10-njy bap
Gullugymyzy giňeltmegiň ýollary
ISA MESIH şägirtlerini Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmäge iberende: «Hasyl bol, ýöne işçi az» diýdi. Şägirtlere uly iş garaşýardy. Şol sebäpli ol: «Munuň üçin, Öz hasylyny ýygmaga işçi iberer ýaly, hasyl eýesi Rebbe ýalbaryň» diýdi (Mat. 9:37, 38). Isa şägirtlerine nädip gulluk etmelidigini düşündirdi. Isanyň sözlerinden görnüşi ýaly bu gaýragoýulmasyz işdi. Ol «Ynsan Ogly gelýänçä, siz Ysraýylyň ähli şäherlerine asla aýlanyp bilmersiňiz» diýdi (Matta 10:23).
Şu günler hem wagyz meýdanynda köp işçi gerek. Bu dünýä berlen wagt tamamlanyp barýar, Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habar bolsa dünýäniň soňy gelmänkä wagyz edilmeli (Mar. 13:10). Ekin meýdany — dünýä bolany üçin, biziň ýagdaýymyz Isanyň we onuň şägirtleriniň ýagdaýyna meňzeýär. Ýöne biz uly möçberde wagyz etmeli. Ýer ýüzüniň milliardlarça ýaşaýjylarynyň sanyna garanyňda, biziň sanymyz az, emma Ýehowanyň eliniň gysga däldigine ynanýarys. Ol bütin dünýäde Hudaýyň Patyşalygynyň wagyz edilmegine kömek etmäge güýji ýetýär. Hoş habar wagyz ediler we Hudaýyň bellän güni bu dünýäniň soňy geler. Ýöne biz wagyz etmek borjymyzy wepaly ýerine ýetirerismi? (Ezek. 33:8, 9). Gullugymyzy doly ýerine ýetirmek üçin Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýarysmy? Munuň üçin biz nähili teokratik maksatlar edindik?
Ýehowanyň wepaly gullukçylaryndan näme talap edýändigini Isa Mesih düşündirdi. Ol şeýle diýdi: «Öz Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň, bütin güýjüň bilen söý!» (Mar. 12:30). Biziň ählimiz Hudaýa bütin janymyz bilen gulluk etmeli. Bu Hudaýa we özümizi oňa bagyş edendigimize wepaly galýandygymyzy görkezip, gullukda elimizde baryny etmekligi aňladýar (2 Tim. 2:15). Ýagdaýymyza we ukybymyza görä, biziň hemmämizde köp mümkinçilikler bar. Şeýle mümkinçilikleriň käbirine seredip, siz haýsy teokratik maksatlary goýup biljekdigiňizi çözüň.
ÝYGNAGYŇ WAGYZÇYSY HÖKMÜNDE GULLUK ETMEK
Hakykaty kabul edenleriň hemmesine hoş habary wagyz etmek işi tabşyryldy. Bu hormatly ýumşy Isa şägirtlerine berdi (Mat. 24:14; 28:19, 20). Isanyň şägirdi hoş habaryň gymmatyny bilen badyna, adatça, ony wagyz edip başlady. Andreas, Filipus, Kornelius we başga şägirtler-de şeýle edipdi (Ýahýa 1:40, 41, 43—45; Res. iş. 10:1, 2, 24; 16:14, 15, 25—34). suwda çokundyrylmadyk adam hoş habary wagyz edip bilýärmi? Hawa, wagyz edip bilýär. Adam ýygnakda çokundyrylmadyk wagyzçy bolan badyna öýden-öýe wagyz edip biler. Şeýle-de ol ukybyna we ýagdaýyna görä gullugyň başga görnüşlerine-de gatnaşyp biler.
Siz suwda çokundyrylyp, ýygnagyň agzasy hökmünde adamlar hoş habary eşider ýaly, eliňizden gelen kömegi edesiňiz gelýändir. Hudaý hoş habary wagyz etmegi erkek adamlara-da, aýallara-da tabşyrdy. Dogan-uýalaryň hemmesi ýygnakdaky borçlaryny yhlasly ýerine ýetirmeli (1 Tim. 2:9—15; Titus 2:1—10; 1 Pet. 5:5). Ruhy taýdan ýetişen we aýratyn talaplara laýyk gelýän suwda çokundyrlan doganlary gulluk hyzmatçysy edip bellemekleri mümkin (1 Tim. 3:8—10, 12, 13). Gözegçi borjuny ýerine ýetirmek isleýän gulluk hyzmatçylary Mukaddes Ýazgylardaky talaba laýyk gelýän bolsa, ýaşuly edip belleýärler. Olar ýygnaklarda öwredip, süriniň çopany hökmünde hyzmat edýärler (1 Tim. 3:1—7; Titus 1:5—9). Hudaýyň Patyşalyk işine kiçi goşant goşmaklyk hem uly hormat. Gullugyny giňeltmäge taýyn dogan-uýalar uly şatlyk taparlar.
KÖMEK GEREK ÝERLERDE GULLUK ETMEK
Siz yzygiderli wagyz edilip, gowy güwälik geçilýän ýerde ýaşaýansyňyz. Megerem, siz wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçüp, gullugyňyzy giňeltmek barada oýlanýansyňyz (Res. iş. 16:9). Etrap gözegçisi etrabyňyzyň başga ýygnaklaryna nähili kömek gerekdigi barada maslahat bermegi mümkin. Eger siz ýurduňyzdan başga ýerlerde gulluk etmek isleseňiz, bu barada filiala ýüz tutuň. Ýaşuly ýa-da gulluk hyzmatçysy bolup bellenen bolsaňyz, belki, başga ýygnaklarda siziň kömegiňiz gerekdir.
Siz başga ýurtda gulluk etmek isleýärmisiňiz? Eger gulluk etmek isleýän bolsaňyz, onda gowy oýlanyň. Gelen kararyňyz size we siziň bilen gitjek adamlara täsir edýär (Luka 14:28). Eger siz köp wagtlyk göçüp gitmek islemeseňiz, onda öz ýurduňyzda wagyz etseňiz gowy bolardy.
Ýygnagyňyzyň gulluk komiteti häsiýetnama hatyny iberse, ýurduňyzyň ýa-da başga ýurduň filialy kömege mätäç ýygnaklaryň adyny size habar berip biler. Siz ýaşulymy, gulluk hyzmatçysymy, pionermi ýa-da wagyzçymy şeýle hat hemmeler üçin gerek. Gulluk komiteti gulluk etmek isleýän ýurduňyzyň filialyna siziň haýyşyňyzy we häsiýetnama haty iberer.
Eger-de siz kömek gerek ýerlerde gulluk etmek isleseňiz, bu barada ýygnagyňyzyň ýaşululary bilen gepleşip görseňiz nähili bolar? Olar size göçmek we gelejekde şeýle gulluga taýýarlanmak üçin maslahat berip bilerler.
BAŞGA DILDÄKI ÝYGNAKDA GULLUK ETMEK
Siz, belki, başga dili, mysal üçin, lallaryň dilini öwrenip, gullugyňyzy giňeltmek isleýänsiňiz. Iki dili bilýän maşgalalar, gullugyny giňeltmek üçin ata-enesi we çagalary başga dildäki ýygnakda gulluk edýärler. Eger siziň başga dilde wagyz etmegi öwrenmek maksadyňyz bolsa, ýaşulular we etrap gözegçisi bilen gepleşip görseňiz nähili bolar? Olar maslahat berip, sizi ruhlandyrar. Kä ýagdaýlarda etrap gözegçisi daşary ýurtdan gelen adamlara wagyz edilmegi üçin, ýörite daşary ýurt dilini öwredýän kurslary gurnaýar.
KÖMEKÇI PIONER, PIONER WE ÝÖRITE PIONER BOLUP GULLUK ETMEK
Wagyzçylaryň hemmesi kömekçi pioner, pioner, ýörite pioner bolup we doly wagtly gullugyň başga görnüşlerinde gulluk etmek isleýänlerden näme talap edilýändigini bilmeli. Wagtal-wagtal «Hudaýa gullugymyzda» bu barada goşmaça maglumat çap edilýär. Göreldeli we her aýda belli bir sagat hoş habary wagyz edip bilýän wagyzçy, pioner bolup gulluk edip bilýär. Kömekçi poner bolup gulluk etmek baradaky arzany ýygnagyň gulluk komiteti tassyklamaly. Pionerler hem-de ýörite pionerler filial tarapyndan bellenilýär.
Kömekçi pioner bolup, ýagdaýa görä, bir, birnäçe aý ýa-da hemişe gulluk etse bolýar. Wagyzçylaryň köpüsi belli bir aýlarda, mysal üçin, Ýatlama agşamy ýa-da etrap gözegçisiniň gelýän döwründe kömekçi pioner bolup gulluk edýärler. Käbirleri bolsa işinden dynç alyş rugsadyny (otpusk) alan aýynda gulluk edýär. Mekdepde okaýan suwda çokundyrylan wagyzçylar bolsa dynç günleri wagyz edip, kömekçi pioner bolup gulluk edýär. Ýagdaýyňyz nähili bolsa-da, siz ýokary ahlak kadalaryna laýyk gelýän bolsaňyz, talap edilýän sagady wagyz etmekligi başarsaňyz, şeýle-de bir ýa-da birnäçe aý kömekçi pioner bolup gulluk etmek isleseňiz, onda ýygnagyň ýaşululary arzaňyzy şatlyk bilen kabul eder.
Pioner hökmünde bellenilmek üçin wagyz hasabatynyň ýyllyk sagat sanyny tabşyrmagy başarmaly. «Hudaýa gullugymyzda» ýyllyk sagat sanyny tabşyrmak üçin her aý näçe sagat wagyz etmek barada teklipler berilýär. Siz pioner hökmünde ýygnagyňyz bilen hemişe işleşmeli. Yhlasly pioner ýygnak üçin hakyky bereket. Olaryň göreldesi başga wagyzçylary köp wagyz etmäge, hatda pioner bolmaga höweslendirýär. Ýaşulular sizi pioner hökmünde bellemäge hödür etmezinden öň, azyndan alty aý suwda çokundyrylan wagyzçy bolmaly, ýokary ahlak kadalaryna laýyk gelmeli, göreldeli wagyzçy bolmaly. Wagyz gullugyna belli bir sagat sarp etmek üçin gowy düzülen gün tertibi bolmaly.
Ýörite pionerler yhlasly wagyz edýän we filialyň iberýän ýerinde gullluk edip biljek pionerleriň arasyndan bellenilýär. Esasan, olar gyzyklanan adamalary tapmak we täze ýygnak döretmek üçin uzak ýerlere iberilýär. Käwagt ýörite pionerleri meýdanynda (territoriýada) yzygiderli wagyz etmek üçin kömege mätäç ýygnaklara bellenýär. Käbir ýörite pioner ýaşululary ýygnakda wagyzçylaryň sany ýeterlikli bolsa-da, kiçi ýygnaklara iberilýär. Ýörite pionerlere gerekli zerurlyklaryna harç etmek üçin biraz pul berilýär.
GULLUGY KÄMILLEŞDIRIŞ MEKDEBI
Her ýyl ýygnaklaryň sany artyp, wagyzçylar köpelýär. Bu Ýehowanyň hoş habary wagyz etmeklige ak pata berýändigini subut edýär (Res. iş. 16:5). Ýygnaklaryň sany artdygyça, ýaşulular we gulluk hyzmatçylary gerek bolýar. Şol sebäpli ruhy taýdan ýetişen, öýlenmedik doganlaryň köpüsi Ýehowa: «Ine, men, iber meni» diýdiler (Iş. 6:8). Gullugy kämilleşdiriş mekdebinde kömek gerek ýerlerde gulluk etmek isleýän we mümkinçiligi bolan öýlenmedik gulluk hyzmatçylary hem-de ýaşulular okaýar. Mekdepde okamak isleýän doganlardan näme talap edilýändigini etrap kongresinde geçirilýän ýörite duşuşyklardan bilse bolýar.
Mekdepde doganlar Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlaryny hem-de ýygnak çopanlary hökmünde hyzmat etmek we başga borçlary ýerine ýetirmek üçin guramaçylyk meselelerini öwrenýärler (Ýerem. 23:4). Mekdebi gutaranlaryň käbirini ýurdunda kömek gerek ýerlere gulluk etmäge belleýärler, käbirlerini bolsa daşary ýurda gulluk etmäge iberýärler. Başga doganlary bolsa öz ýygnagyna gitmegi we ýerli dogan-uýalara kömek edip, olary ruhlandyrmagy haýyş edýärler. Mekdepde okan doganlar Hudaýyň halkyna ruhy taýdan we guramaçylyk kömegini bermäge taýyn bolýar (2 Tim. 3:16, 17).
MISSIONER BOLUP GULLUK ETMEK
Bu dünýäniň soňy gelmänkä, Patyşalyk baradaky hoş habar «ýeriň tä soňuna çenli» wagyz ediler ýaly, köp ýurtlara missionerleri ibermeli (Res. iş. 1:8; Mat. 24:14). Bu müňlerçe Ýehowanyň Güwäçilerine, aýratynam, yhlasyny görkezen, bütin jany bilen gulluk eden we üstünlikli wagyz eden mesihçilere gullugyny giňeltmäge mümkinçilik döredýär. Missioner edip belleniljek mesihçileri Garawul diňi Mukaddes Ýazgylar Gilead mekdebine çagyrylýar.
Missioner bolup gulluk etmek üçin saglygyňyz berk we çydamly bolmaly, sebäbi missionerleriň köpüsini ýaşaýyş şertleri agyr ýurtlara iberýärler. Missioner başga ýurtda her hili kesele duçar bolmagy mümkin. Şeýle-de ol ýaşaýyşyň dürli şertlerine we täze medeniýete öwrenişmeli bolýar.
Siz doly wagtly gulluk edýän bolsaňyz we missioner bolmak isleseňiz, onda welaýat kongresinde, missioner gullugy bilen gyzyklanýanlar üçin geçirilýän duşuşyklarda näme talap edilýändigi barada bilersiňiz. Size etrap gözegçisi hem bu babatda maslahat berip biler. Eger siz talaba laýyk gelýän bolsaňyz, missioner bolup gulluk etmek hormatyna mynasyp bolarsyňyz. Şeýle gulluk arkaly hakyky sežde bütin dünýä ýaýrady.
BEÝTEL GULLUGY
Beýtelleriň birinde gulluk etmek — bu uly hormat. «Beýtel» diýmek «Hudaýyň öýi» diýmegi aňladýar. Teokratik işe gözegçilik edýän merkez şeýle ada mynasyp. Ýehowanyň Güwäçileriniň bütindünýä guramasynyň ulanýan edebiýatlaryny çap etmekde we gowşurmakda Beýtelde gulluk edýän dogan-uýalar uly iş edýärler. Bruklindäki Beýtelden ýolbaşçylyk maslahaty bütin ýer ýüzündäki ýygnaklara gözegçilik edýär we görkezme berýär.
Beýteldäki gulluk köplenç agyr iş bilen baglanşykly. Şol sebäpli Beýtele, esasanam, ýaş, güýçli we saglygy gowy suwda çokundyrylan wepaly doganlary çagyrylýar. Eger siziň ýurduňyzda Beýtelde gulluk etmäge adam gerek bolsa ýa-da siz hem gulluk etmek isleseseňiz, welaýat kongresinde Beýtelde gulluk etmek isleýänler üçin geçirilýän ýörite duşuşykda näme talap edilýändigi barada bilersiňiz. Bu babatda size etrap gözegçisi-de kömek edip biler.
MEÝLETIN GURLUŞYKÇYLAR
Patyşalyk zallarynyň we Kongres zallarynyň gurluşygy Süleýmanyň ybathanasynyň gurluşygy ýaly — mukaddes gulluk (3 Pat. 8:13—18). Dogan-uýalaryň köpüsi bu işe gatnaşyp, wagtyny we güýjüni sarp edip, serişdesi bilen goldap, Ýehowa gulluk etmekde yhlasynyň güýçlüdigini görkezýärler.
Siz şeýle mukaddes gulluga gatnaşyp bilermisiňiz? Eger siz wagyzçy bolsaňyz we bu işe gatnaşmak isleseňiz, regional gurluşyk komiteti kömek etmäge taýýardygyňyza begener. Siziň gurluşyk ukybyňyz bolmasa-da ýa-da suwda çokundyrylmadyk yhlasly wagyzçy bolsaňyz-da, ýaşaýan ýeriňizdäki Patyşalyk zallarynyň gurluşygyna gatnaşyp bilersiňiz. Gurluşyga kömek etmek islegiňiz barada ýaşulular we etrap gözegçisi bilen maslahatlaşyp görseňiz nähili bolar? Käbir suwda çokundyrylan wagyzçylar halkara taslamalaryna, başga ýurtlarda Patyşalyk zallaryna we Kongres zallarynyň gurluşygyna gatnaşmak hormatyna mynasyp boldular.
SIZIŇ NÄHILI RUHY MAKSATLARYŇYZ BAR?
Eger siz özüňizi Ýehowa bagyş eden bolsaňyz, onda Ýehowa ebedi gulluk etjekdigiňiz barada aýdansyňyz. Siz ýakyn wagtda haýsy ruhy maksatlara ýetmegi isleýärsiňiz? Ruhy maksatlaryňyz güýjüňizi we ukybyňyzy paýhasly ulanmaga kömek eder (1 Kor. 9:26). Siz hakyky gymmat zatlara ýetip bilersiňiz. Şeýle maksatlar size ruhy taýdan ösmäge we gullugyňy giňeltmekde ünsüňizi wajyp zatlara sowmaga kömek eder (Fil. 1:10, 11; 1 Tim. 4:15, 16).
Isa Mesih ekin tymsalynda gowy topragyň dürli mukdarda hasyl berýändigini aýtdy. Ol şeýle diýdi: «Gowy topraga ekilen bolsa budur: ol sözi eşidip, oňa düşünýär hem-de hasyl berýär, käbiri ýüz, käbiri altmyş, käbiri-de otuz esse hasyl getirýär» (Mat. 13:23). Eger biz sözüň manysyna düşünsek, Ýehowany şöhratlandyrmakda bol hasyl getirmäge çalyşmarysmy? Biz yhlasly gulluk edip, köp miwe getirjek bolmarysmy? Biz gündeki durmuşymyzda Hudaýyň ruhunyň miwesini bollukda getirmek islemerismi? (Ýahýa 15:2, 3; Gal. 5:22, 23). Şulara ýetmäge bize ruhy maksatlar kömek eder.
Hudaýa gulluk etmekde Pawlus resul bize gowy görelde görkezdi (1 Kor. 11:1). Ol Ýehowa bar güýji bilen, mümkin boldugundan gowy gulluk etmäge çalyşýardy. Gullukda köp mümkinçilikleriň açylýandygyna Pawlus düşünýärdi. Ol Korintosdaky doganlara: «Çünki maňa uly, iş bitiriji bir gapy açyldy» diýdi. Biz hem şeýle diýip bilerismi? Bizde ýygnak bilen Ýehowa gulluk etmäge, aýratynam, Patyşalyk barada hoş habary wagyz etmäge mümkinçilik kän. Emma biz Pawlus resul ýaly «gapy açyk» bolsa-da, ondan girmek aňsat däldigini unutmaly däl, sebäbi «garşy çykýanlar hem köp» (1 Kor. 16:9). Pawlus resul göçme manyda, ýaryşda soňunda solýan hem bolsa täji almagy arzuw edýän türgene (sportsmene) meňzemek isleýärdi. Pawlusyň «tenimi horlap, ony gul edýärin» diýen sözlerine üns beriň (1 Kor. 9:24—27). Bizem şeýle etmäge taýynmy?
Şu günler missioner bolup gulluk edýänleriň köpüsi ata-enesiniň we dogan-uýalaryň maslahaty boýunça, heniz çagaka Gilead mekdebinde okamagy hem-de missioner bolmagy maksat goýupdylar. Şonuň ýaly häzir Beýtelde gulluk edýänleriň köpüsi, entek kiçikä ýa-da hoş habary kabul edip, şeýle ýörite hormata mynasyp gulluk barada bilenlerinde, Beýtelde gulluk etmegi maksat edindiler.
Biziň her birimiz ýagdaýymyza görä, teokratik maksatlary goýmaly. Ine, şol maksatlaryň käbiri: her hepde wagyz gullugyna gatnaşmak, Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamak we geçirmek, ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanmak üçin wagt sarp etmek, kömekçi pioner ýa-da pioner bolmak, wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmek, Patyşalyk zallaryny ýa-da Kongres zallaryny gurmak, missioner bolmak hem-de Beýtelde gulluk etmek. Başga-da teokratik maksatlar barada ýygnak duşuşyklarynda, kongreslerde we Ýehowanyň Güwäçileriniň neşeriýatlarynda aýdylýar. Siz öz ýagdaýyňyza görä, olaryň birini maksat edinip bilersiňiz. Siziň çydamly bolmagyňyz we gullugy doly ýerine ýetirmegiňiz örän wajyp. Şeýtmek bilen, siz Ýehowanyň adyny şöhratlandyryp, Oňa ebedi gulluk etmek maksadyna ýetersiňiz (Luka 13:24; 1 Tim. 4:7, 8).
Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris sahypa 109—118