Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w06 1/12 sah. 25—29
  • Goňşyňy söýmek näme

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Goňşyňy söýmek näme
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Meniň goňşym kim?
  • Goňşyňy söýmek nämäni aňladýar?
  • Imandaşlarymyza bolan söýgi
  • Her bir adama bolan söýgi
  • Goňşyňy özüň ýaly söýmek diýmek näme?
  • «Goňşyňy özüň ýaly söý»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Siz «goňşyňyzy özüňiz ýaly söýýärmisiňiz»?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Seni söýýän Hudaýy söý
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
w06 1/12 sah. 25—29

Goňşyňy söýmek näme

Goňşyňy özüň ýaly söý. (MATTA 22:39)

1. Hudaýy söýýändigimizi nädip görkezýäris?

ÝEHOWA gullukçylaryndan näme talap edýär? Isa bu soraga ýönekeý sözler bilen manyly jogap berdi. Ol Ýehowany bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň bilen söýmek iň uly tabşyrykdyr diýdi (Matta 22:37; Markus 12:30). Geçen makaladan bilşimiz ýaly, biz Hudaýy söýýändigimizi oňa gulak asyp, tabşyryklaryny berjaý edip görkezýäris. Hudaýy söýýänlere onuň buýruklaryny berjaý etmek agyr däl, çünki olar ondan keýp alýarlar (Zebur 40:8; 1 Ýahýa 5:2, 3).

2, 3. Näme üçin goňşyňy söýmek baradaky tabşyryga üns bermeli we bu barada nähili soraglar ýüze çykýar?

2 Isa ikinji iň uly tabşyrygy hem birinji tabşyryk ýaly: «Goňşyňy özüň ýaly söý!» diýdi (Matta 22:39). Şu makalada biz bu tabşyryga üns bereris. Biz häzir adamlaryň diňe özüni bilýän we söýginiň sowan döwründe ýaşaýarys. Pawlus resul Hudaýyň ylhamy bilen «soňky günlerde» adamlar biri-birini däl-de, özüni, puly, lezzeti söýjekdigi barada ýazypdy. Köp adamlaryň «doňýürekdigi», ýagny Mukaddes Ýazgylaryň bir terjimesinde, «maşgalada adaty mähirli gatnaşygyň» bolmajakdygy aýdylýar (2 Timoteos 3:1—4). Isa Mesih: «Köpler... «biri-birlerine haýynlyk eder, biri-birlerini ýigrenerler» diýip pygamberlik edipdi (Matta 24:10, 12).

3 Emma Isa hemmeleriň söýgüsi sowar diýmedi. Ýehowa söýgä mynasyp we ol söýgini talap edýär. Şeýle söýgini bildirýän adamlar elmydama-da bardy, bolaram. Ýehowany çyn ýürekden söýýän adamlar hemmelere Onuň garaýşy ýaly garamaga jan edýärler. Ýöne biziň söýmeli goňşymyz kim? Biz goňşymyzy söýýändigimizi nädip görkezmeli? Bu wajyp soraglaryň jogabyny bilmäge Mukaddes Ýazgylar kömek edip biler.

Meniň goňşym kim?

4. Lewililer 19-njy baba görä, ýehudylar kime söýgi bildirmelidi?

4 Haçan-da Isa fariseýe: «Ikinji iň uly tabşyryk «goňşyňy özüň ýaly söý» diýende, ol ysraýyllylara berlen kanuna salgylanypdy. Bu kanun Lewililer 19:18-de ýazylgy. Bu baba görä, ýehudylar diňe ysraýyllylara däl, eýsem başga adamlara-da öz ýakyny ýaly seretmelidi. 34-nji aýatda şeýle diýilýär: «Ýanyňyza göçüp gelen gelmişek adamlar hem siziň üçin ýerli adam ýaly bolsun; ony siz özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň, çünki sizem Müsürde gelmişekdiňiz». Şonuň üçin ýehudy dällere, aýratynam, ýehudy dinine geçenlere söýgi bildirilýärdi.

5. Ýehudylar goňşyňy söýmeklige nähili düşünýärdiler?

5 Emma Isanyň günlerindäki ýehudy ýolbaşçylary başga pikirdedi. Olaryň käbiri «dost» we «goňşy» diýen sözler diňe ýehudylara degişli diýip öwredýärdi. Şeýle mugallymlar ýehudy dälleri ýigrenip, Hudaýyň gullukçylary hudaýsyzlary ýigrenmeli diýen pikiri ýaýradýardylar. Bir kitapda: «Elbetde, şeýle ýagdaýda ýigrençlik dörär. Onuň döremegine gowy sebäp bardy» diýilýär.

6. Isa goňşyňy söýmek barada aýdanda nähili iki zady belläp geçdi?

6 Isa Dagdaky wagzynda şu meselä üns berip, kimi söýmelidigini düşündirdi. Ol şeýle diýdi: «Siz: «Goňşyňy söý, duşmanyňy ýigren» diýlenini hem eşidensiňiz. Men welin size diýýärin, göklerdäki Ataňyzyň ogullary bolar ýaly, duşmanlaryňyzy söýüň, özüňize gargaýanlara alkyş ediň, ýigrenýänlere ýagşylyk ediň, size zulum edýänler, sizi yzarlaýanlar üçin doga ediň. Çünki göklerdäki Ataňyz Gününi ýamanlaryň hem, ýagşylaryň hem üstüne dogurýar, ýagmyryny dogrularyň hem, egrileriň hem üstüne ýagdyrýar» (Matta 5:43—45). Şu ýerde Isa iki zady belläp geçdi: birinjiden, Ýehowa ýagşylara-da, ýamanlara-da rehimdar hem mähirli; ikinjiden, biz onuň göreldesine eýermeli.

7. Isanyň samariýaly adam hakyndaky tymsalyndan biz näme öwrenip bileris?

7 Bir sapar bir kanunçy Isadan: «Meniň goňşym kim?» diýip sorady. Isa oňa garakçylaryň talap, ýenjip giden ýehudyny tapan samariýaly bir adam barada tymsal gürrüň berýär. Aslynda, ýehudylar samariýalylary ýigrenýärdi, ýöne muňa garamazdan, ol onuň ýarasyny sarap, oňa garaşyk eder ýaly bir myhmanhana eltýär. Mundan nähili sapak edinip bolar? Biz öz milletimize, tirämize ýa-da dinimize degişli bolmadyk adamlary hem söýmeli (Luka 10:25, 29, 30, 33—37).

Goňşyňy söýmek nämäni aňladýar?

8. Lewiler 19-njy bapda söýgi barada näme diýilýär?

8 Goňşyňy söýmek, Hudaýy söýmek ýaly diňe bir duýgy däl-de, iş ýüzünde görkezilýär. Lewililer 19-njy bapdaky Hudaýyň halkyna berlen «goňşyňy özüň ýaly söý» diýen tabşyrygyndan başga aýatlaryna-da seretsek peýdaly bolardy. Bu bapda ysraýyllylara alýan hasylyndan garyp we gelmişek adamlara galdyrmalydygy barada aýdylýar. Bu tabşyryk olary ogurlamakdan, ýalan sözlemekden ýa-da galp işleri etmekden saklaýardy. Kazyýet meselesinde ysraýyllylar ýüz görmeli däldiler. Emma käýinç bermeli bolanlarynda, olara şeýle diýildi: «Siziň ýüregiňizde doganyňyza ýigrenç bolmaly däl». Şu we beýleki ençeme tabşyryklaryň asyl manysy: «Goňşyňy özüňi ýaly söý!» diýildigidir (Lewiler 19:9—11, 15, 17, 18).

9. Ýehowa näme üçin ysraýyllylara başga halklar bilen gatnaşyk etmezligi tabşyrdy?

9 Ysraýyllylar ýakynyny söýseler-de, ýalan taňrylara sežde edýän adamlar bilen gatnaşyk etmeýärdiler. Ýehowa olary erbet adamlaryň howply hem-de ýaramaz täsirinden goraýardy. Meselem, ysraýyllaryň kowmaly halklary babatda Ýehowa şeýle tabşyryk berdi: «Siz olar bilen garyndaş bolmaň. Gyzlaryňyzy ogullaryna bermäň we gyzlaryny ogullaryňyza almaň; çünki olar ogullaryňyzy başga taňrylara gulluk etdirmek üçin menden ýüz öwürder; şonda Ýehowa gazaba münüp sizi ýok eder» (Kanunyň gaýtalanyşy 7:3, 4).

10. Biz nämeden seresap bolmaly?

10 Şonuň ýaly mesihçiler imanyny gowşadyp biljek ýaman ýaranlar bilen gatnaşyk etmeli däl (1 Korintoslylar 15:33). Bize şeýle duýduryş berilýär: «Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň» çünki olar mesihçi ýygnagyň agzalary däl (1 Korintoslylar 6:14). Şeýle-de meshiçilere diňe «Rebde» durmuş gurmak maslahat berilýär (1 Korintoslylar 7:39). Emma biz hiç haçan Ýehowa sežde etmeýän adamlara ulumsy garamaly däl. Isa günäli adamlar üçin janyny gurban etdi we erbet iş edýän adamlaryň köpüsi durmuşyny özgerdip, Hudaýyň razylygyny gazandylar (Rimliler 5:8; 1 Korintoslylar 6:9—11).

11. Ýehowa gulluk etmeýän adamlara nädip söýgimizi bildirmeli we näme üçin?

11 Ýehowa gulluk etmeýän adamlara söýgimizi bildirmegiň iň gowy ýoly Ýehowadan görelde almakdyr. Ýehowa erbetligi ýigrense-de, ol merhemetini ähli adamlara bildirýär we olara erbet ýolundan dänip, ebedi ýaşamaga mümkinçilik berýär (Ezekiýel 18:23). Ýehowa «hemmeleriň toba gelmegini isleýär» (2 Petrus 3:9). «Ol bütin adamlaryň gutulmagyny, hakykat bilimine ýetmegini isleýär» (1 Timoteos 2:4). Şonuň üçin Isa şägirtlerine wagyz etmegi, öwretmegi we «bütin milletleri şägirt etmegi» tabşyrdy (Matta 28:19, 20). Hawa, biz bu işe gatnaşmak bilen, hem Hudaýa, hem ýakynymyza, hatda duşmanymyza-da söýgimizi bildirýäris!

Imandaşlarymyza bolan söýgi

12. Ýahýa resul doganlara bolan söýgi barada näme ýazdy?

12 Pawlus resul: «Hemmelere, ylaýta-da, imanlylar içerisine ýagşylyk edeliň» diýip ýazdy (Galatýalylar 6:10). Biz mesihçiler hökmünde imandaş dogan-uýalarymyza söýgimizi bildirmäge borçly. Şeýle söýgini bildirmek näme üçin wajyp? Ýahýa resul onuň örän wajypdygyny görkezip şeýle diýdi: «Doganyny ýigrenýän kişi ganhordyr... Kim: «Hudaýy söýýärin» diýip-de, öz doganyny ýigrenýän bolsa, onda ol ýalançydyr. Çünki özüniň görüp duran doganyny söýmeýän adam görmedik Hudaýyny söýüp bilmez» (1 Ýahýa 3:15; 4:20). Dogrudanam, bu sözler örän täsirli. Sebäbi Isa Mesih Şeýtan Iblisi «ganhor» hem-de «ýalançy» diýip atlandyrdy (Ýahýa 8:44). Goý, bu sözler hiç haçan bize degişli bolmasyn!

13. Biz imandaşlarymyza söýgimizi nädip bildirmeli?

13 Mesihçiler «birek-biregi söýmegi [Hudaýdan] öwrendiler» (1 Selanikliler 4:9). Biz «diňe bir söz bilen, dil bilen däl-de, iş hem hakykat bilen söýýäris» (1 Ýahýa 3:18). Biziň «söýgimiz ikiýüzli bolmaly» däl (Rimliler 12:9). Söýgi bizi şepagatly, gamhor, geçirimli, sabyrly bolmaga, göripçilik, tekepbirlik etmezlige, öwünmezlige, öz nepiňi gözlemezlige höweslendirýär (1 Korintoslylar 13:4, 5; Efesliler 4:32). Bu häsiýetler «biri-birimize... gulluk etmäge» ýardam edýär (Galatýalylar 5:13). Isa şägirtlerine biri-biriňizi meniň söýşüm ýaly söýüň diýip tabşyrdy (Ýahýa 13:34). Şol sebäpli mesihçi imandaşlary üçin janyny gurban etmegä-de taýyn bolmaly.

14. Biz maşgalada söýgini nädip bildirip bileris?

14 Mesihçi maşgalasynda, aýratynam, är-aýalyň arasynda şeýle söýgi bolmaly. Nika gatnaşyklarynyň berk bolmalydygy barada Pawlus resul: «Ärler aýalyny öz teni kimin söýmelidir. Aýalyny söýýän özüni söýýändir» diýdi (Efesliler 5:28). Pawlus bu maslahaty bäş aýatdan soň ýene-de gaýtalaýar. Aýalyny söýýän ärler Malaki pygamberiň döwründäki aýallaryna ikilik eden ysraýyllylaryň göreldesine eýermeýärler (Malaki 2:14). Wepaly är aýalynyň aladasyny eder. Ol aýalyny Isa Mesihiň ýygnagy söýşi ýaly söýer. Bu söýgi aýaly-da ärini sylamaga höweslendirer (Efesliler 5:25, 29—33).

15. Imandaşlarymyzyň söýgüsini görüp, käbir adamlar näme diýdiler we näme etdiler?

15 Elbetde, hakyky mesihçiler şeýle söýgisi bilen tanalýar. Isa: «Biri-biriňize söýgiňiz bolsa, siziň Meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» diýdi (Ýahýa 13:35). Biziň biri-birimize bolan söýgimiz adamlara Hudaýa ýakynlaşmaga kömek eder. Meselem, mozambikli Güwäçileriň bir maşgalasy hatynda şeýle ýazýar: «Biz şeýle zady asla görmändik. Öýlän güýçli ýel turdy, yzysüresi çabga ýagyp başlady. Güýçli ýel gamyşdan we üçegi sinkden gurlan öýümizi ýumurdy. Goňşy ýygnaklardan doganlar gelip jaýymyzy gurmaga kömek edende, goňşular geň galyp şeýle diýdiler: «Siziň diniňiz örän gowy din. Biz hiç haçan buthanamyzyň şeýle kömek berenini görmedik». Biz olara Mukaddes Ýazgylardan Ýahýa 13:34, 35-nji aýatlary okap berdik. Goňşylarymyzyň köpüsi häzir Mukaddes Ýazgylary öwrenýärler».

Her bir adama bolan söýgi

16. Her bir adamy aýratynlykda söýmek bilen ähli goňşyňy söýmegiň näme tapawudy bar?

16 Goňşylaryňy umumylykda söýmek kyn däl. Ýöne olaryň her birini aýratynlykda söýmek kynrak bolýar. Mysal üçin, käbir adamlar goňşyňy söýmek — haýyr-sogap guramalaryna pul geçirmek diýip düşünýärler. Dogrusyny aýdanyňda, men goňşymy söýýän diýmek dilde aňsat, ýöne seni halamaýan işgärleriňi, gaharyňy getirýän goňşularyňy ýa-da göwnüňe degen dostlaryňy ýürekden söýmek kyn.

17, 18. Isa her bir adama söýgüsini nädip görkezdi we ony näme höweslendirdi?

17 Biz her bir adamy söýmelidigini Isadan öwrenýäris, çünki ol Hudaýyň häsiýetlerini kämillik derejede görkezdi. Ol ýer ýüzüne dünýäniň günäsini öz üstüne almak üçin gelse-de, her bir adama söýgüsini görkezdi, meselem: keselli aýala, heýwere keselli adama we gyzjagaza (Matta 9:20—22; Markus 1:40—42; 7:26, 29, 30; Ýahýa 1:29). Şonuň ýaly bizem her gün iş salyşýan adamlarymyzyň her birine söýgimizi görkezmeli.

18 Biz goňşymyzy söýmegiň Hudaýy söýmek bilen baglydygyny hiç haçan unutmaly däl. Isa garyp adamlara kömek edýärdi, kesellileri sagaldýardy, açlary doýurýardy we märekäni Ýehowa bilen ýaraşdyrmak üçin hakykaty öwredýärdi (2 Korintoslylar 5:19). Isa ähli zatda Hudaýy şöhratlandyryp, onuň wekilidigini hiç haçan unutmaýardy, çünki ol Ýehowany söýýärdi (1 Korintoslylar 10:31). Bizem Isanyň göreldesine eýerip, goňşylarymyzy ýürekden söýýändigimizi we bu zalym dünýäden däldigimizi görkezip bileris.

Goňşyňy özüň ýaly söýmek diýmek näme?

19, 20. Goňşyňy özüň ýaly söýmek diýmek näme?

19 Isa: «Goňşyňy özüň ýaly söý» diýdi. Özüň barada alada etmek we özüňe hormat goýmak adaty zat. Eger şeýle bolmadyk bolsa, bu tabşyrygyň ähmiýeti bolmazdy. Bu söýgi Pawlus resulyň 2 Timoteos 3:2-de aýdan diňe özüňi söýmegi däl-de, paýhaslylyk bilen hormat goýmaklygy aňladýar. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän bir alym şeýle diýdi: «Özüňi söýmek bu öz-özüňden göwnüň hoş bolup, «men hemmelerden gowy» ýa-da özüňi kemsidip «men hiç zat» diýmekligi aňlatmaýar».

20 Goňşymyzy özümiz ýaly söýmek — adamlaryň bize näme etmegini isleýän bolsak, biz hem olara şony etmelidigini aňladýar. Isa şeýle diýdi: «Şoňa görä, adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz hem olara şony ediň» (Matta 7:12). Üns beren bolsaňyz, Isa adamlaryň bize näme edendigini elmydama ýatlap, şoňa görä et diýmedi. Gaýtam, adamlaryň bize näme etmegini isleýändigimiz hakda oýlanyp, şoňa laýyk hereket etmeli. Şeýle-de Isa bu sözleriň diňe dostlarymyza we imandaşlarymyza degişlidigini aýtmady. Ol «adamlar» diýmek bilen ähli adamlary göz önüňde tutan bolmaly.

21. Biz adamlary söýmek bilen nämäni görkezýäris?

21 Biz goňşylarymyzy söýsek, erbet işleri etmeris. Pawlus resul şeýle diýdi: «Zyna etme, adam öldürme, ogrulyk etme, ýalan güwälik berme, açgöz bolma» we ýene-de buýruk bar bolsa, ol hem şu sözde jemlenendir: «Goňşyňy özüň ýaly söý». Söýgi goňşa hiç hili ýamanlyk etmez» (Rimliler 13:9, 10). Biz adamlary söýsek, elimizden gelen ýagşylygy ederis. Şeýle-de adamlary söýmek bilen ynsany öz häsiýetlerine meňzeş edip ýaradan Ýehowa Hudaýy söýýändigimizi görkezýäris (Barlyk 1:26).

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Biz kimi söýmeli we näme üçin?

• Ýehowa gulluk etmeýän adamlara nädip söýgi bildirip bileris?

• Mukaddes Ýazgylarda imandaşlary söýmek barada näme diýilýär?

• Goňşyňy özüň ýaly söýmek diýmek näme?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş