Durmuşyňy nämä bagyş etjek?
1 Köplenç çagalara şeýle sorag berýärler: «Ulalanda, sen kim bolmak isleýärsiň?». Doganlar, çagaka kim bolmagy arzuw edýärdiňiz: uçujymy? ýangyn söndürijimi ýa-da aýlanýan gözegçi? Uýalar, siz kim bolmagy arzuw edýärdiňiz: tansçymy? lukmanmy? missionermi ýa-da ýörite pioner? Indi siz ulaldyňyz, şonuň üçin başga soragyň üstünde oýlanmaly: «Durmuşymy nämä bagyş etmeli?» Belli bir karara gelmäge taýýarmysyňyz?
2 Dogry karara gelmek üçin Ýehowanyň guramasy «Ýaşlaryň sowallary. Durmuşymy nämä bagyş etmeli?» diýen DVD-ni çykardy. Şondaky filmi, interwýuny we goşmaça maglumaty doly görüp, çynlakaý oýlanmagyňyzy haýyş edýäris. DVD-niň mazmuny «Esasy menýu» diýen çarçuwada berilýär.
3 Film. Filmi göreniňizde, şu soraglaryň üstünde oýlanyň. 1) Injilde agzalýan Timoteos bilen Andreniň näme meňzeşligi bar? (Res. iş. 16:1; 1 Tim. 4:8; 2 Tim. 1:5). 2) Andreni sportda dereje gazanmaga kim we nädip höweslendirýär? 3) Timoteos bilen Andre kim we nädip gowy täsir etdi? (2 Tim. 1:1—4; 3:14, 15). 4) Matta 6:24 we Filipililer 3:8-nji aýatlardaky nesihatlar Andre nähili täsir etdi, size nähili täsir edýär?
4 Parçalar. Filmi göreniňizden soň, käbir parçalary täzeden görüp, şu soraglara jogap beriň. «Pawlus we Timoteos» parçasy: Pawlus Timoteosa soňunda nähili öwüt-nesihat berýär? (2 Tim. 4:5). «Ýehowa iň gowusyny bermek» parçasy: siziň nähili ruhy maksatlaryňyz bar? «Ýehowany saýladym» parçasy: hakyky bagt nämä bagly? «Enäniň maslahaty» parçasy: Şeýtanyň dünýäsinde meşhur bolmak näme üçin howply? (Mat. 4:9). «Hiç hili gynanmazlyk» parçasy: haýsy hakykata düşünmeklik durmuşyňy dogry ýola salmaga kömek edýär? (Sül. tym. 10:22).
5 Interwýu. Her bölüme seredeniňizde, özüňize şeýle soraglary beriň: Ýehowa iň gowusyny nädip berip bilerin? 1) «Durmuşymy biderek geçireýinmi ýa-da Ýehowa bagyş edeýinmi? (1 Ýahýa 2:17). 2) «Gullukdan nädip lezzet alyp bolar?» (Zeb. 27:14). 3) «Ýehowa gulluk etmek üçin açyk gapy» (Mat. 6:33).
6 Geçmişi ýatlap. Şu soraglara jogap berip bilermisiňiz? 1) Interwýu berýän dogan bilen uýa öň nämä dyrjaşýardy we näme üçin? 2) Olar nähili üstünlik gazandylar? 3) Durmuşynda özgeriş pursady haçan boldy? (2 Kor. 5:15). 4) Olar öňünde nähili teokratik maksat goýdular we näme üçin dereje gazanmak bilen Ýehowa doly wagtly gullugy bilelikde ýerine ýetirip bilmejekdigine düşündiler? 5) Durmuşyny özgerdendigine ökünýärlermi? 6) Bu interwýulardaky haýsy pikir durmuşyňyzy dogry ýola salmak barada oýlanmaga sizi has höweslendirdi?
7 Goşmaça interwýu. Şu interwýulardan Ýehowa köpräk gulluk etmek barada näme öwrendiňiz? 1) «Şahsy okuwyň gymmaty». 2) «Gullugyň dürli görnüşleri». 3) «Beýtel gullugy». 4) «Missionerleriň Gilead Mekdebi». 5) «Gullugy kämilleşdiriş mekdebi». «Goşmaça maglumat görkezýän indeksi» gözden geçirip, sizi gyzyklandyran mowzugy okaň.
8 Durmuşyňyzy nämä bagyşlajakdygyňyz barada belli bir karara geldiňizmi? Pawlus Timoteosy şeýle höweslendirdi: «Bu işlerde yhlasly bol. Ilerleýşiňi hemmeleriň görmegi üçin bular bilen meşgullan» (1 Tim. 4:15). Biz hem sizi şu DVD-ni göreniňizde, şeýle etmäge höweslendirýäris. Durmuşyňyz şatlykly, kanagatlanarly we bagtly geljegiňiz bolar ýaly, dogry karara gelmek üçin Ýehowa doga ediň.
[6 Sahypadaky çarçuwa]
ESASY MENÝU
Film
Parçalar (11 parça)
Interwýu
Hemmesini görkezmek
Bölümler (3 bölüm)
Geçmişi ýatlap
Goşmaça maglumat
Goşmaça interwýu
Goşmaça maglumat görkezýän indeks
Subtitrler
Gowy eşitmeýän adamlar üçin
Hiç zat
Gözleg üçin ekrandaky «Öňe ▶», «◀ Yza» we «Esasy menýu» diýen klawişalary ulanyň.