Ýatlama agşamy babatda ýatlatma
Ýatlama agşamy şu ýyl Gurbansoltan aýynyň 2-sinde, Başgüni geçiriler. Ýaşulular şu aşakdaky maslahata üns bermeli.
◼ Gün ýaşmanka nyşanlary elden-ele geçirmez ýaly, Ýatlama agşamynyň geçiriljek wagtyny bellemeli.
◼ Nutk bilen çykyş edýän dogana we Ýatlama agşamyna geljeklere baýramyň geçiriljek wagtyny hem-de ýerini aýtmaly.
◼ Şu baýramçylyga gerekli çöregi we gyrmyzy şeraby almaly ýa-da taýýarlamaly. (2003-nji ýylyň Baýdak (fewral) aýynyň 15-inde çykan «Garawul diňi» (rusça) žurnalynyň 14—15-nji sah. seret).
◼ Öňünden zala gowy stol getirip, üstüne saçak ýazyp, tarelka we bokal goýmaly.
◼ Patyşalyk zalyny ýa-da başga geçiriljek ýeri öňünden arassalamaly.
◼ Hyzmatçy doganlary hem-de nyşanlary geçirmäge kömek etjek doganlary bellemeli, duşuşygyň geçirilişini we olaryň borjuny düşündirmeli. Şeýle-de olara dabara mynasyp eginbaşda gelmelidigini ýatladyň.
◼ Mesh edilen mesihçiler ýarawsyzlygy sebäpli baýramçylyga gelip bilmese, olara nyşanlary eltip bermegiň aladasyny etmeli.
◼ Eger-de birnäçe ýygnak bir Patyşalyk zalyny ulanýan bolsa, foýede ýa-da girelgäniň öňünde adamlar üýşmez ýaly, maşynlaryň durýan ýerinde maşynlar üýşmez ýaly çäre görmeli.