Bildirişler
◼ Wagyzda ulanmak üçin edebiýat. Nowruz aýynda: «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen täze kitap. Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamaga çalyşyň. Gurbansoltan we Magtymguly aýlary: Gyzyklanýan adamlara hem-de Ýatlama agşamyna we ýygnagyň duşuşyklaryna gelse-de, ýygnak bilen ýakyn gatnaşyk saklamaýan adamlara ikilenji ideg edeniňizde, «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen täze kitaby ulanmaga çalyşyň. Täze gollanma boýunça Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamaga çalyşyň.
◼ Gurbansoltan aýynda bäş sany Ruhgüni we Dynçgüni bar, şonuň üçin kömekçi pioner bolmaga oňat mümkinçilik bar.
◼ Siziň ýygnagyňyzyň duşuşyklary Ýatlama agşamy geçirilýän güne düşse, onda şol duşuşyklary hepdäniň başga bir gününe geçirmeli. Eger-de bu mümkin bolmasa hem-de Gulluk duşuşygyny başga gün geçirip bolmaýan bolsa, onda siziň ýygnagyňyz üçin zerur dokladlary we çykyşlary başga bir Gulluk duşuşygyna goşup bilersiňiz.
◼ Magtymguly aýynda geçiriljek Gulluk duşuşygynda «Nuh. Ol Hudaý bilen ýöreýärdi» diýen film hakda pikir alyşma bolar. Mümkin bolsa, ýygnaklar şol filmiň diskini ýa-da kassetasyny öňünden edinjek bolmaly.
◼ Ýatlama agşamy mynasybetli 2006-njy ýylyň Gurbansoltan aýynyň 30-da, Dynçgüni, doganlar ýörite doklad bilen çykyş ederler. Dokladyň ady: «Hudaý ýerde bolýan wakalara goşulýarmyka?» Eger-de ýygnagyňyza aýlanýan gözegçi gelýän bolsa ýa-da şol hepde kongres geçýän bolsa, onda doklady bir hepde yza geçirmeli. 2006-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 30-na, Dynçgüne, çenli ýörite doklad bilen hiç bir ýygnakda çykyş edilmeli däl.