Teokratiki gulluk mekdebinde geçilenleri gaýtalamak
2006-njy ýylyň Oguz (iýun) aýynyň 26-dan başlanýan hepdede geçiriljek Teokratiki gulluk mekdebinde şu sowallara serediler. Mekdebiň gözegçisi 2006-njy ýylyň Magtymguly (maý) aýynyň 1-den Oguz (iýun) aýynyň 26-sy aralygynda geçilen material boýunça 30 minudyň dowamynda geçilenleri gaýtalar. [Bellik: Eger-de sowalyň soňunda hiç hili salgy berilmedik bolsa, onda seniň özüň şol temany öwrenip, jogabyny tapmaly bolarsyň (Seret: «Gulluk mekdebi», s. 36, 37).]
DILEWARLYK
1. Intonasiýany üýtgetmeklik nämäni aňladýar we ol näme üçin wajyp? (be-U s. 111, çarçuwalar).
2. Sesiň badyny nädip üýtgetmeli? (be-U s. 112, abz. 3—6, çarçuwa).
3. Joşgunly gürlemäge näme kömek eder we ol näme üçin wajyp? (be-U s. 115, abz. 1 — s. 116, abz. 2, çarçuwalar).
4. Adamlara öwredeniňde näme üçin mähirli bolmaly we onuň üçin näme gerek? (be-U s. 118, abz. 2 — s. 119, abz. 4).
5. Gürrüňdeşlikde yşarat we ýüz-gözüň hereketi nähili rol oýnaýar? (Mat. 12:48, 49) (be-U s. 121, çarçuwalar).
1-NJI ÝUMUŞ
6. Eýýup kitaby nädip Ýehowany şöhratlandyrýar we onuň dogry kadalaryny beýgeldýär? (bsi06-U s. 13, 14, abz. 39, 41).
7. Mezmurlaryň ynamdarlygy näme bilen tassyklanylýar? (bsi06-U s. 17, abz. 10, 11).
8. Süleýmanyň tymsallary 13:16-a laýyklykda paýhaslylyk nämede görünýär? (w04-U 15.7. s. 28, abz. 3, 4).
9. Mukaddes ruh nädip göwünlik berijiniň rolunda bolýar we bu bizi nämä höweslendirýär? (Ýahýa 14:25, 26) (be-U s. 19, abz. 2, 3).
10. Isa Mesih haýsy manyda gelýär we Matta 16:28-de onuň haýsy gelşi barada aýdylýar? (w04-U 1.3. s. 16, çarçuwa).
MUKADDES ÝAZGYLARY HER HEPDE OKAMAK
11. Eýýubyň Ýehowa jogap berşinden biz näme öwrenýäris? (Eýýup 42:1—6).
12. Halklar haýsy manyda «puç zatlar hakda pikire gidýärler?» (Zeb. 2:1, 2).
13. Haýsy binalar ýykyldy? (Zeb. 11:3).
14. Tekepbirler haýsy manyda «doly jezelandyrylýar»? (Zeb. 31:23).
15. 40-njy Mezmurda nähili teselli beriji pikirler bar we olar biziň ten ejizliklerimize hem-de bu dünýäniň gaýgy-hasratlaryna döz gelmäge nädip kömek edip biler? (Zeb. 40:1, 2, 5, 12).