Gulluk duşuşygynyň tertibi
Oguz (iýun) aýynyň 12-de başlanýan hepde
29-njy (222) aýdym
10 min: Ýerli bildirişler. 4-nži sahypadaky girişleri ýa-da siziň territoriýaňyz üçin ýerlikli bolan wagyz etmegiň başga usullaryny ulanyp, iki sany sahna taýýarla.
20 min: «Biziň gullugymyz — duýgudaşlyk bildirýän iş»a. Wagt bolsa, aýatdan jogap bermekligi diňleýjilerden haýyş et.
15 min: «Sadyk hem akylly hyzmatkäre» ynanmak. «Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris» diýen kitabyň 3-nji babyna esaslanan doklad we diňleýjiler bilen söhbet.
26-njy (212) aýdym we jemleýji doga.
Oguz aýynyň 19-da başlanýan hepde
8-nji (53) aýdym
10 min: Ýerli bildirişler. Hudaýa gullugymyzdan saýlanyp alnan bildirişler. Gorkut (iýul) aýynyň 3-den başlaýan hepde ara alyp maslahatlaşmaga taýýarlanar ýaly, «Mukaddes Ýazgylar. Biziň durmuşymyzy özgerdýän güýç» diýen filmi görmäge hemmeleri höweslendir.
20 min: «Ýerlikli söz nähili gowy!» 2006-njy ýylyň Türkmenbaşy (ýanwar) aýynyň 1-ne çykan «Garawul diňi» žurnalyndaky 16—19-njy sahypalaryndaky makala esaslanan doklad we diňleýjiler bilen söhbet. Girişde öwgüli sözleriň nähili peýda getirýändigi baradaky dört pikiri nygtap geç («Öwgüli sözleriň peýdasy» diýen sözbaşy). Soňra diňleýjilerden şu sowallara jogap bermegi haýyş et: hemmelerden artyk kim öwgä mynasyp? Biziň imandaşlarymyz näme üçin öwgä mynasyp? Ýygnakda öwmäge nähili mümkinçiligimiz bar? Maşgala agzalaryňy näme üçin öwmeli we nädip? Kimdir biriniň öwgüli sözleri seni nädip ruhlandyrdy?
15 min: «Adamlary öwüp, ýürekden gyzyklanýandygyňy görkez»b. Gysgajyk sahna taýýarla. Wagyzçy bir adamy ünsli diňleýär, oňa ýürekden öwgüli sözler aýdýar we gürrüňdeşiniň sözlerini göz öňünde tutup, Mukaddes Ýazgylardan ýerlikli aýada onuň ünsüni çekýär.
20-nji (93) aýdym we jemleýji doga.
Oguz aýynyň 26-da başlanýan hepde
10-njy (82) aýdym
15 min: Ýerli bildirişler. 4-nži sahypadaky girişleri ýa-da siziň territoriýaňyz üçin ýerlikli bolan wagyz etmegiň başga usullaryny ulanyp, iki sany sahna taýýarla. Wagyzçy her sahnanyň soňunda ikinji idegde ara alyp maslahatlaşar ýaly, oýlandyryjy sowal berýär.
15 min: Başga dilde geçirilýän ýygnakdaky gulluk. 2006-njy ýylyň Nowruz (mart) aýynyň 15-ne çykan «Garawul diňi» žurnalynyň 17—20-nji sahypalaryndaky makala esaslanan doklad. «Guramaçylykly» diýen kitabyň 112-nji sahypasynyň 2-nji abzasyndaky pikirleri belläp geç. Başga dili öwrenip, köpräk gulluk etmäge çalyşýanlardan birki interwýu alyp bilersiň.
15 min: Gorkut (iýul) aýynda hoş habary wagyz edýäris. Siziň ýerli halkyňyzy näme has gyzyklandyrýar? Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlan birki wagyzçydan gysgajyk interwýu al. Soňra siziň ýaşaýan ýeriňizde ýerlikli bolan giriş bilen öýden-öýe wagyz etmegi sahnalaşdyr. (2005-nji ýylyň Türkmenbaşy (ýanwar) aýynyň «Hudaýa gullugymyzyň» 8-nji sahypasyndaky 5-nji abzasa seret).
24-nji (185) aýdym we jemleýji doga.
Gorkut aýynyň 3-de başlanýan hepde
5-nji (46) aýdym
10 min: Ýerli bildirişler. Oguz (iýun) aýynyň hasabatyny tabşyrmadyk bolsalar, wagyzçylara tabşyrmagy ýatlat.
15 min: «Mukaddes Ýazgylar. Biziň durmuşymyzy özgerdýän güýç» diýen filmi ara alyp maslahatlaşmak. Diňleýjiler bilen söhbet. 1997-nji ýyldaky «Ýyllyk kitabynyň» 54-nji sahypasynyň 1-nji abzasyndaky mysal biziň filmlerimizi nädip üstünlikli ulanmaklygy oňat görkezýär.
20 min: «Ruhy maksatlaryňa nädip ýetmeli»c. Ýaş diňleýjilerden ruhy maksatlary we oňa ýetmek üçin edýän zatlary barada gürrüň bermegi haýyş et. Birki jogaby öňünden taýýarlap bolar.
23-nji (200) aýdym we jemleýji doga.
[Çykgytlar]
a Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.
b Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.
c Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.