Olar wepalylygyň göreldesini görkezýär
1 1937-nji ýylda doly wagtly gullugyň täze görnüşi, ýagny ýörite pioner gullugy girizildi. Ukyply erkekdir aýallar we tejribeli mesihçiler bu täze ýumşy höwes bilen kabul etdiler. Gurama olary nirä bellese, şol ýerde-de gulluk etdiler. Häzir onlarça ýyl geçse-de, ýörite pionerler öňküsi ýaly görelde almaga mynasyp wepalylygy görkezýärler (Ýewr. 6:12).
2 Yhlasly wagyzçylar. Ilkinji ýyllar ýörite pionerler grammofony ulanyp, gapynyň agzynda yhlasly wagyz edýärdiler. Şeýle-de olar ikinji idegde Mukaddes Ýazgylary ara alyp maslahatlaşmak üçin, gramplastinkadaky ýazgylary ulanýardylar. Bu işler ýygnak geçirilýän uly şäherlerde alnyp barylýardy. Soňra ýörite pionerleri wagyzçylaryň ýetmezçilik edýän ýerlerine iberip başladylar. Olar Patyşalygyň habary bilen gyzyklanýan adamlara ideg etdiler we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirdiler. Ýörite pionerleriň tagallasy arkaly ýüzlerçe täze ýygnak döredi. Olaryň arman-ýadaman wagyz etmegi, guramadaky häzirki uly ösüşe getirdi (Iş. 60:22) Ýörite pionerler «gök astyndaky bütin ýaradylyşa» hoş habary ýaýratmakda häzirem uly iş edýärler (Kol. 1:23).
3 Mynasyp görelde. Käbir ýörite pionerler gullugyň bu görnüşinde onlarça ýyllap gulluk edýär. Köp ýyllaryň dowamynda bu wepaly erkekdir aýallaryň imany dürli synaglary başdan geçirdi (1 Pet. 1:6, 7). Olar gerekli ýerde gulluk etmek üçin, rahat durmuşyny meýletin terk etdiler. Olaryň arasynda dürli keseller ýa-da kynçylyklar bilen göreşýän gartaşan adamlaram bar (2 Kor. 4:16, 17). Muňa garamazdan «olar garrylykda-da miwe berýär» (Zeb. 92:15). Bu dogan-uýalar Ýehowa sygynýarlar, ol bolsa olara sahylyk bilen bereket berýär (Zeb. 34:8); (Sül. tym. 10:22).
4 Ýörite poinerler biziň ýürekden öwmegimize mynasyp. Eger-de siziňem ýygnagyňyzda şeýle wepaly dogan-uýalar bar bolsa, olar bilen wagtyňyzy bile geçirer ýaly we olardan tejribe alar ýaly, amatly pursatdan peýdalanyň. Olaryň yhlasly zähmeti üçin we Patyşalyk işine wepadarlyklary üçin minnetdarlyk aýdyň. Olaryň çydamlylyklaryndan güýç alyň. Ýörite pionerleriň imanyndan görelde alýanlaryň ählisi Ýehowanyň berekellasyny we bereketini alyp biler, sebäbi «dogrulyk bilen işleýänleri... Ol halaýandyr» (Sül. tym. 12:22).