Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 5/06 sah. 2
  • Gulluk duşuşygynyň tertibi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gulluk duşuşygynyň tertibi
  • Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Sözbaşylar
  • Magtymguly aýynyň 8-den başlaýan hepde
  • Magtymguly aýynyň 15-den başlaýan hepde
  • Magtymguly aýynyň 22-den başlaýan hepde
  • Magtymguly aýynyň 29-dan başlaýan hepde
  • Oguzhan aýynyň 5-den başlaýan hepde
Hudaýa gullugymyz — 2006
km 5/06 sah. 2

Gulluk duşuşygynyň tertibi

Magtymguly aýynyň 8-den başlaýan hepde

9-njy aýdym

10 min: Ýerli bildirişler. «Hudaýa gullugymyzdan» alnan käbir bildirişler. 4-nji sahypadaky ýa-da siziň territoriýaňyz üçin ýerlikli bolan wagyz etmegiň başga usullary arkaly sahna taýýarlaň.

20 min: «Hemişe yzyma düşüň»a. Ýönekeýje ýaşap, Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýýan we başgalara hyzmat etmek üçin maddy zatlara köp pul harçlamaýan göreldeli wagyzçydan interwýu al. Şeýle durmuşdan onuň nähili patalar alýandygyny belläp geç.

15 min: Wagyzda bolan ýerli wakalar. Magtymguly (maý) we Gurbansoltan eje (aprel) aýynda yhlasly wagyz edenlerinde, getiren gowy netijesi barada gürrüň bermeklerini diňleýjilerden haýyş et. Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlanandygyna üns ber we gyzyklanýan adamlar Rebbiň Ýatlama agşamyna geler ýaly, nähili kömek berlendigini belläp geç. Birki gyzykly wakany sahnalaşdyrsa-da bolar.

11-nji aýdym we jemleýji doga.

Magtymguly aýynyň 15-den başlaýan hepde

8-nji aýdym

10 min: Ýerli bildirişler. Magtymguly (maý) aýynyň 29-dan başlaýan hepdede boljak Gulluk duşuşygyna taýýarlanar ýaly, hemmelere Nuh pygamberiň «Ol Hudaý bilen ýöredi» diýen wideofilmini görmegi haýyş et.

20 min: Isa Mesihiň ýolbaşçylygy astynda agzybir gulluk edýäris. «Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris» atly kitabyň 13, 14-nji sahypasyndaky «Isa Mesihe boýun bolmak nämäni aňladýar» diýen sözbaşa esaslanan doklad.

15 min: «Patyşalyk Zallaryny gurmak — Hudaýa gulluk etmek»b. Ýehowa sežde etmek üçin islendik ýeri goldamaga kömek edýän prinsipleri nygtap, temany ýerli ýagdaýlara görä ulanyp bolar.

22-nji aýdym we jemleýji doga.

Magtymguly aýynyň 22-den başlaýan hepde

15-nji aýdym

12 min: Ýerli bildirişler. 4-nji sahypadaky ýa-da siziň territoriýaňyz üçin ýerlikli bolan wagyz etmegiň başga usullary arkaly sahna taýýarla. Iki sahnada-da maşgala agzalary wagyz etmäge taýýarlanýar.

15 min: «Mylakatly bolup, ýürekden gyzyklanýandygyňy görkez».

18 min: Oňat geýinmek. «Gulluk mekdebi» atly kitabyň 131—133-nji sahypalaryna esaslanan diňleýjiler bilen söhbet. Biziň eginbaşymyza we daş keşbimize degişli bäş sany prinsipe seredip geç. Mukaddes Ýazgylary öwrenýänlere ýygnaga nähili egin-eşik geýseň ýaramlydygyna düşünmäge bu temany ulanyp, sypaýylyk bilen kömek edip bolýandygyny belle.

18-nji aýdym we jemleýji doga.

Magtymguly aýynyň 29-dan başlaýan hepde

7-nji aýdym

10 min: Ýerli bildirişler. Magtymguly (maý) aýyndaky wagyz gullugymyzyň hasabatyny tabşyrmagy wagyzçylara ýatlat.

15 min: «Mukaddes Ýazgylary öwrenýänlere ruhy taýdan ösmäge kömek edýäris» (4-nji bölüm). Birinji abzasa esaslanan gysgaça (bir minutdan az) giriş. Soňra 2, 3-nji abzaslar esasynda 5 minutlyk sahna. Sahnada Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýän wagyzçy, gyzyklanýan adama sapaga nädip taýýarlanmalydygyny görkezýär. Sahnada «Bilim» kitabyndan ýa-da «Hudaý bizden näme talap edýär» atly broşýuradan 1 abzasy ulanmaly. Soňra sahnanyň esasy pikirlerini nygtap, diňleýjiler bilen sorag-jogap arkaly 2—5-nji abzaslary ara alyp maslahatlaş.

20 min: «Uly-kiçi hemmelere görelde». Giriş bir minutdan köp bolmasyn, diňleýjiler bilen Nuhuň filmi barada söhbet et we 2-nji abzasdaky hemme soraglary ber. DVD-däki «Öwrediji ýumşy» diňleýjileriň maşgalasynda nädip ulanýandygy barada gürrüň bermegi haýyş et. Soňra 3-nji abzasdaky soraglary we aýatlary ara alyp maslahatlaş.

16-njy aýdym we jemleýji doga.

Oguzhan aýynyň 5-den başlaýan hepde

11-nji aýdym

10 min: Ýerli bildirişler.

15 min: Ýerli zerurlyklar.

20 min: Ikilenç ideglerde nädip üstünlige ýetmeli. «Garawul diňi» žurnalynyň (rusça) 2003-nji ýylyň Sanjar (noýabr) aýynyň 15-ne çykan sanynyň 16-njy sahypasyndaky çarçuwa esasynda diňleýjiler bilen gürrüňdeşlik. 7 maslahatyň her birini ara alyp maslahatlaş we ony diňleýjilerden wagyz edýän ýerlerinde nädip ulanyp bolýandygyny sora. Edebiýat alýanlar ýa-da gyzyklanýanlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamagy maksat edinip, ikilenç ideg etmäge wagyzçylary höweslendir. 2006-njy ýylyň Türkmenbaşy (ýanwar) aýyndaky «Hudaýa gullugymyzyň» 5-nji sahypasynda ýerleşen wagyz etmegiň bir usuly arkaly ikilenç idegde Mukaddes Ýazgylar okuwyna nädip başlap bolýandygyny görkez.

3-nji aýdym we jemleýji doga.

[Çykgytlar]

a Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.

b Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş