Gulluk duşuşygynyň tertibi
Nowruz aýynyň 13-den başlanýan hepde
26-njy aýdym
10 min. Ýerli bildirişler. «Hudaýa gullugymyzdan» käbir bildirişler. 4-nji sahypadaky hödürleri ýa-da ýaşaýan ýeriňize görä başga iki sany hödüri sahnalaşdyryň.
15 min. «Adamlara töleg gurbany arkaly halas bolmaga kömek et»a. Şundan soňky çykyşda adamlary Ýatlama agşamyna çagyrmak üçin «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitabyň 206—208-nji sahypalaryny ýerli ýagdaýlarda ulanmak hakda gürrüň ediler.
20 min. Hudaýy şöhratlandyrýan Rebbiň Agşam nahary. «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitabyň 206—208-nji sahypalary boýunça sorag-jogap görnüşinde geçirmeli. Bir minudyň çäginden çykman, giriş sözleri aýt-da, ilkinji abzasy okap, öý eýesi bilen gürrüňe nädip başlamalydygyny görkez. Soňra abzaslary okaman, diňleýjilerden aşakdaky soraglaryň jogabyny sora: Isa ölüminiň Ýatlama agşamyny bellemegi haçan girizdi? (abz. 2). Rebbiň agşamyny ýylda näçe gezek bellemeli? (abz. 3). Mukaddes Ýazgylarda Ýatlama agşamy barada näme diýilýär? (abz.4). Isanyň bedenini çörege, ganyny — şeraba öwürmändigini nireden bilýäris? (abz. 5). Hamyrmaýasyz çörek nämäni aňladýar? (abz. 6). Gyrmyzy şerap nämäni aňladýar? (abz. 7). Şu nyşanlardan kim dadyp bilýär? (abz. 8). Ýatlama agşamy her ýyl haçan geçirilýär we biz näme üçin oňa gatnaşmaly? Berlen wagtyň çäginden çykman, esasy aýatlara üns ber. Diňleýjileri öwrenýän adamlar hem-de Ýatlama agşamyna çagyrlan beýleki adamlar bilen şu makalany okamaga, esasy pikirlere seretmäge hem-de ýokarda agzalan ýönekeý soraglary bermäge höweslendir.
24-nji aýdym we jemleýji doga.
Nowruz aýynyň 20-den başlanýan hepde
15-nji aýdym
10 min. Ýerli bildirişler. «Ýatlama agşamy barada ýatlatma» diýen çarçuwadaky esasy pikirlere seret.
23 min. Hudaýyň tertip-düzgüninde Isanyň orny. «Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris» (rus.) diýen kitaba esaslanan doklad (s. 10—13). «Isa näme rol oýnaýar?» diýen bölümiň ilkinji iki abzasyna seret-de, soňra üç-dört minudyň dowamynda ýerli şertlere görä Ýatlama agşamyna çagyrmak hakda gürrüň et we ýörite sahna taýýarla. 2006-njy ýylyň Baýdak (fewral) aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzda» (s. 3, abz. 3) berlen maslahatlary ulanyp bilersiň.
12 min. Mukaddes Ýazgylary her gün öwrenip, imanymyzy berkidýäris. «Ýazgylary her gün öwrenýäris — 2006 ýyl» (rus.) diýen broşýura esaslanan doklad we sahna. Sahna taýýarla: Bir maşgala şol broşýura boýunça günüň aýaty barada pikir alyşýar.
29-njy aýdym we jemleýji doga.
Nowruz aýynyň 27-den başlanýan hepde
5-nji aýdym.
15 min. Ýerli bildirişler. Wagyzçylara Nowruz aýynyň wagyz hasabatyny tabşyrmagy ýatlat. 4-nji sahypadaky hödürleri ýa-da ýaşaýan ýeriňize görä iki sany hödüri sahnalaşdyr.
20 min. «Şägirtlere ruhy taýdan ösmäge kömek edýäris. 3-nji bölüm»b. Sowallar boýunça geçir. 3-nji abzasy geçip, soňra «Talap» atly broşýuranyň 5-nji sapagynyň 1-nji abzasy boýunça ýörite sahna taýýarla: Abzas okalypdyr, soraga-da jogap berlipdir. Indi wagyzçy we öwrenýän adam abzasdaky aýatlary okap, soňra pikir alyşýar. Wagyzçy ýönekeý sowallar berip, aýatlaryň sapagyň temasy bilen baglanyşygyny düşündirmäge höweslendirýär.
10 min. Wagyzda bolan wakalar. Nowruz aýynda «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitaby hödürläniňde bolan wakalary gürrüň bermegi haýyş et. Başlanan Mukaddes Ýazgylar okuwyna aýratyn üns ber. Birki sany gyzykly wakany sahnalaşdyr.
18-nji aýdym we jemleýji doga.
Gurbansoltan aýynyň 3-den başlanýan hepde
16-njy aýdym
10 min. Ýerli bildirişler.
15 min. Ýerli zerurlyklar.
20 min. «Pesgöwünli adamlara Hudaýyň ýolunda ýöremegi öwret»c. 2004-nji ýylyň Gorkut aýynyň 1-ne çykan «Garawul diňinden» (rus.) (s. 16, abz. 9) pikirleri ulanyp bilýäň.
20-nji aýdym we jemleýji doga.
[Çykgytlar]
a Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.
b Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.
c Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.