Seni söýýän Hudaýy söý
Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň bilen söý. (MATTA 22:37)
1, 2. Iň uly tabşyryk barada sorag berilmegine näme sebäp bolan bolmaly?
MUSA pygamberiň alty ýüzden gowrak kanunynyň haýsysy wajypdy? Bu sowal Isa pygamberiň döwründe fariseýleriň arasynda-da bolupdy. Gurban bermek baradaky kanunmy? Dogrusyny aýdanda, gurbanlar arkaly günäler bagyşlanýardy we Hudaýa minnetdarlyk bildirilýärdi. Belki, sünnet baradaky kanun hem wajypdyr? Elbetde, wajypdy, çünki ol Ýehowa bilen Ybraýymyň arasyndaky ähtiň alamatydy (Barlyk 17:9—13).
2 Ýöne könäniň tarapdarlary Musanyň kanunyndaky Hudaýyň tabşyryklarynyň hemmesi, hatda ähmiýetsiz ýaly bolup görünýän tabşyryklar hem wajyp bolsa, onda olaryň birini beýlekisinden ýokary tutmaly däl diýip hasaplaýardylar. Fariseýler Isa ynamsyzlyk döretmek üçin bu jedelli sowaly berdiler. Fariseýleriň biri Isadan: «Mugallym, kanunda iň uly tabşyryk näme?» diýip sorady (Matta 22:34—36).
3. Isa iň uly tabşyryk hakynda näme diýdi?
3 Isanyň beren jogabynyň şu günler uly ähmiýeti bar. Isa gysgaça jogap berip, hakyky sežde-de nämäniň hemişe ähmiýetli bolandygy we boljakdygy barada aýtdy. Isa Kanunyň gaýtalanyşy 6:5-däki sözleri getirip: «Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň bilen söý» şu birinji we iň uly tabşyrykdyr» diýdi. Fariseý bir tabşyryk barada sorasa-da, Isa şonuň bilen bilelikde başga tabşyrygy hem aýtdy. Isa Lewililer 19:18-däki: «Goňşyňy özüň ýaly söý — diýen sözleri getirip — bu hem ikinji tabşyrykdyr» diýdi. Soňra Isa bu iki tabşyryk arassa seždäniň düýp esasydygyny aýtdy. Ol fariseýlerde iň uly kanunlar barada başga-da soraglar döremez ýaly: «Bütin kanun we pygamberler ýazgylary şu iki tabşyryga baglydyr» diýdi (Matta 22:37—40). Biz şu makalada bu iki iň uly tabşyryga serederis. Näme üçin biz Hudaýy söýmeli? Biz Hudaýy söýýändigimizi nädip görkezip bileris? Biz Hudaýa söýgimizi nädip artdyryp bileris? Bu soraglaryň jogabyny bilmek wajyp, çünki Hudaýa ýaranmak üçin biz ony bütin ýüregimiz, janymyz we düşünjämiz bilen söýmeli.
Söýginiň ähmiýeti
4, 5. a) Fariseý Isanyň beren jogabyna näme üçin geň galmady? b) Ýehowa berilýän gurbanlara, sowgatlara derek nämäni gymmat saýar?
4 Isanyň beren jogaby sorag beren fariseýi geň galdyrmady. Ol adamlaryň köpüsiniň Hudaýa söýgüsini görkezmeýändigini bilse-de, hakyky seždäniň düýp manysynyň söýgüdigini bilýärdi. Ýewreýleriň sinagogalarynda ýehudy dininiň nyşany bolan «Şemany» ses bilen okamak adatdy, şonuň üçin Kanunyň gaýtalanyşy 6:4—9-njy aýatlardan Isanyň getiren sözleri oňa tanyş bolmaly. Markus şägirdiň habar bermegine görä fariseý Isa şeýle sözleri aýdýar: «Eý ýagşy Mugallym! Sen «Ol birdir, Ondan başgasy ýokdur» diýip dogry aýtdyň. Ony bütin ýürek bilen, bütin düşünje bilen, bütin güýç bilen söýmeklik, goňşyňy özüň ýaly söýmeklik ýakylýan sowgatlaryň, kesilýän gurbanlaryň hemmesinden artykdyr» (Markus 12:31—33).
5 Dogrudan-da, Musanyň kanuny boýunça ýakylýan sowgatlar we gurbanlar talap edilse-de, Hudaýa bolsa gullukçylarynyň ýüregindäki söýgüsi gymmatlydy. Erbet niýet bilen müňlerçe goç bermegiň deregine, Hudaýa söýgi we wepalylyk bilen serçe gurban etmek gowudyr (Mika 6:6—8). Iýerusalimiň ybadathanasynda Isa bir garyp dul hatyny syn edendigi barada ýada salalyň. Onuň hazyna atan iki leptasyna bir sany serçe-de satyn alyp bolmaýardy. Hawa, Ýehowa üçin ony söýüp ak ýürekden edilýän sowgatlar, özünden artanyny berýän baýlaryň uly sowgatlaryndan gowudyr (Markus 12:41—44). Ýehowanyň maddy ýagdaýymyzy däl-de, söýgimizi gymmat saýandygyny bilmek bizi nähili ruhlandyrýar!
6. Pawlus resul söýginiň ähmiýeti barada näme diýdi?
6 Pawlus resul hakyky sežde-de söýginiň ähmiýetini belläp, şeýle diýdi: «Eger men ynsan hem perişdeleriň dillerinde gepleýän bolsam, ýöne söýgim ýok bolsa, onda jyňňyrdaýan misdirin ýa-da seslenýän simbalydyryn. Pygamberlik sylagym bolup, ähli syrlary hem ylymlary bilýän bolsam, daglary ýerinden gozgajak imanym bolsa, ýöne söýgim bolmasa, onda men hiçdirin. Ähli zadymy paýlap, ýoksullary doýursam, tenimi ýakmaga bersem, ýöne söýgim bolmasa, onda munuň maňa hiç bir peýdasy ýokdur» (1 Korintoslylar 13:1—3). Diýmek, biziň seždämiz Hudaýa ýarar ýaly, söýgi örän wajyp. Biz Ýehowa bolan söýgimizi nädip bildirmeli?
Ýehowa bolan söýgimizi nädip bildirýäris
7, 8. Ýehowa bolan söýgimizi nädip görkezip bileris?
7 Köp adamlar söýgi bu erk edip bolmaýan duýgy diýýärler. Emma hakyky söýgi diňe bir duýgyny aňlatman, ol iş ýüzünde görkezilýär. Mukaddes Ýazgylarda söýgi iň «gowy ýol», biz onuň «yzynda bolmaly» diýilýär (1 Korintoslylar 12:31; 14:1). Mesihçilere «diňe bir söz bilen, dil bilen däl-de, iş hem hakykat bilen söýmegi» maslahat berilýär (1 Ýahýa 3:18).
8 Ýehowanyň söýgüsi ony razy etmäge, onuň hökümdarlygyny söz bilen we iş ýüzünde goldamaga çagyrýar. Bu bizi dünýäni söýmezlige we Hudaýsyz ýollardan gaça durmaga höweslendirýär (1 Ýahýa 2:15, 16). Hudaýy söýýänler ýamanlygy ýigrenýär (Zebur 97:10). Hudaýy söýýän bolsak, goňşymyzy hem söýmeli. Bu barada indiki makalada serederis. Galyberse-de, Hudaýa bolan söýgi oňa gulak asmagy talap edýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaýyň söýgüsi Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir» diýilýär (1 Ýahýa 5:3).
9. Isa Hudaýy söýýändigini nädip görkezdi?
9 Isa Mesih Hudaýy birkemsiz söýýändigini görkezdi. Ol Hudaýy söýýändigi üçin gökdäki öýüni taşlap, ýer ýüzüne ynsan kimin geldi. Şeýle-de ol işleri we taglymatlary bilen Atasyny şöhratlandyrdy. Hatda Isa söýýändigi üçin «ölüme-de boýun egdi» (Filipililer 2:8). Şeýle boýun egmek bilen ol söýgüsini görkezdi we Hudaýa wepaly, dogry adamlara ýol açdy. Pawlus: «Bir adamyň [Adam atanyň] boýun bolmazlygy üçin köpleriň günäkär ornunda oturdylyşy ýaly, Biriniň [Isa Mesihiň] boýun bolmagy bilen-de köp adamlar dogry ornunda oturdylar» diýip ýazdy (Rimliler 5:19).
10. Näme üçin Hudaýy söýenimizde oňa gulak asmaly?
10 Isa ýaly biz hem Hudaýa gulak asyp, ony söýýändigimizi görkezýäris. Isanyň söýýän şägirdi Ýahýa resul: «Söýgi Hudaýyň buýrugyna görä gezmegimizden ybaratdyr» diýip ýazdy (2 Ýahýa 6). Ýehowany hakykatdan söýýän adamlar onuň görkezmesini isleýärler. Olar öz ýollary bilen üstünlik gazanyp bilmejekdigine düşünip, Hudaýyň akyldarlygyna we onuň söýgi bilen berýän görkezmesine tabyn bolýarlar (Ýeremiýa 10:23). Olar Hudaýyň habaryny «bütin göwünjeňlik bilen kabul eden» Weriýadaky asylly adamlar ýaly Hudaýyň islegini yhlas bilen berjaý etmek isleýärler (Resullaryň işleri 17:11). Mukaddes Ýazgylary yhlasly öwrenendikleri olara Hudaýyň islegine doly düşünmäge we mundan beýläk hem oňa gulak asyp, Ýehowany söýýändigini görkezmäge kömek etdi.
11. Hudaýy bütin ýüregiň, düşünjäň, janyň we güýjüň bilen söýmek nämäni aňladýar?
11 Isanyň aýtmagyna görä, Hudaýy bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň, bütin güýjüň bilen söýmeli (Markus 12:30). Şeýle söýgi duýgymyzda, islegimizde we çuň pikirimizde bolany sebäpli ýürekden çykýar, şonuň üçin biz Ýehowany razy edesimiz gelýär. Şeýle-de biz Hudaýy düşünjämiz bilen söýýäris. Biz köre-körlük bilen boýun bolman, Ýehowanyň häsiýetleri, kada-kanunlary we niýeti barada bilim alýarys. Onsoňam, biz janymyz bilen söýýäris, ýagny bar durkumyz bilen Hudaýa gulluk edip, ony şöhratlandyrmak üçin ýaşaýarys. Şonuň üçin biz güýjümizi gaýgyrmarys.
Näme üçin Ýehowany söýmeli?
12. Hudaý özüniň söýülmegini bizden näme üçin isleýär?
12 Ýehowany näme üçin söýmelidigimiziň bir sebäbi, biziň onuň häsiýetlerinden görelde almagymyzy isleýär. Hudaý söýginiň gözbaşysy, ol söýgüde iň oňat görelde görkezýär. Ýahýa resul Hudaýyň ylhamy bilen «Hudaý söýgüdir» diýip ýazdy (1 Ýahýa 4:8). Hudaý bizi özüne meňzeş edip ýaradandygy üçin, bizde şeýle söýgi bar. Aslynda, Ýehowa söýgi bilen hökümdarlyk edýär. Ol gullukçylaryny öz raýatlygyna kabul etmek isleýär, sebäbi olar Hudaýy söýýär we onuň adalatly hökümdarlygyny isleýär. Dogrudanam, ýaradylanlaryň arasynda parahatlyk we sazlaşyk bolar ýaly söýgi gerek.
13. a) Näme üçin ysraýyllylara: «Ýehowa Hudaýyňy söý» diýip tabşyryk berildi? b) Ýehowanyň bizden söýgä garaşýandygy näme üçin paýhasly?
13 Ikinjiden, Ýehowanyň bize eden ähli işleri üçin minnetdarlyk bildirip, ony söýmeli. Isanyň ýehudylara: «Hudaýyň Rebbi... söý!» diýendigini unutma. Olardan uzakdaky ýa-da nätanyş Hudaýy söýmek talap edilmeýärdi. Olara söýgüsini görkezen Şahsyýeti söýmelidiler. Ýehowa olaryň Hudaýydy. Ol ysraýyllylary Müsürden azat edip, Wada edilen diýara getirdi, olary gorady, goldady we aladasyny edip, söýgi bilen olara temmi berdi. Şu günler Ýehowa biziň Hudaýymyz, ol öz Ogluny ebedi ýaşamagymyz üçin töleg hökmünde berdi. Ýehowa bizden söýgüsine söýgi bilen jogap bermegimizi garaşýar. Biz söýýän Hudaýa söýgi bilen jogap bermeli, «çünki öňinçä Ol bizi söýdi» (1 Ýahýa 4:19)
14. Haýsy manyda Ýehowanyň söýgüsi söýýän ata-enäniň söýgüsine meňzeýär?
14 Ýehowa adamlary ata-enäniň çagalaryny söýşi ýaly söýýär. Ata-eneler bikämil bolsa-da, çagalarynyň aladasyny etmek üçin pul we başga-da köp zat çykdajy edip, ýyllar boýy agyr zähmet çekýärler. Olar çagalaryny okadýarlar, goldaýarlar we terbiýeleýärler, sebäbi olaryň bagtly bolup, gülläp ösmegini isleýär. Eýsem, ata-eneler çagalaryndan nämäni isleýär? Olar çagalarynyň hem söýmegini we olar üçin eden zatlaryny unutmazlygyny isleýär. Biziň gökdäki kämil Atamyzyň eden ähli işleri üçin biziň hem ony söýmegimize we minnetdarlyk bildirmegimize garaşýandygy paýhasly dälmi?
Hudaýa söýgimizi nädip artdyrýarys
15. Hudaýa söýgimizi artdyrmak üçin nähili birinji ädim ätmeli?
15 Biz Hudaýy hiç haçan görmedik we onuň sesini eşitmedik (Ýahýa 1:18). Muňa garamazdan, ol bizi özi bilen ýakynlaşmaga çagyrýar (Ýakup 4:8). Biz oňa nädip ýakynlaşyp bileris? Kimdir biri bilen ýakyn gatnaşykda bolmak üçin onuň bilen tanyşmaly; nätanyş adamy söýmek kyn bolýar. Ýehowa özüni tanatmak üçin bize Sözüni, ýagny Mukaddes Ýazgylary berdi. Ine, şol sebäpli hem Ýehowa guramasy arkaly Mukaddes Ýazgylary yzygiderli okamagy maslahat berýär. Biz Mukaddes Ýazgylardan Hudaý barada, onuň häsiýetleri, şahsyýeti we müňlerçe ýylyň dowamynda öz halkyny gowy görendigi barada öwrenýäris. Biz okan zatlarymyz barada oýlansak, düşünjämiz we Hudaýa söýgimiz artar (Rimliler 15:4).
16. Isanyň gullugy barada oýlansak, Hudaýa bolan söýgimiz nädip artar?
16 Ýehowa bolan söýgimizi artdyrmagyň iň esasy ýoly, Isa Mesihiň durmuşy we gullugy barada oýlanmaly. Ol Atasyna şeýle meňzeýärdi welin, : «Meni gören Atany-da görendir» diýdi (Ýahýa 14:9). Isanyň duýgudaşlyk bildirip, dul hatynyň ýalňyz ogluny direldendigi seni tolgundyrmaýarmy? (Luka 7:11—15). Isa Hudaýyň Ogly bolup kiçigöwünlilik bilen şägirtleriniň aýaklaryny ýuwandygy saňa täsir etmeýärmi? (Ýahýa 13:3—5). Isa başga adamlardan tapawutlylykda, iň beýik hem-de akyldardy. Emma şeýle bolsa-da, ähli adamlar hatda çagalar bilen hem ulumsy bolmandygy seni haýran galdyrmaýarmy? (Markus 10:13, 14). Siz minnetdarlyk bilen şu zatlar barada oýlansaňyz, Petrusyň: «Siz görmedik hem bolsaňyz, Ony [Isany] söýýärsiňiz» diýip, aýdan mesihçilerine meňzeýärsiňiz (1 Petrus 1:8). Isa söýgimiz artdygyça, Ýehowa-da söýgimiz artar.
17, 18. Näme barada oýlansak, Ýehowa bolan söýgimiz artar?
17 Hudaýa söýgimizi artdyrmak üçin durmuşymyzy şatlyk bilen doldurýan, onuň söýgi bilen beren, ýagny owadan ýaradylan zatlary, dürli süýji näzi-nygmatlary, gowy dost-ýarlary, lezzet berýän we kanagatlandyrýan sansyz-sajaksyz täsin zatlary barada oýlanmaly (Resullaryň işleri 14:17). Hudaý barada näçe köp bilsek, onuň çäksiz ýagşylygyna we jomartlygyna minnetdarlygymyz artar. Ýehowanyň biziň üçin ýörite eden zatlary barada oýlanmaly. Ol biziň söýgimize mynasyp dälmi näme?
18 Doga Hudaýyň bize beren sowgatlarynyň biri. Doga etmek bilen oňa hemişe ýakynlaşyp bolýar, sebäbi «dogalary eşidýäniň» bizi diňleýändigini bilýäris (Zebur 65:2). Ýehowa söýgüli Ogluny hökümdar we kazy edip belledi. Emma ol Ogluna dogalary diňlemäge ygtyýar bermedi. Biziň dogalarymyzy onuň hut özi diňleýär. Ýehowanyň söýgüden doly aladasy bizi özüne ýakynlaşdyrýar.
19. Ýehowanyň nähili wadalary bizi özüne çekýär?
19 Şeýle-de biz Ýehowanyň adamlar üçin gelejekde etjek zatlary barada oýlansak, oňa ýakynlaşarys. Ol keselçiligi, agyny we ölümi ýok etmegi wada berýär (Ylham 21:3, 4). Adamzat kämillige ýetende, zalymlykdan, sustupeslikden we betbagtçylykdan ýaňa hiç kim ejir çekmez. Gaýdyp açlyk, garyplyk we uruş hem bolmaz (Zebur 46:9; 72:16). Ýer ýüzi Jennete öwrüler (Luka 23:43). Ýehowa bu bereketleri bermäge borçludygy üçin däl-de, bizi söýýändigi üçin berer.
20. Ýehowany söýmegiň wajypdygy barada Musa näme diýdi?
20 Diýmek, Hudaýy söýmäge we söýgimizi artdyrmaga düýpli esaslar bar. Sen Hudaýyň görkezmesine üns berip, oňa bolan söýgiňi artdyrarmyň? Muny seniň özüň saýlamaly. Musa pygamber Ýehowa bolan söýgini artdyrmagyň we onuň söýgüsinde galmagyň wajypdygyna düşünýärdi. Ençeme ýyl geçenden soň, ol ysraýyllylara: «Özüň we nesilleriň ýaşar ýaly, ýaşaýşy saýla. Ýehowa Hudaýyňy söý, onuň sesine gulak asyp, wepaly bol. Çünki Ýehowa... saňa ýaşaýyş hem-de uzak ömür berýär» diýdi (Kanunyň gaýtalanyşy 30:19, 20).
Ýadyňyzdamy?
• Näme üçin Ýehowany söýmeli?
• Hudaýy söýýändigimizi nädip bildirip bileris?
• Ýehowany söýmek üçin nähili sebäpler bar?
• Hudaýa bolan söýgimizi nädip artdyryp bileris?