8-NJI BAP
Gulluk barada hasabat
ÝYLLARYŇ dowamynda bütin dünýäde Hudaýyň Patyşalygynyň wagyz edilişi baradaky hasabatlar arassa seždäniň ösüşini görkezýär we Ýehowanyň halkyny ruhlandyrýar. Isa Mesih şägirtlerine hoş habar bütin dünýäde wagyz ediler diýenden bäri, mesihçiler bu tabşyrygyň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklanýarlar (Mat. 28:19, 20; Mar. 13:10; Res. iş. 1:8).
I asyrda Isanyň şägirtleri wagyz işiniň üstünlikleri bilen gyzyklanýardylar (Mar. 6:30). Mukaddes Ýazgylardaky Resullaryň işleri kitabynda Pentikost baýramynda Isanyň şägirtlerine mukaddes ruh inende, şol ýerde bir ýüz ýigrimä golaý adam bardygy aýdylýar. Tizden şägirtleriň sany üç müňe soňra bäş müňe ýetdi. Ýehowanyň «gutulanlaryň sanyny günsaýyn köpeldýändigi» we «ruhanylaryň uly topary-da imana uýýandygy» barada hasabat berildi (Res. iş. 1:15; 2:5—11, 41, 47; 4:4; 6:7). Şeýle ösüşler I asyrdaky mesihçileri ruhlandyrdy. Olary bu ruhlandyryjy hasabatlar dini ýolbaşçylaryň yzarlaýandygyna garamazdan, Patyşalyk baradaky habary wagyz etmäge höweslendirýärdi.
Pawlus resul takmynan b. e. 60, 61-nji ýyllarynda koloselilere ýazan hatynda hoş habar «bütin dünýäde-de miwe berip, ösüp gelýär... gök astyndaky bütin ýaradylyşda wagyz edilen» diýdi (Kol. 1:5, 6, 23). I asyrdaky mesihçiler Hudaýyň sözüne gulak asandyklary üçin, mukaddes ruh olara b. e. 70-nji ýylynyň ýehudylaryň dininiň soňuna çenli wagyz işini tamamlamaga güýç berdi. Ýerine ýetirip bolmajak ýaly görünýän iş tamamlandy. Wepaly mesihçilere bitirilen işleriň hasabatyny eşitmek örän şatlykly bolandyr!
Matta 24:14-däki: «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler; ahyrzamana şonda geler» diýlen sözleriň ýerine ýetirilişi barada Ýehowanyň häzirki guramasynda hem hasabat geçirilýär. Hudaýyň gullukçylary hökmünde bize gaýragoýulmasyz ýumuş tabşyryldy. Biz bu dünýäniň soňy gelmänkä wagyz işiniň doly ýerine ýetmegi bilen gyzyklanmaly. Ýehowa bu işiň tamamlanmagynyň aladasyny eder. Eger biz wagyz işine gatnaşsak Ýehowanyň merhemetini gazanarys.
WAGYZ GULLUGY BARADA SENIŇ HASABATYŇ
Hasabata näme degişli? Ýehowanyň guramasynyň wagyz gullugy barada hasabat blankasynda nämeler ýazmalydygy görkezilen, emma beýleki maglumatlary we «Patyşalyk gullugymyzda» käte berilýän goşmaça düşündirişleri bilsek peýdaly bolar.
Blankanyň «kitaplar», «broşýuralar» we «žurnallar» diýlen setirlerinde, suwda çokundyrylan Güwäçilerden başga adamlara näçe sanysyny berendigiňi ýazmaly.
Suwda çokundyrylan Güwäçilerden başga adamlary gyzyklandyrmak üçin gaýtadan barmaklygyň ählisine «ikilenç ideg» diýilýär. Sen gyzyklanan adamyň özi bilen gürrüňdeş bolsaň, şonda ikilenç ideg hasaplanýar. Eger-de sen ýygnagyň gulluk komitetiniň agzasynyň haýyşy boýunça yhlassyz dogana ýa-da uýa Mukaddes Ýazgylary öwredýän bolsaň, onda ol hem ikilenç idege girýär. Mümkin, sen ýaňy-ýakynda suwda çokundyrylan wagyzça ruhy taýdan ösmek üçin wagtlaýynça okuw geçýän bolsaň, ony hem ikilenç idege belleseň bolýar. Ikilenç idege diňe biriniň öýüne gaýtadan barmaklyk däl-de, eýsem hat ýazmak, telefon arkaly gepleşmek ýa-da jurnallaryň soňky sanlaryny we edebiýatlary eltmeklik hem degişlidir. Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmekligiň her biri ikilenç idege girýär.
Mukaddes Ýazgylar okuwy her hepdede geçirilse-de, okuw baradaky hasabat aýda bir gezek tabşyrylýar. Hasabat blankasy ulanylýan ýurtlarda, suwda çokundyrylan Güwäçi bolmadyk we soňky abzasda agzalan adamlar bilen geçiren her bir Mukaddes Ýazgylar okuwyny her aýda şeýle blanka ýazyp tabşyrmaly. Her bir blankany doly we arassa doldurmaly we aýry-aýrylykda geçirilen Mukaddes Ýazgylyr okuwynyň umumy sanyny setiriň aşakgy böleginiň sag tarapynda ýazmaly. Seniň «Wagyz gullugy baradaky hasabatyňda» görkezen sanyň, Mukaddes Ýazgylar okuwy barada tabşyran hasabatyňdaky san bilen gabat gelmeli.
Wagyz gullugy barada dogry hasabat bermek örän wajyp. Esasanam, muňa öýden-öýe hem-de köçede wagyz etmek, ikilenç ideg etmek, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek ýa-da suwda çokundyrylan Güwäçilerden başga adama resmi däl ýagdaýda güwä geçmek üçin sarp eden wagtymyz girýär. Şeýle-de ýygnagyň gulluk komitetiniň agzasynyň haýyşy boýunça yhlassyz dogana ýa-da uýa Mukaddes Ýazgylary öwredýän bolsaň hasabata ýazyp bilersiň. Galyberse-de, wagtlaýyn ruhy taýdan kömege mätäç täze çokundyrylan wagyzça Mukaddes Ýazgylary öwreden wagtyňy hasabata ýazyp bolýar. Käbir ýagdaýa görä iki wagyzçy bile gulluk edende, olaryň ikisi hem güwä geçen bolsa sagatlaryny hasabata ýazyp bilýär. Hasabata şeýle wajyp işler, ýagny wagyz gullugyna taýýarlanmak, wagyz gulluk duşuşygyna gatnaşmak hem-de wagyz edýän uçastogyňa baryp gelmek üçin sarp edýän wagtyňyz ýazylmaýar.
Wagyz gulluga Mukaddes Ýazgylar barada gürrüňe başlan wagtyňdan tä iň soňky adam bilen gürrüňdeş bolan wagt aralygyň degişlidir. Biz gulluk edýän wagtymyz dynç almaga ýa-da naharlanmaga wagt sarp etsek, ony hasabata ýazmaýarys. Kömekçi pionerler, pionerler, ýörite pionerler we missionerler wagyz üçin belli bir sagady sarp etmeli. Ýygnagyň beýleki wagyzçylary hem Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýmaly, olar güýjüniň ýetdiginden we ýagdaýyna görä wagyz işine doly gatnaşjak bolmaly. Ýehowanyň ähli wepaly gullukçylary ýürekden gulluk etmäge çalyşýarlar (Kol. 3:22). Doganlar jemagatçylyk nutgy bilen çykyş edýän wagtyny, ata-eneler bolsa çagalaryna Mukaddes Ýazgylary öwretmekde sarp edýän wagtynyň hepdede bir sagadyny hasabata goşup bilerler.
Hasabata wagyz eden wagtymyzyň bütin sanyny ýazmaly. Eger-de wagyzçy gartaşanlygy, agyr keselligi ýa-da bir ýeriniň döwülenligi sebäpli mümkinçiligi çäklenip, öýünden çykyp bilmeýän ýa-da garrylar öýünde ýaşaýan bolsa bu kadadan çykýarlar. Şeýle wagyzçy bir sagada doly ýetmeýän 15 minut aralygy bilen hasabaty tabşyryp biler. Eger-de ol aýda 15 minut wagyz etse-de, hasabatyny tabşyrmaly, şeýtmek bilen ol yzygiderli wagyzçylaryň hatarynda bolup biler. Bu düzgün wagtlaýyn mümkinçiligi çäklenen, ýagny agyr keselligi ýa-da döwük-ýenjik sebäpli bir aýa golaý ýöräp bilmeýän wagyzçylara hem degişli. Ýöne bu düzgün mümkinçiligi örän çäklilere degişli. Bu düzgün wagyzçylaryň haýsysyna degişlidigini ýygnagyň gulluk komiteti çözýär.
«ÝYGNAKDAKY WAGYZÇYNYŇ HASABAT KARTOÇKASY»
Seniň her aýda tabşyrýan wagyz gullugy barada hasabatyň ýygnagyň dokumentlerinde saklanylýan «Ýygnakdaky wagyzçylaryň hasabat kartoçkasyna» ýazylýar. Bu kartoçka şahsy eýeçilige degişli däl. Sen başga ýere göçüp gitmek isleseň ýaşululara duýdur. Täze ýygnagyň kätibi «Ýygnakdaky wagyzçylaryň hasabat kartoçkasyny» ibermegini haýyş eder. Eger seniň öňki ýygnagyňdaky kätibiň täze ýygnagyň adyny bilse, seniň kartoçkaňy we häsiýetnamaňy iberip biler. Şonda seniň täze ýygnagyňdaky ýaşulular saňa ruhy taýdan has gowy kömek ederler. Eger sen bir ýere üç aýdan azrak wagt gitseň, ýygnagyňa gulluk barada hasabatyňy yzygiderli iberip durmagyňy haýyş edýäris.
WAGYZ GULLUGY BARADA HASABATY NÄME ÜÇIN TABŞYRMALY
Sen wagyz gullugy barada hasabaty käwagt tabşyrmagy ýadyňdan çykarýarmyň? Hawa, biziň ählimize wagtal-wagtal hasabaty tabşyrmaklygy ýatladyp durmaly. Biz hasabat hakynda dogry garaýyşda bolsak we ony näme üçin tabşyrmagyň wajypdygyny düşünsek, hasabaty wagtynda tabşyrmak aňsat bolar.
Käbirleri şeýle diýýärler: «Ýehowa meniň gulluga näçeräk wagt sarp edýändigimi bilýär, maňa asla hasabat tabşyrmak nämä gerek?» Hawa, Ýehowa her birimiziň ýürekden gulluk edýärismi ýa-da ýagdaýymyz bolsa-da az gulluk edýärismi ählisini bilýär. Ýöne ýadyňa sal: Ýehowa Nuhuň näçe gün gämide bolandygyny, ysraýyllylaryň näçe ýyl çölde sergezdançylyk edendigini, olaryň näçesiniň wepaly galandygyny we näçesiniň ýüz öwrendigini ýazmaklygy tabşyrdy. Hudaýyň görkezmesi arkaly, Kengan ýurdunyň basylyp alynmagy we Ysraýylyň wepaly kazylarynyň işleri barada ýazyldy. Hawa, Ýehowa gullukçylarynyň dogry işleriniň jikme-jiklikleri we nähili üstünlikler gazanandyklary barada ýazylmagynyň aladasyny edýär. Ýehowa ýazgylaryň dogry ýazylmagynyň aladasyny edýändigini ähli wakalary ýazmagy tabşyrandygyndan görünýär.
Ýehowanyň halkynyň ýazan ýazgylarynyň dogrudygyny Mukaddes Ýazgylardaky taryhy wakalar görkezýär. Mukaddes Ýazgylardaky wakalary düşünmek üçin köplenç dogry sanlar kömek edýär. Şu aşakdaky mysallara serediň: Barlyk 46:27; Çykyş 12:37; Kazylar 7:7; 4 Patyşalar 19:35; 2 Taryhlar 14:9—13; Ýahýa 6:10; 21:11; Resullaryň işleri 2:41; 19:19.
Biz şu günler wagyz gullugy barada hasabaty dürli sebäplere görä tabşyrýarys. Bu hasabatlar Ýehowa gulluk etmekde nämeler edýändigimiziň ählisini görkezmese-de, Ýehowanyň guramasyndaky ähli wagyzçylara we ýaşululara gowy kömek edýär.
Biziň hasabatymyzdan käwagty gullugymyzyň haýsy tarapyna üns bermelidigini görmek bolýar. Hasabatyň jemleýji sanlary wagyz gullugynda nähili üstünlikler gazanylandygyny ýa-da wagyzçylaryň sanynyň köpelmeginiň gowşandygyny we beýleki zatlarda ösüşiň ýokdugyny görkezýär. Mümkin, wagyzçylary ruhlandyrylmaga ýa-da käbir kynçylyklary çözmäge kömek gerekdir. Jogapkär gözegçi hasabata seredip, wagyzçynyň hem-de ýygnagyň ruhy taýdan ösüşini gowşadýan ähli päsgelçilikleri aýrar.
Şeýle-de hasabatlar haýsy ýerlerde wagyzçylaryň gerekdigini bilmäge kömek edýär. Haýsy ýerlerde üstünlikli wagyz edilýär? Nirede ösüş gowşady? Adamlara hakykaty biler ýaly nähili edebiýatlar gerek? Hasabat arkaly Ýehowanyň guramasy dünýäniň dürli ýerlerinde nähili edebiýatlar gerekdigini görýär hem-de wagyzda Mukaddes Ýazgylar we oňa esaslanan edebiýatlar ýeterlikli bolar ýaly öňünden aladasyny edip taýýarlaýar.
Hasabatlar doganlaryň köpüsini ruhlandyrýar. Bütin dünýäde doganlaryň wagyzda eden işleri barada eşideniňizde, sizi täsin galdyrmaýarmy? Wagyzçylaryň sanynyň köpelýändigi baradaky hasabat bize Ýehowanyň guramasynyň nähili ösýändigini göz öňüne getirmäge kömek edýär. Wagyzda bolýan wakalar bizi şatlandyrýar we has-da yhlasly wagyz etmäge höweslendirýär (Res. Iş. 15:3). Şol sebäpli biziň her birimize wagyz hasabatyny wagtynda tabşyrmak bilen doganlarymyzyň aladasyny edýändigimizi görkezmek wajypdyr. Şeýdip, biz az zatda Ýehowanyň guramasyna gulak asýandygymyzy görkezýäris (Mat. 24:45—47).
MAKSAT GOÝ
Biz gullugymyzy doganlaryň gullugy bilen deňemeli däl (Gal. 5:26; 6:4). Her bir adamyň ýagdaýy biri-birinkiden tapawutlanýar, şol sebäpli deňemek paýhassyzlyk bolýar. Emma ýetip biljek maksatlarymyzy goýsak, biziň üçin peýdaly bolar. Bu bize gullukda nähili üstünliklere ýetendigimizi görmäge kömek edýär. Şeýle-de biz ýagdaýymyza görä şahsy maksatlary goýup, olara ýetsek kanagatlanarys.
JEMLEÝJI HASABATA GOŞANT
Şu günler edýän wagyz işimiz barada Mukaddes Ýazgylarda ähmiýetli iş diýip pygamberlik edilýär. Ol iş tamamlanandan soň jemleýji hasabat berilýär. Ezekiýel pygamber görnüşde Hudaýdan ýüz öwren Iýerusalime jeza bermek üçin elinde heläk ediži ýarag bilen alty sany adamyň gelýändigini görýär. Şeýle-de ol ýedinji adamy hem görýär. Onuň guşagynda mürzäniň guraly bardy, oňa şeýle diýildi: «Şäheriň ortarasyndan, Iýerusalimiň ortarasyndan geçip, ol ýerde ýigrenji zatlardan gynalyp ah çekýän adamlaryň maňlaýyna bellik goý». Heläk ediji ýaragly adamlaryň jezasyndan halas etmeli adamlaryň maňlaýyna bellik goýup çykandan soň, guşagynda mürzäniň guraly bar adam şeýle hasabat berdi: «Seniň edil buýruşyň ýaly etdim» (Ezek. 9:1—11).
Biz Matta 24:14-däki sözleriň ýerine ýetişi babatda Ýehowanyň bütindünýä wagyz gullugy barada nähili jemleýji hasabat talap etjekdigini bilmeýäris. Biz wagyz gullugy barada hasabaty yzygiderli her aý tabşyryp, gullukda kiçi goşant goşup minnetdarlygymyzy görkezýäris. Her aýyň ahyrynda ähli wagyzçylar wagyz gullugynyň hasabatyny hökman wagtynda tabşyrmalydyrlar. Şeýtsek, ýygnagyň wagyz gullugy barada hasabatyny jemläp filiala iberýän doganlar minnetdar bolar.
Ýehowanyň «agyr muşakgatda» halas etjek adamlaryň ýygymyny şu günler tizleşdirýändigi aýdyň. Biz Işaýa pygamberiň: «Azdan müňlerçesi bolar, ejizden güýçli halk. Men, Ýehowa, öz wagtynda berjaý bolmagyny tizleşdirerin» diýen sözleriniň ýerine ýetýän döwründe ýaşaýarys (Ylh. 7:9, 14; Iş. 60:22). Wagyz işi ynanylan bütindünýä guramanyň bir agzasy hökmünde, biz görnüşdäki mürze gurally adam ýaly: «Seniň edil buýruşyň ýaly etdim» diýip, Ýehowa hasabat bermek isleýäris.
Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris sahypa 83—91