Gulluk duşuşygynyň tertibi
Bitaraplyk aýynyň 11-inde başlanýan hepde
4-nji aýdym
10 min. Ýerli bildirişler. 8-nji sahypadaky hödürleri ýa-da ýaşaýan ýeriňize görä iki sany hödüri sahnalaşdyryň. Şol sahnalaryň birinde: «Bu meni gyzyklandyrmaýar» diýip, wagyzda sözümizi bölenlerinde nähili jogap bermelidigini görkeziň. («Mukaddes Ýazgylar barada gürrüňi nädip açmaly we dowam etmeli» diýen kitapçanyň (rusça) 8, 9-njy sah. seret).
15 min. 2007-nji ýylyň Teokratiki gulluk mekdebi. Mekdebiň gözegçisi nutk bilen çykyş edip, söhbetdeşlik geçirýär. Ýygnagyňyz üçin peýdaly boljak 2006-njy ýylyň Garaşsyzlyk aýynda çykan «Patyşalyk gullugymyzyň» goşmaça sahypasyndaky pikirleri ara alyp maslahatlaş. Çykyş edýän haýsy sapagyň üstünde işländigini mekdebiň gözegçisiniň öňünden aýtmaýandygyny düşündir. 2007-nji ýylda pygamberleriň ýazgylaryndan Işaýa kitabynyň 24-nji babyndan Malaki kitabyna çenli okarys. Mukaddes Ýazgylardan peýdaly pikirler bilen çykyş edýän doganyň we jogap berýänleriň bu pygamberlik kitaplary barada biziň edebiýatlarymyzdan peýdaly maglumatlary almaga mümkinçilikleri bar. Wagyzçylaryň iki-üç sanysyndan: Mekdebe ýaňy-ýakynda ýazylan, üstünlikli okaýan ýaş okuwçy şeýle-de Mekdepde köpden bäri okaýan bilen söhbetdeşlik geçir. Olaryň mekdepde okaýandyklary üstünlikli gulluk etmegine we ruhy taýdan ösmegine nähili kömek edýändigi barada gürrüň bermeklerini haýyş et. Ähli wagyzçylara berlen ýumuşlara gowy taýýarlanmak üçin, Mukaddes Ýazgylardan peýdaly pikirleri ara alyp maslahatlaşylanda gatnaşmalydygy we her hepdede «Teokratiki gulluk mekdebinde okaýarys» (rusça) diýen kitapdaky maslahatlary ulanmalydygy barada aýt.
20 min. «Başdaky söýgiňi ýitirme»a. Berlen wagtyň çäginden çykman, Mukaddes Ýazgylardan getirilen aýatlary düşündirmegi haýyş et.
18-nji aýdym we jemleýji doga.
Bitaraplyk aýynyň 18-inde başlanýan hepde
28-nji aýdym
10 min. Ýerli bildirişler. «Sowally bukjany» gözden geçir. Türkmenbaşy aýynyň 1-inde we 7-sinde geçiriljek wagyz duşuşyklary barada gürrüň ber.
15 min. «Biraz gyzyklanýan adamlary hem ikilenç ideg et»b. Diňleýjilerden resmi däl ýagdaýda ýa-da köçede wagyz eden adam bilen ýene-de duşuşmak üçin adresini ýa-da telefon nomerini nädip alýandygyny sora, şeýle-de şol adamlary nädip ikilenç ideg edendiklerini gürrüň bermegi haýyş et. Birki jogaby öňünden taýýarlasaň bolýar.
20 min. «Meýletinlik ruhy şatlyk berýär»c. Hemişe kömek etmäge taýyn birki wagyzçy bilen söhbetdeşlik geçir. Olar meýletinlik ruhuny nädip görkezýär? Durmuşynda olar nämeleri üýtgetmeli boldular we munuň üçin nämeler etdiler? Olar nähili ak pata aldylar?
5-nji aýdym we jemleýji doga.
Bitaraplyk aýynyň 25-inde başlanýan hepde
7-nji aýdym
10 min. Ýerli bildirişler. 8-nji sahypadaky hödürleri ýa-da ýaşaýan ýeriňize görä iki sany hödüri sahnalaşdyryň. Her hödüriň soňunda wagyzçy ikilenç ideg edende «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitap boýunça seretmek üçin gyzyklandyryjy sorag bermeli.
15 min. Ýerli bildirişler.
20 min. «Seniň wagyz etmäge uçastogyň barmy?»d. Wagyz gözegçisinden ýygnagyň territorisynyň ululygy, ol ýerde wagyz edilişi barada gysgaça gürrüň bermegi haýyş et. Ýygnagyňyzdaky wagyzçylar özlerine uçastok alyp bilerlermi?
20-nji aýdym we jemleýji doga.
Türkmenbaşy aýynyň 1-inde başlanýan hepde
21-nji aýdym
10 min. Ýerli bildirişler. Wagyzçylara Bitaraplyk aýy boýunça hasabat tabşyrmagy ýatlat.
15 min. Gulluk barada hasabat. «Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris» diýen kitabyň 83-nji sahypasyndaky sözbaşydan babyň soňuna çenli esaslanan çykyş we diňleýjiler bilen söhbetdeşlik.
20 min. «Ýehowanyň Güwäçileriniň 2007-nji ýylda geçirjek «Isa Mesihe eýeriň!» atly welaýat kongresi»e. Ýygnagyň kätibi çykyş edýär. Makalany ýerli ýagdaýa görä paýhasly ulan.
15-nji aýdym we jemleýji doga.
[Çykgytlar]
a Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.
b Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.
c Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.
d Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.
e Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.