Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 12/06 sah. 1
  • Başdaky söýgiňi ýitirme

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Başdaky söýgiňi ýitirme
  • Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Meňzeş maglumat
  • Söýgiňiz sowamasyn!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Goňşyňy söýmek näme
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • «Hudaýyň Rebbi... söý»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • «Goňşyňy özüň ýaly söý»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2006
km 12/06 sah. 1

Başdaky söýgiňi ýitirme

1 I asyrda Isa Mesih Efesosdaky ýygnaga şeýle diýdi: «Sende oňlamaýan bir zadym bar: sen başky söýgiňi taşladyň» (Ylh. 2:4). Şol döwürde efesosly köp mesihçileriň Ýehowa bolan söýgüsi sowan bolmaly. Biz hakykaty bilip, Hudaýa we ýakynymyza güýçli söýgimizi artdyrýarys, şol sebäpli gelejege bolan umydymyzy adamlara yhlasly wagyz edýäris. Bize başdaky söýgimizi taşlamazlyga we wagyzda yhlasymyzyň gowşamazlygyna näme kömek eder?

2 Özbaşdak okuw we ýygnak duşuşyklary. Hakykat barada ýaňy bilim alyp başlanymyzda, Hudaýa we ýakynymyza bolan söýgimiz näme üçin artýardy? Sebäbi Mukaddes Ýazgylary öwrenip, Ýehowa barada bilim alýardyk (1 Ýahýa 4:16, 19). Biziň söýgimiz has-da artar ýaly hakykat bilimini ösdürip, «Hudaýyň çuň pikirlerini» bilmeli (Flp. 1:9—11; 1 Kor. 2:10).

3 Mukaddes Ýazgylary öwrenmek üçin özbaşdak okuwyny yzygiderli geçmek, soňky günleriň aladalary bilen kyn bolýar (2 Tim. 3:1). Biz ruhy taýdan iýmitlenmek üçin wagt sarp etmeli. Şeýle-de «ol günüň golaýlaýanlygyny» bilip, ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşmaly (Ýew. 10:24, 25).

4 Wagyz. Yhlasly wagyz etsek, Hudaýa bolan başdaky söýgimizi taşlamarys. Biz adamlara hoş habary wagyz etmek bilen Ýehowanyň wadasyny we söýgüsini özümize hem ýatladýarys. Bu bize berk umydymyzy saklamaga we söýgimizi iş ýüzünde görkezmäge kömek edýär. Adamlara Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty öwretmek üçin, ilki bilen, ony özümiz çuňňur öwrenip özleşdirmeli. Şonda biziň imanymyz berkeýär (1 Tim. 4:15, 16).

5 Ýehowa biziň söýgimize mynasyp (Ylh. 4:11). Söýgiň hiç haçan sowamasyn. Mukaddes Ýazgylar boýunça özbaşdak okuwyny geçirip, ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşyp, adamlara hoş habary yhlasly wagyz edip, başdaky söýgiňi ýitirme (Rim. 10:10).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş