Öýden-öýe wagyz etmek
1. Öýden-öýe wagyz etmek bilen bagly nähili sorag ýüze çykýar we näme üçin?
1 «Tejribeli wagyzçylar «Müňýyllygyň säher çagy» (Millennial dawn) diýen kitap bilen hakykaty wagyz etmegiň iň netijeli usullarynyň biri öýden-öýe wagyz etmek diýip razylaşsalar gerek». «Garawul diňi» žurnalynyň (iňlisçe) 1893-nji ýylyň Gorkut aýynyň 1-ine çykan sanynda getirilen bu sözler öýden-öýe wagyz etmegiň wajypdygyny görkezýär. Bütin dünýäde Ýehowanyň Güwäçileri wagyz etmegiň bu görnüşi bilen tapawutlanýarlar. Käbir ýurtlarda adamlary öýünde tapmak gitdigiçe kynlaşýandygy üçin, «öýden-öýe wagyz etmek öňküsi ýaly netijelimi?» diýen sorag ýüze çykýar.
2. Öýden-öýe wagyz etmekligiň Ýazgylara esaslanan nähili aýratynlygy bar?
2 Ýazgylara esaslanan we zerurlyk. Öýden-öýe wagyz etmeklik Ýazgylara esaslanan. Isa Mesih 70 sany şägirdini iki-ikiden adamlaryň öýüne ýollapdy (Mat. 11:19). Ýazgylaryň aýtmagyna görä, Isa ölenden soň, onuň şägirtleri «her gün ybadathanada we öýden-öýe ders berip... hoş habary wagyz edýärdiler» (Res. iş. 5:42). Pawlus resul hem öýden-öýe yhlasly ders berdi (Res. iş. 20:20, 21).
3. Öýden-öýe wagyz etmekligiň nähili artykmaçlygy bar?
3 Şu günlerem hoş habary öýden-öýe wagyz etmeklik wajyp usullaryň biri hasaplanylýar. Munuň kömegi bilen biz «mynasyp» adamlary guramaçylykly we yzygiderleýin tapyp bileris (Mat. 10:11). Mälim bolşy ýaly, adamlar özüni öýünde arkaýyn duýýarlar. Olar bilen ýüzbe-ýüz gürleşip, ýagny diňläp, ýüz keşbine seredip, öýüniň ýagdaýyny görüp, olary näme gyzyklandyrýandygyny we näme biynjalyk edýändigini bileris. Şeýtsek, olar bilen uzak wagtlap gürleşmäge mümkinçilik dörär.
4. Öýden-öýe üstünlikli wagzy nädip etmeli?
4 Şahsy tagalla. Pawlus resul «hoş habar üçin» bar güýjüni höwes bilen sarp edýärdi (1 Kor. 9:23). Biz gün tertibimizi üýtgedip, adamlaryň öýünde bolýan wagtlary, ýagny öýlän, agşam, dynç ýa-da baýramçylyk günleri wagyz edip bileris. Eger-de kimdir-birini öýünde tapmasaň, bellik edip al we hepdäniň başga güni ýa-da günüň dowamynda başga wagty barjak bol.
5. Saglygy ýarawsyz wagyzçylar öýden-öýe nädip wagyz edip bilerler?
5 Hatda saglygy ýarawsyz wagyzçylaram öýden-öýe wagyz edip bilerler. Biz şeýle wagyzçylary hem-de mümkinçiligi çäkli bolan dogan-uýalary oňaýly uçastoklara we wagyz etmäge amatly bolan ýerlerde gulluk etmäge kömek edip bileris. Bir uýanyň güýçli demgysmasy bardy. Ol ýarym sagadyň dowamynda diňe bir adamyň öýüne baryp bilýärdi. Haçanda, ol toparlaýyn wagyz etmäge çagyrylanda, gör nähili begendi!
6. Näme üçin öýden-öýe yzygiderli wagyz etmeli?
6 Şu günlerem öýden-öýe wagyz edilende, ýumşak adamlaryň köpüsi seslenýär. Bir wagyzçy gapyny kakanda, öý eýesi şeýle diýdi: «Giriberiň. Men siziň kimdigiňizi bilýärin. Men Hudaýa doga edip, maňa kömek eder ýaly birini ýolla diýip durkam, siz gapyny kakdyňyz. Hudaý meniň dilegimi eşitdi we sizi ýollady». Diýmek, wagyz etmegiň bu usulyna Ýehowa ak pata berýär (Mat. 11:19). Hemişe öýden-öýe yzygiderli wagyz etmäge çalyş.