Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 8/06 sah. 2
  • Gulluk duşuşygynyň tertibi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gulluk duşuşygynyň tertibi
  • Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Sözbaşylar
  • Alp Arslan aýynyň 14-inden başlanýan hepde
  • Alp Arslan aýynyň 21-inden başlanýan hepde
  • Alp Arslan aýynyň 28-inden başlanýan hepde
  • Ruhnama aýynyň 4-inden başlanýan hepde
Hudaýa gullugymyz — 2006
km 8/06 sah. 2

Gulluk duşuşygynyň tertibi

Alp Arslan aýynyň 14-inden başlanýan hepde

13-nji aýdym

15 min. Ýerli bildirişler. 2006-njy ýylyň Baýdak aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzyň» 6-njy sahypasyna salgylanyp «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitaby öwreneris!» atly makala gysgaça seret. «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» atly kitap arkaly geçiriljek okuwyň tertibine üns ber. 4-nji sahypadaky hödürleri ýa-da ýaşaýan ýeriňize görä başga iki sany hödüri sahnalaşdyr. Sahnalaryň birinde «Meni Ýehowanyň Güwäçileri gyzyklandyrmaýar» diýip, wagyzda sözümizi bölenlerinde nähili jogap bermelidigini görkez. («Mukaddes Ýazgylar barada gürrüňi nädip açmaly we dowam etmeli» (rus.) diýen kitapçanyň 9, 10-njy sah. seret.)

15 min. «Ýazgylary öwrenýänlere ruhy taýdan ösmäge kömek edýäris» (5-nji bölüm)a. Ökde mugallym bilen täze wagyzçy 4, 5-nji abz. aýdylanlardan gaça durmak üçin näme etmelidigini sahnalaşdyrmaly.

15 min. «Garawul diňine» we doklad duşuşygyna gatnaşmaklygyň nähili peýdasy bar. Doklad we «Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama» atly kitabyň 59—64-nji sahypalaryny diňleýjiler bilen ara alyp maslahatlaşmak.

19-njy aýdym we jemleýji doga.

Alp Arslan aýynyň 21-inden başlanýan hepde

23-nji aýdym

10 min. Ýerli bildirişler. «Hudaýa gullugymyzdan» käbir bildirişler. «Bir günlük täze ýörite kongresiň programmasy» diýen makalany ara alyp maslahatlaş. Bir günlük ýörite kongresiň geçiriljek güni belli bolan bolsa, ol barada habar ber.

15 min. Ýerli zerurlyklar.

20 min. Kömekçi pioner bolmagy maksat edin! Doklad we diňleýjiler bilen ara alyp maslahatlaşmak. Wagyzçylary geljekki gulluk ýylyň iň bolmanda bir aýyny kömekçi pioner bolmagy maksat edinmeklerine höweslendir (1 Kor. 9:26). Munuň üçin käbirleri ýygnagyň aýratyn gyzgalaňly gulluk etjek aýy ýa-da bäş sany ruh güni we dynç güni bolan aýy, ýa-da baýramçylyk günleri düşýän aýy saýlap bilerler. Diňleýjilere şu soraglary berip bilersiň: «Kömekçi pioner bolmak üçin nähili kynçylyklara hötde geldiňiz? Kömekçi pioner bolup gulluk edeniňizde, siz nähili bereketler aldyňyz? Eger siz kömekçi pioner bolup gulluk edesiňiz gelip-de, ikirjiňlenýän bolsaňyz, näme üçin bu barada doga etmeli? (Res. iş. 4:29; 2 Kor. 4:7; Ýakup 1:5). Näme üçin bu meseläni maşgalamyzda we esasanam şeýle ýagdaýdaky dogan-uýalar bilen ara alyp maslahatlaşsak gowy bolar? (Sül. tym. 15:22). Sen haçan kömekçi pioner bolmagy planlaşdyrýaň?»

15-nji aýdym we jemleýji doga.

Alp Arslan aýynyň 28-inden başlanýan hepde

7-nji aýdym

15 min. Ýerli bildirişler. Wagyzçylara Alp Arslan aýy boýunça hasabat tabşyrmagy ýatlat. «Etrap konresiň täze programmasy» diýen makalany ara alyp maslahatlaş we etrap kongresiň geçiriljek günleri belli bolsa, ol barada habar ber. 4-nji sahypadaky hödürleri ýa-da ýaşaýan ýeriňize görä başga hödüri sahnalaşdyr.

15 min. Sen ruhlandyrmagyň çeşmesi bolup bilersiň (Rim. 1:11, 12). Doklad we diňleýjiler bilen ara alyp maslahatlaşmak. Ýygnagyňyzda näçe pioneriň gulluk edýändigini aýt. Olary nädip ruhlandyryp boljakdygyna üns ber. Meselem: öwüp, pioner bolup gulluk etmegiň peýdasyny aýdyp, olar bilen wagyz edip, günortanlyk naharyna çagyryp, ýol çykdaýjysyna biraz pul berip ruhlandyryp bileris. Pionerlerden dogan-uýalaryň nädip goldaýandyklaryny gürrüň bermegi sora. Eger ýygnakda pionerler bolmasa, onda kömekçi pionerleri nädip ruhlandyryp bolýandyklaryny ara alyp maslahatlaş.

15 min. Sen Ruhnama aýynda Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlap bilermisiň? Doklad we sahna. Biz aýratynam Ruhnama aýynda birinji sapar wagyz edenimizde «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitap boýunça okuwy başlamak üçin tagalla ederis. Munuň üçin kitaby görkezip, birnäçe abzaslary geçjek bolmaly. Ýaşaýan ýeriňe görä iki sany tema boýunça sahna taýýarla. Her sahnada gürrüňi dowam etmäge esas goýup, ikilenç idege gürleş.

9-njy aýdym we jemleýji doga.

Ruhnama aýynyň 4-inden başlanýan hepde

20-nji aýdym

10 min. Ýerli bildirişler.

15 min. Mekdep döwründäki dostluk. Bu dostluk haçan çäkden çykyp biler? Doklad we «Oýanyň!» žurnalynyň (rusça) 2006-njy ýylyň Gurbansoltan aýynda çykan sanynyň 17—19-njy sahypalaryna esaslanan makalany diňleýjiler bilen ara alyp maslahatlaşmak. Mesihçi maşgalasynda ösen wagyzçylardan, ata-eneleriniň olara Ýazgylardaky prinsipleri ulanmagy öwredip, mekdepdäki döreýän kynçylyklaryň hötdesinden gelmäge nädip taýýarlandyklaryny gürrüň bermegi haýyş et. Birki jogaby öňünden taýýarlap bilersiň.

20 min. «Adamlary ala tutman wagyz edip, ýürekden gyzyklanýandygyňy görkez»b. Üçünji abzasy ara alyp maslahatlaşanyňda, «Bütin halklaryň adamlary üçin hoş habar» diýen broşýuradaky (sah. 2) üç sany ädime seret. Şeýle-de ýaşaýan ýeriňizdäki başga dilde gürleýän adamlara wagyz edeniňde, ony nädip ulanyp bolýandygyny görkez.

11-nji aýdym we jemleýji doga.

[Çykgytlar]

a Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.

b Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş