip üstünlikli ulanyp bilersiň? Belki, yzygiderli ideg edýän adamlaryňa şolaryň birkisini görkezseň, olara ruhy taýdan berkemäge kömek etmezmi? Ýaşaýan ýeriňde garrylar öýünde görkezmegi teklip edip gördüňmi? Şol wideofilmler Güwäçi däl garyndaşlaryň, goňşylaryň we işdeşleriň hormatyny gazanmaga kömek etmezmi? Biziň wideofilmlerimiz adamlarda güýçli täsir galdyrýar. Geliň, hakykaty öwredeňde olary ulanalyň!

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş