Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 1/07 sah. 1
  • Söýgi — üstünlikli wagyz etmegiň syry

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Söýgi — üstünlikli wagyz etmegiň syry
  • Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Meňzeş maglumat
  • Goňşyňy söýmek näme
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Isanyň göreldesine eýerip, söýgi bilen okadyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Seni söýýän Hudaýy söý
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • «Biz... iş ýüzünde we ýürekden söýmelidiris»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2007
km 1/07 sah. 1

Söýgi — üstünlikli wagyz etmegiň syry

1 «Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin» (Mat. 11:28). Isanyň şeýle mähirli sözlerinde onuň adamlara bolan söýgüsi görünýär. Biz hem Isa ýaly söýgüsiz dünýäden ýadan adamlara söýgimizi görkezesimiz gelýär. Hoş habary wagyz edenimizde, söýgimizi nädip görkezip bileris?

2 Sözde. Isa adamlary söýýändigi üçin hemişe olara hoş habary wagyz edýärdi (Ýahýa 4:7—14). Söýgi bize resmi däl ýagdaýlarda-da ýaýdanman wagyz etmäge kömek edýär. Alty ýaşly gyzjagaz lukmanyň otagyna girmek üçin nobatyna garaşýarka, ýanynda oturan aýala gowy wagyz edýär. Näme üçin? Gyzjagaz şeýle diýýär: «Ol aýalyň Ýehowa barada bilmelidigine düşünýärdim».

3 Biz adamlar bilen gyzyklanýandygymyzy, mähirli ýylgyryp, mylaýym äheňde gepleşip görkezýäris. Adamlary ünsli diňläp, olaryň kynçylyklary barada ýürekden alada edip, janymyz bilen kömek etmek islesek söýýändigimizi görkezeris (Sül. tym. 15:23). Biz Isa Mesihden görelde alyp, Hudaýyň Patyşalygynyň berjek bereketlerini aýtmaly we Ýehowanyň adamlara bolan söýgüsini hem rehimdarlygyny görkezmeli (Mat. 24:14; Luka 4:18).

4 Iş ýüzünde. Isa adamlaryň nämä mätäçdigini bilýärdi we kömek edýärdi (Mat. 15:32). Biz hem wagyz etmek bilen, adamlara ýagşylyk edip bileris. Uýamyz bir aýalyň telefonda gepleşip, ýöne düşünmän duranyny gördi. Uýa oňa jaň edýän adamyň sözlerini terjime edip kömek edýär. Soňra uýamyz ol aýala wagyz etdi we ol Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlady. Doganlarymyzdan biri erkek adamy ikilenç ideg edende, onuň gaharlanyp duranyny gördi. Ol agyr diwany gapydan geçirip bilmän durdy. Doganymyz diwany öýüne salmaga kömek etdi. Minnetdar bolan öý eýesi bilen şol diwanda oturyp, Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlady.

5 Biz wagyz edip, Hudaýa we goňşymyza bolan söýgimizi görkezýäris (Mat. 22:36—40). Şeýle söýgini sözümizde we iş ýüzünde görkezsek, akýürekli adamlar biziň hakykat ýolundadygymyza aňsat düşünerler.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş