Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 3/07 sah. 3
  • Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty
  • Hudaýa gullugymyz — 2007
Hudaýa gullugymyz — 2007
km 3/07 sah. 3

Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty

Biz Isanyň göreldesine eýerip, Hudaýa: «Adyň mukaddes bolsun» diýip, ak ýürekden doga edýäris. Ýehowanyň Güwäçileri hökmünde ýaşaýşymyz bilen, edýän dogamyza görä hereket etmek isleýändigimizi görkezýäris. Munuň üçin ýöne bir Hudaýyň adyny bilmek ýeterlikli däl, her mümkinçilikden peýdalanyp, onuň adyny şöhratlandyrmaly. Ýehowanyň Güwäçileri diýen ady götermek biziň her birimiz üçin uly hormat (Matta 6:9; Işaýa 43:10).

Zebur 110:3-e laýyklykda Ýehowanyň halky Hudaýyň islegi boýunça tamamlanmaly işi höwes bilen ýerine ýetirýärler. Näme üçin dürli ýaşdaky we gelip çykyşy bilen tapawutlanýan adamlar hoş habary janyny aýaman wagyz edýärler? Ilki bilen, olar Hudaýy söýýär we oňa wepaly gulluk etmek isleýär. Kanunyň gaýtalanyşy 6:5, 6-njy aýatlarda bize Ýehowany «bütin ýüregimiz, janymyz we güýjümiz» bilen söýmek tabşyryldy. Şeýle akýürekli söýgi Hudaýyň Patyşalygy üçin wagtymyzy, güýjümizi we serişdämizi sarp etmäge hem-de ýagdaýymyza görä Hudaýa doly wagtly gulluk etmäge höweslendirýär.

Ýehowa adamlary söýýäni üçin ýer ýzünde Patyşalyk baradaky hoş habary yglan etmegi tabşyrdy. Ýaradyjy hiç kim heläk bolman, adamlaryň nädogry işlerini goýmagyny we oňa öwrülip, ýaşaýyş almagyny isleýär (2 Petrus 3:9). «Ýehowa şeýle diýýär: «Günäkäriň ölmegini islemeýärin, gaýtam onuň erbet ýolundan dänip, diri galmagyny isleýärin» (Ezekiýel 33:11). Biz wagyz edenimizde, Ýehowanyň adamlary söýýändigini subut edýäris. Biz muňa düşünip, bu wajyp işe gatnaşýandygymyza has-da begenýäris we kanagatlanýarys.

Ýehowa bolan söýgimiz onuň Sözüne, Mukaddes Ýazgylara bolan garaýşymyza täsir edýär. Mukaddes Ýazgylar bolmadyk bolsa Hudaý barada bilim alyp bilmezdik we Ýakup 4:8-de çagyrylyşy ýaly, oňa ýakynlaşmazdyk. Biz ne durmuşyň manysyny, ne-de gelejekde näme garaşýandygyny bilerdik. Ähli kynçylygyň sebäpkäri nesil başymyz bolan Adam atadygyna düşünmezdik (Rimliler 5:12). Söýgüden doly Hudaý biziň üçin ýekeje ogluny gurban edendigini bilmezdik. Ýehowa Mukaddes Ýazgylar arkaly bilim, paýhas we düşünje berýär. Hudaýyň Sözi, ýagny Mukaddes Ýazgylar nähili gymmatly sowgat! Şeýle sowgada bolan minnetdarlygymyz, ony okamaga, öwrenmäge we onuň sözleri barada oýlanmaga «wagt satyn almagy» höweslendirýär (Efesliler 5:15, 16; Zebur 1:1—3). Hudaýyň Sözüni okamak üçin her gün höwes bilen wagt sarp etmeli. Eger biz Hudaýy söýýän bolsak, Hudaý barada bilimimizi we oňa bolan söýgimizi artdyrýan Mukaddes Ýazgylary küýsäris.

Adam ata Ýehowa garşy günä edenden soň geljekki neslini, şol sanda bizi hem kyn we umytsyz ýagdaýa saldy. Emma Hudaý adamlary halas edip bilýärdi, şol sebäpli ýer ýüzünde onuň islegi amala aşar ýaly hereket etdi (Barlyk 3:15).

Elbetde, biziň her birimizde Hudaýymyzyň täsin adyny mukaddes etmäge güýçli isleg bar. Ajaýyp Hudaýymyz Ýehowa barada bilimimiz näçe artdygyça, onuň adyny beýgeltmek, niýetini yglan etmek, Hudaýyň islegine gulak asmak we onuň guramasynyň görkezmesine eýermek isleýäris. Ýehowa edýän işimizden razy we ony patalaýar, gelejekde bolsa bize täze dünýäde ebedi ýaşaýyş berer.

Biz, ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary mähriban dogan-uýalarymyza söýgimizi bildiresimiz gelýär. Siziň edýän erjelligiňiz üçin biz örän minnetdar. Siz «agyr muşakgatyň» öň ýanynda köp adamlara hoş habary wagyz edip, wagtyňyzy paýhasly ulanýarsyňyz (Ylham 7:14). Şeýtmek bilen, siz olara ebedi ýaşaýşa eltýän Hudaý we Isa Mesih barada bilim almaga mümkinçilik berýärsiňiz (Ýahýa 17:3).

Siziň doganlaryňyz,

Ýehowanyň Güwäçileriniň ýolbaşçylyk maslahaty.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş