Gulluk duşuşygynyň tertibi
Nowruz aýynyň 12-sinde başlanýan hepde
85-nji aýdym
10 min. Ýerli bildirişler. 8-nji sahypadaky hödürleri ýa-da ýaşaýan ýeriňize görä birki sany hödüri sahnalaşdyryň.
15 min. Ýakyn adamyň Ýehowany taşlanda. 2006-njy ýylyň Ruhnama aýynyň 15-ine çykan «Garawul diňi» (rusça) žurnalynyň 17—21-nji sahypalaryna esaslanan nutk bilen ýaşuly çykyş edýär.
20 min. «Muny meni ýada salmak üçin ediň»a. 3-nji abzasy ara alyp maslahatlaşanyňyzda, gyzyklanýan adamlary Ýatlama agşamyna çagyrmak üçin «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitaby nädip ulanmalydygyny düşündirýän 2006-njy ýylyň Nowruz aýynyň «Hudaýa gullugymyzyň» 1-nji sahypasyndaky pikirleri hem aýt.
28-nji aýdym we jemleýji doga.
Nowruz aýynyň 19-ynda başlanýan hepde
6-njy aýdym
10 min. Ýerli bildirişler. 7-nji sahypadaky «Ýatlama agşamy babatda ýatlatma» diýen bukjanyň esasy pikirlerine seret.
20 min. Gullugymyzy giňeltmegiň ýollary. «Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris» diýen kitabyň 10-njy baba esaslanan çykyş we diňleýjiler bilen söhbetdeşlik (4—7 sah. seret).
15 min. «Wagyzda gowy endikler Hudaýy şöhratlandyrýar»b. 3—6-njy abzaslary okamaly. 3-nji abzasy ara alyp maslahatlaşanda, wagyzçylardan kimdir biri wagyzda gowy endiginiň adamlarda gowy täsir galdyrandygy barada gürrüň berip biler.
23-nji aýdym we jemleýji doga.
Nowruz aýynyň 26-synda başlanýan hepde
15-nji aýdym
10 min. Ýerli bildirişler. Wagyzçylara Nowruz aýynyň wagyz gullugy baradaky hasabaty tabşyrmagy ýatlat. 8-nji sahypadaky hödürleri ýa-da ýaşaýan ýeriňize görä iki sany hödüri sahnalaşdyryň. Şol sahnalaryň birinde ýygnaklara gatnaşýan ýa-da geçen ýyl Ýatlama agşamyna gelen adamy Ýatlama agşamyna nädip çagyryp bolýandygyny görkeziň.
15 min. Ýerli zerurlyklar.
20 min. «Men durmuşymy nämä bagyş etmeli?» 2006-njy ýylyň Gorkut aýynda çykan «Oýanyň!» (rusça) žurnalynyň 23—25-nji sahypalaryna esaslanan nutk. Mekdebi tamamlandan soň doly wagtly gulluga başlan birki wagyzçy bilen söhbetdeşlik geçir. Olar näme üçin doly wagtly gullugy saýladylar? Bu olara nähili bereket berýär?
10-njy aýdym we jemleýji doga.
Gurbansoltan aýynyň 2-sinde başlanýan hepde
191-nji aýdym
10 min. Ýerli bildirişler. Gyzyklanýan adamlary Gurbansoltan aýynyň 15-inde okaljak ýörite nutga çagyrmaga wagyzçylary höweslendir.
20 min. Ýatlama agşamyna gelenlere kömek et. Ýaşuly çykyş edýär. Ýygnagyňyzda Ýatlama agşamyna näçe adamyň gelendigini we olaryň näçesi gyzyklanan adamdygyny aýt. Ýatlama agşamyna çakylyk boýunça gelen adamlar we nutkdan soň hyzmatçy doganyň ýanyna baryp, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmek barada haýyş edenler barada gyzykly wakalary gürrüň ber. Baýramçylyga gelen adamlara nädip ruhy taýdan kömek berip bolýandygy barada düşündir (km 3.06 s. 1, abz. 5; km 2.05 s. 4, abz. 9; km 2.04 s. 5, abz. 16). Şeýle kömegi gaýra goýman bermegi wagyzçylary höweslendir.
15 min. 2007-nji ýylyň «Ýyllyk kitaby» — ähmiýetli kitap. Nutk we diňleýjiler bilen söhbetdeşlik. «Ýolbaşçylyk maslahatynyň hatyndan» esasy pikirlere seret. «Bütindünýä hasabatynyň» peýdaly pikirlerine üns beriň. Birnäçe wagyzçylardan olary ruhlandyran habarlar we wakalar barada gürrüň bermegi öňünden haýyş et. Maşgalalary ýylyň dowamynda «Ýyllyk kitaby» okap çykmagy höweslendir. Bu kitap arkaly adamlary nädip Ýehowanyň guramasyna gönükdirmegi we ýygnak duşuşyklaryna gelmäge höweslendirip bolýandygy barada maslahat ber. (Eger «Ýyllyk kitaby» wagyzçylarda bolmasa, bu bölümi başga bölüm bilen çalşyp, soňra ara alyp maslahatlaşsa bolýar).
23-nji aýdym we jemleýji doga.
[Çykgytlar]
a Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.
b Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.