Bildirişler
◼ Gorkut (iýul) aýynda bäş dynç güni bolany sebäpli, bu aýda kömekçi pioner bolup gulluk etmäge ajaýyp mümkinçilik bar.
◼ Ruhnama (sentýabr) aýyndaky gulluk duşuşygynda «Ýaşlaryň sowallary. Men nädip hakyky dost tutunyp bilerin?» diýen wideofilm ara alyp maslahatlaşylar. Eger filmiň kasetasy ýok bolsa, ýygnaklar ony wagtyndan öň edinmeli.
◼ 2007-nji ýylyň Magtymguly (maý) aýynyň 21-däki hepdeden başlap, «Daniýeliň pygamberligine üns beriň» diýen kitaby, kitap öwrenilýän duşuşykda öwreneris. (Bu başga edebiýaty öwrenmek rugsat edilen ýygnaklara we toparlara degişli däl.) Eger bu kitap ýygnagyň ýa-da toparyň diline terjime edilmedik bolsa, edebiýat rus dilinde öwreniler. Sorag-jogap bolsa, ýygnagyň ýa-da toparyň dilinde geçiriler. 2004-nji ýylyň Garaşsyzlyk (oktýabr) aýynyň 15-ne hemme ýaşulular maslahatyna hat üsti bilen şeýle görkezme berlipdi. Şeýle-de kitabyň uly şriftli ýazylanlary-da bar. Kitabyň geregini öňünden sargyt etmeli.
◼ Biz Russiýa filiýalynyň ýolbaşçylyk edýän döwletlerinde soňky aýlarda wagyz gullugynda ýetilen üstünlikler barada şatlyk bilen habar berýäris. 2006-njy ýylyň Baýdak (fewral) aýynda Azerbaýjanda ýokary sany 903-e ýeten Mukaddes Ýazgylar okuwy geçirildi. Bu her wagyzça 1,7 Mukaddes Ýazgylar okuwy ýetýär diýmekdir. Ermenistanda Baýdak (fewral) aýynda pionerleriň täze ýokary sany 1251-e ýetdi, ýagny döwletiň her bir ýedinji wagyzçysy pioner. Belarusiýada Baýdak (fewral) aýynda wagyzçylaryň täze ýokary sany 3910-a ýetdi diýip bellenildi. Bu eýýäm şol döwletdäki wagyzçylaryň ikinji gezek yzygiderli ýokary sana ýetişi. Gruziýada Baýdak (fewral) aýynda wagyzçylaryň täze ýokary sany 15 761-e ýetdi. Mundan başga-da bu döwletde geçen ýylyň Garaşsyzlyk (oktýabr) aýyndan bäri pionerleriň sany her aýda artyp gelýär we Baýdak (fewral) aýynda bolsa onuň sany 1934-e ýetdi. Gazagystanda Baýdak (fewral) aýynda wagyzçylaryň täze ýokary sany — 14 889, pionerleriň ýokary sany bolsa — 1614-e ýetdi diýip hasaba alyndy. Gyrgyzystanda Baýdak (fewral) aýynda pionerleriň sany ilkinji gezek 564-e ýetdi. Bu şol döwletiň her ýedinji wagyzçysynyň pioner bolup gulluk edendigini aňladýar. Russiýada 2005-nji ýylyň Sanjar (noýabr) aýyndan bäri pionerleriň sanynyň yzygiderli köpelip gelýändigine üns berildi we 2006-njy ýylyň Baýdak (fewral) aýynda onuň sany 17 333-e ýetdi. Biziň filialymyzyň alada edýän başga döwletlerinde-de gowy ösüşler görünýär. Bu Ýehowanyň şu soňky günlerde öz halkynyň yhlasly gullugyna ak pata berýändigini görkezýär.