Sowally bukja
◼ Teokratik gulluk mekdebinde ulanyljak materialy saýlamak we ýaýratmak ýerliklimidir?
Käbir ýakyn dostlaryň we maşgala agzalaryň üçin şeýle materialy saýlap bermek bolýar. Ýöne materialy erkin ýagdaýda ýaýratmak ýa-da pula satmaklyk bu ýazaryň hukugyny bozýar (Rim. 13:1).
Teokratik gulluk mekdebinde berilýän käbir ýumuşlaryň diňe temasy berlip, peýdalanmaly edebiýatlary görkezilmeýär. Ýumşy alýan ulansyn diýip, kimdir biri ebediýatlaryň sanawyny taýýarlasa ýa-da gerekli maglumaty ýygnap berse, peýdasy bolarmy? Ýok. Edil şonuň ýaly, Teokratiki gulluk mekdebinde geçilenleri gaýtalamak üçin sowallaryň jogabyny taýýarlap, başgalara paýlamak hem dogry däl. Sebäbi şonda wagyzçylar wajyp pikirleri ýatda saklap bilmezler. Gerekli maglumaty her bir okuwçynyň özi gözläp tapmaly. Bu Ýehowanyň mekdep arkaly berýän biliminiň wajyp bölegidir; sebäbi biz şeýdip «tälim alanlaryň dili» bilen geplemegi öwrenýäris (Ýahýa 6:45).