Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 2/07 sah. 9—sah. 12 abz. 5
  • Hoş habary wagyz etmegiň usuly

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hoş habary wagyz etmegiň usuly
  • Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Sözbaşylar
  • MEÝDAN (TERRITORIÝA)
  • BAŞGA DILDE GEPLEÝÄN ADAMLARA WAGYZ ETMEK
  • KÖP DILLI MEÝDANDA WAGYZ ETMEK
  • TOPAR BILEN WAGYZ ETMEK
Hudaýa gullugymyz — 2007
km 2/07 sah. 9—sah. 12 abz. 5

9-njy bap

Hoş habary wagyz etmegiň usuly

MEÝDAN (TERRITORIÝA)

ÝEHOWA Patyşalyk barada hoş habaryň bütin dünýäde, hem şäherlerde, hem obalarda guramaçylykly wagyz edilmegini isleýär. Şeýle maksat bilen belli ýurduň işine gözegçilik edýän filial, şol ýerdäk ýygnaklara we uzak ýerde wagyz edýän aýratyn wagyzçylara şu ýörite meýdan berýär (1 Kor. 14:40). Bu I asyrda Hudaý tarapyndan kesgitlenen tertip-düzgününe laýyk gelýär (2 Kor. 10:13; Gal. 2:9). Patyşalyk baradaky habar soňky günlerde has tiz ýaraýýar. Eger meýdança (uçastok) guramaçylykly gowy paýlanmadyk ýagdaýynda, wagyzçylar iki işli bolardylar. Şeýle guramaçylykly gulluk köp adamlara hoş habary eşitmäge gowy mümkinçilik berýär.

Ýygnagyň meýdandaky wagyz işine wagyz gözegçisi ýolbaşçylyk edýär. Gulluk hyzmatçysy meýdançany paýlap, gerekli bellikleri ýazyp biler. Meýdançanyň az ýerlerde toparyň gözegçisi topar bilen wagyz etmek üçin meýdançany özünde saklap biler.

Eger siziň ýygnagyňyzda meýdança ýeterlikli bolsa, onda belki siz öýüňize golaý meýdançany almak islärsiňiz. Eger siziň meýdançaňyz golaýda bolsa, onda wagza köpräk wagt sarp edip bilersiňiz. Şeýle-de siz beýleki wagyzçylary meýdançaňyza wagyz etmäge çagyryp bilersiňiz.

Ýygnagyňyzda şeýle meýdançalar bar bolsa, jogapkär dogana ýüz tutup, boş meýdançany sorap bilersiňiz. Haçan-da siz meýdançany doly işläniňizden soň, jogapkär dogana bu barada habar bermeli. Siz meýdançada wagyz edeniňizde köp adamlar bilen tanyşarsyňyz, biraz sabyr etseňiz, mümkin, olara Hudaýyň hödürleýän gutulyş ýoluna girmäge kömek edersiňiz.

Eger meýdançaňyz bar bolsa, onda köp adamlary öýünde tapmaklyga siz jogapkärsiňiz. Öýde hiç kim ýok bolsa, onda gaýtadan barmaly hem-de Hudaýyň Patyşalygy bilen gyzyklanan adama kömek etmeli. Wagtal-wagtal «Hudaýa gullugymyzda» Mukaddes Ýazgylary, kitaplary, žurnallary, broşýuralary, kitapçalary, habar hatlary we «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» berýän başga neşerýatlaryny ulanyp, meýdançada nädip wagyz etmelidigini maslahat berilýär. Eger siziň meýdançaňyzda goralýan ymmaratlar ýa-da jaýlar bolsa, ondaky ýaşaýjylara hat ýazyp, telefon arkaly jaň edip ýa-da başgaça ýollar bilen, meselem, köçede wagyz etse bolar. Ýygnagyň wagyz gözegçisi bilen toparyň gözegçisi ýerli ýagdaýa we siziň ýagdaýyňyza görä maslahat berip bilerler.

Ähli wagyzçylar ýygnagyň beren guramaçylyklyk görkezmesine eýerse meýdançalarda gowy we yzygiderli wagyz ediler. Şeýle-de şol bir meýdançada iki ýa-da ondan köp Güwäçi wagyz etmez we ýaşaýjylar biynjalyk etmekden hem-de gaharyny getirmekden gaça durarys. Şeýdip, doganlara we meýdançadaky ýaşaýjylara hormat goýandygymyzy görkezýäris.

BAŞGA DILDE GEPLEÝÄN ADAMLARA WAGYZ ETMEK

Adamlar ählisi Ýehowa Hudaý, onuň Ogly we Patyşalyk barada bilmeli (Ylh. 14:6, 7). Meýdançamyzda başga dilde gepleýän adamlaryň gutulmagy üçin Ýehowanyň adyny nädip çagyrmalydygyna hem-de mesihçilere mahsus häsiýetleri ösdürer ýaly kömek etmeli (Rim. 10:12, 13; Kol. 3:10, 11). Şeýle adamlara wagyz etmek aňsat iş däl. Olara nädip hoş habary mähirli we düşnükli wagyz etmeli?

Biz, mesihçiler hökmünde başgalaryň özümize näme etmegini isleýän bolsak, olara-da şony etmeli (Mat. 7:12). Başga ýurtdan gelen ýa-da başga dilde gepleýän adamlar bilen mähirli salamlaşyp, olar bilen ýürekden gyzyklanýanymyzy görkezýäris (Rim. 15:7). Şeýle garaýyş daşary ýurtdan gelen adamlaryň ýaşaýan ýerinde wagyz edenimizde wajyp, çünki bu bize başga adamlara Hudaýyň garaýşy bilen garamaga kömek edýär (Res. iş. 10:34, 35; 17:26).

Meýdançada size düşnüksiz dilde gepleýän adama duşuşanyňyzda, onuň haýsy dilde okap bilýändigini anyklajak boluň. «Bütin halklaryň adamlary üçin hoş habar» diýen broşýuradaky habary okamaga ber. Golaý ýerde şol dilde geçirilýän ýygnak ýa-da topar bar bolsa, şondaky doganlar bilen tanyşmaga kömek et. Eger ýerli wagyzçylaryň arasynda şol dili bilýän bolsa, belki onuň höwesini ösdürip biler. Şeýle wagyzçy bolmasa, gyzyklanýan adama onuň dilinde edebiýaty gözläp görjekdigiňi düşündir. Soňra edebiýata jogapkär dogan bilen şol adamyň dilinde nähili edebiýatyň bardygyny anyklaň.

Käbir wagyzçylar başga dildäki ýönekeý hödürleri öwrendiler. Käbirleri bolsa başga dilde gepleýän adam bilen onuň dilindäki edebiýatymyzy ulanyp, okuw başladylar. Eger adamyň ünsüni suratlara gönükdirsek, aýatlary okamaga haýyş etsek, ol Mukaddes Ýazgylar barada düşünje alar. Onuň maşgalasyndan kimdir biri ene dilini we ýerli dili gowy bilýän bolsa, size terjime etmäge kömek edip biler.

Biziň maksadymyz başgalara Isany şägirdi bolmaga kömek etmelidigimizi unutmaly däl. Şol sebäpli gyzyklanýan adamyň düşünýän dilinde ýygnak bolmasa, ony ýerli ýygnak duşuşyklaryna barmaga höweslendir. Dogan-uýalar bilen pikir alşyp ruhlanyp biler we ruhy taýdan öser.

Eger ýygnagy meýdanynda köp daşary ýurtdan gelen adamlar ýaşaýan bolsa, ýaşulular olara ruhy taýdan kömek berer ýaly, wagyz işini guramaçylykly geçirmeli. Mümkin, başga dilde gepleýän adamlar iki ýa-da ondan köp goňşy ýygnaklaryň meýdanynda ýaşaýandyr. Onda etrap gözegçi ýa-da gözegçiler başga dilde gepleýän adamlara wagyz etmekde ýygnaklar bile işleşer ýaly, ýaşululara filialyň görkezmesine eýermäge kömek ederler. Başga dilde geçirilýän ýygnaga näçe adamyň gatnaşjakdygyny bilmek üçin şol dilde käwagt jemagatçylyk nutgy bilen çykyş etmeli ýa-da «Garawul diňini» öwrenýän duşuşygyny geçirse bolar.

Başga dildäki topary şu aşakdaky şertlerde döretse bolar: 1) şol dilde hoş habara gowy düşünýän wagyzçy ýa-da gyzyklanýan adam bolmaly; 2) iň bolmanda hepdeleýin duşuşyklaryň birini geçirip bilýän ýaşuly ýa-da gulluk hyzmatçysy bolmaly; 3) şol topara bir ýygnagyň ýaşulular maslahaty gözegçilik etmäge taýyn bolmaly. Eger şeýle şertler saklanylýan bolsa, onda ýaşulular topary resmileşdirmek we görkezme almak üçin filiala habar etmeli.

Adat boýunça, başga dildäki toparlar her hepdede kitap öwrenilýän duşuşygyny geçirýärler. Soňra ýaşulular «Gözegçilik diňini» öwrenýän we jemagat duşuşygyny geçirmäge rugsat berip bilerler. Eger şol dilde gowy gepleýän ýaşuly ýa-da gulluk hyzmatçysy bar bolsa we Teokratiki gulluk mekdebiniň goşmaça klasynda ýumuş tabşyrylan doganlara maslahat berip bilýän bolsa, onda okuwçylaryň çykyşyny gurnap biler. Şeýle-de topar üçin şol dilde wagyz gullugynyň duşuşygyny geçirse bolar. Bu teokratiki tertip-düzgün ähli dillerede degişli.

Toparyň ähli agzalary haýsy ýygnaga degişli bolsa, şol ýygnagyň ýaşulular maslahatynynyň gözegçiligi astynda işleýärler. Ýaşulular topara gerekli kömegi berip, onuň zerurlyklary bilen gyzyklanmaly. Etrap gözegçisi ýygnaga baranda, ol başga dildäki topar bilen hem işleşer hem-de filiala toparyň üstünlikleri we zerurlyklary hakynda gysgaça habar iberer. Başga dilde gepleýän adamlara wagyz edýänleriň hemmesi Mukaddes Ýazgylara we teokratiki görkezmä eýerse, Ýehowanyň ady şöhratlanar (1 Kor. 1:10; 3:5, 6).

KÖP DILLI MEÝDANDA WAGYZ ETMEK

Uly şäherleriň köpüsinde wagyzçylar diňe öz diliýende gepleýän adamlara wagyz etmeli. Sebäbi köp dilli meýdanda, dile görä meýdançalar bölünen. Köp dilde geplenýän meýdanda wagyz edýän ýygnaklaryň wagyz gullukçylary bilelikde meýdanda wagyz etmegiň we gyzyklanan adamlary gerekli ýygnaga ugrukdyrmagyň tertibini düzýärler. Şeýle tertip gerek, sebäbi dürli ýygnaklaryň wagyzçylary bir meýdançada şol bir wagtda wagyz etmegi mümkin. Biz bolsa «Mesihiň Hoş Habarynyň öňüni bökdemek» islemeýäris (1 Kor. 9:12).

Köçede ýa-da resmi däl ýagdaýda wagyz edilende, wagyzçylar dürli dildäki edebiýatlary ýaýradyp bilýärler. Emma wagyzçylar öýden-öýe wagyz edenlerinde, adatça, öz ýygnagynyň dilindäki edebiýaty ýaýradýarlar. Meýdançalar dile görä bölünendigini unutmaly däl, şol sebäpli gyzyklanan adama edebiýat goýup gidýän wagyzçy, onuň gowy düşünýän ýa-da isleýän dilinde giçirileýän ýygnaga ugrukdyrmaly (1 Kor.14:9). Ýygnagymyzyň diline düşünýän we şol dildäki ýygnaga barmak isleýän adamlara wagyz etsek, köp adamlaryň gutulmagyna kömek ederis.

TOPAR BILEN WAGYZ ETMEK

Hudaýa özüni bagyş eden mesihçileriň adamlara hoş habary wagyz etmek borjy bar. Wagyz etmegiň dürli usullary bar, emma biziň köpümiz başgalar bilen höwesli wagyz edýäris (Luka 10:1). Şonuň üçin ýygnaklarda dynç günleri we iş günleri wagyz duşuşygyny geçirýärler. Dünýewi baýramçylyk günleri doganlaryň köpüsi işlemeýär, şol sebäpli olarda topar bilen wagyz etmäge amatly mümkinçilik döreýär. Wagyz duşuşyklary wagyzçylara amatly wagtda geçirilýär. Olar Patyşalyk Zallarynda, kitap öwrenilýän duşuşyklarynyň geçirilýän öýlerde ýa-da başga amatly ýerlerde geçirse bolar.

Wagyz duşuşyklarynda täze ýa-da tejribesi az wagyzçylara goldaw berip kömek etmeli. Şeýle-de käbir ýerlerde iki ýa-da birnäçe wagyzçynyň bile wagyz etmegiň paýhasly hasaplanýan sebäpleri bar. Şeýle wygyz edýän wagyzçylar biri-birine kömek edip, goldaw bilerler. Meýdançaňyzda ýeke özüňiz wagyz etmegi planlaşdyran bolsaňyz, toparyň wagyz duşuşygyna barsaňyz gowy bolar, sebäbi şeýle duşuşyklar hemmäni ruhlandyryp bilýär. Golaýyňyzda başga wagyzçylaryň wagyz edýändigini bilseňiz, özüňizi ynamly duýarsyňyz.

Geliň, Isa Mesihiň we onuň resullarynyň göreldesine eýereliň! Biz Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edenimizde edýän tagallalarymyzy Ýehowanyň patalajakdygyna ynanyp bileris (Luka 9:57—62).

Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris sahypa 102—108

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş